"Mugallymlar gazeti" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-53, 39-96-41, 39-96-40
Email: mugallymlar-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Hemme gowy zatlar çagalar üçin!

Paýtagtymyzda açylan özboluşly gözden geçirilişde-de bu hakykat aýan bolýar Düýn paýtagtymyzda öz işine başlan «Kids Ekspo: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarkasy täze okuw ýylynyň öňüsyrasynda kiçi ýaşly çagalardyr mekdep okuwçylary, olaryň ene-atalary üçin hakyky baýramçylyga öwrüldi. Ýurdumyzda ilkinji gezek geçirilýän bu gözden geçiriliş çagalar harytlarydyr hyzmatlar pudagynda iş alyp barýan döwlet we hususy düzümlere, daşary ýurt kompaniýalaryna öz innowasion önümlerini, ýokary hilli hyzmatlary hödürlemäge mümkinçilik berýär.

Hazar deňziniň gününe bagyşlanan ylmy-amaly maslahat

12-nji awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda «Hazar deňzi — durnukly ösüşiň hatyrasyna hyzmatdaşlyk» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Maslahata Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, daşary ýurt döwletleriniň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, halkara we sebit guramalarynyň bilermenleri, şeýle hem köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Azerbaýjan, Türkiýe we Türkmenistan işewürlik forumy geçiriler

2024-nji ýylyň 10-njy sentýabrynda Stambulda Azerbaýjan-Türkiýe-Türkmenistan işewürlik forumy geçiriler. Bu barada Türkiýäniň Daşary ykdysady aragatnaşyklar komiteti (DEIK) habar berýär. Bu komitet Türkiýäniň Söwda ministrliginiň utgaşdyrmagynda çäräniň guramaçysy hökmünde çykyş edýär. Komitetiň habarynda forumyň işine Türkiýäniň söwda ministri Omer Bolatyň, Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri Mikail Jabbarowyň hem-de Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Atdaýewiň gatnaşmagyna garaşylýandygy aýdylýar.

Döwlet gümrük gullugy boýunça halkara hyzmatdaşlyga möhüm ähmiýet berilýär

Ýurdumyzda Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň hem-de Milli Liderimiziň taýsyz tagallalary netijesinde gümrük işlerinde halkara hyzmatdaşlygyna aýratyn orun berilýär. Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy bilen ençeme döwletleriň gümrük edaralarynyň, halkara guramalarynyň arasynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyklar barha ýokarlanýar. Döwlet gümrük gullugy bilen Özbegistan Respublikasynyň Gümrük komitetiniň arasynda yzygiderli amala aşyrylýan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyklary mysal getirip bileris. Ýakynda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň wekiliýeti tarapyndan gümrük taýdan resmileşdirmegiň merkezini döretmekde tejribesini öwrenmek we serhetýaka gümrük nokatlarynyň işi bilen tanyşmak üçin Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherine gulluk iş saparyny amala aşyrdy.

«Kids Ekspo» halkara sergisi «Garagum» myhmanhanasynyň çäginde geçiriler

Şu gün Aşgabatda «Kids Ekspo: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi ýarmarkasy öz işine başlady. 22-nji awgusta çenli dowam etjek çäre «Garagum» myhmanhanasynyň ýanyndaky çäkde wagtlaýyn sergi meýdançasynda geçýär. Halkara sergi-ýarmarkasynyň 1-nji sentýabrda bellenip geçiljek Bilimler we talyp ýaşlar gününiň öňüsyrasynda guralýandygyny bellemelidiris. Onuň diňe bir çagalar üçin däl, eýsem, mekdep okuwçylary, talyp ýaşlar, mugallymlar, umuman, bilim ulgamynda zähmet çekýän her bir adam, ene-ata üçin gyzykly söwda çäresine öwrüljekdigi ikuçsuzdyr.

DÜNÝÄ WE MAGTYMGULY

Özbegistanda Şu ýyl doglan gününiň 300 ýyllygy giňden dabaralandyrylýan Magtymguly Pyragynyň taglymaty, geljege bolan garaýyşlary diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem, tutuş adamzadyň hem ruhy isleglerine laýyk gelýär. Şonuň üçin onuň şahyrana mirasynyň ähmiýeti milli çäklerden çykyp, dünýä edebiýatynyň aýrylmaz bölegine öwrüldi, adamzadyň aň-paýhas hazynasyna mynasyp goşant boldy. Magtymguly diňe bir türkmeniň däl, ähli türki halklaryň, şol sanda özbek halkynyň hem iň söýgüli şahyrlarynyň biridir. Şonuň bilen birlikde, Özbegistan dünýäde Magtymgulynyň eserleri iň köp çap edilýän we okalýan ýurtlaryň biri hökmünde ykrar edilýär. Prezident Şawkat Mirziýoýewiň şu ýylyň 19-njy fewralynda «Beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny giňden belläp geçmek hakynda» Karara gol çekmegi-de dostlukly döwletde beýik söz ussadyna goýulýan uly hormatyň aýdyň ýüze çykmasy boldy. Şu günler bolsa Özbegistanyň Çeperçilik akademiýasynyň binasynda bu şanly sene mynasybetli türkmen suratkeşleriniň eserleriniň sergisi dowam edýär.

Sebit hyzmatdaşlygynda täze başlangyçlar

Oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasaty yzygiderli durmuşa geçirmek bilen, ýurdumyz sebit we ählumumy derejede köpugurly hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi ugrunda çykyş edýär. Şunuň bilen baglylykda, Merkezi Aziýa döwletleri bilen däp bolan gatnaşyklar nusgalyk häsiýete eýedir. Munuň şeýledigini 9-njy awgustda döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowyň Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň altynjy konsultatiw duşuşygyna gatnaşmak üçin Gazagystan Respublikasyna iş saparyny amala aşyrmagy nobatdaky gezek aýdyňlygy bilen subut edýär. DOSTLUK, HOŞNIÝETLILIK, YNANYŞMAK

Merkezi Aziýa: täze mümkinçilikler

Dünýä ýurtlary, aýratyn-da, goňşy döwletler bilen özara bähbitli söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi hormatly Prezidentimiziň amala aşyrýan özgertmeler syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Köpasyrlyk taryhy kökler, medeni-ruhy umumylyklar we geografik taýdan ýakynlyk Merkezi Aziýa sebitiniň ýurtlaryna döwletara gatnaşyklary has-da berkitmäge hem-de gülläp ösýän sebit hökmünde bütindünýä ykdysadyýetinde mynasyp orun eýelemäge giň mümkinçilikleri açýar. Merkezi Aziýa sebiti Gündogaryň hem-de Günbataryň arasyndaky gadymy ýollaryň çatrygynda ýerleşip, ägirt uly energetika hem-de tebigy serişdelere, ulag-kommunikasiýa kuwwatyna eýedir. Soňky ýyllarda Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň arasyndaky gatnaşyklar hil taýdan täze derejä çykarylyp, ähli ugurlar boýunça anyk many-mazmun bilen baýlaşdyrylýar. Şol gatnaşyklarda ykdysadyýete aýratyn orun degişlidir. Çünki dünýä tejribesiniň görkezişi ýaly, goňşy döwletleriň ýa-da bir sebitde ýerleşýän ýurtlaryň özara bähbitli söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň berkidilmegi tutuş sebitiň gülläp ösmegine ýardam berýär. Hut şoňa görä-de, geljegi uly adam maýasyna we tebigy baýlyklaryň uly gorlaryna eýe bolan sebit hökmünde Merkezi Aziýa ösen döwletleriňdir halkara guramalaryň ünsüni çekýär.

Türkmenistan — Wengriýa: alysda ýaňlanan şirin mukamlar

Wengriýanyň Budapeşt şäherinde Türkmenistanyň Medeniýet günleri geçirilip, bu çäre iki dostlukly ýurduň arasynda medeni ynsanperwer ulgamyndaky gatnaşyklar bilen bir hatarda döwletara hyzmatdaşlygyny has-da berkitmekde ähmiýetli boldy. Medeniýet günlerine ýokary derejeli myhmanlar bilen bir hatarda, Türki medeniýetiniň halkara guramasynyň baş sekretary Sultan Raýew, daşary ýurtlaryň Wengriýadaky ilçileri, bu ýurduň ýokary okuw mekdeplerinde okaýan türkmenistanly talyplar hem gatnaşdylar. Şäheriň merkezinde ýerleşýän kaşaň Miras öýüniň giň eýwanynda sergi myhmanlarda uly gyzyklanma döretdi. Sergä baranlar türkmen milli lybaslaryny, gelin-gyzlaryň bezeg şaý-seplerini, şekillendiriş sungatynyň ajaýyp eserlerini uly gyzyklanma bilen synladylar. Zenanlaryň sünnäläp bejeren el işleri, ýurdumyzyň baý taryhy we medeni mirasy baradaky eserler olary synlanlarda gyzyklanmasyny artdyrdy. Türkmeniň milli aýdym-sazlary myhmanlarda ýakymly täsir galdyrdy. Ylaýta-da, Daşoguz welaýatynyň Şabat etrabynyň çagalar sungat mekdebiniň müdiri Wepa Nurmuhammedowyň dutarda ýerine ýetiren türkmen halk aýdymlary ýygnananlaryň ünsüni has-da özüne çekdi.

Türkmenistan halkara ýük daşamalarynda ýeňillik ýola goýdy

Halkara ýük daşamalaryny ýeňilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistan täze hyzmaty ýola goýdy. Indi Halkara ýol ulagynyň (HÝU) ulgamyny ýa-da TIR-EPD ulgamyny ulanýan ýük ulaglary üçin “Ýaşyl geçelgeler” doly güýjünde işleýär.  Munuň özi, indi sürüjileriň serhetde uzak nobata durmajakdygyny aňladýar. Sürüjiler ýörite zolaklar boýunça gümrük barlagyndan geçerler.

Halkara giňişlikde

Il­çi ynanç ha­ty­ny gow­şur­dy Lýubl­ýa­na şä­he­rin­dä­ki Pre­zi­dent köş­gün­de Türk­me­nis­ta­nyň Slo­we­ni­ýa Res­pub­li­ka­syn­da­ky tä­ze bel­le­nen Adat­dan da­şa­ry we Do­ly yg­ty­ýar­ly il­çi­si E.Aý­dog­dy­ýew (otur­ýan ýe­ri Mosk­wa ş.) Slo­we­ni­ýa­nyň Pre­zi­den­ti Na­ta­şa Pirs-Mu­sa­ra ynanç ha­ty­ny gow­şur­dy. Da­ba­ra­nyň do­wa­myn­da türk­men dip­lo­ma­ty Slo­we­ni­ýa­nyň Li­de­ri­ne hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň hem-de Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň mä­hir­li sa­la­my­ny we iň go­wy ar­zuw­la­ry­ny ýe­tir­di. Öz ge­ze­gin­de, ha­nym Na­ta­şa Pirs-Mu­sar hem ýur­du­my­zyň ýol­baş­çy­la­ry­na sa­la­my­ny ýol­lap, il­çä jo­gap­kär­li we­zi­pe­sin­de üs­tün­lik­le­ri ar­zuw et­di.

«Mer­ke­zi Azi­ýa — Ýa­po­ni­ýa» dia­lo­gy­nyň işe­wür­lik mas­la­ha­ty

9-njy awgustda Gazagystan Respublikasynyň paýtagtynda «Merkezi Aziýa — Ýaponiýa» dialogyna gatnaşyjy ýurtlaryň bilelikdäki işewürlik maslahaty geçirildi. Ýaponiýanyň Ykdysadyýet, söwda we senagat ministrligi, «ROTOBO» assosiasiýasy, Gazagystan Respublikasynyň Daşary işler ministrligi, «Kazakh Invest» kompaniýasy, «Atameken» milli telekeçiler edarasy Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň, Özbegistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň goldaw bermeginde bu wekilçilikli işewürlik çäresiniň guramaçylary hökmünde çykyş etdi. Mer­ke­zi Azi­ýa ýurt­la­ry­nyň we Ýa­po­ni­ýa­nyň we­ki­li­ýet­le­ri­niň 450-den gow­rak we­ki­li­ni bir ýe­re jem­län fo­ru­myň açy­lyş da­ba­ra­syn­da bu bi­le­lik­dä­ki çä­rä­niň äh­mi­ýe­ti nyg­tal­dy. Al­ty ýur­duň ara­syn­da söw­da-yk­dy­sa­dy gat­na­şyk­la­ry pug­ta­lan­dyr­mak, deň­hu­kuk­ly­lyk, döw­let dü­züm­le­ri­niň, işe­wür to­par­la­ry­nyň öza­ra bäh­bit­li hyz­mat­daş­ly­gy­ny gi­ňelt­mek onuň baş mak­sa­dy­dyr. Soň­ky ýyl­lar­da Türk­me­nis­ta­nyň, Ga­za­gys­ta­nyň, Gyr­gy­zys­ta­nyň, Tä­ji­gis­ta­nyň, Öz­be­gis­ta­nyň we Ýa­po­ni­ýa­nyň ara­syn­da­ky gat­na­şyk­lar stra­te­gik hyz­mat­daş­ly­gyň hil taý­dan tä­ze de­re­je­si­ne çy­ka­ry­lyp, äh­li ugur­lar bo­ýun­ça anyk ma­ny-maz­mun bi­len baý­laş­dy­ryl­dy.

Türkmenistan — BMG: parahatçylygyň we döredijilikli ösüşiň bähbidine hyzmatdaşlyk

30 ýyldan gowrak wagt bäri Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň doly hukukly we işjeň agzasy hökmünde onuň Tertipnamasynyň ýörelgeleriniň durmuşa geçirilmegine möhüm goşant goşmagyny dowam etdirip gelýär. Parahatçylykly ýaşamagyň, öňüni alyş diplomatiýasynyň, deňhukukly dialogyň ähmiýetini öňe sürýän Türkmenistan halkara giňişlikde hemişe netijeli hyzmatdaşlygyň tarapdary bolup çykyş edýär. 2025-nji ýylda Bitaraplygyň 30 ýyllygyny dabaraly bellemäge, şeýle hem BMG-niň Baş Assambleýasynyň geljek ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmek hakynda Kararnamasyny durmuşa geçirmäge taýýarlyk görüp, Türkmenistan hyzmatdaşlar bilen işjeň gatnaşyklaryny dowam etdirer. Döwletiň anyk ädimleri BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynda Türkmenistanyň köpçülige ýetirjek ileri tutýan garaýyşlarynda-da öz beýanyny tapýar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasyna işjeň taýýarlyk görýär. Durnukly ösüş maksatlarynyň 17-sini resmi taýdan kabul eden we olary durmuş-ykdysady ösüşiň milli meýilnamalaryna, strategiýalaryna uýgunlaşdyran ýurt hökmünde Türkmenistan jemgyýetçilik durmuşynyň ähli möhüm ugurlarynda köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de güýçlendirmäge çagyrýar.

Abraýyň belentdir dünýäň öňünde

Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiz Birleşen Milletler Guramasy bilen ýokary derejede hyzmatdaşlyk saklap, umumadamzat ähmiýetli başlangyçlary bilen çykyş edip gelýär. Türkmenistan bu guramanyň agzalygyna kabul edilen gününden bäri onuň ýöriteleşdirilen düzümleri bilen syýasy, ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda gatnaşyklary berkitmäge, maksatnamalary durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşýar. Garaşsyzlyk ýyllarynyň täze taryhy döwründe Türkmenistanyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň wise-başlyklygyna, birnäçe komissiýalarynyň, komitetleriniň, geňeşleriniň agzalygyna ençeme gezek saýlanylmagy biziň döwletimize bildirilýän belent ynamyň aýdyň subutnamasy bolup durýar. BMG-niň Baş Assambleýasynda iki gezek, ýagny 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda hem-de 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnamanyň kabul edilmegi hem ýurdumyzyň at-abraýynyň diýseň belentdiginiň güwäsidir. Türkmenistanyň Bitaraplyk hukuk derejesi bolsa döwletleriň arasynda özara ylalaşmak arkaly hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny berkitmek, ählumumy parahatçylygy üpjün etmek ýörelgelerini ösdürmek, dialog arkaly abadançylygy gazanmak maksatlaryndan ugur alýar. Döwletimiz BMG-niň Baş Assambleýasynyň kabul edýän ähli Kararnamalaryny hem giňden goldaýar, olaryň işjeň tarapdary hökmünde öňe çykýar. Şol bir wagtda ýurdumyzyň öňe sürýän başlangyçlary hem giň goldawa eýe bolýar. Üstümizdäki ýylda Ba

"Türkmenaragatnaşyk" agentligi we Günorta Koreýanyň LS Cable & System kompaniýasy optiki kabelleriň önümçiligi barada maslahatlaşdylar

"Türkmenaragatnaşyk" agentligi günorta koreýaly LS Cable & System kompaniýasynyň wekilleri bilen Türkmenistanda optiki kabelleri üpjün etmek we önümçiligini ýola goýmak meseleleri boýunça wideogepleşikleri geçirdiler. Taraplar geljekki aragatnaşyklary ylalaşdylar we Özara düşünişmek barada Ähtnama gol çekmek mümkinçiligi, şeýle hem türkmen wekiliýetiniň Günorta Koreýadaky LS zawodyna sapary barada maslahatlaşdylar. Bu barada SNG.TODAY Seuldäki türkmen ilçihanasynyň metbugat gullugyna salgylanyp habar berýär.

Türkmenistanyň Prezidentiniň we Ýaponiýanyň Premýer-ministriniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik

Aşgabat, 12-nji awgust (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Ýaponiýanyň Premýer-ministri Fumio Kisidanyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Söhbetdeşler mähirli salamlaşyp, türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň aýry-aýry meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga dörän mümkinçilige kanagatlanma bildirdiler.

Türkmenistanda “Hazar deňzi: durnukly ösüşiň hatyrasyna hyzmatdaşlyk” atly ylmy-amaly maslahat geçirildi

12-nji awgustda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda Hazar deňziniň güni dabaraly bellenildi. Mälim bolşy ýaly, Hazar deňziniň gününi bellemek hakyndaky çözgüt 2007-nji ýylyň maýynda Baku şäherinde geçirilen Tähran Konwensiýasynyň birinji maslahatynda Hazarýaka ýurtlar (Russiýa Federasiýasy, Azerbaýjan Respublikasy, Eýran Yslam Respublikasy, Gazagystan Respublikasy we Türkmenistan) tarapyndan kabul edildi. 2006-njy ýylyň 12-nji awgustynda Hazar deňziniň deňiz gurşawyny goramak hakynda Çarçuwaly konwensiýa güýje girdi. Tähran Konwensiýasy Hazaryň deňiz gurşawyny aýawly saklamaga, dikeltmäge we gorap saklamaga gönükdirilendir. Öňde goýlan wezipeler tebigaty goramagyň ykrar edilen halkara ýörelgeleriň birnäçesine, hususan-da, Hazar deňziniň biologik baýlyklaryndan rejeli peýdalanmaga, daşky gurşawa ýetirilýän täsirlere baha bermäge, oňa gözegçilik etmäge esaslanýar.

Türkmen ilçisi “Merkezi Aziýa-Koreýa Respublikasy” forumynyň taýýarlyk maslahatyna gatnaşdy

Golaýda Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky ilçisi Begenç Durdyýew Koreýa Respublikasynyň Daşary işler ministrliginde “Merkezi Aziýa-Koreýa Respublikasy” hyzmatdaşlyk Forumynyň Sekretariatynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň 15-nji mejlisine gatnaşdy. Duşuşygyň dowamynda Sekretariatyň Ýerine ýetiriji komitetiniň agzalary, ýagny, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ilçileri we Koreýa Respublikasynyň DIM-niň Demirgazyk-Gündogar we Merkezi Aziýa ýurtlary boýunça býurosynyň baş direktory, şu ýylyň güýzünde Seulda geçiriljek “Merkezi Aziýa-Koreýa Respublikasy” hyzmatdaşlyk Forumynyň 17-nji mejlisi bilen bagly guramaçylyk meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Türkmenistan we Gazagystan “Demirgazyk-Günorta” ulag geçelgesini işjeňleşdirýär

Gazagystanyň wise-premýeri Serik Žumangarin bilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory Mämmethan Çakyýewiň arasynda Astana şäherinde duşuşyk geçirildi. Bu duşuşyk Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynň çäklerinde amala aşyryldy. Taraplar bu duşuşykda ulag ulgamynda hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Her iki tarap “Demirgazyk-Günorta” ulag geçelgesiniň gündogar ugruny işjeňleşdirýärler. Bu ugur Türkmenistan bilen Gazagystanyň üsti bilen ýükleriň üstaşyr Pakistana we Hindistana iberilmegine mümkinçilik berer.

Siandan ýola düşen täze konteýner otlusy Gazagystanyň üstünden geçip, bäş günüň içinde Daşkende geldi

Kasym-Žomart Tokaýew we Şawkat Mirziýoýow Siýandan Daşkende Hytaý — Gazagystan — Özbegistan ugry boýunça barýan ýola konteýner otlusynyň gelmegi mynasybetli guralan resmi dabara gatnaşdylar. Bu barada «Akorda» salgylanýan «inbusiness.kz» habar berýär. Bu ýerde Gazagystanyň ulag ministri Marat Karabaýew we Özbegistanyň ulag ministri Ilhom Mahkamow iki döwletiň ulag hem üstaşyr geçiş mümkinçiliklerini giňeltmek boýunça alnyp barylýan bilelikdäki işler barada hasabat berdiler.