"Mugallymlar gazeti" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-53, 39-96-41, 39-96-40
Email: mugallymlar-gazeti@sanly.tm

Habarlar

«Demirgazyk — Günorta» halkara ulag geçelgesi boýunça ýük daşamak işini giňeltmek meýilleşdirilýär

Hindistan we Russiýa ikitaraplaýyn söwdada Çennaý — Wladiwostok ugrunyň, «Demirgazyk — Günorta» halkara ulag geçelgesiniň we Demirgazyk deňiz ýolunyň ulanylmagy arkaly ýük üpjünçiligiň ösmegine goşant goşar. Bu barada hindi eksport guramalarynyň federasiýasynyň baş we ýerine ýetiriji direktory Ajaý Sahai «TASS» agentliginiň wekillerine gürrüň berdi. Onuň pikiriçe, iki ýurduň arasyndaky söwdanyň derejesiniň mundan beýläk-de ösmegi üçin möhüm şertleriň biri hem logistika meselelerini çözmek bilen baglydyr.

Merkezi Aziýa — bitewüligiň we mümkinçilikleriň giňişligi

Häzirki zaman dünýäsinde dowam edýän çylşyrymly ýagdaýlar döwletlerden örän oýlanyşykly, deňagramly syýasaty alyp barmagy, şol bir wagtda-da halkara gatnaşyklar ulgamynda eýeleýän ornuny pugtalandyrmak arkaly ählumumy tagallalara işjeň garylyp-gatylmagy talap edýär. Geçmişde Turan, Türküstan, Mawerannahr diýlip atlandyrylan Merkezi Aziýa bolsa öz geografik taýdan amatly ýerleşişi bilen asyrlaryň dowamynda halklaryň arasynda parahatçylygy, ylalaşyklylygy üpjün etmäge goşant goşan sebit hökmünde tanalýar. Bu, ilkinji nobatda, Beýik Ýüpek ýolunyň möhüm çatrygynda ýerleşen biziň sebitimiziň Gündogar bilen Günbatary birleşdirýän köpri, Aziýa bilen Ýewropanyň «altyn halkasy» bolandygy bilen bagly. Şunlukda, ol siwilizasiýalaryň arasynda dialogy ýola goýmaga, ylym-bilim, özara alyşmalar arkaly medeniýetleri baýlaşdyrmaga ýardam beripdir. Hoşniýetli goňşuçylygyň, sebit hyzmatdaşlygynyň nusgalyk derejesini görkezýän Merkezi Aziýa «bäşligi» häzirki wagtda-da bu asylly we jogapkärli wezipäni üstünlikli ýerine ýetirýär. Şoňa görä, bu günki gün ähli ýollaryň bu sebite uzamagy, dünýäniň nazarynyň bize gönükmegi kanunalaýyk ýagdaýdyr. Soňky ýyllarda Merkezi Aziýa gyzyklanmalaryň barha artýandygy äşgär hakykat. Muny biz sebit döwletleri bilen has ýakyn gatnaşyklary ýola goýmaga, bar bolan ägirt uly mümkinçiliklerden bilelikde peýdalanmaga, Aziýanyň ýüreginden Zeminiň çar künjegin

«Her bir çaganyň bähbidine bilelikdäki hyzmatdaşlygy ösdüreris»

diýip, ÝUNISEF-niň Türkmenistandaky täze wekili aýdýar Her bir ýurduň bagtyýarlygy, abadançylygy ösüp gelýän ýaş nesil hakyndaky tagallalardan gözbaş alýar. Çünki ynsan ömrüniň çagalykdan başlanyşy ýaly, ak ertirlerimiziň röwşenligi-de gönüden-göni şu günki çagalar bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. 1946-njy ýylda döredilen BMG-niň Çagalar gaznasy (ÝUNISEF) bolsa dünýä döwletleriniň 190-dan gowragynda çagalaryň doly derejede ösüp-ulalmaklary, munuň üçin olaryň ähli zerur şertler bilen üpjün edilmegi ugrunda iş alyp barýar. Türkmenistanda hem bu abraýly düzüm bilen hyzmatdaşlygyň geçen 30 ýyldan gowrak döwrüniň dowamynda döwletimiziň gül-gunçalaryna bagtly çagalygy peşgeş bermek babatda uly üstünlikler gazanyldy.

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy Özbegistanyň tejribesini öwrenýär

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň wekiliýeti tarapyndan gümrük taýdan resmileşdirmegiň Merkezini döretmekde tejribesini öwrenmek we serhetýaka gümrük nokatlarynyň işi bilen tanyşmak maksady bilen Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherine gulluk iş sapary amala aşyrdy. Saparyň birinji gününde wekiliýetimiz gümrük taýdan resmileşdirmegiň Özbegistan Respublikasynyň Gümrük komitetiniň ýanyndaky Merkezine baryp gördüler. Bu Merkez 2023-nji ýylyň awgust aýynda açylyp, bu toplum öz içine maglumatlary gaýtadan işleýän merkezini, uzakdan elektron deklarirleme nokadyny, jaň merkezini, nyşana almak we töwekgelçilikleri dolandyrmak bölümlerini alýar.  Merkeziň maglumatlar ulgamy daşary ýurt edaralarynyň, ýerli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryň, daşary ykdysady işine gatnaşyjylaryň we awiakompaniýalaryň maglumat ulgamlary bilen utgaşdyrylan.

Öňdebaryjy tejribeler öwrenilýär

Türkmenistan 1991-nji ýylda özbaşdak ösüş ýoluna düşenden soňra, dessine toplumlaýyn özgertmeleri amala aşyrmaga girişdi. Bu özgertmeler döwlet dolandyryş ulgamyny hem öz içine aldy. Şol döwürden bary-ýogy 33 ýyl geçdi. Häzirki wagtda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary netijesinde we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyz durnukly ösýän ykdysadyýeti, uly senagat-önümçilik binýady, köpugurly ulag we kommunikasiýa ulgamy, kuwwatly energetika toplumy, döwrebap oba hojalygy hem-de kämil dolandyryş ulgamy bolan döwlete öwrüldi. Ýurdumyzyň döwlet dolandyryş ulgamynyň netijeli hereket etmeginde, döwrüň talabyna görä kämilleşdirilmeginde Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasyna uly orun degişlidir. 2009-njy ýylda Milli Liderimiziň başlangyjy bilen döredilen bu bilim edarasy ýurdumyzyň dürli pudaklarynda zähmet çekýän döwlet gullukçylaryny, hünärmenleri gaýtadan taýýarlamak we olaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak, magistr maksatnamasy boýunça okatmak, döwlet dolandyrylyşynyň ylmy we usulyýet binýadyny döretmek, şeýle hem bu işi kämilleşdirmek boýunça teklipleri işläp taýýarlamak ýaly möhüm wezipeleri ýerine ýetirýär. Akademiýada döwlet gullukçylaryny gaýtadan taýýarlamagyň häzirki zaman talaplaryny ýerine ýetirmek maksady bilen, halkara tejribäni öwrenmäge hem uly

Hazynalar ummany

Gojaman Hazar deňziniň türkmen kenary bagtyýar zamanamyzda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň alyp barýan parahatçylyk söýüjilik, dost-doganlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasatynyň dünýä derejesinde dabaralanýan merkezine öwrüldi. Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan beýik işleri netijesinde dostlukly döwletleri ählumumy bähbitlere gönükdirýän halkara derejeli forumlar, maslahatlar, öňde goýlan maksatlara ýetmegiň ýolunda ädilýän möhüm ädimler bu günki gün hut şu ýerden başlanýar. Bilşimiz ýaly, 2003-nji ýylyň noýabrynda Tähranda Hazarýaka döwletleriň Prezidentleriniň gatnaşmagynda Hazar deňziniň deňiz gurşawyny goramak boýunça Çarçuwaly konwensiýa gol çekildi. 2006-njy ýylyň 12-nji awgustynda güýje giren bu Çarçuwaly konwensiýa Hazar deňzi boýunça goňşy döwletleriň arasyndaky hukuklary we borçnamalary berkitmekde möhüm ädim boldy. Şol gün «Hazar deňziniň güni» hökmünde Hazarýaka döwletleriniň, şol sanda milli senenamamyza şanly baýramçylyklaryň biri hökmünde girdi. Bu sene mynasybetli indi her ýyl geçirilmegi asylly däbe öwrülen «Hazar deňzi — parahatçylyk we dostluk deňzi» atly ylmy-amaly maslahat hem bu ugurda öňde goýlan nobatdaky maksatnamalary ara alyp maslahatlaşmakda we möhüm çözgütleri kabul etmekde ähmiýetli orun eýeleýär. 2022-nji ýylyň 29-njy iýunynda Aşgabatda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde altyn

Türkiýäniň uniwersiteti Türkmenistanyň raýat awiasiýasy üçin hünärmen taýýarlar

Türk aeronawtika birleşigi uniwersiteti Türkmenistanyň raýat awiasiýasy üçin ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamaga öz goşandyny goşar. Bu barada  Türk aeronawtika birleşigi uniwersitetiniň rektory Prof. Dr. Rahmi Er türk metbugatyna beren beýanatynda belläp geçdi. Daşary ýurtdan ýokary okuw mekdebi üçin uly gyzyklanmanyň bardygyny bellän rektor Rahmi Er “Türkmenistan” awiakompaniýasynyň gyzyklanmasy bilen uçarman zerurlygyny kanagatlandyrmak maksady bilen şertnama gol çekilendigini belledi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň we Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik

Aşgabat, 5-nji awgust (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň we Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Döwlet Baştutanlary birek-birek bilen mähirli salamlaşyp, strategik häsiýete eýe bolan türkmen-gazak gatnaşyklarynyň ýokary derejesini kanagatlanma bilen bellediler.

Halkara giňişlikde

Ileri tutulýan ugurlar öwrenilýär Manilada Türkmenistanyň we Filippinler Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň arasynda geçirilen syýasy geňeşmelerde türkmen tarapyna daşary işler ministriniň orunbasary A.Gurbanow, filippin tarapyna bolsa Daşary işler departamentiniň ikitaraplaýyn gatnaşyklar we ASEAN-nyň işleri boýunça sekretarynyň orunbasary M.Lazaro ýolbaşçylyk etdi. Geňeşmeleriň barşynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy nazara almak bilen, ikitaraplaýyn gün tertibiniň esasy ugurlary we ony amaly mazmun bilen baýlaşdyrmak barada pikir alyşmalar boldy. Taraplar özara gatnaşyklary ösdürmekde parlament diplomatiýasynyň möhüm ornuny nygtap, parlamentara gepleşikleri işjeňleşdirmek boýunça umumy pikiri beýan etdiler. Duşuşykda energetika, ulag-logistika, oba hojalygy we beýleki pudaklarda hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýarlyk tassyklanylyp, iki ýurduň eksport-import mümkinçiliklerine üns çekildi.

Halkara hyzmatdaşlyk pugtalanýar

Bitarap Türkmenistan döwletimiziň BMG bilen hyzmatdaşlygy ýurdumyzyň daşary syýasat strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýar. 1992-nji ýylda BMG-ne agzalyga saýlanandan bäri geçen taryhy döwrüň dowamynda ýurdumyz özüni ählumumy derejede parahatçylygy, howpsuzlygy, durnukly ösüşi pugtalandyrmaga mynasyp goşant goşýan ygtybarly hyzmatdaş hökmünde görkezmegi başardy. Hormatly Arkadagymyz şeýle diýýär: «BMG biziň üçin ählumumy goldawa eýe bolan we resmi taýdan ykrar edilen ýeke-täk guramadyr. Biz bu düzüme ählumumy özara gatnaşyklaryň sütüni, dünýäde parahatçylygy, bähbitleriň deňeçerligini, howpsuzlygy gorap saklamagyň kepili hökmünde garaýarys. Biz häzirki günde, dünýäniň dürli sebitlerinde dartgynlylygyň bolup geçýän ýagdaýlarynda BMG-niň Tertipnamasynyň ýörelgeleriniň halkara gatnaşyklaryň hukuk we ahlak daýanjy bolmagynda galmalydygyna berk ynanýarys». BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň Türkmenistana amala aşyran sapary we onuň çäginde geçirilen ýokary derejeli gepleşikler bolsa milli hem umumy bähbitleri nazarlaýan hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ilerletmegiň ýolunda möhüm ädime öwrüler. Duşuşygyň dowamynda parahatçylygy, howpsuzlygy üpjün etmek, howanyň üýtgemegine garşy göreşmek, durnukly ulag we energetika ulgamyny ösdürmek babatda ynsanperwer ugurly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle-de ilatyň durmuş derejesini gowulandyrmak, bilimiň we sag

Netijeli gatnaşyklar işjeňleşdirilýär

Türkmenistan döwletimiz özüniň daşary syýasatynda oňyn Bitaraplyk ýörelgelerinden ugur alyp, ähli gyzyklanma bildirýän daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyk edýär. Iri halkara guramalar, dünýä döwletleri bilen hyzmatdaşlyk deňhukuklylyk, özara hormat goýmak we ynanyşmak ýörelgeleri esasynda ösdürilýär. Muny hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň 30-31-nji iýuldaky kabul edişlikleri aýdyňlygy bilen tassyklaýar. ■ 30-njy iýulda döwlet Baştutanymyz Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada şertnamasy guramasynyň (CTBTO) Ýerine ýetiriji sekretary Robert Floýdy kabul etdi.

Türkmenistan — Eýran: hoşniýetli hyzmatdaşlygyň baý tejribesi we giň mümkinçilikleri

Redaksiýadan: häzirki wagtda Türkmenistan we Eýran Yslam Respublikasy syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda iki tarapyň hem milli bähbitlerine doly laýyk gelýän hyzmatdaşlygy täze derejä çykarýarlar. Ýurtlarymyz sebitde uzak möhletleýin hyzmatdaş bolmak bilen, özara bähbitli gatnaşyklaryň asyrlarboýy toplanan tejribesini yzygiderli baýlaşdyrmagy maksat edinip, ony iki dostlukly halkyň bähbidine amala aşyrylýan bilelikdäki taslamalar arkaly pugtalandyrýarlar. Şunda ýokary derejedäki saparlardyr gepleşikler ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyga kuwwatly itergi bermegiň möhüm şerti hasaplanýar. Ýakynda bolsa türkmen wekiliýeti Eýran Yslam Respublikasynyň täze saýlanan Prezidenti Masud Pezeşkianyň wezipä girişmek dabarasyna gatnaşdy. Dostlukly döwletiň Baştutanynyň goňşy ýurtlar bilen hyzmatdaşlyk babatda saýlanyp alnan ýoluň dowam etdiriljekdigini tassyklamagy türkmen-eýran gatnaşyklarynyň-da mundan beýläk-de ilerlediljekdigine ynamy artdyrýar. Biz hem şular barada gürrüň bermegini sorap, Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky doly ygtyýarly wekiline ýüz tutduk. Ali Mojtaba RUZBEHANI,Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi.

Türkmen wekiliýeti Pakistanda geçiriljek «AgriTech: Feeding the Future» atly halkara foruma gatnaşar

28-nji awgustda Pakistanyň Karaçi şäherinde ýurduň Söwda-senagat edaralarynyň federasiýasy we Yslam söwda we ösüş palatasy (ICCD) tarapyndan guralýan «AgriTech: Feeding the Future» atly halkara konferensiýa we sergi geçiriler. Oňa türkmen wekiliýeti bilen bir hatarda Owganystanyň, Azerbaýjanyň, Bruneýiň, Indoneziýanyň, Eýranyň, Malaýziýanyň, Taýlandyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Gazagystanyň, Özbegistanyň, Täjigistanyň wekilleri gatnaşarlar. Bu iri forumyň çäklerinde gatnaşyjylar sebitde agrotehniki mümkinçilikleri ösdürmek, iş gatnaşyklaryny ýola goýmak, tejribe alyşmak bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşarlar.

Hindistandan ilkinji konteýner otlusy Türkmenistanyň üsti bilen Özbegistana geçirildi

«Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi» AGPJ (TULM) konteýner ýük otlularynyň gatnawyny yzygiderli ýola goýmak we otlynyň gatnaw ugrunyň wagtyny azaltmak boýunça iş alyp barýar. Ýakyn Gündogardan ýük akymynyň ähmiýetini göz öňünde tutup, 2023-nji ýylyň 22-nji dekabrynda Stambul şäherinde «Türkmendemirýollary» agentligi bilen «O'zbekiston Temir Yo'llari» (Özbegistan Demir Ýollary) hojalyk jemgyýetiniň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşykda taraplar konteýner otlularynyň Türkmenistanyň üstünden Özbegistanyň çägine we yzyna geçmegini tizleşdirmegi, şeýle hem konteýnerleri taraplaryň çäginden daşamak üçin ýörite nyrhlaryny girizmegi ara alyp maslahatlaşdylar.

Ýurdumyzda Ulýanowsk azyk önümleriniň dilerlik merkezi açylar

Mälim bolşy ýaly, 27-28-nji iýulda Russiýa Federasiýasynyň Ulýanowsk oblastynda «IIBF-2024» Halkara Yslam işewürlik forumy geçirildi. Onuň çäklerinde ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek bilen bagly birnäçe ylalaşyklar gazanyldy. Has dogrusy, ýurdumyzda Ulýanowsk azyk önümleriniň dilerlik merkezini döretmek barada «Shaylan Group» türkmen kompaniýasy bilen şertnama baglaşyldy. «Türkmen hyzmatdaşlarynyň Ulýanowskda öndürilen konditer we gaplanan önümleri, günebakar tohumyny satyn almaga gyzyklanmasy artýar. Bu ýerde yslam maliýe ýörelgelerine esaslanýan hyzmatdaşlara pul serişdelerini bölüp bermek hyzmatyny ornaşdyrmak üçin «Shaylan Group» kompaniýasy bilen ylalaşyldy» diýip, TSTB-niň habarynda aýdylýar.

Azerbaýjan Sloweniýa tebigy gazy eksport edip başlady

Azerbaýjanyň Döwlet nebit kompaniýasy («SOCAR») 1-nji awgustdan başlap, Sloweniýa tebigy gazyň eksportyny ýola goýdy. Şu ýylyň 17-nji iýulynda «SOCAR» bilen Sloweniýanyň iri kompaniýalarynyň biri bolan «Geopliniň» arasynda gol çekişilen ylalaşyga laýyklykda, «mawy ýangyç» gysga möhletleýin Sloweniýa eksport ediler. Taraplar häzirki wagtda uzak möhletleýin hyzmatdaşlyk boýunça hem gepleşikleri alyp barýarlar. Ýeri gelende bellesek, Sloweniýa Azerbaýjandan tebigy gazy import edýän dokuzynjy döwlet boldy. Azerbaýjan Sloweniýadan başga-da, Türkiýe, Gruziýa, Italiýa, Gresiýa, Bolgariýa, Rumyniýa, Wengriýa we Serbiýa ýaly ýurtlary tebigy gaz bilen üpjün edýär.

2,5 esse artdy

Şu ýylyň birinji ýarymynda Özbegistanyň ykdysadyýetine goýlan göni daşary ýurt maýa goýumlarynyň möçberi 2,5 esse artdy. Bu barada ýurduň Merkezi bankyna salgylanyp, spot.uz saýty habar berdi. Çeşmäniň bellemegine görä, hasabat döwründe Özbegistanyň ykdysadyýetine gönükdirilen göni daşary ýurt maýa goýumlarynyň möçberi 5,32 milliard amerikan dollaryna deň bolupdyr. Netijede, bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwründäkiden 2,5 esse ýokarlanypdyr.

«Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi» AGPJ Hindistandan Özbegistana barýan ilkinji konteýner otlyny guraýar

«Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi» AGPJ (TULM) konteýner ýük otlularynyň gatnawyny yzygiderli ýola goýmak we otlynyň gatnaw ugrunyň wagtyny azaltmak boýunça iş alyp barýar. Ýakyn Gündogardan ýük akymynyň ähmiýetini göz öňünde tutup, 2023-nji ýylyň 22-nji dekabrynda Stambul şäherinde «Türkmendemiryollary» agentligi bilen «O'zbekiston Temir Yo'llari» (Özbegistan Demir Ýollary) hojalyk jemgyýetiniň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşykda taraplar konteýner otlylarynyň Türkmenistanyň üstünden Özbegistanyň çägine we yzyna geçmegini tizleşdirmegi, şeýle hem konteýnerleriň taraplaryň çäginden daşamak üçin ýörite nyrhlaryny girizmegi ara alyp maslahatlaşdylar.

Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýe Respublikasynyň energetika we tebigy serişdeler ministrini kabul etdi

Aşgabat, 31-nji iýul (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň energetika we tebigy serişdeler ministri Alparslan Baýraktary kabul etdi. Döwlet Baştutanymyz myhmany gadymy türkmen topragynda mübärekläp, şu gezekki saparyň çäklerinde türkmen kärdeşleri bilen geçiriljek duşuşyklardyr geňeşmeleriň netijeli boljakdygyna we iki ýurduň energetika ulgamyndaky gatnaşyklarynyň ösdürilmegine hem-de pugtalandyrylmagyna ýardam berjekdigine ynam bildirdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi

Aşgabat, 31-nji iýul (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Elizabet Rudy kabul etdi. Diplomat ynanç hatyny gowşuryp, döwlet Baştutanymyza hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa ABŞ-nyň Prezidenti Jozef Baýdeniň mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny ýetirdi we öz ýurdunyň däp bolan dostlukly döwletara gatnaşyklary pugtalandyrmaga gyzyklanma bildirýändigini tassyklady.