Binagärlik açylyşlary — şanly toýa sowgat
Asylly däbe görä, Halkara Bitaraplyk gününiň öňüsyrasynda ýurdumyzyň dürli künjeklerinde täze binalaryň açylyş dabaralary boldy. Täze binalaryň daş-töweregi baýramçylyk görnüşinde bezelip, Garaşsyz, Bitarap Watanymyzy, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda gazanylýan ägirt uly üstünlikleri wasp edýän aýdym-sazlar ýaňlandy. 11-nji dekabrda Türkmenbaşy şäherinde ähli amatlyklary özünde jemleýän ýaşaýyş jaýlarynyň 5-siniň açylyş dabarasy boldy. Jaýlaryň her birinde iki, üç we dört otagly, ýerleşdirilişi has gowulandyrylan 60 öý bolup, olar gurlanda ýokary hilli bezeg serişdeleri ulanyldy. Bu gün ýaşamak hem-de rahat dynç almak üçin ähli şertler döredilen, mebeller, döwrebap aşhana göz öňünde tutulan, amatly howa ýagdaýyny üpjün edýän ulgamlary bolan öýler gapylaryny giňden açdy. Abadanlaşdyrylan ýanaşyk çäklerde çagalar üçin oýun we sport meýdançalary gurlupdyr. Ýaşaýjylar üçin amatly durmuş gurşawynyň döredilmegine bildirilýän ýokary talaplar täze binalaryň tapawutly aýratynlyklarydyr.