"Mugallymlar gazeti" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-53, 39-96-41, 39-96-40
Email: mugallymlar-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Hökümetara türkmen-gyrgyz toparynyň mejlisi

25-nji iýulda Gyrgyz Respublikasynyň Çolpon-Ata şäherinde Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-gyrgyz toparynyň 6-njy mejlisi geçirildi. Mejlisiň barşynda ara alnyp maslahatlaşylan meseleler Türkmenistan bilen Gyrgyz Respublikasynyň arasynda ýola goýlan netijeli dialogy mundan beýläk-de dowam etdirmäge iki tarapyň hem taýýardygyny ýene-de bir gezek tassyklady. Hökümetara toparyň mejlisiniň çäklerinde, ilki bilen, Türkmenistanyň wekiliýetiniň başlygy, energetika ministri A.Saparowyň hem-de Gyrgyz Respublikasynyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, suw hojalygy, oba hojalygy we gaýtadan işleýän senagat ministri B.Torobaýewiň arasynda çäkli düzümde gepleşikler geçirilip, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri boýunça pikir alşyldy. Soňra mejlis iki ýurduň wekiliýet agzalarynyň gatnaşmagynda giňeldilen düzümde dowam etdi.

Üstaşyr geçelgeler, söwda, elektroenergiýa – türkmen-gyrgyz hökümetara toparynyň mejlisiniň gün tertibinde

Gyrgyz Respublikasy bilen Türkmenistanyň arasyndaky söwda, ykdysady, ylmy, tehniki we ynsanperwer hyzmatdaşlygy boýunça hökümetara toparynyň VI mejlisi Yssyk-Köl sebitiniň Çolpan-Ata şäherinde geçirildi. Dar düzümdäki duşuşygyň dowamynda Gyrgyzystanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary - suw serişdeleri, oba hojalygy we gaýtadan işleýän senagat ministri Bakyt Torobaew bilen türkmen wekiliýetiniň ýolbaşçysy - energetika ministri Annageldi Saparowyň arasynda gepleşikler geçirildi. Ministrler ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Türkmenistan — BMG: ählumumy parahatçylygyň, durnukly ösüşiň we abadançylygyň bähbidine hyzmatdaşlyk

Birleşen Milletler Guramasy bilen strategik hyzmatdaşlyk hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan yzygiderli durmuşa geçirilýän Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynyň esasy ugrudyr. Häzirki döwürde BMG we onuň ýöriteleşdirilen düzümleri bilen özara hyzmatdaşlyk täze ösüş depginine eýe bolýar. Ýurdumyz sebit, ählumumy gün tertibiniň ileri tutulýan meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga, olary çözmegiň iň amatly usullaryny işläp taýýarlamaga işjeň gatnaşyp, öz parahatçylyk döredijilik kuwwatyny dünýäniň halklarynyň bähbidine gönükdirýär. Bu çemeleşme, şeýle-de Watanymyzyň daşary syýasy ugry Milletler Bileleşigi tarapyndan giň ykrarnama eýe boldy. Türkmenistanyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň sessiýalarynyň birnäçesiniň, şol sanda öňde boljak 79-njy sessiýanyň wise-başlyklygyna saýlanylmagy munuň aýdyň güwäsidir. Mundan başga-da, ýurdumyz guramanyň abraýly düzümleriniň agzalygyna birnäçe gezek saýlanyldy. Türkmenistanyň başlangyjy boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy köp sanly Kararnamalary, şol sanda 2025-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmek hakynda Kararnamany kabul etdi. BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň ýakynda Türkmenistana amala aşyran sapary ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň taryhynda täze, möhüm sahypany açdy. 6-njy iýulda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen iri halkara guram

Bilelikdäki tagallalar — anyk maksatlara

Çolpon-Atada hökümetara türkmen-gyrgyz toparynyň mejlisi geçirildi Iki döwletiň Liderleriniň arasynda guralýan islendik duşuşykdyr gepleşikleriň çäklerinde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary jikme-jik ara alnyp maslahatlaşylyp, geljekde amal ediljek işleriň pugta binýady goýulýar. Ýokary derejede gazanylan bilelikdäki ylalaşyklaryň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegi özara gatnaşyklary yzygiderli ilerletmäge ýardam berip, şunda hökümetara toparlaryň alyp barýan işine aýratyn ornuň degişlidigini toplanan tejribeler doly subut edýär. Düýn, 25-nji iýulda Çolpon-Ata şäherinde geçirilen Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-gyrgyz toparynyň 6-njy mejlisi hem Türkmenistan bilen Gyrgyz Respublikasynyň ýola goýlan netijeli dialogy mundan beýläk-de dowam etdirmäge taýýardyklaryny nobatdaky gezek açyp görkezdi.

Utgaşdyryş zolagy Hytaý — Russiýa ugrunda ýol ulag ugurlaryny açdy

Hytaýyň Şandun welaýatynyň Sindao şäherindäki utgaşdyryş zolagy maýadarlary onuň ösüşine we «Bir guşak, bir ýol» bilen mundan beýläk-de birleşmäge, giň gerimli halkara alyş-çalşygyny we hyzmatdaşlygyny ösdürjek platforma döretmäge çagyrýar. Şu maksat bilen, «Hytaý — ŞHG» sebitleýin ykdysady we söwda hyzmatdaşlygynyň utgaşdyryş zolagy ýakyn aýlarda hemmetaraplaýyn özgertmeleri durmuşa geçirmegi dowam etjekdigini Sindaonyň hökümetiniň baş sekretarynyň orunbasary Çen Wanşen geçen aý ýaýbaňlandyrylan metbugat ýygnagynda aýtdy. «Hytaý — ŞHG» zolagy dünýäniň dürli künjeginden gelen maýadarlary özleri üçin ajaýyp geljegi açjak gurluşyk üçin birleşmäge çagyrýar» — diýip, ýolbaşçy Sindaonyň bu taslamanyň ösüşini çaltlaşdyrmak üçin ähli tagallalary etjekdigini tassyklady.

Türkmenistanyň Prezidenti Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi

Aşgabat, 24-nji iýul (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýnsy kabul etdi. Duşuşmaga wagt tapyp kabul edendigi hem-de döwletara hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we geljegini ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, diplomat döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy hem-de GFR-iň Prezidenti Frank-Walter Ştaýnmaýeriň, Federal Kansleri Olaf Şolsuň hormatly Prezidentimize, türkmen halkynyň Milli Liderine mähirli salamyny we ähli türkmenistanlylara bagtyýarlyk, abadançylyk baradaky arzuwlaryny ýetirdi.

Halkara giňişlikde

Slo­wa­ki­ýa­da we Ru­my­ni­ýa­da sy­ýa­sy ge­ňeş­me­ler ge­çi­ril­di Go­laý­da Türk­me­nis­ta­nyň da­şa­ry iş­ler mi­nist­ri­niň orun­ba­sa­ry A.Gur­ba­no­wyň ýol­baş­çy­ly­gyn­da­ky we­ki­li­ýet iki­ta­rap­la­ýyn sy­ýa­sy ge­ňeş­me­le­ri ge­çir­mek mak­sa­dy bi­len, Slo­wa­ki­ýa Res­pub­li­ka­syn­da we Ru­my­ni­ýa­da sa­par­da bol­dy. Türk­men ta­ra­py Bra­tis­la­wa­da Slo­wa­ki­ýa­nyň Da­şa­ry iş­ler mi­nistr­li­gi­niň döw­let sek­re­ta­ry M.Eş­tok, Yk­dy­sa­dy­ýet mi­nistr­li­gi­niň döw­let sek­re­ta­ry W.Şi­mon­ýak, ýur­duň Pre­zi­den­ti­niň dip­lo­ma­tik me­se­le­ler bo­ýun­ça ge­ňeş­çi­si Ý.Ku­biş, Mil­li Ge­ňe­şi­niň Da­şa­ry iş­ler bo­ýun­ça ko­mi­te­ti­niň baş­ly­gy M.Ke­ri, Söw­da-se­na­gat eda­ra­sy­nyň baş­ly­gy P.Mi­hok bi­len du­şu­şyk­la­ry ge­çir­di. Ola­ryň bar­şyn­da sy­ýa­sy-dip­lo­ma­tik, me­de­ni-yn­san­per­wer, par­la­men­ta­ra ugur­ly hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­me­giň äh­mi­ýe­ti nyg­tal­dy. Yk­dy­sa­dy gat­na­şyk­la­ryň şert­na­ma-hu­kuk bin­ýa­dy­ny pug­ta­lan­dyr­mak ba­ra­da yla­la­şyk ga­za­ny­lyp, Yk­dy­sa­dy hyz­mat­daş­lyk bo­ýun­ça hö­kü­me­ta­ra to­pa­ryň no­bat­da­ky mej­li­si­ni gel­jek ýyl­da Bra­tis­la­wa­da ge­çir­mek bel­le­nil­di.

Parahatçylyga we ynanyşmaga çagyryş

Türkmenistanda şu ýylyň birinji ýarymynda jemi içerki önümiň ösüşi 6,3 göterime deň boldy. Özi hem bu depgin indi birnäçe ýyldan bäri şu möçberde saklanyp gelýär. Ýurduň umumy ösüşiniň bir ýyl owalkysy bilen deňeşdirilende, 6 göterimden hem gowrak artmagy dünýä jemgyýetçiligi boýunça alanyňda hem iň ýokary netijeleriň biri. Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň bu okgunly ösüşiniň iň uly syry bolsa parahatçylygy we ynanyşmagy ýörelge edinýänligindedir. Bu goşa beýikligi Ýer ýüzünde berkarar etmegi, ilki bilen, ýüreklerimizde ýerleşdirmekden başlamaly. Ýürekler parahatçylygyň we ynanyşmagyň adamzadyň bagtyýar ýaşamagy üçin uly güýçlerdigine ynanmaly. Ine, şondan soň maşgalada, obada, şäherde, welaýatda, döwletde, sebitde, yklymda we dünýäde parahatçylygy hem ynanyşmagy berkarar etmek mümkin. Hut şu goşa beýikligiň güýji bilen ösüşlerine bedew bady ýaran bolan Türkmenistan tutuş adamzady hem parahat we ynanyşyp ýaşamaga çagyrýar. Geljek nesillere mynasyp miras galdyrmagyň başga ýoly ýok!

Türkmenistan, Gazagystan we Owganystan ulag pudagyndaky hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini giňeldýär

Golaýda Aktau (Gazagystan) şäherinde geçirilen Birinji «Demirgazyk-Günorta» söwda-logistika forumynyň çäginde Türkmenistanyň, Gazagystanyň we Owganystanyň ulag toplumynyň ýolbaşçylarynyň üçtaraplaýyn duşuşygy geçirildi. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugynyň habarynda aýdylyşy ýaly, bu ýerde üç döwletiň arasynda hyzmatdaşlygyň ulag pudagyndaky mümkinçiliklerini giňeltmek bilen baglanyşykly meseleleriň uly toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy. Hususan-da, taraplar Pakistana çykalganyň elýeterliligini üpjün edýän Gazagystan — Türkmenistan — Owganystan ugry boýunça haryt daşamagyň şertlerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şol bir wagtyň özünde bolsa ýokarda agzalan üçtaraplaýyn duşuşykda türkmen-owgan serhedinden Hyrat şäherine (Owganystan) demir ýol gurmak taslamasynyň durmuşa geçirilmegine türkmen, owgan we gazak taraplarynyň gatnaşmagynyň mümkinçiliklerine seredildi.

Deňiz ulaglary ulgamynda türkmen-belgiýa hyzmatdaşlygy ösdürilýär

2024-nji ýylyň 18-nji iýulynda “Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň, Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň wekilleri bilen Belgiýa Patyşalygynyň "Camco Technologies NV" kompaniýasynyň wekiliniň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşykda "Camco Technologies NV" kompaniýasynyň deňiz we gury port terminallarynda gözegçiligi güýçlendirmek, terminallaryň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin ornaşdyrylmaga niýetlenilen enjamlary we bu babatda sanly çözgütleri prezentasiýa arkaly tanyşdyryldy.

Eýran Türkmenistanyň üsti bilen Hytaýa ýük otlusyny ugratdy

21-nji iýulda Eýran Türkmenistanyň üsti bilen Hytaýa ýük otlusyny ýollady. Hytaýyň demirgazyk-günbataryna çenli uzajak 10297 kilometrlik ugur iki hepdeläp dowam eder, bu bolsa ýüküň deňiz boýunça ugradymagyndan iki esse çaltdyr. Otly Tähran prowinsiýasyndaky Eslamşehr şäherinde ýerleşýän Eýranyň iň uly gury porty bolan Aprindäki ammardan ýola düşüp, Türkmenistan bilen serhetdäki Inçeburun stansiýasyna tarap ugur aldy. Ol onlarça konteýner alyp barýar we Hytaýyň Iu şäherindäki soňky nokadyna ýetmezden ozal, Türkmenistanyň üsti bilen Gazagystanyň Altynkol stansiýasyna barar.

Türgenlere şowlulyk arzuw edildi

22-nji iýulda Aşgabat şäherindäki Olimpiýa şäherçesiniň «Başa-baş söweş sungaty» sport toplumynda ýurdumyzyň milli ýygyndy toparynyň agzalaryny şu ýylyň 26-njy iýuly — 11-nji awgusty aralygynda Fransiýa Respublikasynyň Pariž şäherinde geçiriljek XXXIII tomusky Olimpiýa oýunlaryna ugratmak dabarasy geçirildi. Dabara gatnaşyjylar sport toplumyň esasy girelgesiniň ugrunda guralan sergini synladylar. Onda ýurdumyzyň sport ulgamynda gazanan üstünliklerini açyp görkezýän gymmatlyklar görkezildi. Soňra hormatly Prezidentimiziň XXXIII tomusky Olimpiýa oýunlaryna gatnaşýan Türkmenistanyň milli ýygyndy toparynyň agzalaryna iberen Gutlagy uly üns bilen diňlenildi. Ondan soňra dabarada çykyş edenler ýurdumyzda sporty ösdürmek üçin giň mümkinçilikler döredilendigini buýsanç bilen bellediler.

Gazagystan-Türkmenistan-Owganystan ugry boýunça ýükleri daşamagyň şertlerine garaldy

2024-nji ýylyň 19-njy iýulynda Aktau şäherinde (Gazagystan) geçirilýän ilkinji «Demirgazyk–Günorta» söwda-logistika forumynyň çäklerinde Türkmenistanyň, Gazagystanyň we Owganystanyň ulag edaralarynyň ýolbaşçylarynyň üçtaraplaýyn duşuşygy geçirildi. Duşuşugyň barşynda ulag ulgamynda üç döwletiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklrini mundan beýläk-de ösdürmek bilen baglanyşykly meseleleriň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy. Hususan-da, taraplar geljekde Pakistana çykmagy nazara alamak bilen, Gazagystan - Türkmenistan - Owganystan ugry boýunça ýükleri daşamagyň şertlerine garadylar. Şol bir wagtyň özünde, agzalan üçtaraplaýyn duşuşykda türkmen-owgan serhedinden Hyrat şäherine (Owganystan) çenli uzajak demir ýolunyň gurluşygynyň taslamasynyň durmuşa geçirilmegine türkmen, owgan we gazak taraplarynyň gatnaşmagynyň mümkinçiliklerine garaldy.

Mango festiwaly — dostluk baýramçylygy

Hindistan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy tarapyndan paýtagtymyzdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynda halkara mango festiwaly geçirildi. Oňa döwlet edaralarynyň, daşary ýurtlaryň Aşgabatdaky diplomatik wekilhanalarynyň wekilleri, telekeçiler, žurnalistler gatnaşdylar. Bu özboluşly çäre Türkmenistanda ilkinji gezek guralyp, türkmen-hindi dost-doganlyk gatnaşyklarynyň barha berkeýändiginiň nobatdaky aýdyň güwäsine öwrüldi.

Bilelikdäki türkmen-özbek toparynyň 18-nji mejlisi geçirildi

16-njy iýulda Daşkent şäherinde Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-özbek toparynyň on sekizinji mejlisi geçirildi. Türkmen tarapyndan mejlisiň işine Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýewiň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn edaralarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Özbek wekiliýetine Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary Ž.Hojaýew ýolbaşçylyk etdi.

«Türkmenistan — Birleşen Arap Emirlikleri» işewürlik maslahatynyň jemlerine bagyşlanan duşuşyk geçirildi

19-njy iýulda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygynyň Birleşen Arap Emirlikleriniň ýurdumyzdaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ahmed Al Hameli bilen duşuşygy boldy. Ol şu ýylyň 25-nji iýunynda Aşgabat şäherinde geçirilen «Türkmenistan — Birleşen Arap Emirlikleri» işewürlik maslahatynyň jemlerine bagyşlandy. Duşuşykda iki dostlukly ýurduň döwlet we işewür düzümleriniň ýolbaşçylarynyň hem-de öňdebaryjy kompaniýalarynyň hünärmenleriniň gatnaşan işewürlik maslahatynyň ýokary guramaçylyk we netijeli häsiýete eýe bolandygy bellenildi. Bu forumda Emirlikleriň energetika, sanly tehnologiýalar, söwda, oba hojalygy, azyk senagaty, gurluşyk we syýahatçylyk ugurlaryna ýöriteleşen öňdebaryjy kompaniýalarynyň geljegi uly türkmen bazaryndaky ornuny pugtalandyrmagy hem-de giňeltmegi maksat edinýändikleri tassyklanyldy.

Türkmen wekiliýeti logistika boýunça üçtaraplaýyn duşuşyga gatnaşdy

Aktau şäherinde (Gazagystan) 19-njy iýulda geçirilen ilkinji «Demirgazyk — Günorta» söwda-logistika forumynyň çäklerinde Türkmenistanyň, Gazagystanyň we Owganystanyň ulag edaralarynyň ýolbaşçylarynyň üçtaraplaýyn duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda ulag ulgamynda üç döwletiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini mundan beýläk-de ösdürmek bilen baglanyşykly meseleleriň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy. Hususan-da, taraplar geljekde Pakistana çykmagy nazara almak bilen, Gazagystan — Türkmenistan — Owganystan ugry boýunça ýükleri daşamagyň şertlerine garadylar. Şol bir wagtyň özünde, agzalan üçtaraplaýyn duşuşykda türkmen-owgan serhedinden Hyrat şäherine (Owganystan) çenli uzajak demir ýoluň gurluşygynyň taslamasynyň durmuşa geçirilmegine türkmen, owgan we gazak taraplarynyň gatnaşmagynyň mümkinçiliklerine garaldy. Gepleşikleriň dowamynda «Gazagystan — Türkmenistan — Owganystan» ulag ugrunyň «Demirgazyk — Günorta» üstaşyr geçelgesiniň möhüm bölegi bolup durýandygy, onuň netijeli peýdalanylmagynyň ýükleri daşamagy başlangyç tapgyrda 5-den 8 million tonna çenli möçberde, geljekde bolsa, 20-den 30 million tonna çenli üpjün etmäge mümkinçilik berjekdigi nygtaldy.

Türkmenistan bilen Slowakiýanyň arasyndaky Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara toparyň nobatdaky mejlisi Bratislawa şäherinde geçiriler

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmed Gurbanowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti 16-17-nji iýulda syýasy geňeşmeleri we ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirmek üçin Slowakiýa Respublikasynda saparda boldy. Saparyň esasy maksady ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmak we iki ýurduň arasyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek bolup durýar. Saparyň çäklerinde A.Gurbanowyň Slowakiýanyň Daşary işler ministrliginiň Döwlet sekretary Marek Eştok, Slowakiýanyň Ykdysadyýet ministrliginiň Döwlet sekretary Wladimir Şimonýak, Prezidentiň Diplomatik meseleler boýunça geňeşçisi Ýan Kubiş, Slowakiýanyň Milli Geňeşiniň (Parlament) daşary işler boýunça komitetiniň başlygy Marian Keri we Slowakiýanyň Söwda-senagat palatasynyň başlygy Peter Mihok bilen duşuşyklary geçirildi.

Söwda-senagat edarasynda Singapur Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi

16-njy iýulda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda ýurdumyza sapar bilen gelen Singapur Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň Ýakyn Gündogar, Merkezi Aziýa we Demirgazyk Afrika ýurtlary müdirliginiň Baş direktory Samuel Tanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar iki ýurduň arasynda söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmek maksady bilen geçirilýän gepleşikleriň yzygiderli häsiýete eýedigini bellediler. Bellenilişi ýaly, Türkmenistan gyzyklanma bildirýän ähli hyzmatdaşlar, şol sanda Aziýa-Ýuwaş umman sebitiniň ýurtlary, şeýle hem Singapur Respublikasy bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly gyzyklanma bildirýär. Şunda ýokary tehnologiýalar, telekommunikasiýalar, gämi gurluşyk we port hyzmatlary ulgamynda özara tejribe alyşmak üçin giň mümkinçilikler bar.

EÝRAN ERMENISTANA HER ÝYL 360 MILLION KUB METR TEBIGY GAZY EKSPORT EDÝÄR

Eýran ýakyn wagtda Ermenistana eksport edilýän tebigy gazy 2 esse artdyrmagy meýilleşdirýär. Bu barada Eýranyň Ermenistandaky ilçisi Mehdi Sobhaniniň sözlerine salgylanyp, «SNN» habar berýär. Ilçiniň bellemegine görä, geçen ýyl 2030-njy ýyla çenli uzaldylan «Tebigy gazy elektrik energiýasyna alyş-çalyş etmek boýunça» ylalaşyga laýyklykda, her ýyl 360 million kub metr tebigy gaz Eýrandan Ermenistana eksport edilip, onuň deregine elektrik energiýasy import edilýär.