"Mugallymlar gazeti" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-53, 39-96-41, 39-96-40
Email: mugallymlar-gazeti@sanly.tm

Habarlar

«Akylly» şäheriň waspnamasy

Golaýda paýtagtymyzda geçirilen maýa goýum forumyna gatnaşyjylara gollanma hökmünde Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan täze neşirler çap edildi. Şolaryň ilkinjisi «Arkadag şäheri — döwrüň beýik gudraty» diýlip atlandyrylýar. Adyndan belli bolşy ýaly, kitapçada diňe ýurdumyzda däl, eýsem, tutuş sebitde hem ilkinji «akylly» şäher hasaplanýan Arkadag şäheri hakynda gürrüň edilýär. Ol Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň taryhy ösüşleriniň aýdyň nyşany bolan bu ajaýyp şäheriň nobatdaky waspnamasydyr. Mundan ozal «Arkadag şäheri — geljegiň şäheri» atly kitap hem uly ösüşlere, özgerişliklere eýe bolýan, türkmen ykdysadyýetiniň gudratyny jahana ýaýyp, dünýäni haýrana goýýan täze şäheriň tarypnamasy bolup halkymyza gowşupdy. Täze kitapça hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň: «Arkadag şäheri berkarar döwletimiziň gazanýan üstünlikleriniň aýdyň mysalydyr. Täze şäher häzirki zamanyň ýaşamak we işlemek, dynç almak üçin iň amatly, kämil şäherleriniň biri boldy» diýen sözleri bilen açylýar. Täze şäheriň durmuşyny şöhlelendirýän owadan suratlar neşiri has gyzykly, täsin we özüne çekiji edýär. Onuň her bölümine degişli suratlary synlanyňda, şähere gaýybana syýahat edýärsiň. Kitapçada şäheriň «akylly» durmuş infrastrukturasy, «ýaşyl» ekoulgamy, halkara hyzmatdaşlygy ilerletmekdäki ähmiýeti, depginli dowam edýän nobatdaky gurluşyklary giňden teswir

Arassa suw — saglygyň sakasy

Şanly Garaşsyzlygymyzyň halkymyza eçilen eşretleri barada oýlananyňda, ýurdumyzyň dürli künjeklerinde gysga wagtda gurlan agyz suwuny arassalaýjy desgalar hem göz öňüňde janlanýar. Ynsan saglygynyň esasy diregi we bedenimiziň iň köp talap edýän arassa agyz suwy ynsana ýaşaýyş üçin howadan soňky zerurlyk hasaplanýar. Bu hakykata hemmeden gowy düşünýän Gahryman Arkadagymyz agyz suwuny arassalaýjy desgalaryň ençemesini gurduryp berdi. Köýtendag etrabynyň Magdanly şäherindäki Agyz suwy müdirliginiň Mukry suw arassalaýjy desgasy hem şolaryň biridir. Her gije-gündizde 50 müň kub metr suwy arassalamaga mümkinçiligi bolan bu desganyň açylyşyna 2015-nji ýylda Milli Liderimiziň özi gatnaşyp, arassalanan suwdan dadyp görmek bilen, onuň hiline ýokary baha beripdi. Ine, şol günden bäri bu möhüm desga Magdanly şäheriniň we Köýtendag etrabynyň ilatyny süýji suw bilen begendirip gelýär. — Mukry şäherçesiniň golaýynda, Amyderýanyň kenarynda gurlan bu desga häzirki zamanyň ösen tilsimatlary bilen üpjün edilen. Onda ähli işler kompýuterler arkaly dolandyrylýar. Amyderýanyň läbik suwy doly arassalanýança, birnäçe bölümleriň, süzüjileriň üstünden geçýär. Suwy arassalamak işine himiki we fiziki jisimleriň birnäçesi gatnaşýar. Arassalanmaly suw, ilki bilen, sygymy 500 müň kub metrlik çökdüriji howdana gelýär. Bu ýerde suw bilen baglanyşykly ähli işler ýerine ýetirilensoň, arassalanan s

Watan Garaşsyzlygy — mukaddes gymmatlyk

Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzyň gazanan üstünlikleri, ýeten belent sepgitleri mukaddes gymmatlyk bolup, her bir türkmeniň milli buýsanjyna öwrülýär. Bu gün hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda täze ösüş-özgertmeler, beýik tutumlar bilen öňe ilerleýän Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň ähli ugurda gazanýan üstünligi bütin dünýä tarapyndan ykrar edilýär. Gahryman Arkadagymyzyň «Garaşsyzlyk — bagtymyz» atly kitabynda biziň özbaşdak millet, özbaşdak döwletli halk hökmündäki her bir üstünligimiziň, ýeňişlerimiziň hem gazanýan abraý-mertebämiziň gözbaşynda Garaşsyzlygymyzyň durandygy bellenýär. Watanymyzyň Garaşsyzlygyny, jemgyýetimiziň agzybirligini we asudalygyny goramak ýurdumyzda baş wezipe hasaplanýar. Beýik ösüşleriň okgunly bady, ähli künjekleri gurşap alan giň möçberli özgertmeler döwrüň aýdyň alamatyna öwrüldi. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistany toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar.

Binagärligiň merjeni

Milli binagärligiň beýik nusgasy hökmünde dünýäde tanalýan, ajaýyp keşbi bilen göreni haýrana goýýan gözel paýtagtymyz Aşgabady başgaça atlandyrmak mümkin däl. Garaşsyz Watanymyzyň ýüregi, berkarar döwletimiziň ýüzi hasaplanýan paýtagtymyzyň keşbinde ýurdumyzyň ösen ykdysadyýeti, senagaty, medeni we ruhy galkynyşlary jemlenýär. Onda halkymyzyň bagtyýar durmuşyny, aýdyň geljegini görmek bolýar. Aşgabat diňe gözelligiň däl, eýsem, iň bagtly adamlaryň şäheri. Ol Gahryman Arkadagymyzyň yhlas-aladasyndan kemala gelip, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan sungat derejesinde ösdürilýär. Hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary bilen mermer paýtagtyň şähergurluşyk-binagärlik keşbi barha gözelleşýär. Milliligiň belent ruhy siňdirilen binalara özboluşly bezeg bolan giň gerimli dizaýnerçilik çözgütleri ornaşdyrylýar. Ildeşlerimiziň döwrebap ýaşaýşyny üpjün edýän ýaşaýyş jaý toplumlary, medeni-durmuş, bilim we saglyk maksatly desgalar, söwda we medeni dynç alyş merkezleri, seýilgähler, şaýollary, köprüler yzygiderli gurlup, halkymyzyň hyzmatyna berilýär. Ak şäheriň we ondaky owadan desgalaryň onlarçasynyň Ginnesiň rekordlar kitabyndan orun almagyny, «Dizaýn» ugry boýunça ÝUNESKO-nyň döredijilik toruna girizilmegini beýik Garaşsyzlygymyzyň ajaýyp miwesi hökmünde agzamak bolar. Türkmen halkynyň Milli Lideri gö

Halk demokratiýasy – döwlet syýasatynyň binýady

Döwleti dolandyrmakda, jemgyýeti demokratiýalaşdyrmakda, ata-babalarymyzyň köpasyrlyk ýörelgelerini tejribä ornaşdyrmakda, olary döwrebaplaşdyrmakda we kämilleşdirmekde halk häkimiýetiniň ýokary wekilçilikli edarasy bolan Halk Maslahatynyň ähmiýetini aýratyn bellemek gerek. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň Kararyna laýyklykda, Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýylynyň 24-nji sentýabrynda paýtagtymyzda geçiriljek Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi il agzybirliginiň, milli döwletliligiň ýene bir aýdyň mysaly bolar. Munuň özi halkymyzyň «Maslahatly biçilen don gysga bolmaz» diýen paýhasly ýörelgä ygrarlydygynyň nobatdaky güwäsi bolup durýar. Şeýle asylly ýörelgeler ýurdumyzda durmuşa geçirilýän ynsanperwer döwlet syýasatynyň mizemez binýadyny düzýär.

Döwletli başlangyçlaryň ýalkymy

Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň daşyna mäkäm jebisleşen bagtyýar halkymyz şanly Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk baýramyny uludan bellemegiň bosagasynda. Watanymyzyň naýbaşy toýunyň şanyna ýurdumyzyň sebitlerinde dabaraly ýagdaýda açylyp ulanylmaga berilýän desgalar we düýbi tutulýan gurluşyklar ulus-ilimiziň şatlygyna şatlyk goşýar. Gadymy Ahal ýaýlasy hem bu gün toý keşbinde. Welaýatymyzyň etrap merkezlerinde, obadyr şäherçelerinde Garaşsyzlyk güni mynasybetli dabaralar giň gerime eýe bolýar. Önümçilik kärhanalarynyň işçi-hünärmenleri zähmet gadamlaryny barha batlandyrýarlar, pagtaçy daýhanlarymyz «ak altyn» harmanynyň beýgelmegi ugrunda yhlaslylyk görkezýärler, gallaçylarymyz bolsa, güýzlük bugdaý ekişini wagtynda tamamlamak hyjuwy bilen tutanýerli işleýärler. Munuň özi zähmetsöýer halkymyzyň Watanymyzyň baş baýramyny mynasyp derejede garşylaýandygynyň güwäsidir.

Buýsanja beslenýän şanly wakalar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan gülläp ösüşiň, abadançylygyň mekanyna öwrülýär. Mähriban Watanymyzyň halkara abraýy täze belentliklere göterilip, ýurdumyzyň içeri we daşary syýasaty dünýä bileleşiginde giň goldawa eýe bolýar. Şöhratly ata-babalarymyzyň ençeme asyrlaryň dowamyndaky arzuwy bolan Garaşsyzlyk bu gün merdana halkymyzyň milli buýsanjyna öwrüldi. Garaşsyzlyk döwletimiziň binýadyny berkidip, eziz Watanymyzyň şan-şöhratyny dünýä ýaýdy. Garaşsyzlyk baýramynyň öňüsyrasynda geçirilýän, ýurduň durmuşyndaky iri jemgyýetçilik-syýasy waka bolan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi hem barha golaýlaýar. Döwlet-jemgyýetçilik durmuşyna işjeň gatnaşýan ýaşuly nesliň işi, durmuşy ýaş nesil üçin halallygyň, watansöýüjiligiň, zähmetsöýerligiň mekdebidir. Ýurdumyzda il-ýurt ähmiýetli wajyp meseleleriň maslahatda garalmagy çuňňur many-mazmuna eýedir. Iri möçberli milli maksatnamalary durmuşa geçirmekde Halk Maslahatynyň uly orny bardyr. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde ýaşuly nesliň sözüne hem uly orun berilýär. Ýaşuly nesle sylag-sarpanyň egsilmezligi, olaryň her biriniň ählitaraplaýyn alada bilen gurşalandygy, eziz Diýarymyzda il-ýurt bähbitli amala aşyrylýan ägirt uly işleriň pähim-paýhasyň mekdebi bolan ýaşulular bilen maslahatly çözülýändigi berkararlykdan, agzybirlikden, döwletlilikden nyşan.

Garaşsyzlyk — bagtyýarlyk mukamy

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ähli pudaklarda Garaşsyzlyk baýramy ajaýyp zähmet üstünliklerine beslenýär. Garaşsyzlyk — bu eziz Watanymyzyň özygtyýarlylygyny we berkararlygyny şöhratlandyrýan mukaddeslikdir. Garaşsyzlygymyzyň geçen şöhratly 33 ýylynyň içinde ata Watanymyz ähli ugurlarda uly ösüşleri gazanyp, belent sepgitleri eýeledi, dünýäniň iň bir gülläp ösýän ýurtlarynyň hatarynda orun aldy. Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän ägirt uly özgertmeleriň netijesinde döwrümiziň belent maksatnamalary üstünlikli amala aşýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň kämil syýasy ýol-ýörelgesi milli we ruhy gymmatlyklardan ugur alyp, türkmen jemgyýetimiziň öz geljekki ösüşleriniň möhüm ugurlaryny kesgitlemekde, şol esasda döwlet syýasatynyň ykdysady, medeni we beýleki ulgamlarda üstünlikli amala aşyrýan özgertmeleriniň maksadalaýyk durmuşa geçirilmeginde hem aýgytly we ygtybarly orun eýeleýär. Häzirki wagtda oba hojalygynda, ýangyç-energetika toplumynda, ylym-bilim, sport, saglygy goraýyş ulgamlarynda, şäherleriň, etraplaryň, obalaryň döwrebaplaşdyrylmagynda durmuşa geçirilýän giň gerimli işler hem ýurdumyzy ösüşiň täze belentliklerine çykarýar. Şol bir wagtda uly ösüş-özgerişleri başdan geçirýän Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň bütin dünýäde at-abraýynyň, şan-şöhratynyň barha artýandygy biziň her birimizi

Şanly toýa zähmet sowgatlary bilen

Halk Maslahaty halkyň agzybirliginiň, jemgyýeti dolandyrmagyň halkara ähmiýetli guraly hasaplanýar. Häzirki döwürde hormatly Prezidentimiziň  beýik başlangyçlarynyň we taýsyz tagallalarynyň netijesinde ýurdumyzyň ykdysadyetini diwersifikasiýalaşdyrmak, sanly ykdysadyýete geçmek, ykdysady ösüşiň köpugurlylygyny gazanmak babatda  düýpli öňegidişlikler bilen  birlikde, halk häkimýetini kämilleşdirmek boýunça hem netijeli işler alnyp barylýar. Ynha, sentýabr aýynda hem ata-babalarymyzyň döwleti dolandyrmakda toplan  tejribesine daýanyp, olaryň parasatly wesýetine eýerip, döwlet we jemgyýetçilik agzybirligini, jebisligini berkitmek, milli demokratiýany ösdürmek boýunça gazanylan üstünlikleri döredijilikli kämilleşdirmek hem-de türkmen halkynyň bähbitlerine  gönükdirilen ýokary wekilçilikli edaranyň – Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini guramaçylykly geçirmäge taýýarlyk görülýär. Bu taryhy maslahata Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynyň zähmetkeşleri hem uly zähmet üstünlikleri bilen geldi.

Resmi habar

“Çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinden, beýleki goşunlaryndan we harby edaralaryndan harby gullukdan boşatmak we Türkmenistanyň raýatlarynyň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşy hakynda” Türkmenistanyň Prezidentiniň 2024-nji ýylyň 16-njy sentýabrynda çykaran 437-nji belgili Permanyny ýerine ýetirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, goranmak ministrine, içeri işler ministrine, milli howpsuzlyk ministrine, Döwlet serhet gullugynyň başlygyna, Türkmenistanyň Prezidentiniň Howpsuzlyk gullugynyň başlygyna, Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygyna “Harby borçlulyk we harby gulluk hakynda” Türkmenistanyň Kanunynda bellenen möhletleri gulluk eden harby gullukçylary harby gullukdan boşatmagy meýilnamalara laýyklykda dabaraly ýagdaýda geçirmek, söweşjeň we jemgyýetçilik-ynsanperwerlik taýýarlygynda tapawutlananlary höweslendirmek tabşyryldy.

Aşgabatda Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi geçiriler

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň 13-njy sentýabrda sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýew Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisini guramak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, gözden geçirilişi paýtagtymyzdaky "Garagum" myhmanhanasynyň ýanynda geçirmegi meýilleşdirilýär. Onuň açylyş dabarasy 19-njy sentýabrda guralar. Sergide hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda dürli ugurlar boýunça amala aşyrylýan özgertmeler, Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanylan üstünlikler öz beýanyny tapar. Forumyň çäklerinde döwlet we hususy kärhanalara täze önümleri, geljekki ösüş maksatnamalary, maýa goýum taslamalary bilen tanyşdyrmak üçin mümkinçilik dörediler. Şeýle hem haly dokamak, dutar ýasamak, küýzegärlik ýaly halk senetçiliginiň görnüşleri boýunça ussatlyk sapaklaryny guramak göz öňünde tutulýar.

Garaşsyzlyk merdana halkymyzyň milli buýsanjy

“Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda ähli pudaklarda Garaşsyzlyk baýramy ajaýyp zähmet üstünliklerine beslenýär. Garaşsyzlyk - bu eziz Watanymyzyň özygtyýarlylygyny we berkararlygyny şöhratlandyrýan mukaddeslikdir. Garaşsyzlygymyzyň geçen şöhratly 33 ýylynyň içinde ata Watanymyz ähli ugurlarda uly ösüşleri gazanyp, belent sepgitleri eýeledi, dünýäniň iň bir gülläp ösýän ýurtlarynyň hatarynda orun aldy. Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän ägirt uly özgertmeleriň netijesinde döwrümiziň belent maksatnamalary üstünlikli amala aşýar. Türkmen halkynyň täze döwrüniň kämil syýasy ýol-ýörelgesi milli we ruhy gymmatlyklardan ugur alyp, türkmen jemgyýetimiziň öz geljekki ösüşleriniň möhüm ugurlaryny kesgitlemekde, şol esasda döwlet syýasatynyň ykdysady, medeni we beýleki ulgamlarda üstünlikli amala aşyrýan özgertmeleriniň maksadalaýyk durmuşa geçirilmeginde hem aýgytly we ygtybarly orun eýeleýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan gülläp ösüşiň, abadançylygyň mekanyna öwrülýär. Mähriban Watanymyzyň halkara abraýy täze belentliklere göterilip, ýurdumyzyň içeri we daşary syýasaty dünýä bileleşiginde giň goldawa eýe bolýar. Şöhratly ata-babalarymyzyň ençeme asyrlaryň dowamyndaky arzuwy bolan Garaşsyzlyk bu gün merdana halkymyzyň milli buýsanjyna öwrüldi. Garaşsyzlyk döwletimiziň

Daşoguz welaýaty: Döw­re­bap iş­ler, dep­gin­li ösüş­ler bi­len

Şan-şöh­ra­ty dün­ýä dol­ýan ýur­du­my­zyň de­mir­ga­zyk se­bi­ti bo­lan Da­şo­guz we­la­ýa­ty­nyň bag­ty­ýar ila­ty mu­kad­des Ga­raş­syz­ly­gy­my­zyň 33 ýyl­lyk baý­ra­my­ny äh­li ugur­lar bo­ýun­ça uly üs­tün­lik­le­re bes­le­ýär, tä­ze zäh­met ýe­ňiş­le­ri­ni ga­za­nyp, şan­ly se­nä­ni my­na­syp toý sow­ga­dy bi­len gar­şy al­ýar. Ba­ky bag­tyň göz­ba­şy, ösüş­le­riň ba­dal­ga­sy, yh­las­ly zäh­me­tiň yl­ham çeş­me­si bo­lan şöh­rat­ly Ga­raş­syz­ly­gy­my­zyň baý­ram­çy­lyk da­ba­ra­la­ry gö­wün­le­ri ga­nat­lan­dyr­ýar. Zy­nat-bezm­li bu toý­ly gün­ler­de bag­ty­ýar ýa­şaý­şy, aba­dan dur­mu­şy peş­geş ber­ýän Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­za, Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­za aý­dyl­ýan al­kyş­lar bagt mu­ka­my bo­lup, has be­lentden ýaň­lan­ýar. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň be­ýik baş­lan­gyç­la­ry bi­len ýur­du­my­zyň se­bit­le­ri­ni top­lum­la­ýyn ös­dür­mek bo­ýun­ça giň ge­rim­de ama­la aşy­ryl­ýan öz­gert­me­le­riň ne­ti­je­sin­de, we­la­ýa­tyň halk ho­ja­ly­gy­nyň äh­li ugur­la­ryn­da uly üs­tün­lik­ler ga­za­nyl­ýar. Hä­zir­ki wagt­da bu se­bit­de yk­dy­sa­dy­ýet, me­de­ni­ýet, sag­ly­gy go­ra­ýyş, bi­lim ul­gam­la­ry tä­ze döw­rüň ru­hun­da saz­la­şyk­ly ös­ýär, ola­ryň mad­dy-en­jam­la­ýyn bin­ýa­dy pug­ta­lan­dy­ryl­ýar, ne­ti­je­li­li­gi ýo­kar­lan­ýan tä­ze kuw­wat­lyk­lar dö­re­dil­ýär. We­la­ýa­tyň çä­gin­dä­ki se­na­gat kär­ha­na­l

Äh­li ta­gal­la­lar hal­kyň bäh­bi­di­ne

Mu­kad­des Ga­raş­syz­ly­gy­my­zyň 33 ýyl­ly­gy­ny uly ru­hu­be­lent­lik bi­len gar­şy al­ýan gün­le­ri­miz­de eziz Di­ýa­ry­myz­da ener­ge­ti­ka, ulag-kom­mu­ni­ka­si­ýa, lo­gis­ti­ka des­ga­la­ry­nyň işe gi­ri­zil­me­gi hem-de gur­lu­şy­gy­na ba­dal­ga be­ril­me­gi my­na­sy­bet­li ge­çi­ri­len da­ba­ra­lar toý-baý­ram­la­ra, ta­ry­hy se­ne­le­re baý «Pä­him-paý­has um­ma­ny Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy» ýy­ly­nyň şat­lyk-şow­hu­ny­ny has-da art­dyr­dy. Di­ňe bir se­bi­tiň däl, eý­sem, dün­ýä döw­let­le­ri­niň hem yk­dy­sa­dy ösü­şi­ne, do­gan­lyk halk­la­ryň ýa­şa­ýyş-dur­mu­şy­na oňyn tä­si­ri­ni ýe­tir­jek mö­hüm ta­ry­hy äh­mi­ýet­li bu wa­ka­lar Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rü­ne aý­ra­tyn şan ber­di. Bu gün sa­ha­wat­ly türk­men top­ra­gyn­dan dost­luk ýol­la­ry alys­la­ra uza­ýar. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň, Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň taý­syz ta­gal­la­la­ry ne­ti­je­sin­de goň­şy döw­let­ler, şol san­da Ow­ga­nys­tan bi­len al­nyp ba­ryl­ýan dost­luk­ly gat­na­şyk­lar, ne­ti­je­li hyz­mat­daş­lyk­lar hem bar­ha pugtalandyrylyp, iş­jeň hä­si­ýe­te eýe bol­ýar. Ýur­du­myz goň­şy Ow­ga­nys­ta­n bilen hoşniýetli gatnaşyklary yzygiderli ilerledýär. Goň­şy döw­le­tiň çäk­le­rin­de se­bit­de hem-de dün­ýä­de umu­my mak­sat­la­ra gul­luk et­jek bi­le­lik­dä­ki iri tas­la­ma­la­ryň dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi, ow­gan hal­ky­na yn­san­

Garaşsyzlyk — bagtymyzyň gözbaşy

Garaşsyzlyk — bu ata Watan Türkmenistan üçin özgerişleriň buşlukçysy, ösüşleriň badalgasy boldy, asylly başlangyçlaryň durmuşa geçirilmegine getirdi, gadymy milletimiziň erkine, din-ynanjyna, arzuw-isleglerine, maddy baýlyklaryň ykdysadyýetimiziň pugtalandyrylmagyna gönükdirilmegine, medeni gymmatlyklarynyň dikeldilmegine we ýaýradylmagyna giň ýol açdy. Eziz Watanymyzyň, mähriban halkymyzyň şöhratynyň dünýä dolýan gysga döwründe paýtagtymyz Aşgabat şäherinde, welaýatlarymyzda ýokary amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlary, döwrebap çagalar baglary we mekdepler, dünýä ölçeglerine laýyk gelýän medeni-durmuş maksatly binalar gurlup ulanmaga berildi, medeni-dynç alyş merkezleri, seýilgähler we sport toplumlary guruldy. Berkarar Watanymyzyň barha artýan ykdysady kuwwatynyň aýdyň beýanyna öwrülýän hem-de halkymyzyň ägirt uly döredijilik we gurujylyk güýjüniň bardygyny dabaralandyrýan bu üstünlikler geçmişimizi, şu günümizi hem-de beýik geljegimizi özünde jemleýän Garaşsyzlygymyzy milli buýsanjymyza öwürdi. Garaşsyzlygyň beren datly miweleri barada gürrüň gozgalanda, Aşgabat şäheriniň ýeten beýik sepgitleri, gysga wagtda gurlan Arkadag şäheriniň çawunyň dünýä ýaýraýşy, bularyň ikisiniň hem ýaşamak üçin amatly şäherler hökmünde daşary ýurtlar tarapyndan ykrar edilişi buýsandyrýar we begendirýär.

Halkymyzyň milli buýsanjy

Garaşsyzlyk türkmen ruhuny galkyndyryp, täze ykbal bagyş eýlän mukaddeslikdir, il agzybirliginiň nyşanydyr, parahatsöýüjiligiň beýik nusgasydyr. Bu gün halkymyz her bir ynsanyň bagtyýar bolmagy üçin alada edilýän beýik zamanada eşretli durmuşda ýaşaýar hem-de mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllyk toýuny zähmet üstünlikleri bilen garşylaýar. Ýurdumyzda Garaşsyzlyk ýyllary içinde ähli ugurlar boýunça uly üstünlikler gazanyldy. Täze taryhy döwürde «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy», «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasy» esasynda durmuşa geçirilýän tutumly işler hem-de toplumlaýyn özgertmeler ýurdumyzy has-da kuwwatly döwlete öwürmek bilen birlikde, halkymyzyň abadan durmuşynyň dowamat-dowam bolmagyna gönükdirilendir.

Garaşsyzlyk barym eken

Ýurdumyz Garaşsyzlygyny jar edenden soňky taryh üçin o diýen uzak bolmadyk döwürde uly ösüşlere eýe boldy. Elbetde, ösüş üçin höweslendiriji güýç möhüm zat. Halkyň zandyndaky üşüklilik, döredijilik, tutanýerlilik beýik işlere ruhlandyryjy güýç bolaýanda-da, ondan daşgary bir galkyndyryjy güýje eýe bolmagy hem gerek. Şeýle galkyndyryjy güýç halkymyz üçin Garaşsyzlyk boldy. Özygtyýarlylygymyza eýe bolanymyzdan soň, ýurdumyzyň dünýäniň ösen ýurtlarynyň badyna aýak goşmagy aýdanlarymyzy tassyklaýar. Türkmen muňa «ezeneginden çekilen ýaly boldy» diýýär. Eýe gözüniň emligi gizlin zat däl. Baga eýeçilik gözi bilen seredilse, zyýat hasyl berjegi hem hemmelere düşnüklidir. Hojalygyň bäşlek-onlak goýun-geçisine seretmek, asly çarwa bolan gumlular üçin zerurlyk, şol şeýle bolmaýanda-da eklenjiňe, gün-güzeranyňa heran-haçan ýarna. Muny köp bolmasa-da, hersinden 5 — 10-syny saklap görenimizden soň aýdýaryn. Onuň gerek ýerinde söwüşlige-de, gyssanan wagtyň maýalyga-da peýdasy degip dur. Atam pakyrdan galan şol urbalyk mallary hakyna çekeneçi çopana bakmaga beripdik. Meniň bilýän on ýyl töweregi wagtymda-ha şolar artykmaç hossa boldy diýip biljek däl, ýöne «agyz ýagjardany» hem ýadyma düşenok. Sebäbi diýseň, ahyrynda ählisini satýançak, baş sany-ha bir köpelmedi, üstesine-de, ýyllarboýy çopan hakyny tölemeli bolupdyk. Bu diýjegim çopanyň yhlasy kemliginden ýa geleňsizligindendir öýtmäň. Olar

Baky bagtymyz

Watanymyz Garaşsyzlyga eýe bolup, sanlyja ýyllaryň dowamynda dünýäde iň abraýly döwletleriň birine öwrüldi. Türkmenistan — Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Kararnamalary esasynda hemişelik Bitaraplyk derejesi resmi taýdan iki gezek ykrar edilen ýeke-täk döwlet. Garaşsyzlyk türkmen halkynyň mertebesini, döwleti dolandyrmakdaky nusgalyk işlerini älem-jahana ýaýdy. Halkymyz agzybirlikde, jebislikde şanly Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygyny täze zähmet üstünlikleri, bitirilen beýik işler bilen garşy alýar. Dost-doganlygyň mekany bolan ýurdumyzda halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak, jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgelerini berkitmek, ösüp gelýän ýaş nesli bilime, ylma, halal zähmete hormat goýmak ruhunda terbiýelemek ugrunda giň gerimli işler alnyp barylýar.

Paýtagtymyzda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXV maslahaty geçirildi

14-nji sentýabrda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXV maslahaty geçirildi. Ýurdumyzyň baş baýramy — Garaşsyzlyk gününiň öňüsyrasynda geçirilen maslahatyň işine daşary döwletleriň birnäçesinde kowçum bolup ýaşaýan türkmenleriň wekilleri hem-de Diýarymyzyň ähli sebitlerinden wekiliýetler gatnaşdylar. Maslahatyň öňüsyrasynda halkymyzyň baý medeni mirasynyň, geçmişiniň, özboluşly däp-dessurlarynyň köpöwüşginliligini görkezýän şekillendiriş we amaly-haşam sungaty eserleriniň sergisi ýaýbaňlandyryldy. Soňra Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXV maslahaty açyk diýlip yglan edildi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynda gurulmagy meýilleşdirilýän desgalaryň şekil taslamalary bilen tanyşdy

15-nji sentýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine nobatdaky iş saparyny amala aşyrdy. Gahryman Arkadagymyz bu ýerde şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda bina edilmegi meýilleşdirilýän desgalaryň şekil taslamalary bilen tanyşdy hem-de degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Ir bilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy häzirki zamanyň ösen tehnologiýalaryny we milli binagärlik ýörelgelerini özünde jemleýän, “akylly” şäher konsepsiýasy esasynda bina edilen Arkadag şäherine geldi.