"Mugallymlar gazeti" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-53, 39-96-41, 39-96-40
Email: mugallymlar-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Taryhy mejlisiň bosagasynda

Mundan bäş gün ozal bellenilen Bilimler we talyp ýaşlar güni bilen tylla güýze gadam goýduk. Ilkinji nobatda bereketli güýzüň, soňra-da täze okuw ýylynyň, bugdaý ekişiniň, pagta ýygymynyň başlanmagy bilen, sentýabry ýylyň iň hysyrdysy ýetik aýy hökmünde häsiýetlendirip bileris. Uly toýlaryň bosagasyndaky günler şeýle-de bolmaly! Täze tutumlar, belent maksatlar, ýokary depginli işler bilen aýyň ahyrky ongünlüginde Garaşsyzlyk baýramymyzy belläris. Onuň öňüsyrasynda bolsa toý geňeşini — Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini geçireris. Uly geňeşe we baş baýrama bu gün Jeýhun ýakasyndaky etraplardyr şäherler hem toý ruhy bilen barýar. Gündelik durmuşymyzdan mysal alalyň! Öz ojagymyzda ýa-da obamyzda tutuljak toý ýakynlaşdygysaýy ol baradaky gürrüňler has ýygy häsiýete eýe bolýar. Toý bilen bagly her kimiň etsem-goýsamy bar. Şol etsem-goýsamlar hem toýuň öňüsyrasyndaky geňeşde ymykly bişirilip, takyk wezipä, borja ýa-da maksada öwrülýär. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi — ähmiýeti boýunça has uly mejlis. Onda diňe bir toýuň ― baş baýramymyzyň «dony biçilmän», eýsem, tutuş bir ýylyň, onýyllyklaryň, bir söz bilen aýtsak, geljegiň öňünde duran meseleler ara alnyp maslahatlaşylýar. Şol bir wagtyň özünde-de geçmiş, geçilen ýollar seljerilýär. Döwletli Maslahatyň mejlisinde kabul edilýän çözgütler bolsa, sözüň doly manysynda, il-günümiziň ykbalyna täsi

Möhüm möwsüme taýýar

Welaýatymyzyň daýhanlary üstümizdäki ýylda gowaçalara agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda gowy ideg edip, bol hasyly kemala getirdiler. Ýene biraz wagtdan bolsa hormatly Prezidentimiz ýetişdirilen «ak altyny» ýygyp başlamaga ak pata berer. Pagta ýygymyna köpçülikleýin girişilmegi bilen gymmatly çig maly kabul etmäge we gaýtadan işlemäge hem badalga berler. Bu işe etraplardaky pagta arassalaýjy kärhanalarda göwnejaý taýýarlyk görülýär. Şu ýylyň ýygym möwsüminde gymmatly çig mal harmanhanalaryň 44-sinde bökdençsiz kabul ediler. Şu döwre çenli olaryň ählisinde abatlaýyş we bejeriş işleri göwnejaý geçirildi. Netijede hasyly kabul etmek, abat saklamak we pagta arassalaýjy kärhanalara ugratmak bilen baglanyşykly ähli işleri talabalaýyk geçirmek üçin oňaýly şertler döredildi. Şonda harmanhanalarda oturdylan elektron terezileriň takyk işlemegini gazanmaga aýratyn üns berildi, olara degişli tehniki hyzmatlar edildi. Şonuň ýaly-da barlamhana enjamlarynyň guratlygy hem birlaý gözden geçirildi we olaryň ählisi ýurdumyzda kabul edilen kadalara laýyk getirildi.

Bilimler älemindäki rowaç menziller

Berkarar döwletimizde ýaşlaryň zamanabap şertlerde okamaklary, bilim almaklary ugrunda yzygiderli aladalar edilýär. Gahryman Arkadagymyzyň hem-de peder ýoluny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde her ýyl oba-şäherlerimizde ösen tehnologiýaly enjamlar ornaşdyrylan mekdepler, çagalar baglary gurlup, ulanylmaga tabşyrylýar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň güýz paslynyň ilkinji gününde Jeýhun ýakasynda-da täze bilim ojaklarynyň ikisi dabaraly ýagdaýda işe girizildi. Şolaryň birisi Hojambaz etrabynyň merkezinde gurlan 960 orunlyk, beýlekisi bolsa Saýat etrabynyň Merýe geňeşliginiň Alpan obasynda işläp başlan 400 orunlyk orta mekdeplerdir. Täze mekdeplerde okamak bagtyna eýe bolan ýaşlaryň begenç-buýsanjynyň çägi ýok. Biz döredijilik toparymyz bilen şu bilim ojaklarynda bolup, okuw-terbiýeçilik işleriniň guralyşy bilen tanyşdyk. Sag kenarda täze mekdep

Alpanlylaryň alnyndan ak Gün dogdy

Ýurdumyzda giňden bellenilen Bilimler we talyp ýaşlar gününiň dabaralary Saýat etrabynyň Merýe geňeşliginiň Alpan obasynyň ilaty üçin ýene bir şatlykly waka — mekdebiň täze binasynyň açylmagy bilen utgaşdy. «Ussat Tirkiş» hususy kärhanasynyň gurluşykçylarynyň bina eden iki gatly ymaraty obalylara ajaýyp toý sowgady boldy. Öňden obada hereket edýän mekdepde okuwçylaryň sanynyň artmagy netijesinde täze bilim ojagyny gurmak zerurlygy ýüze çykdy. Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň goldaw-hemaýaty bilen mundan sähelçe wagt ozal täze mekdebiň gurluşygyna girişilipdi. Ine, ýurt Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygyny toýlamaga giňden taýýarlyk görülýän günlerde-de alpanlylar göwün maksadyna ýetdiler — täze mekdepli boldular.

Gowy goşgular

«Iň gowy goşgular aýdym bolýarlar»Halypanyň sözi mydam ýadymda.Bar şygryny heňe salyp gelýärler,Magtymguly duşýar her bir ädimde. Aýdym aýdylanda, yzarlap bendin,Öz ýanymdan gaýtalaýan şygryny.Şahyryň sözüne aydylýan aýdymGün-günden giňeldip barýar çygryny.

Güýz

Sowuldy lälesi Gäwers düzüniň, Ýapylaň etegne ak gyraw düşdi.

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygyna

Ykballaryň, ak ýollaryň çyragy «Hawa, biz ata-babalarymyzyň asyrlarboýy arzuw edip gelen döwletini, beýik Magtymgulynyň «Berkarar döwlet istärin» diýip, şygra salan we «Gurdugym, aslynda, bilgil, bu zeminiň myhydyr,//Erer ol erkin mydam, budur türkmen binasy» diýip, ruhy taýdan esaslandyrylan döwletini gurduk». Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Garaşsyzlyk — bagtymyz» atly kitabyndan alnan bu ajaýyp jümleleri gaýta-gaýta okadygyňça, gadymy Diýarymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň gadyr-gymmaty, onuň halkyň ykbalyny düýpgöter özgerden taryhy ähmiýeti örboýuna galýar.

Ilatyň durmuş goraglylygy we iş üpjünçiligi: ähli tagallalar halkyň bähbidine

Hormatly Prezidentimiziň degişli Permanyna laýyklykda, ýurdumyzda her ýyl raýatlaryň zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp we diňleýji haklarynyň möçberleri ýokarlandyrylýar. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 12-nji iýulda geçirilen giňişleýin mejlisinde-de döwlet Baştutanymyz şeýle Permana gol çekdi. Oňa laýyklykda, 2025-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan býujetden maliýeleşdirilýän edaralaryň, hojalyk hasaplaşygyndaky kärhanalaryň we jemgyýetçilik birleşikleriniň işgärleriniň aýlyk zähmet haklarynyň; pensiýalaryň we döwlet kömek pullarynyň; talyp we diňleýji haklarynyň möçberleri ýene-de 10 göterim ýokarlandyrylar. Bulardan başga-da, ýurdumyzda ilatyň iş bilen üpjünçiligini gowulandyrmak meselesine-de hemişe uly ähmiýet berlip, bu ugurda zerur bolan çäreler yzygiderli durmuşa geçirilýär. Munuň özi Milli Liderimiziň Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň esasyny düzýän «Döwlet adam üçindir!» diýen belent ynsanperwer ýörelgesiniň mynasyp dowamy hökmünde «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen baş ýörelgäni öňe süren hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzy mundan beýläk-de durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça amala aşyrylýan giň gerimli işleriň, ilkinji nobatda, raýatlaryň durmuş goraglylygyny, iş üpjünçiligini berkidip, halkyň ýaşaýyş derejesini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilýändiginiň aýdyň

Ýurdumyzyň welaýatlarynda

AHAL Döwrebap hyzmat

Garaşsyzlyk şuglasy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe joş urýan döredijilikli zähmete watansöýüji raýatlarymyz öz ýürek urgusy, bilim-başarnygy bilen goşulyşýar. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen, ýurtda höküm sürýän asudalyk, abadanlyk, bagtyýarlyk her birimiziň durmuşymyzda şöhlelenýär. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllygyna ildeşlerimiz zähmet üstünlikleri bilen barýar. Garaşsyz Türkmenistanyň ösüş ýolundaky ýetilen sepgitler, dürli ugurda gazanylýan guwandyryjy üstünlikler her bir ildeşimiziň kalbyny buýsandyrýar. Biziň halkymyz öz milli mirasyna, ata-babalarymyzyň ýol-ýörelgesine sarpa goýup, eziz Watanymyzy agzybirlikde çekilen zähmet bilen özgertmegi, gül-gülzarlyga beslemegi başarýar. Garaşsyzlyk ýyllarynda milli mirasymyzy, taryhy, medeni, ruhy baýlyklarymyzy gorap saklap, nesillerden nesillere geçirmek, ylmy taýdan öwrenmek, dünýä ýaýmak işleri hem döwlet syýasatynyň möhüm ugry bolup, halkymyzy täze gymmatlyklary döretmäge ruhlandyrýar. TÜRKSOÝ guramasy tarapyndan 2024-nji ýylyň «Türki dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ýyly» diýlip yglan edilmegi, bu ýylyň ýurdumyzda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip atlandyrylmagy, akyldar şahyrymyzyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli giň möçberli çäreleriň geçirilmegi, şeýle hem milli gymmatlyklarymyzyň ençemesiniň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň, ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy

Durnukly ösüşiň binýady

Berkarar döwletimizde şöhratly pederlerimiziň köpasyrlyk durmuş tejribelerine daýanylyp, halkyň, döwletiň durmuşyna dahylly meseleleriň halk köpçüligi bilen bilelikde çözülmegi milli ýörelgelerimiziň biri hökmünde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň işinde öz beýanyny tapýar. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň her ýyl Garaşsyzlyk baýramynyň öňüsyrasynda geçirilmegi-de ýöne ýerden däldir. Çünki naýbaşy baýramymyzyň bellenilýän günlerinde eziz Diýarymyzda ähli pudaklar boýunça ýetilen sepgitlere nazar aýlamak, il-halk bilen bilelikde maslahatlaşyp, geljek üçin anyk çözgütleri kabul etmek durnukly ösüşi saklamaga esas döredýär. Şu günler biziň etrabymyzda hem bu ählihalk forumynyň guramaçylykly geçirilmegine we bu jemgyýetçilik-syýasy çäräniň ähmiýetini halk köpçüliginiň arasynda giňden wagyz etmäge bagyşlanan maslahatlar yzygiderli geçirilýär. Maslahatlarda edilýän çykyşlardan görnüşi ýaly, Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi hem ýurdumyz üçin taryhy ähmiýetli wakalaryň birine öwrüler. Çünki Milli Liderimiziň döwletli başlangyçlary esasynda döredilen Türkmenistanyň Halk Maslahaty tarapyndan Watanymyzy ösüşiň täze belentliklerine çykarmaga, halkymyzyň bagtyýarlygynyň üpjün edilmegine gönükdirilen giň maksatnamalaýyn işler yzygiderli durmuşa geçirilýär. Şeýle hem bu umumymilli forum ulus-ilimiziň agzybirligini berkitmekde we halk häkimiýetiniň binýadyny pugtalandyrmakda möhü

Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

2-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan möwsümleýin işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy. Sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatynyň dowamynda ilki bilen, welaýatlaryň häkimleri özleriniň ýolbaşçylyk edýän sebitlerinde häzirki günlerde alnyp barylýan işler barada hasabat berdiler.

Garaşsyzlyk — ösüş menzillerine ýetmegiň özeni

Mundan 33 ýyl ozal gadymy türkmen halkynyň erk-islegi amala aşyrylyp, «Türkmenistanyň Garaşsyzlygy we döwlet gurluşynyň esaslary hakynda» Konstitusion kanun kabul edildi hem-de Türkmenistan Garaşsyz döwlet diýlip yglan edildi. Öz Garaşsyzlygyna eýe bolan gününden bäri ýurdumyz ýylsaýyn ösüşlerden-ösüşlere tarap ynamly öňe barýar, durmuş-ykdysady maksatnamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär, döwlet dolandyryşy kämilleşdirilýär. Ýurdumyzyň demokratik, hukuk we dünýewi esaslaryny pugtalandyrmak boýunça yzygiderli tagallalar edilýär. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary esasynda yzygiderli amala aşyrylan konstitusion özgertmeler adamyň hukuklaryny, azatlyklaryny goramakda, ilatyň dürli gatlaklaryny döwletiň işlerini dolandyrmaga çekmekde möhüm ähmiýete eýedir. Garaşsyzlygyň 33 ýyllyk senesi türkmen halky üçin uly ähmiýete eýe bolup durýar. Bu gün biz «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň şan-şöhrata we uly üstünliklere beslenýän döwründe Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzyň durmuşynda bolup geçen özgertmelere baha bermek bilen, özygtyýarly ösüşiň her gününiň, her aýynyň taryhy ähmiýetli syýasy, ykdysady, medeni wakalara beslenendigini uly ynam bilen aýdyp bileris.

Güýzüň toý ruhy

Sentýabr aýynyň gelmegi bilen, jemgyýetçilik gatnaşyklarynda, birhili, işjeňlik, keýpiçaglyk artan ýaly bolýar. Muny tomsuň jöwzasyndan soň tebigata aralaşan güýzüň salkyn howasy bilen düşündirsek hem nädogry bolmaz welin, biz bu hadysanyň ilkinji sebäbini öňde duran uly baýramçylyk dabaralary, okgunly ösüşimizi alamatlandyrýan şanly wakalar bilen baglanyşdyrmak isleýäris. Herhal, «toý», «baýram», «dabara» diýen sözler ýagşy duýgulary oýarýar, ruhuňy galdyrýar. Halkymyz her bir baýramy we şanly senäni milli buýsanç bilen garşylaýar. Ýurdumyzyň ähli ýerlerinde ýaýbaňlandyrylýan umumyhalk dabaralary ruhubelentlik hem-de agzybirlik ýagdaýynda geçirilýär. Utgaşykly gelýän seneler Garaşsyzlygymyzyň taryhy ähmiýetini görkezýär, gazanýan üstünliklerimizi, beýik maksatlarymyzy we döwrümiziň ýokary döredijilik ruhuny şöhlelendirýär. Ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşyndaky esasy möhüm wakalar sentýabrdan başlanýar. Muňa mysal hökmünde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini hem-de Garaşsyzlygyň 33 ýyllyk baýramyny aýdyp bolar. Mälim bolşy ýaly, Halk Maslahaty halk häkimiýetiniň ýokary wekilçilikli edarasy bolmak bilen, onuň mejlisinde ýurdumyzy mundan beýläk-de ösdürmegiň, halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmegiň ileri tutulýan wezipelerine garalýar we olar boýunça degişli çözgütler kabul edilýär.

Aşgabadym — baky bagtym, buýsanjym!

Ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk baýramy barha golaýlaýar. Her bir türkmenistanly üçin mukaddes bolan bu şanly senäniň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyndaky dabaralarynyň aýratyn many-mazmuna beslenjekdigini buýsanç bilen aýdyp bileris. Çünki halkymyz bu ýyl Garaşsyzlygyň toýuny üç asyrlap ýurt berkararlygyny arzuwlan dana Pyragynyň ýubileý senesi bilen bilelikde toýlaýar. Bu günki gün Ýer ýüzünde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan diýlende dünýä jemgyýetçiliginiň göz öňünde, ilki bilen, onuň ak mermere beslenen paýtagtynyň janlanýandygy döwrüň aýdyň hakykatydyr. Paýtagtymyzyň Garaşsyzlyk ýyllaryndaky batly depginler bilen ösüşi dünýä nusgalykdyr. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň parasatly başlangyçlary bilen başy başlanan toplumlaýyn şähergurluşyk-binagärlik maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde, Aşgabat sanlyja ýylyň içinde häzirki kämil keşbine eýe boldy. Her biri özboluşly binagärlik aýratynlygyna eýe bolan merjen şäherimiziň desgalarynyň ençemesi Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabynda hasaba alyndy. Bu kitapda Aşgabadyň öz ady hem aklygyň, mermer öwüşginli binagärligiň nyşany hökmünde orun aldy.

Gurluşyk üçin geçginli önümler

Dänew etrabyndaky «Arassa kenar» hususy kärhanasynda gurluşyk önümlerini öndürmekde ýokary netijeler gazanylýar. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy Jeýhun Nowruzowa degişli bolan bu hususy kärhanada şu ýylyň başyndan bäri gurluşyk işleri üçin gips esasly gury erginiň 700 tonnasy, keramiki plita ýelmeýji gury erginiň bolsa 40 tonna golaýy öndürildi. Bu bolsa geçen ýylyň degişli döwründäki görkezijiden ep-esli artykdyr.

Gahryman Arkadagymyz Ar­ka­dag şä­he­ri­ne iş sa­pa­ry­ny ama­la aşyr­dy

«7/24.tm»:№36 (223) 02.09.2024     2024-nji ýy­lyň 27-nji aw­gus­tyn­da türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri Arkadag şä­he­ri­ne iş sa­pa­ry­ny ama­la aşyr­dy. Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz bu ýer­de Gurbanguly Berdimuhamedow adyn­da­ky Ho­wan­dar­ly­ga mä­täç ça­ga­la­ra he­ma­ýat ber­mek bo­ýun­ça ha­ýyr-sa­ha­wat gaz­na­sy­nyň alyp bar­ýan işi, şä­he­ri mun­dan beý­läk-de ös­dür­me­giň me­se­le­le­ri, ösüp gel­ýän ýaş nes­liň sag­ly­gy­ny di­kelt­mek bi­len bag­la­ny­şyk­ly ýe­ri­ne ýe­ti­ril­ýän iş­ler bi­len gy­zyk­lan­dy.

Aba­dan dur­mu­şyň ke­pi­li

«7/24.tm»:№36 (223) 02.09.2024    Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de ga­za­nyl­ýan ösüş­le­riň äh­li­si hal­ky­my­zyň aba­dan hem bo­le­lin, pa­ra­hat dur­muş­da ýa­şa­ma­gy­na gö­nük­di­ri­len­dir. Tä­ze ta­ry­hy döw­rü­miz ag­zy­bir türk­men hal­ky­na buý­sanç­ly wa­ka­la­ry, be­ýik öz­gert­me­le­ri ba­gyş­la­ýar. «Pä­him-paý­has um­ma­ny Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy» ýy­ly­nyň 24-nji sent­ýab­ryn­da paý­tag­ty­myz­da­ky Mas­la­hat köş­gün­de ge­çi­ril­jek Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň mej­li­si hem ýy­ly­my­zy be­ze­jek, kalp­la­ra buý­sanç duý­gu­sy­ny paý­la­jak mö­hüm wa­ka­la­ryň bi­ri­ne öw­rü­ler. Hä­zir­ki wagt­da Halk Mas­la­ha­ty­nyň mej­li­si­ni ýo­ka­ry de­re­je­de ge­çir­mä­ge gu­ra­ma­çy­lyk­ly taý­ýar­lyk gö­rül­ýär. Dür­li kär­dä­ki ra­ýat­la­ryň, jem­gy­ýet­çi­lik we­kil­le­ri­niň gat­naş­ma­gyn­da ge­çi­ril­jek Halk Mas­la­ha­ty­nyň mej­li­sin­de il-gü­nüň bäh­bit­le­ri­ne gö­nük­di­ri­len, dur­nuk­ly ösü­şiň äh­li ugur­la­ry­ny öz içi­ne al­ýan, mil­le­tiň yk­ba­ly­na oňyn tä­sir ed­ýän çöz­güt­le­riň ­ka­bul edil­me­gi ösüş­le­ri­mi­zi do­wa­ma­ta atar­ýar. Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­myz «Ýaş­lar — Wa­ta­nyň da­ýan­jy» at­ly aja­ýyp ki­ta­byn­da şeý­le bel­le­ýär: «Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­tyn­da ga­ral­ýan me­se­le­ler ýur­du­my­zyň

Garaşsyzlyk — baky bagtym

«7/24.tm»:№36 (223) 02.09.2024     Ga­raş­syz ösüş ýo­lu­na dü­şen döw­let­le­riň her bi­rin­de öz mil­li buý­san­jy­na öw­rü­len bi­na­la­ryň, mil­li gym­mat­lyk­la­ryň bol­şy ýa­ly, Türk­me­nis­tan Wa­ta­ny­myz­da hem Ga­raş­syz­lyk bi­na­sy her bi­ri­mi­ziň buý­san­jy­my­za buý­sanç goş­ýan des­ga­la­ryň bi­ri­dir. Türk­me­nis­ta­nyň Ga­raş­syz­ly­gy­nyň mi­ze­mez­li­gi­niň ny­şa­ny bo­lan bu bi­na paý­tag­ty­my­za aý­ra­tyn be­zeg ber­ýär hem-de özü­niň öz­bo­luş­ly bi­na­gär­lik çöz­gü­di bi­len gö­re­ni haý­ra­na goý­ýar. Uzak­lar­dan se­leň­läp gö­rün­ýän Ga­raş­syz­lyk bi­na­sy ata Wa­ta­ny­my­zyň Ber­ka­rar döw­le­ti­ň täze eýýamynyň Galkynyşy döw­rün­de ga­zan­ýan üs­tün­lik­le­ri­ni, ýet­ýän be­lent sep­git­le­ri­ni ala­mat­lan­dyr­ýar.

Ajaýyp pursatlara beslenýän baýram

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň altyn güýzüniň ýetip gelmegi bilen, toýlary toýlara, baýramlary baýramlara ulaşýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzyň çar künjegini ýene-de bir ajaýyp baýramyň – Bilimler we talyp ýaşlar gününiň dabaraly çäreleri gurşap alar. Her ýylyň täze okuw möwsüminiň ilkinji gününde giňden bellenilýän bu nurana senäniň kalplardaky buýsanjy, guwanjy artdyrjak çäreleri, okuw mekdeplerinde döredilen ajaýyp şert-mümkinçilikler ýurdumyzda ýaş nesiller, olaryň dünýä ülňülerine laýyklykda bilim-terbiýe almaklary ugrunda edilýän aladanyň bimöçberdiginiň aýdyň subutnamasyna öwrüler. Hormatly Prezidentimiziň: «Bilimler we talyp ýaşlar gününiň dabaralary ýaş nesillerimizi watansöýüjiligiň, ynsanperwerligiň belent ruhunda terbiýelemek ugrunda ak ýürekden yhlasly zähmet çekýän mugallymlarymyzyň hem-de ähli bilim işgärlerimiziň, geljegimiz bolan bagtyýar ýaşlarymyzyň, şeýle hem tutuş halkymyzyň durmuşyny ýatdan çykmajak ajaýyp pursatlara besleýär» diýen dürdäne sözleri nobatdaky gezek dabaralanar.