"Mugallymlar gazeti" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-53, 39-96-41, 39-96-40
Email: mugallymlar-gazeti@sanly.tm

Habarlar

ÖMRÜŇ MANYSY WATANDAN BAŞLANÝAR

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Milli Liderimiziň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň durmuşa geçirýän halk bähbitli, umumadamzat ähmiýetli ägirt uly işleri taryhyň altyn sahypalaryna ýazylýar. Bu ösüş-özgerişler ähli ulgamlar, ugurlar bilen bir hatarda Ýaragly Güýçlerimiziň hem kämil binýadyny kemala getirýär. «Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralaryny ösdürmegiň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Maksatnamasy» esasynda ata Watanymyzyň goranmak kuwwaty barha pugtalandyrylýar. Bu resminama diňe goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrinanyň düzgünlerine laýyklykda, hemişelik Bitaraplyk syýasatyny nazara almak arkaly işlenip taýýarlanyldy. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň: «Bitarap Watanymyzyň goranmak kuwwaty halkymyzyň asuda we abadan durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilendir. Şuny göz öňünde tutup, biz milli Ýaragly Güýçlerimiziň, beýleki harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak üçin ähli tagallalary ederis. Bu edaralar üçin geljekde hem häzirki zamanyň iň kämil tehnikalaryny, beýleki zerur enjamlary satyn alarys. Harby gullukçylaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrarys» diýip, aýratyn nygtap geçişi ýaly, bu ugurda alnyp barylýan işler döwrebap häsiýete eýe bolýar.

BERKARAR DÖWLETIŇ BAGTYÝAR GERÇEKLERI

Paýtagtymyzda ýerleşýän Nebit-gaz medeni işewürlik merkezinde Ýeňiş güni mynasybetli Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi, Bilim ministrligi tarapyndan ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyp ýigitleriniň arasynda yglan edilen «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň bagtyýar gerçekleri» atly döredijilik bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi. Talyp ýaşlaryň zehinini, ukyp-başarnyklaryny ýüze çykarmak maksady bilen guralan bu bäsleşigiň jemleýji tapgyryna ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde deslapky tapgyrlarda öňe saýlanmagy başaran talyp ýigitleriň 26-syna gatnaşdy. Bäsleşigiň düzgünnamasynyň birinji şertine laýyklykda, ýigitler özleriniň saýlap alan hünärleriniň jemgyýetdäki ornuny aýdym-saz, şowhunly tanslar, çeper okaýyşlar bilen taryp etdiler. Döredilýän döwrebap şertlerden netijeli peýdalanyp hem-de bildirilýän belent ynama jogap edip, zehinli ýaşlar bilimlere teşnelik bilen çemeleşýärler we saýlap alan hünärlerini, häzirkizaman tehnologiýalaryny yhlasly öwrenýärler, jemgyýetçilik çärelerine işjeň gatnaşýarlar. Munuň şeýledigi bagtyýar talyp ýigitleriň çykyşlarynda aýdyňlygy bilen şöhlelendi. Ýaşlar öz hünärlerine bolan buýsanjyny ýörite taýýarlanan wideoşekiller arkaly hem beýan etdiler.

MUKADDES TUGA TAGZYM

Döwlet nyşanlary her bir ýurduň özygtyýarlylygyny alamatlandyrýan mukaddeslikdir. Döwlet tugrasy, Döwlet baýdagy, Döwlet senasy bular ýurduň Berkararlygynyň, Garaşsyzlygynyň hem-de halkyň agzybirliginiň nyşanydyr. Türkmen halky hem bu mukaddes döwlet nyşanlaryna hemişe ygrarly bolmak bilen, olary mukaddeslik derejesinde ezizläp, apalap saklaýar. Şolaryň hatarynda mukaddes ýaşyl Baýdagymyzyň aýratyn orny bardyr. Türkmenler mukaddes Baýdagyny goramagy, oňa tagzym etmegi hemişe ýokary mertebe hasaplapdyrlar. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Döwletimiziň Baýdagy merdana halkymyzyň geçmişini, şu gününi hem-de geljegini özara sazlaşykly şöhlelendirýändigi bilen tapawutlanýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyz: «Dünýädäki iň inçe, owadan sungat hökmünde ykrar edilen türkmen halysynyň gölleri, abadançylygyň we parahatçylygyň nyşany bolan zeýtun baldajyklary, agzybirligi, jebisligi alamatlandyrýan bäş ýyldyz hem-de ýarymaý şekillendirilen, täzelenişi, ýaşaýşy dabaralandyrýan ýaşyl reňkli Döwlet baýdagymyzyň saýasynda bu gün eziz Watanymyzy ösüşleriň ýoly bilen öňe alyp barýarys» diýip belleýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda  bedew bady bilen öňe barýan ýurdumyzyň Döwlet Baýdagy şol ösüşleriň nyşany hökmünde belentde parlaýar.

ÝAŞLYGYŇ WE BAGTYÝARLYGYŇ DABARALANMASY

Bu kerem-keramatly, gojaman daglaryň degresine goşa ýaz gelene döndi. Aňňat-aňňat baýyrlara ýaşyl begres geýdiren, daglaryň etegini gül-güläleklere beslän joşgunly ýaza muwapyk ajaýyp döwrümizden gül-gül açylan ýaşlyk baharynyň – Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlaryň göwün guşyny ganatlandyran ýakymly pursatlaryň täsiri şeýle pikirleri seriňde oýarýar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň 10-njy maýynda Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň, Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň hem-de Balkan welaýat häkimliginiň bilelikde guramagynda «Pähim – paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly hem-de Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň ýaşlarynyň arasynda geçirilen »Magtymguly – geçmişimiz, şu günümiz we geljegimizdir» atly ylmy-amaly maslahat hem täsirli pursatlara baý boldy.

MERTEBE BELENTLIGI

«Belentlik» diýlende göz öňüňize näme gelýär?! Adamzadyň gudrat görmek isläp, alnyny direýän beýik daglarymy?! Göz ýetirmeg-ä beýlede dursun, göz öňüne getirmek hem çetin bolan Asman bilen Zeminiň aralygymy?! Bu babatda pikirler dürli bolup biler. Emma müňýyllyklaryň dowamynda kemala gelen adamzat paýhasynyň dünýädäki ähli belentliklerden hem beýikdigi bilen ylalaşjaklar kän bolsa gerek. Külli adamzadyň akyl we ruhy belentligi hakynda aýtmaly bolsa, gürrüňsiz, älem ýaly çäksiz, daglar ýaly saldamly edebi mirasy bilen Magtymguly Pyragynyň keşbi ör boýuna galýar. Bu hakykata hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda açylyp ulanylmaga berlen paýtagtymyz Aşgabadyň gözel künjeginde gurlan Magtymguly Pyragynyň ajaýyp heýkeliniň we nusgawy şahyrymyzyň adyny göterýän medeni-seýilgäh toplumynyň açylyş dabarasynyň taryhy pursatlaryna şaýat bolan mahalymyz has aýdyň göz ýetirdik. Külli adamzadyň beýik şahyrynyň Köpetdagyň eteginde howalanyp duran belent heýkeline gözüň düşende gojaman Zemine kök uran ynsan paýhasynyň Arşa-agla – belentlige ulaşýandygy hakyndaky pikir seriňe dolýar. Gör-ä, bu gudraty beýik şahyryň heýkeli bilen gojaman Köpetdag has hem beýgelen ýaly görünýär. Bu ýöne bir heýkel däl-de, asyrlaryň dowamynda «çoh garaşylan ajap eýýama», binýady berkarar döwletimize buýsanç bilen nazar salyp duran şahyryň belent ruhunyň tymsalydyr.

DÖWLET BERKARARLYGYNYŇ SYNMAZ SÜTÜNLERI

Hormatly Prezidentimiziň çuňňur paýhasy bilen gülläp ösýän ýurdumyzda adamyň we raýatyň hukuklarydyr azatlyklaryny goramak döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Bu döwlet syýasaty Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň goşulşan Adamyň hukuklarynyň ählumumy Jarnamasynda, Raýatlyk we syýasy hukuklar hakyndaky halkara Ylalaşygynda, Ykdysady, durmuş we medeni hukuklar hakyndaky halkara Ylalaşygynda, Aýallar barada kemsitmäniň ähli görnüşlerini ýok etmek hakyndaky halkara Konwensiýasynda, Gynamalara we adamlara çemeleşmäniň beýleki rehimsiz, adamkärçiliksiz ýa-da mertebäni kemsidiji görnüşlerine we jezalaryna garşy Konwensiýasynda we beýleki halkara resminamalarynda takyk berkidilen hem-de bu ugurda esasy taglymlaryny, milli ýörelgeleri özünde jemleýän Türkmenistanyň Konstitusiýasyndan alyp gaýdýar. Mundan 32 ýyl öň döwletimiz üçin ýatdan çykmajak sene, has takygy 1992-nji ýylyň 18-nji maýynda Türkmenistanyň Konstitusiýasy kabul edildi. Esasy Kanunymyz döwletimiziň mizemez hukuk binýady, geljekki ösüşlerimiziň özeni bolup durýar. Iň ýokary hukuk güýjüne eýe bolan bu resminamada halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalary, Türkmenistanyň goşulşan konwensiýalary, baglaşan şertnamalary, galyberse-de müňýyllyklaryň jümmüşinden gözbaş alyp gaýdýan milli ýörelgelerimiz orun alýar. Onda berkidilen adalatlylyk, deňhukuklylyk, adamlaryň hukuklaryny we azatlyk

Arkadag şäheri — döwrebap durmuşyň nusgasy

Köpetdagyň eteginde binýat bolup, sebitde ilkinji «akylly» şäher, ýaşlar şäheri hökmünde ykrar edilen Arkadag şäheri häzirki zaman şähergurluşygynyň iň täze talaplaryny, milli binagärlik ýörelgelerimiziň ajaýyp däplerini özünde utgaşdyrmak bilen, bagtyýar durmuşyň, abadan ýaşaýşyň nusgalyk merkezine öwrüldi. Milli Liderimiziň ýygy-ýygydan amala aşyrýan saparlarynyň her biri bu ajaýyp şäheriň sene ýazgysyna altyn harplar bilen ýazylýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň ýakynda Arkadag şäherine bolan döwletli iş sapary hem möhüm ähmiýeti bilen ösüşiň, rowaçlygyň täze gözýetimlerini alamatlandyrdy. Gurýan, döredýän döwlet kuwwatlydyr. Bu düşünje täze döwrüň gurmak ýolunyň, häzirki zamanyň öňdebaryjy gazananlaryny özünde jemleýän binagärlik sungatynyň aýdyň beýanydyr. Ol ruhy-medeni gymmatlyklarymyz ýaly, beýik döwrüň aýdyň keşbini özünde şöhlelendirýär. Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan, hormatly Prezidentimiz tarapyndan üstünlikli amala aşyrylýan şähergurluşyk maksatnamasy döwrüň ruhuna kybap derejede durmuşa geçirilýär. Innowasion teklipler, täze garaýyşlar esasynda işlenip düzülen bu maksatnamada göz öňünde tutulan gurluşyk işleriniň ekologik howpsuzlygyna, hil derejesine aýratyn üns berilýär. Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynyň çäginde taýýarlanylan taslamalar, meýilleşdirilýän gurluşyk işleri, täze

«Magtymguly» atly kitabyň tanyşdyrylyş dabarasy

28-nji maýda nebitgaz toplumynyň merkezi binasynyň mejlisler zalynda «Magtymguly» atly kitabyň — beýik şahyryň saýlanan eserleriniň ýygyndysynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Çärä nebitgaz pudagynyň, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň we Türkmen döwlet medeniýet institutynyň wekilleri gatnaşdylar. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Amanow dabarany açmak bilen, ýygnananlary şahyryň saýlanan eserleriniň täze kitabynyň çap edilmegi bilen gutlady. «Magtymguly» kitaby Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň alymlary tarapyndan taýýarlanyldy.

Ilatyň islegine görä

Türkmenabadyň tikin fabriginiň önümleri ilatyň uly isleginden peýdalanýar. Bu ýerde buýurmalar öz möhletinde we ýokary hilli ýerine ýetirilýär. Kärhanada «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly zähmet üstünliklerine beslenýär. Tikinçiler şu ýylyň geçen bäş aýynyň dowamynda meýilleşdirilen 19 million 400 müň manatlygyň ýerine 20 million 8 müň 764 manatlyk önüm öndürdiler. Bu döwürde, esasan, harbylardan gelýän buýurmalaryň uly möçberdäkisi ýerine ýetirildi. Fabrikde diňe bir buýurmalara däl, isleglere görä işlemek usulynyň önümçilige ornaşdyrylmagy hem ilatyň göwnünden turýar.

Welaýatymyzda welosipedli ýöriş geçirildi

Şu gün ýurdumyzda Bütindünýä welosiped güni bellenilýär. Bu şanly sene mynasybetli ir säher çagy welaýat merkezimiz bilen Çärjew etrabynyň Farap şäherini birleşdirýän köpriniň üstünden Türkmenabadyň Bitarap Türkmenistan köçesiniň ugrundaky pellehana çenli aralykda köpçülikleýin welosipedli ýöriş geçirildi.

Tile gelen sözler köňül nagşydyr

Magtymguly türkmen edebiýatynyň taryhynda täze bir edebi ugry esaslandyrdy. Beýik söz ussady indi üç asyra golaý wagt bäri edebiýat meýdanynda agyr kerweniň kerwenbaşysy bolup gelýär. Edebi güýçleriň şeýle uly akymyny öz yzy bilen alyp gitmek nusgawy şahyrlaryň köpüsine miýesser etmeýär. Magtymgulynyň şygyrlary öz halkylygy we hakykylygy, sadalygy we şol bir wagtda çylşyrymlylygy, gadymylygy we döwrebaplygy, çeperligi we täzeçilligi bilen dünýäniň edebiýatçy alymlarynyň ençemesiniň ünsüni özüne çekdi. Akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň öňe süren pikirleri, gyzyla gaplaýmaly setirleri halk aňyna ornap, milletiň taglymatynyň, uýýan aňyýeti hökmünde ykrar edilýär. Milli akyldarymyzyň parasatly pikirleri Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda giň rowaçlyga eýe bolup, halkara derejesinde öwrenilýär. Bu gün «Magtymgulynyň pähim-parasaty Amerikada, Ýewropada, Ýakyn we Orta Gündogarda, Hindistanda, Uzak Gündogar we Ýuwaş ummany sebitlerinde, GDA-nyň agzasy bolan ýurtlarda giň dabaralar bilen ýaýrady». Çünki Pyragynyň goşgularynda Watany söýmek, goramak baş maksat, esasy taglymat bolup orta çykýar. Magtymguly Pyragy mertlik, gahrymanlyk ýaly häsiýetleri hakykaty ýaýmak, dogryňy sözlemek, gybatdan daşda durmak ýaly hereketler arkaly ýüze çykarmak baradaky wajyp pikirleri öňe sürüpdir.

Bagtyýar çagalygyň bagtly günleri

Aýlar aýlanýar, ýyllar dolanýar. Gyş geçýär, ýaz geçýär, ine-de, tomsuň ilkinji güni — çagalygyň iň bagtyýar çagy. Paýtagtymyzdan, welaýatlardan gelen bagtyýar çagalaryň aglabasy Köpetdagyň ajaýyp künjeginde ýerleşýän tebigy şypahana zolagy bolan Gökderä ugramak üçin Aşgabadyň Çagalar we ýetginjekler köşgüniň öňündäki meýdançada ýygnandylar. Bu ýerde asuda Diýarymyzda asylly däbe öwrülip, her ýyl guralýan baýramçylyk dabarasy geçirildi. Şatlyk-şowhuna beslenip ýerine ýetirilen aýdym-sazly çykyşlar, ertekilerden janlandyrylan pursatlar, dürli sahna oýunlary körpeler üçin ýatdan çykmajak döredijilik sowgady boldy. Paýtagtymyzdan we ýurdumyzyň dürli künjeklerinden gelen mekdep okuwçylary baýramçylyk ruhunda bezelen awtobuslarda tomusky başdangeçirmelerine tarap ugradylar.Özünde ençe arzuwlary, hyýallary, bagtly pursatlary jemläp barýan awtobus kerweni owadan dag gerişleriniň içi bilen gojaman Köpetdagyň etegindäki çagalar üçin niýetlenen onlarça sagaldyş we dynç alyş merkezlerine geldi. Bu ýerdäki Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň «Türkmenpolat we enjamlar» döwlet lomaý-bölek söwda firmasynyň «Ýaşlyk» sagaldyş we dynç alyş merkezi-de 2024-nji ýylyň tomusky dynç alyş möwsüminde çagalaryň ilkinji tapgyryny garşy aldy. Şol pursatdan bolsa her ýyl çagalaryň uly höwes bilen gelýän ýerine öwrülen «Ýaşlyk» sagaldyş we dynç alyş merkezinde ýatdan çykmaj

Wagyz-nesihat çäreleri geçirildi

Ýakynda Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginde hem-de ministrligiň garamagyndaky edara-kärhanalarda Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň guramagynda ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgelerini berjaý etmek boýunça alnyp barylýan döwlet syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, wagyz-nesihat çäreleri geçirildi. Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň ilkinji Demokratik partiýa guramasynyň başlygy Gurbanmämmet Rejepowyň alyp barmagynda geçirilen maslahatlarda Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň 4-nji müdirliginiň jogapkär işgäri, polisiýanyň podpolkownigi Nepesgylyç Halymow, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň wekili Akbibi Täçmämmedowa, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň başlygynyň orunbasary Hydyr Myradow, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň söwda we telekeçilik ugrunyň işgärleriniň Kärdeşler arkalaşygynyň geňeşiniň başlygy Maksatmyrat Jumaýew, şeýle hem degişli partiýa guramalarynyň wekilleriniň birnäçesi çykyş etdiler.

Başy arşa uzaýan beýik heýkel

Döredijiligi Jemşidiň jamyna, dünýä poeziýasynyň Elbrusyna, baky saýaly beýik çynara deňelen öz halkyny jan-dilden söýen, «Berkarar döwlet istärin» diýip arzuw beslän, mähriban milletiniň köňül küýsegini, giň hem tereň göwün güzerini, şirin, bakylyk suwy, ebedilik şuglasy çaýylan beýik, şahyrana türkmen sözi bilen beýan eden, adamzat genisiniň öňe çykaran, şygyrlary kalplaryň dünýä dursa synmajak aýdymlaryna öwrülen akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň gojaman Köpetdagyň beýik hem şöhlezar ýerinde uzaklardan seleňläp görünýän heýkeliniň oturdylmagy biziň gadymy hem baý edebi, medeni mirasymyzy dünýä siwilizasiýasynyň akymyna goşan Milli Liderimiziň Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň, parasatly şahyrynyň ölmez-ýitmez eserlerini hakydasynda göterip, nesilden-nesillere, asyrdan-asyra geçirip, biziň bagtyýar günlerimize getiren mähriban halkymyzyň öz beýik şahyryna bolan guwanjynyň, baky buýsanjynyň, egsilmez söýgüsiniň ajaýyp, nurana nyşanydyr. Şahyryň heýkeliniň degresinde dünýä edebiýatynda özüniň ölmez-ýitmez eserleri bilen öçmejek yz galdyran Alyşir Nowaýy, Ýunus Emre, Saýat Nowa, Şota Rustaweli, Rabindranat Tagor, Grigoriý Skoworoda, Ýanka Kupala, Onore de Balzak, Çingiz Aýtmatow... ýaly jemi ýigrimi dört ýazyjy-şahyryň heýkeliniň bina edilmegi bolsa edebiýat diýlen mukaddesligiň adamlary dostlaşdyrýan, doganlaşdyrýan, ynsanlaryň kalbynda raýdaşlyk, yn

Dünýä edebiýatynyň döwresi

«Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumyna gaýybana syýahat Belarus halkynyň nusgawy edebiýatynyň görnükli wekili Ýanka Kupala 1882 — 1942-nji ýyllarda ýaşap geçipdir. Onuň hakyky ady Iwan Domonikowiç Lusewiç bolup, ol «Ýanka Kupala» tahallusyny kabul edýär. Ýanka Kupala1882-nji ýylyň 7-nji iýulynda Belarussiýanyň Minsk oblastynyň Wilen guberniýasynda Wýazanka derýasynyň kenarynda adybir obada daýhan maşgalasynda dünýä inýär. Onuň kakasy ussat ekerançy bolsa-da, edebiýat we dini ylymlar bilen içgin gyzyklanýar.

Baýramçylyk sowgatlary gowşuryldy

Çagalary goramagyň halkara gününiň dabaralary bagtyýar nesillere türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň adyndan baýramçylyk sowgatlaryny gowşurmak çäresi bilen dowam etdi. Daşoguz şäherindäki okuw-terbiýeçilik toplumynda geçirilen çärä bu ýerde terbiýelenýän we okaýan şadyýan çagalar gatnaşdylar. 

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň bagtyýar çagalaryna hem-de halkyna

Berkarar döwletimiziň bagtyýar çagalary!Hormatly watandaşlar! Sizi dostlugyň we parahatçylygyň özboluşly baýramyna öwrülen Çagalary goramagyň halkara güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Bagtyýar çagalygyň, iň süýji arzuwlaryň, belent maksatlaryň hasyl bolýan Diýarynda — Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda bu halkara baýramyň şanyna bagyşlanan dabaralaryň durmuşymyzyň gül-gunçalary bolan eziz çagalarymyzyň ýadynda ýakymly ýatlamalary galdyrjakdygyna berk ynanýaryn.

Resmi habarlar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyndan” ugur alyp, Türkmenistanyň Býujet kodeksine laýyklykda, Türkmenistanyň 2025-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň, Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň esasy ugurlarynyň we Türkmenistanyň maýa goýum Maksatnamasynyň taslamalaryny öz wagtynda taýýarlamak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Maliýe we ykdysadyýet ministrligi: — Türkmenistanyň 2025-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň, Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň esasy ugurlarynyň we Türkmenistanyň maýa goýum Maksatnamasynyň taslamalaryny taýýarlamak işlerini guramaga we olary 2024-nji ýylyň 1-nji noýabryna çenli Ministrler Kabinetine bermäge;

Ga­raş­syz, he­mi­şe­lik Bi­ta­rap Türk­me­nis­ta­nyň bag­ty­ýar ça­ga­la­ry­na we hal­ky­na

Berkarar döwletimiziň bagtyýar çagalary! Hormatly watandaşlar!

Agzybirligiň hem jebisligiň baýramy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe toýlary toýlara, baýramlary baýramlara ulaşýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan dünýä derejesinde bellenilýän ýene bir baýramy – Bütindünýä welosiped gününi garşylaýar. Bu baýramyň ýurdumyzda aýratyn sarpa-söýgi bilen, ählihalk derejesinde giňden toýlanylmagynyň gözbaşynda, elbetde, bu halkara baýramyň döredilmeginde Türkmenistanyň öňe süren başlangyjynyň durýandygyny hem buýsanç bilen bellemek bolar. 2018-nji ýylyň 12-nji aprelinde geçirilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 72-nji sessiýasynyň 82-nji plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy boýunça 3-nji iýuny «Bütindünýä welosiped güni» diýip yglan etmek hakynda Kararnamanyň kabul edilmegi döwletimiziň dünýä ýüzündäki at-abraýyny has-da belende göteripdi. Şol esasdan, bu halkara senä bagyşlanan çäreleriň her ýylda giň gerimde ýaýbaňlanmagyna döwlet derejesinde uly üns berilýär. Muňa geçen hepdäniň şenbe güni hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň geçiren Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisiniň barşynda hem aýdyň göz ýetirdik.