Aýdyň maksatlar — durnukly ösüşiň kepili
12-nji iýulda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde ykdysadyýetiň pudaklarynda şu ýylyň geçen alty aýynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça kabul edilen maksatnamalaryň ýerine ýetirilişi ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem ýolbaşçylary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak bilen bagly meselelere seredilip, şu ýylyň ikinji ýarymynda öňde duran wezipeler kesgitlenildi. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň, käbir ýolbaşçylaryň, welaýatlaryň häkimleriniň hasabatlary diňlenildi. Hökümet mejlisiniň başynda 2024-nji ýylyň ýanwar — iýun aýlarynyň makroykdysady görkezijileri barada hasabat berildi. Bellenilişi ýaly, hasabat döwründe ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda görlen çäreleriň netijesinde, jemi içerki önümiň durnukly ösüşi üpjün edildi. Bu görkeziji senagat pudagynda 3,6 göterime, gurluşykda 9,3 göterime, ulag we aragatnaşyk pudagynda 7,3 göterime, söwdada 7,8 göterime, oba hojalygynda 5,8 göterime, hyzmatlar ulgamynda 7,9 göterime deň boldy. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önüm 11,5 göterim artdy. Şu ýylyň birinji ýarymy boýunça bölek satuw haryt dolanyşygy, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 11