Agzybirligiň aýdyň beýany
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyz beýik ösüşlere beslenýär, halkymyz belent maksatlar bilen röwşen geljege barýar. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň baş maksady Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanylan üstünlikleri berkitmekden, döwletimiziň hukuk esaslaryny dünýä tejribesine laýyklykda kämilleşdirmekden, jemgyýetde demokratik däpleri pugtalandyrmakdan hem-de halkyň ýokary durmuş derejesini üpjün etmekden ybaratdyr. Il-ýurt bähbitli meseleleri halk bilen maslahatlaşmak, milli demokratik däplere eýermek we jemgyýetçilik pikirini nazara almak halkymyzyň gadymdan gelýän ýol-ýörelgesidir. Türkmenistanyň Halk Maslahaty ýüzýyllyklaryň dowamynda toplanan milli tejribä esaslanýar. Türkmenistanyň Halk Maslahaty öz işine halkyň wekilleriniň giňden gatnaşmagyny üpjün edýär, olar bolsa halkyň bähbitlerinden ugur alýarlar. Öňde durýan wezipeleri durmuşa geçirmekde, il-ýurt bähbitli çözgütleri erkin ara alyp maslahatlaşmakda hem-de kabul etmekde bu wekilçilikli edara uly orun degişlidir.