"Mugallymlar gazeti" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-53, 39-96-41, 39-96-40
Email: mugallymlar-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Türkmenistan — BMG: ählumumy parahatçylygyň, durnukly ösüşiň we abadançylygyň bähbidine hyzmatdaşlyk

Birleşen Milletler Guramasy bilen strategik hyzmatdaşlyk hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan yzygiderli durmuşa geçirilýän Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynyň esasy ugrudyr. Häzirki döwürde BMG we onuň ýöriteleşdirilen düzümleri bilen özara hyzmatdaşlyk täze ösüş depginine eýe bolýar. Ýurdumyz sebit, ählumumy gün tertibiniň ileri tutulýan meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga, olary çözmegiň iň amatly usullaryny işläp taýýarlamaga işjeň gatnaşyp, öz parahatçylyk döredijilik kuwwatyny dünýäniň halklarynyň bähbidine gönükdirýär. Bu çemeleşme, şeýle-de Watanymyzyň daşary syýasy ugry Milletler Bileleşigi tarapyndan giň ykrarnama eýe boldy. Türkmenistanyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň sessiýalarynyň birnäçesiniň, şol sanda öňde boljak 79-njy sessiýanyň wise-başlyklygyna saýlanylmagy munuň aýdyň güwäsidir. Mundan başga-da, ýurdumyz guramanyň abraýly düzümleriniň agzalygyna birnäçe gezek saýlanyldy. Türkmenistanyň başlangyjy boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy köp sanly Kararnamalary, şol sanda 2025-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmek hakynda Kararnamany kabul etdi.

Türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri, Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy Öz­be­gis­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti­ni gut­la­dy

Türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri, Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy Gurbanguly Berdimuhamedow Öz­be­gis­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti Şaw­kat Mir­zi­ýo­ýe­we dog­lan gü­ni my­na­sy­bet­li tüýs ýü­rek­den gut­lag­la­ry­ny we iň go­wy ar­zuw­la­ry­ny iber­di. “Öz­be­gis­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň mun­dan beý­läk-de gül­läp ös­me­gi, onuň do­gan­lyk hal­ky­nyň aba­dan­çy­ly­gy ug­run­da ed­ýän ta­gal­la­la­ry­ňyz we ýa­daw­syz zäh­me­ti­ňiz ha­ky­ky wa­tan­sö­ýü­ji­li­giň, Wa­ta­na yh­las­ly hyz­mat et­me­giň aý­dyň nus­ga­sy­dyr. Ýurt­la­ry­my­zyň ara­syn­da­ky stra­te­gik, hoş­ni­ýet­li goň­şu­çy­lyk gat­na­şyk­la­ry­nyň ös­dü­ril­me­gi­ne hut özü­ňi­ziň ber­ýän ün­sü­ňi­zi aý­ra­tyn bel­le­mek is­le­ýä­rin” di­ýlip, Mil­li Li­de­ri­mi­ziň ha­tyn­da bel­le­nil­ýär. Şeý­le-de Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy dost­lu­gy we öza­ra dü­şü­niş­me­gi ber­kit­mä­ge go­şan ägirt uly go­şan­dy üçin goň­şy döw­le­tiň Baş­tu­ta­ny­na min­net­dar­lyk bil­dir­di.

Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti Öz­be­gis­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti­ni gut­la­dy

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedow Öz­be­gis­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti Şaw­kat Mir­zi­ýo­ýe­we dog­lan gü­ni my­na­sy­bet­li tüýs ýü­rek­den gut­lag­la­ry­ny we iň go­wy ar­zuw­la­ry­ny iber­di. “Hoş­ni­ýet­li goň­şu­çy­lyk, dost­luk, öza­ra dü­şü­niş­mek ýö­rel­ge­le­ri­ne esas­lan­ýan türk­men-öz­bek gat­na­şyk­la­ry­nyň ýyl-ýyl­dan tä­ze maz­mun bi­len baý­laş­ýan­dy­gy­ny, öza­ra yna­nyş­mak, açyk­lyk hä­si­ýe­ti bi­len ta­pa­wut­lan­ýan­dy­gy­ny uly ka­na­gat­lan­ma bi­len bel­le­mek is­le­ýä­rin.

Türkmenistan — BMG: ählumumy parahatçylygyň, durnukly ösüşiň we abadançylygyň bähbidine hyzmatdaşlyk

Birleşen Milletler Guramasy bilen strategik hyzmatdaşlyk hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan yzygiderli durmuşa geçirilýän Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynyň esasy ugrudyr. Häzirki döwürde BMG we onuň ýöriteleşdirilen düzümleri bilen özara hyzmatdaşlyk täze ösüş depginine eýe bolýar. Ýurdumyz sebit, ählumumy gün tertibiniň ileri tutulýan meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga, olary çözmegiň iň amatly usullaryny işläp taýýarlamaga işjeň gatnaşyp, öz parahatçylyk döredijilik kuwwatyny dünýäniň halklarynyň bähbidine gönükdirýär. Bu çemeleşme, şeýle-de Watanymyzyň daşary syýasy ugry Milletler Bileleşigi tarapyndan giň ykrarnama eýe boldy. Türkmenistanyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň sessiýalarynyň birnäçesiniň, şol sanda öňde boljak 79-njy sessiýanyň wise-başlyklygyna saýlanylmagy munuň aýdyň güwäsidir. Mundan başga-da, ýurdumyz guramanyň abraýly düzümleriniň agzalygyna birnäçe gezek saýlanyldy. Türkmenistanyň başlangyjy boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy köp sanly Kararnamalary, şol sanda 2025-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmek hakynda Kararnamany kabul etdi. BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň ýakynda Türkmenistana amala aşyran sapary ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň taryhynda täze, möhüm sahypany açdy. 6-njy iýulda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen iri halkar

Dowamata uzaýan döwletlilik

...Häzirki zaman dünýäsiniň maliýe-hojalyk ulgamynda kynçylyklaryň başdan geçirilýän döwründe ykdysadyýetde, oba hojalygynda, senagatda, ulag-kommunikasiýa we beýleki pudaklarda ösüşleri gazanmak ýeňil-ýelpaý däl. Hernä biziň Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň ümzügi öňe, işi ileri. Bu bolsa mähriban halkymyzyň hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň daşyna mäkäm jebisleşip çekýän agzybirlikli zähmetiniň netijesidir. 12-nji iýulda Hökümetiň şu ýylyň birinji ýarymynda milli ykdysadyýetiň pudaklarynda alnyp barlan işleriň jemlerine bagyşlanyp geçirilen giňişleýin mejlisinde döwlet Baştutanymyza berlen hasabatlary «mawy ekran» arkaly diňläp, şu pikirler serime geldi. Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde berlen hasabatlardan görnüşi ýaly, «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» bellenilen wezipelere amal etmekde milli ykdysadyýetimiziň ähli ugurlarynda depginli işler alnyp barylýar. Prezident Maksatnamasynda kesgitlenen esasy maksatlaryň biri-de ýurdumyzyň durmuş ulgamyny yzygiderli ilerletmek arkaly, her bir raýatyň abadan ýaşaýşyny kepillendirmek, şeýle hem ilatyň durmuş mümkinçiliklerinidir bähbitlerini berk goramak, iş bilen üpjünçiligi kämilleşdirmek bolup durýar. Hut şu maksat bilen, 2022 — 2028-nji ýyllarda zähmet hakynyň möçberlerini 1,8 esse artdyrmak; ykdysadyýeti

Türkmenistan — BMG: strategik hyzmatdaşlygyň täze sepgitleri

Türkmenistan BMG-ä we onuň ýöriteleşdirilen düzümlerine ählumumy gatnaşyklar ulgamynyň sütüni, bütin dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy üpjün etmegiň kepili hökmünde garaýar. Ýurdumyzyň bu düzümiň halkara konwensiýalarynyň 90-dan gowragyna goşulmagy munuň şeýledigini doly tassyklaýar. Bu bolsa bilelikdäki taslamalaryň we maksatnamalaryň çäklerinde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk üçin ygtybarly esas bolup hyzmat edýär. Türkmenistan häzirki döwrüň wajyp meseleleri boýunça sazlaşykly çözgütleri işläp taýýarlamaga işjeň gatnaşmak bilen, parahatçylyk, özara hormat goýmak diplomatiýasyny ilerletmek, ählumumy howpsuzlygy, durnuklylygy pugtalandyrmak, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek boýunça umumy tagallalara saldamly goşant goşýar. Bitarap Watanymyz halkara gatnaşyklarynyň gün tertibindäki gaýragoýulmasyz meselelere çynlakaý çemeleşmek bilen, Durnukly ösüş maksatlarynyň bähbitlerine laýyk gelýän netijeli hyzmatdaşlygy berkitmäge işjeň gatnaşýar. Hormatly Prezidentimiziň öňe sürýän halkara gatnaşyklaryň derwaýys meselelerine jogap berýän oňyn başlangyçlarynyň we teklipleriniň yzygiderli durmuşa geçirilmegi döwletimiziň halkara giňişligindäki ähmiýetli ornuny has-da berkidýär. Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň martynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň Türkmenistanyň başlangyjy boýunça, dünýäniň 86 döwletiniň awtordaşlygynda «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Rezolýusiýan

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň KARARY

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini çagyrmak we guramaçylykly geçirmek hakynda Şöhratly ata-babalarymyzyň döwleti dolandyrmakda toplan köpasyrlyk tejribesine daýanyp, olaryň parasatly wesýetlerine eýerip, döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň möhüm meselelerini çözmäge ilatyň giňden gatnaşmagyny üpjün etmek, jemgyýetiň agzybirligini, jebisligini berkitmek, milli demokratiýany ösdürmek boýunça gazanylan üstünlikleri döredijilikli kämilleşdirmek, halkymyzyň bähbitlerine wekilçilik edýän ýokary wekilçilikli edaranyň — Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini guramaçylykly geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumy karar edýär:

Ajap eýýamyň aýdyň ýoly

Gahryman Arkadagymyzyň asylly ýörelgelerini mynasyp dowam etdirýän döwlet Baştutanymyz halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrmak babatdaky meseleleri elmydama üns merkezinde saklaýar. 19-njy iýulda hormatly Prezidentimiziň sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere garaldy. Mejlisde hormatly Prezidentimize ýurdumyzda kanun çykaryjylyk işiniň kämilleşdirilişi barada hasabat berlip, milli parlamentiň ýedinji çagyrylyşynyň şu ýylyň 13-nji iýulynda geçirilen altynjy maslahatynyň jemleri barada habar berildi. Türkmenistanyň Býujet, Ilaty durmuş taýdan goramak, Sanitariýa kodekslerine, bedenterbiýe we sport, döwlet ylmy-tehniki syýasaty, ylmy edaralar, sportda dopinge garşy göreşmek, tohumçylyk bilen baglanyşykly Kanunlara we başga-da käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler hem-de goşmaçalar girizmek boýunça kanun taslamalarynyň ara alnyp maslahatlaşylmagy we kabul edilmegi, Türkmenistanda adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekil — Adalatçynyň maglumatynyň diňlenilmegi döwlet Baştutanymyzyň ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýadyny döwrebaplaşdyrmak, häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelýän täze kanun taslamalaryny işläp taýýarlamak babatdaky öňde goýan wezipeleriniň üstünlikli ýerine ýetirilýändigini tassyklaýar.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň KARARY

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini çagyrmak we guramaçylykly geçirmek hakynda Şöhratly ata-babalarymyzyň döwleti dolandyrmakda toplan köpasyrlyk tejribesine daýanyp, olaryň parasatly wesýetlerine eýerip, döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň möhüm meselelerini çözmäge ilatyň giňden gatnaşmagyny üpjün etmek, jemgyýetiň agzybirligini, jebisligini berkitmek, milli demokratiýany ösdürmek boýunça gazanylan üstünlikleri döredijilikli kämilleşdirmek, halkymyzyň bähbitlerine wekilçilik edýän ýokary wekilçilikli edaranyň — Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini guramaçylykly geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumy karar edýär:

Halk maslahaty — jebisligiň gözbaşy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly beýik maksatlara ugrukdyrylan döwlet maksatnamalaryň, uzak möhletli strategik maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegi ugrunda möhüm sepgitleri özünde jemleýär. Şu ýylyň 12-nji iýulynda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde berlen hasabatlarda ýarym ýylyň dowamynda ýurdumyzyň makroykdysady görkezijileriniň, Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň girdejiler we çykdajylar böleginiň üstünlikli berjaý edilendigi beýan edildi. Bu görkezijiler türkmen halkynyň ýagty geljegi ugrunda «Döwlet adam üçindir!», «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen taglymatlar  esasynda durmuşa geçirilýän işleriň üstünliklere beslenýändigini alamatlandyrýar.

Döwrebap kanunlar — döwrüň talaby

Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň parasatly baştutanlygynda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly ähli ugurlar boýunça belent üstünliklere, uly ösüşlere beslenýär. Şeýle ösüşleriň hatarynda ýurdumyzyň jemgyýetçilik durmuşynda ýaýbaňlanan demokratik özgertmeleri — milli kanunçylyk binýadynyň has-da pugtalandyrylmagyny aýratyn bellemek zerurdyr. Döwletimizde her bir adamyň abadan we bagtyýar ýaşamagyny göz öňünde tutmak bilen raýatlarymyzyň hukuklaryny we azatlyklaryny doly berjaý etmek maksatlaryndan ugur alýan döwlet Baştutanymyzyň öňe sürýän ynsanperwer taglymaty üstünlikli durmuşa geçirilýär. Hukuk ylmyndan belli bolşy ýaly, hukuk döwleti, ilki bilen, ýurtda kanunyň agalygynyň berkarar edilmegini, jemgyýetiň raýat jemgyýeti derejesinde kämilleşmegini, ynsanyň — onuň mertebesiniň, tebigy hem mizemez hukuklarynyň döwlet üçin ýokary, baş gymmatlyk hökmünde görülmegini aňladýar. Kanunyň agalygy diýmek — bu döwletde halk köpçüliginiň we her bir şahsyýetiň bähbidini nazarda tutmak bilen, şeýle-de dünýä bileleşiginiň ykrar eden hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň kabul eden konwensiýalarynyň ynsanperwer kadalaryndan ugur alyp, döwletiň kanun çykaryjy edarasy tarapyndan kabul edilen Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we ähli kanunlaryň hemmeler tarapyndan deň derejede berjaý edilmegi, kanunyň döwletiň bütin çäginde höküm sürmegi, jemgyýetde hem-de döwletde kanuny

Döwre buýsanç — zähmete hyjuw

Batyr GURBANGULYÝEW, Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň uly mugallymy: — Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary esasynda ýurdumyzda milli bilim ulgamyny kämilleşdirmek, innowasion tehnologiýalardan baş çykarýan ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek ugrunda giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, ýaş nesliň hukuklaryny we azatlyklaryny üpjün etmek, döwletimiziň hem-de jemgyýetimiziň syýasy, ykdysady, medeni durmuşyna ýaşlaryň netijeli gatnaşmagy üçin oňaýly şertler döredilýär. Häzirki wagtda bilimini artdyryp, hünär edinmek isleýän müňlerçe ýaş raýatlarymyz ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine dalaşgär bolmak üçin resminamalaryny tabşyrýarlar. Olaryň giriş synaglaryny üstünlikli tabşyryp, bagtyýar zamanamyzyň bagtly talyby bolmagyny arzuw edýäris.

Durmuş ýörelgesi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz tarapyndan çagalar aýratyn alada we goldaw bilen gurşalyp, olaryň hemmetaraplaýyn we sazlaşykly ösmegi üçin ähli zerur şertler döredilýär. Bu ugurda alnyp barylýan işler ýurdumyzda çagalary diňe bir milli ruhy gymmatlyklar bilen däl-de, eýsem, umumadamzat ruhy gymmatlyklary esasynda terbiýelemäge gönükdirilýändigini görkezýär. Döwlet Baştutanymyzyň milli kanunçylygy kämilleşdirmek, kanunlaryň we beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň iş ýüzünde gyşarnyksyz berjaý edilmegini gazanmak boýunça durmuşa geçirýän işleri ýurdumyzyň her bir raýatynyň adalatly jemgyýetde ýaşamagyny üpjün etmäge gönükdirilendir. Ýurdumyzda çagalaryň hukuk goragyna degişli kanunçylygy döwrebaplaşdyrmaga we ählumumy ykrar edilen halkara kadalaryna laýyk getirmäge aýratyn üns berilýär. Çagalaryň hukuk goragyny üpjün etmegiň dürli ugurlary bolup, olary amala aşyrmak kanunçylygyň dürli pudaklarynyň kömegi bilen gazanylýar. Olaryň iň esasysy Türkmenistanyň Konstitusiýasydyr.

Ýaşlaryň şu günki yhlasy — geljegimiziň bagty

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşlarymyzyň mynasyp bilim we terbiýe almagy üçin ähli şertler döredilýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly tagallalary esasynda ýaşlarymyza, ýurdumyzyň we dünýäniň iň kämil ýokary okuw mekdeplerinde hünär öwrenmekleri üçin giňden açylýan mümkinçilikler «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» atly ideologiýamyzyň durmuş hakykatyny dabaralandyrýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary bilen  2021-nji ýylyň 5-nji iýunynda rejelenen görnüşde  kabul edilen «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanuny Diýarymyzda bilim gatnaşyklarynyň hukuk esaslaryny has kämilleşdirdi. Munuň özi türkmen ýaşlarynyň sanly tehnologiýalar eýýamynyň talaplaryna mynasyp hünärmenler bolup ýetişmekleri üçin hukuk binýadyny döretdi.

Resmi habarlar

Syýasy durmuşyň senenamasy 17-nji iýul­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedow Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Ça­ga­lar gaz­na­sy­nyň (ÝU­NI­SEF) Türk­me­nis­tan­da­ky we­ki­li ha­nym Jal­pa Rat­na­ny ka­bul et­di. Ol döw­let Baş­tu­ta­ny­my­za ynanç ha­ty­ny gow­şur­dy.

Türkmenistanyň Prezidenti Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi

24-nji iýulda hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedow Ger­ma­ni­ýa Fe­de­ra­tiw Res­pub­li­ka­sy­nyň Türk­me­nis­tan­da tä­ze bel­le­ni­len Adat­dan da­şa­ry we Do­ly yg­ty­ýar­ly il­çi­si Bernd Haýn­sy ka­bul et­di. Du­şuş­ma­ga wagt ta­pyp ka­bul eden­di­gi hem-de döw­le­ta­ra hyz­mat­daş­ly­gyň hä­zir­ki ýag­da­ýy­ny we gel­je­gi­ni ara alyp mas­la­hat­laş­ma­ga dö­re­di­len müm­kin­çi­lik üçin ho­şal­lyk bil­di­rip, dip­lo­mat döw­let Baş­tu­ta­ny­my­za ynanç ha­ty­ny gow­şur­dy hem-de GFR-iň Pre­zi­den­ti Frank-Wal­ter Ştaýn­ma­ýe­riň, Fe­de­ral Kans­le­ri Olaf Şol­suň hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ze, türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri­ne mä­hir­li sa­la­my­ny we äh­li türk­me­nis­tan­ly­la­ra bag­ty­ýar­lyk, aba­dan­çy­lyk ba­ra­da­ky ar­zuw­la­ry­ny ýe­tir­di.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik

24-nji iýulda türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri, Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy Gurbanguly Berdimuhamedow bi­len Öz­be­gis­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti Şaw­kat Mir­zi­ýo­ýe­wiň ara­syn­da te­le­fon ar­ka­ly söh­bet­deş­lik bol­dy. Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz dost­luk­ly döw­le­tiň Baş­tu­ta­ny­ny dog­lan gü­ni bi­len tüýs ýü­rek­den gut­lap, Pre­zi­dent Şaw­kat Mir­zi­ýo­ýe­wiň Öz­be­gis­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň mun­dan beý­läk-de gül­läp ös­me­gi, ýur­duň do­gan­lyk hal­ky­nyň aba­dan­çy­ly­gy ug­run­da alyp bar­ýan iş­le­ri­niň Wa­ta­na ak ýü­rek­den hyz­mat et­me­giň aý­dyň nus­ga­sy­dy­gy­ny bel­le­di. Şeý­le-de Mil­li Li­de­ri­miz dost­luk­ly döw­le­tiň Baş­tu­ta­ny­na hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedowyň mä­hir­li sa­la­my­ny we dog­lan gü­ni my­na­sy­bet­li tüýs ýü­rek­den gut­lag­la­ry­ny ýe­tir­di.

Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti Ger­ma­ni­ýa Fe­de­ra­tiw Res­pub­li­ka­sy­nyň Adat­dan da­şa­ry we Do­ly yg­ty­ýar­ly il­çi­si­ni ka­bul et­di

Onuň Aly­hez­re­ti, Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti je­nap Ser­dar BERDIMUHAMEDOWA Je­nap Pre­zi­dent!

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik

Aşgabat, 24-nji iýul (TDH). Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Gahryman Arkadagymyz dostlukly döwletiň Baştutanyny doglan güni bilen tüýs ýürekden gutlap, Prezident Şawkat Mirziýoýewiň Özbegistan Respublikasynyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi, ýurduň doganlyk halkynyň abadançylygy ugrunda alyp barýan işleriniň Watana ak ýürekden hyzmat etmegiň aýdyň nusgasydygyny belledi. Şeýle-de Milli Liderimiz dostlukly döwletiň Baştutanyna hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň mähirli salamyny we doglan güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny ýetirdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi

AŞGABAT, 24-nji iýul (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýnsy kabul etdi. Duşuşmaga wagt tapyp kabul edendigi hem-de döwletara hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we geljegini ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, diplomat döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy hem-de GFR-iň Prezidenti Frank-Walter Ştaýnmaýeriň, Federal Kansleri Olaf Şolsuň hormatly Prezidentimize, türkmen halkynyň Milli Liderine mähirli salamyny we ähli türkmenistanlylara bagtyýarlyk, abadançylyk baradaky arzuwlaryny ýetirdi.