"Mugallymlar gazeti" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-53, 39-96-41, 39-96-40
Email: mugallymlar-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Döwletara gatnaşyklara ygrarlylyk

Ýurdumyz bilen Özbegistan Respublikasynyň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk hoşniýetli goňşuçylyk, dostluk, iki halkyň arasyndaky pugta doganlyk gatnaşyklaryna esaslanýar. Muny 27-nji awgustda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen telefon arkaly söhbetdeşligi nobatdaky gezek tassyklaýar. Mälim bolşy ýaly, asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan türkmen-özbek gatnaşyklary giň ugurlar boýunça sazlaşykly ösdürilýär. Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk oba hojalygy, elektroenergetika, nebitgaz toplumy, himiýa senagaty we beýleki pudaklarda pugtalandyrylýar. Syýasy-diplomatik gatnaşyklar işjeň dowam etdirilýär, halkara giňişlikdäki hereketler netijeli utgaşdyrylýar. Parlamentara gatnaşyklar hem täze ösüşe eýe boldy.

Deňhukuklylyk. Düşünişmek. Netijelilik

Türkmenistan özüniň daşary syýasatynda oňyn Bitaraplyk ýörelgelerinden ugur alyp, dünýä döwletleri bilen netijeli gatnaşyk edýär. Dostlukly ýurtlar bilen hyzmatdaşlyk deňhukuklylyk, özara hormat goýmak we ynanyşmak ýörelgeleri esasynda okgunly ösdürilýär. Şu jähetden, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygynyň dostlukly döwletleriň birnäçesiniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçilerinden ynanç hatlaryny kabul etmegi aýratyn bellärliklidir. 26-njy awgustda döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy Kamboja Patyşalygynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Sok Çeadan ynanç hatyny kabul etdi. Duşuşygyň barşynda diplomat Türkmenistanyň içeri syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary bilen tanyşdyryldy. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda durmuşa geçirilýän, döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ulgamlaryny öz içine alýan toplumlaýyn maksatnamalaryň möhüm ähmiýeti bellenildi.

Türkmenistan — Eýran: Goňşuçylyk. Dostluk. Hoşniýetlilik

Asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan türkmen-eýran gatnaşyklary häzirki döwürde täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýar. Şu ýylyň 28-nji awgustynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň iş sapary bilen Eýran Yslam Respublikasynda bolmagy muny ýene bir ýola aýdyňlygy bilen subut edýär. DÖWLETARA GATNAŞYKLAR NETIJELI HÄSIÝETE EÝEDIR

Halkara forumlar — hyzmatdaşlygy ösdürmäge möhüm goşant

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanyp, häzirki döwürde hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän ýurdumyzyň daşary syýasat strategiýasynda dünýäniň ähli döwletleri bilen netijeli gatnaşyklary ýola goýmaga, öňden gelýän hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmaga aýratyn ähmiýet berilýär. Bu strategiýany üstünlikli amala aşyrmakda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýurdumyzda hem-de daşary ýurtlarda geçirilýän halkara ähmiýetli çärelere, hususan-da, forumlardyr sergilere möhüm orun degişlidir. Şeýle çäreler gyzyklanma bildirýän taraplar bilen dürli ugurlarda bar bolan hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini, geljegi uly taslamalaryň durmuşa geçirilişini ara alyp maslahatlaşmak, özara bähbitli işewürlik tekliplerini öwrenmek üçin amatly şertleri döredýär. Şu ýylyň 17 — 19-njy martynda paýtagtymyzda milli ykdysadyýetiň hususy pudagynyň gazananlaryny hem-de mümkinçiliklerini açyp görkezýän giň gerimli sergi we maslahat geçirildi. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 16 ýyllygyna bagyşlanan bu çäreler hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň innowasion ösüşine, bäsdeşlige ukyply, eksport ugurly önümçilikleri döretmäge gönükdirilen özgertmeler maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň nobatdaky beýany boldy. Söwda toplumynyň,

Halkara forumlar — hyzmatdaşlygy ösdürmäge möhüm goşant

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanyp, häzirki döwürde hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän ýurdumyzyň daşary syýasat strategiýasynda dünýäniň ähli döwletleri bilen netijeli gatnaşyklary ýola goýmaga, öňden gelýän hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmaga aýratyn ähmiýet berilýär. Bu strategiýany üstünlikli amala aşyrmakda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýurdumyzda hem-de daşary ýurtlarda geçirilýän halkara ähmiýetli çärelere, hususan-da, forumlardyr sergilere möhüm orun degişlidir. Şeýle çäreler gyzyklanma bildirýän taraplar bilen dürli ugurlarda bar bolan hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini, geljegi uly taslamalaryň durmuşa geçirilişini ara alyp maslahatlaşmak, özara bähbitli işewürlik tekliplerini öwrenmek üçin amatly şertleri döredýär. Şu ýylyň 17 — 19-njy martynda paýtagtymyzda milli ykdysadyýetiň hususy pudagynyň gazananlaryny hem-de mümkinçiliklerini açyp görkezýän giň gerimli sergi we maslahat geçirildi. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 16 ýyllygyna bagyşlanan bu çäreler hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň innowasion ösüşine, bäsdeşlige ukyply, eksport ugurly önümçilikleri döretmäge gönükdirilen özgertmeler maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň nobatdaky beýany boldy. Söwda toplumynyň,

Türkmenistan we Gyrgyzystan Hytaýdan Hazara çenli ulag geçelegesi baradaky meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar

Bişkekde Türkmenistanyň Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Nury Golliýew bilen Gyrgyzystan Respublikasynyň Ykdysadyýet we söwda ministri Daniýar Amangeldiýewiň arasynda 27-nji awgustda bolup geçen duşuşygynyň dowamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklarynyň we sebit hyzmatdaşlygynyň esasy başlangyçlary we taslamalary ara alnyp maslahatlaşyldy. Ministr halkara ýük daşalyşy boýunça iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygynyň wajyplylygy barada aýratyn nygtap geçmek bilen, sebitiň üstaşyr we ulag-logistika potensialyny ýokarlandyrmaga mümkinçilik açýan Hytaý Halk Respiblikasyndan Gyrgyzystanyň we Özbegistanyň üsti bilen soňra Türkmenistandan Hazar deňzine çenli ulag geçelgesiniň möhüm bolup durýandygyny belledi.

Türkmenistanyň we Eýran Yslam Respublikasynyň gümrük gulluklary hyzmatdaşlygy berkidýärler

28-nji awgustda Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygyndaky Türkmenistanyň wekiliýetiniň Tähran şäherine bolan iş saparynyň çäklerinde, Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň we Eýran Yslam Respublikasyna Gümrük müdirliginiň başlyklarynyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşykda iki döwletiň Gümrük edaralarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljekki ileri tutulýan ugurlary barada pikir alyşmalar boldy. Özara maglumat alyşmagyň iki döwletiň arasyndaky haryt dolanyşygynyň ýokarlanmagyna ýetirýän oňyn täsiri nazara alnyp, harytlar we ulag serişdeleri barada deslapky maglumatlaryň, gümrük statistiki maglumatlarynyň, harytlaryň bahasy barada maglumatlaryň alyşylmagy barada meselä üns berildi.

Türkmenistan we Eýran deňiz ulaglary pudagynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrýar

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Eýran Yslam Respublikasyna iş saparynyň çäklerinde 2024-nji ýylyň 28-nji awgustynda Türkmenbaşy Halkara deňiz porty bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Amirabad portunyň arasynda doganlyk port gatnaşyklary barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi. Häzirki wagtda Türkmenistan goňşy ýurtlar bilen ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmaga aýratyn üns berip, halkara hyzmatdaşlygyny işjeň ösdürýär. Şeýle hyzmatdaşlygyň aýdyň mysallarynyň biri Türkmenbaşy Halkara deňiz porty bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Amirabad portunyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekilmegi bolup durýar.

«Açyk gapylar» syýasatyna eýerip

Düýn Özbegistan Respublikasynyň energetika ministri Ž.Mirzamahmudowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň paýtagtymyzda geçiren duşuşyklary netijeli häsiýete eýe boldy. Olarda iki ýurduň arasynda ýangyç-energetika pudagy boýunça ýola goýulýan hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we ony ösdürmegiň geljekki ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasynda dost-doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine esaslanýan hyzmatdaşlyk gatnaşyklary yzygiderli ösdürilýär. Ýokary derejedäki duşuşyklaryň we gepleşikleriň dowamynda gazanylan ylalaşyklar, geljegi uly meýilnamalar syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlardaky gatnaşyklary has ýokary derejä çykarmaga gönükdirilendir. Şunuň bilen baglylykda, geçirilen duşuşyklarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösüşiniň okgunly häsiýete eýedigi, ony mundan beýläk-de ýygjamlaşdyrmak üçin ähli mümkinçilikleriň bardygy bellenildi.

Gündogaryň gözellik öwüşginleri

Döwlet çeperçilik akademiýasynyň sergi merkezinde iki günläp dowam eden ýöriteleşdirilen moda sergisi paýtagtymyzyň ýaşaýjylarynda aýratyn gyzyklanma döretdi. Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy tarapyndan ýurdumyzyň Dokma senagaty ministrligi bilen bilelikde ilkinji gezek guralan bu özboluşly çäräniň açylyş dabarasyna Aşgabatda işleýän diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylarydyr işgärleri, suratkeşler, dizaýnerler, mugallymlardyr talyplar, žurnalistler, moda dünýäsiniň muşdaklary gatnaşdylar. Olar halk we häzirki zaman sazlarynyň owazy astynda bu ýerde görkezilen eksponatlar bilen tanyşmaga mümkinçilik aldylar. Sergide Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň Modeller öýi, Aşgabat dokma we Türkmenbaşy jins toplumlary, «Ahal», «Bahar» tikinçilik birleşikleri, öňdebaryjy dizaýnerlerimiz ýokary hilli dokma hem tikinçilik önümlerini, şol sanda täze harytlaryny giň köpçülige hödürledi. Şolaryň hatarynda arassa ýüpekden, nah, trikotaž, jins, panbarhat matalaryndan taýýarlanan, ýakymlylygy, ekologik taýdan arassalygy, elýeterli bahasy bilen tapawutlanýan egin-eşikler hem bar. «Hima», «Noura», «Diary», «Noral», «Peransa», «Unico», «Arghavan» ýaly kompaniýalar eýran tarapyna wekilçilik edip, olaryň ajaýyp zenan lybaslary, ýüpek ýaglyklary, deriden taýýarlanan ýantorbalary, aýakgapdyr bezeg şaý-sepleri gözelligiň aşygy bolan gelin-gyzlaryň aýratyn gyz

TÜRK­ME­NIS­TAN — EÝ­RAN: ga­dy­my gat­na­şyk­lar hil taý­dan tä­ze de­re­jä çyk­ýar

Asyr­la­ryň jüm­mü­şin­den göz­baş al­ýan türk­men-eý­ran gat­na­şyk­la­ry hä­zir­ki dö­wür­de tä­ze ma­ny-maz­mun bi­len baý­laş­dy­ryl­ýar. Mu­nuň özi dost­luk­ly döw­let­le­riň öň­den gel­ýän hoş­ni­ýet­li goň­şu­çy­lyk gat­na­şyk­la­ry, hyz­mat­daş­ly­gyň ber­ke­ýän­di­gi bi­len şert­len­di­ri­len­dir. Goň­şy ýurt­lar, şol san­da Eý­ran Ys­lam Res­pub­li­ka­sy bi­len ne­ti­je­li hyz­mat­daş­ly­gy hem­me­ta­rap­la­ýyn pug­ta­lan­dyr­mak Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň ba­şy­ny baş­lan we hä­zir­ki wagt­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ta­ra­pyn­dan üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän Türk­me­nis­ta­nyň da­şa­ry sy­ýa­sa­ty­nyň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­nyň bi­ri­dir. 28-nji aw­gust­da Mil­li Li­de­ri­mi­ziň Eý­ran Ys­lam Res­pub­li­ka­sy­na iş sa­pa­ry­nyň çäk­le­rin­de Pre­zi­dent Ma­sud Pe­zeş­kian hem-de Be­ýik ru­hy li­der Aýa­tol­la Se­ýed Ali Ho­seý­ni Ha­me­ne­ýi bi­len ge­çi­ren gep­le­şik­le­ri bu dost­luk­ly gat­na­şyk­la­ry pug­ta­lan­dyr­ma­ga gö­nük­di­ri­len­dir. Şol gün Gah­ry­man Arkadagymyzyň «Saa­da­bad» top­lu­my­nyň «Jum­hu­ri» köş­gün­de Eý­ran Ys­lam Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti Ma­sud Pe­zeş­kian bi­len çäk­li dü­züm­de du­şu­şy­gy ge­çi­ril­di. Eý­ra­nyň Baş­tu­ta­ny türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri Gurbanguly Berdimuhamedowy mä­hir­li mü­bä­rek­läp we Eý­ra­na sa­par bi­len gel­mek ba­ra­da­ky ça­ky­ly­gy ka­bul eden­di­gi üçin ho­şal­lyk

Türk­me­nis­tan — BMG: pa­ra­hat­çy­ly­gyň we dö­re­di­ji­lik­li ösü­şiň bäh­bi­di­ne hyz­mat­daş­lyk

30 ýyl­dan gow­rak wagt bä­ri Türk­me­nis­tan Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň do­ly hu­kuk­ly we iş­jeň ag­za­sy hök­mün­de onuň Ter­tip­na­ma­sy­nyň ýö­rel­ge­le­ri­niň dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi­ne mö­hüm go­şant goş­ma­gy­ny do­wam et­di­rip gel­ýär. Pa­ra­hat­çy­lyk­ly ýa­şa­ma­gyň, öňü­ni alyş dip­lo­ma­ti­ýa­sy­nyň, deň­hu­kuk­ly dia­lo­gyň äh­mi­ýe­ti­ni öňe sür­ýän Türk­me­nis­tan hal­ka­ra gi­ňiş­lik­de he­mi­şe ne­ti­je­li hyz­mat­daş­ly­gyň ta­rap­da­ry bo­lup çy­kyş ed­ýär. 2025-nji ýyl­da Bi­ta­rap­ly­gyň 30 ýyl­ly­gy­ny da­ba­ra­ly bel­le­mä­ge, şeý­le hem BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň gel­jek ýy­ly «Hal­ka­ra pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak ýy­ly» di­ýip yg­lan et­mek ha­kyn­da Ka­rar­na­ma­sy­ny dur­mu­şa ge­çir­mä­ge taý­ýar­lyk gö­rüp, Türk­me­nis­tan hyz­mat­daş­lar bi­len iş­jeň gat­na­şyk­la­ry­ny do­wam et­di­rer. Döw­le­tiň anyk ädim­le­ri BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň 79-njy ses­si­ýa­syn­da Türk­me­nis­ta­nyň köp­çü­li­ge ýe­tir­jek ile­ri tut­ýan ga­ra­ýyş­la­ryn­da-da öz be­ýa­ny­ny tap­ýar. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedowyň baş­tu­tan­ly­gyn­da Türk­me­nis­tan Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň 79-njy ses­si­ýa­sy­na iş­jeň taý­ýar­lyk gör­ýär. Dur­nuk­ly ösüş mak­sat­la­ry­nyň 17-si­ni res­mi taý­dan ka­bul eden we ola­ry dur­muş-yk­dy­sa­dy ösü­şiň mil­li me­ýil­na­ma­la­ry­na, str

Türkmenistan — Eýran: döwletara gatnaşyklary pugtalandyrmagyň ýolunda möhüm ädim

Aşgabat — Tähran — Aşgabat, 28-nji awgust (TDH). Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow iş sapary bilen Eýran Yslam Respublikasynda boldy. Saparyň çäklerinde Gahryman Arkadagymyz Prezident Masud Pezeşkian hem-de Beýik ruhy lider Aýatolla Seýed Ali Hoseýni Hameneýi bilen gepleşikleri geçirdi. Irden paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde türkmen halkynyň Milli Liderini resmi adamlar ugratdylar.

“Kamaz” Türkmenistanda ýerli brend bilen tehnika önümçiligini ýola goýmagy teklip edýär

27-nji awgustda Kazanda geçirilen Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeniýet hyzmatdaşlygy boýunça türkmen-tatar iş toparynyň bilelikdäki mejlisinde “Kamaz” Daşary söwda kompaniýasy paýdarlar jemgyýetiniň sebit direktory Marat Garifullin “Kamaz” kompaniýasynyň Türkmenistanda önümçiligi ýola goýmagy teklip edýändigi barada aýdyp geçdi. Gürrüň Türkmenistanda (eýýäm “Kamaz” hyzmat ediş merkezleri hereket edýär) tehnika öndürmek üçin täze desganyň döredilmegi baradadyr. Garifulliniň aýtmagyna görä, munuň ýaly önümçiligi ýola goýmagyň dürli görnüşleri ara alnyp maslahatlaşylýar, üstesine-de tatar tarapy bu önümçiligi ýerli bredniň adyndan çykarmagy teklip edýär. Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministri Serdar Joraýew bu teklibi goldap, türkmen bazarynda “Kamaz” önümleriniň köpgörnüşliligini belläp, munuň bilen baglylykda Türkmenistanda onuň önümçiliginiň ýola goýulmagy we bilelikdäki kärhana görnüşinde hereket etmegi barada maslahatlaşylýandygy barada aýtdy.

Türkmenistan — Eýran Yslam Respublikasy: taryhy gatnaşyklaryň täze gözýetimleri

Düýn türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy. Saparyň dowamynda iki goňşy döwletler bolan Türkmenistan bilen Eýranyň arasynda köp asyrdan bäri dowam edýän we häzirki döwürde okgunly ösdürilýän gatnaşyklaryň derejesine ýokary baha berildi, möhüm resminamalaryň ençemesine gol çekildi. Eýran Yslam Respublikasy bilen Türkmenistany hoşniýetlilik hem-de deňhukukly hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan köpasyrlyk gatnaşyklar birleşdirýär. Türkmenistanyň geosyýasy we geoykdysady nukdaýnazardan amatly ýerleşmegi işjeň döwletara gatnaşyklarynyň öňden gelýän däplerini dowam etmäge, türkmen we eýran halklarynyň arasyndaky söwda-ykdysady we ynsanperwer gatnaşyklaryny ösdürmäge ýardam berýär.

Türkmen wekiliýeti Seuldaky “World Smart City Expo” sergisine gatnaşar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjyndan binýat bolan Arkadag şäherini mundan beýläk-de kämilleşdirmek we ösdürmek, hususan-da, “akylly” şäherleriň “World Smart City Expo” atly Bütindünýä sergisine gatnaşmak hem-de Arkadag şäheriniň lukmançylyk klasterini amala aşyrmak üçin Koreýa Respublikasy bilen saglygy goraýyş ulgamynda tejribe alyşmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti 2024-nji ýylyň 1 — 7-nji sentýabry aralygynda Koreýa Respublikasynyň Seul şäherinde gulluk iş saparynda bolar.

Türkmenistan — Eýran: hoşniýetli goňşuçylyk ýoly bilen

Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow dünýä ýüzüne dostluk ýollaryny çeken, dostanalyk köprüleriniň binýadyny berkiden Liderdir. Dünýä uzaýan menziller bolsa goňşy öýünden başlanýar. Bu günki gün duldegşir goňşymyz Eýran Yslam Respublikasy bilen ýola goýlan köpýyllyk gatnaşyklar milli we sebit bähbitlerine laýyk gelýän ugurlar boýunça has-da çuňlaşdyrylýar. Şunda ýokary derejedäki saparlardyr gepleşikler ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyga kuwwatly itergi bermegiň möhüm şerti hasaplanýar. Mümkinçilikler. Tejribeler. Tagallalar

Halkara giňişlikde

Möhüm meseleler maslahatlaşyldy Türkmen wekiliýetiniň Täjigistan Respublikasyna saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary A.Gurbanow bilen Täjigistanyň daşary işler ministri S.Muhriddiniň arasynda duşuşyk geçirildi. Onda taraplar dostluga, özara ynanyşmaga esaslanýan syýasy dialogyň ýokary derejesini kanagatlanma bilen bellediler.

Doganlar didarlaşarlar

Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň ynsanperwer sahawaty netijesinde bu günki gün Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan ykbalyň emri bilen uzak taryhyň dowamynda Ýer ýüzüniň dürli künjeklerine nesibesi çeken doganlarymyzyň hem ata Watanyna, kyblagähine öwrüldi. Indi her ýyl mukaddes Garaşsyzlygymyzyň toýuny toýlaýan günlerimizde paýtagtymyz Aşgabatda daşary ýurtly doganlarymyzyň wekillerini bir supranyň başyna jemläp, olary birek-biregi bilen didarlaşdyrmak, Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň maslahatyny geçirmek asylly däbe öwrüldi. Beýik ynsanperwer işleriň sakasynda duran Gahryman Arkadagymyzyň, peder ýoluny mynasyp dowam edýän hormatly Prezidentimiziň sahawatly tagallasy bilen bu asylly däp Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hem üstünlikli dowam etdiriler. Şeýle diýip ynamly aýtmagymyza türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň Prezidenti Gahryman Arkadagymyzyň 17-nji awgustda «Arçman» şypahanasyna baryp, bu ýerde dynç alyşda bolýan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Diwanynyň iş dolandyryjysy, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň wise-prezidenti, Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň Prezidentiniň orunbasary R.Bazarowa dünýä t

Hazar — hyzmatdaşlyk köprüsi

Berkarar döwletň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda Hazar deňziniň syýasy, ykdysady, ekologik, ynsanperwer gatnaşyklaryny has-da ösdürmek boýunça netijeli işler durmuşa geçirilýär. Şeýle maksatnamalaýyn işler amala aşyrylanda onuň daşky gurşawyny goramak, biologik serişdelerini aýawly hem-de rejeli peýdalanmak esasy wezipeleriň biri bolup durýar. Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň «2011 — 2030-njy ýyllar üçin Milli Maksatnamasy» döwletiň uzak möhletli durmuş syýasatynda daşky gurşawy goramak we ekologiýany durnukly saklamak boýunça Hazar deňziniň türkmen böleginde we onuň kenar ýakasynda ekologiki talaplary berk berjaý etmegi, onuň suwuny süýjütmek boýunça önümçilik kuwwatlyklaryny gurmagy özüne esasy wezipe edinýär.