"Mugallymlar gazeti" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-53, 39-96-41, 39-96-40
Email: mugallymlar-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Halk bähbitli beýik işler

6-njy dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň on bir aýynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça ileri tutulýan wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy. Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa söz berildi. Ol şu ýylyň ýanwar — noýabr aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada maglumat berdi. Şol döwürde milli parlamentiň 3 maslahaty geçirilip, olaryň netijeleri boýunça Türkmenistanyň Kanunlarynyň 36-sy, Mejlisiň kararlarynyň 22-si kabul edildi. Mundan başga-da, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň düzgünlerine, halkara hukugyň kadalaryna laýyklykda, birnäçe kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler we goşmaçalar girizildi.

Milli ýörelgelerimiziň şuglasy

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň ösüşlere beslenýän şan-şöhratly günlerinde Gahryman Arkadagymyz halkymyza «Hakyda göwheri» atly kitabyny peşgeş berdi. Bu ajaýyp kitaby okanyňda, geçmiş bilen şu güni, şu gün bilen ertäni sazlaşykly baglanyşdyrýan milli ýörelgelerimiziň gymmatyna aýdyň göz ýetirýärsiň. Gahryman Arkadagymyz türkmen halkynyň döwletlilik, millilik ýörelgelerini çuňňur pähim-paýhas bilen beýan edýär. Türkmen halkynyň gadymdan gelýän asylly ýörelgeleriniň taryhyň dowamynda döredilen milli gymmatlyklarda, medeniýetde, edebiýatda, sungat eserlerinde öz beýanyny tapyp, umumadamzat ösüşiniň genji-hazynasynyň aýrylmaz bölegine öwrülendigini bellemek gerek. Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly täze eseriniň many-mazmuny hakynda ýurdumyzyň dürli künjeklerinde geçirilen dabaralarda aýdyň beýan edilýär. Maslahatlarda çykyş edenler bu gymmatly kitabyň pähim-parasadyň gymmatly hazynasydygyny aýratyn belleýärler. Bu ajaýyp kitap durmuşa söýgi, birek-birege hormat, Watana buýsanç, däp-dessurlarymyza sarpa döredýär.

Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa

Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti! Sizi «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Watanymyzyň hemişelik Bitaraplyk toýuna barýan günlerimizde Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen «Merkezi Aziýada ýadro ýaragyndan azat zolak hakyndaky Şertnama» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi mynasybetli Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň janyňyzyň sag, ömrüňiziň uzak bolmagyny, Garaşsyz Watanymyzyň halkara abraýynyň beýgelmegi, parahatçylyk söýüjilikli ýörelgeleriniň dabaralanmagy ugrunda alyp barýan giň gerimli işleriňizde mundan beýläk-de uly üstünlikleri arzuw edýärin.

Resmi habar

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen döredilen, sebitde deňi-taýy bolmadyk Arkadag şäheri häzirki wagtda ähli görkezijiler babatda nusgalykdyr. Ýakynda bu ajaýyp şäheriň Ýewropanyň Hil barlaglary boýunça jemgyýetiniň hil boýunça baýragyna mynasyp bolmagy munuň aýdyň güwäsidir. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, Arkadag şäherine bu abraýly baýragyň gowşurylmagy mynasybetli geçiriljek dabara gatnaşmak üçin Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet 2024-nji ýylyň 8 — 10-njy dekabry aralygynda Awstriýa Respublikasynyň Wena şäherinde gulluk iş saparynda bolar. (TDH)

Türkmenistan — sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy

Ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgelerini berkitmek, ýaşlary bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaga höweslendirmek babatynda uly işler alnyp barylýar. Häzirki wagtda jemgyýetimizde bedenterbiýe-sagaldyş hereketi yzygiderli ösdürilýär. Parahatçylykly gülläp ösýän Watanymyzda halkyň saglygy, ruhubelentligi, bagtyýarlygy baradaky alada baş wezipeleriň biri bolup durýar. Uly üstünliklere beslenýän «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň 2-nji noýabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda paýtagtymyzyň Saglyk ýolunda köpçülikleýin ýörişiň geçirilmegi örän täsirli waka boldy. Bu bolsa sagaldyş bedenterbiýesiniň we sportuň bagtyýar halkymyzyň durmuşynyň aýrylmaz bölegine öwrülendiginiň aýdyň beýanydyr. Saglyk ýolundaky ajaýyp dag howasy, töweregi gurşaýan arça baglarynyň gözel görki ýörişiň ynsan saglygyna ýakymly täsirini has-da artdyrdy, göwünlere joşgun berdi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Aşgabat, 6-njy dekabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň on bir aýynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça ileri tutulýan wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy. Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa söz berildi. Ol şu ýylyň ýanwar — noýabr aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada maglumat berdi. Şol döwürde milli parlamentiň 3 maslahaty geçirilip, olaryň netijeleri boýunça Türkmenistanyň Kanunlarynyň 36-sy, Mejlisiň kararlarynyň 22-si kabul edildi. Mundan başga-da, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň düzgünlerine, halkara hukugyň kadalaryna laýyklykda, birnäçe kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler we goşmaçalar girizildi.

Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa

Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti! Sizi «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Watanymyzyň hemişelik Bitaraplyk toýuna barýan günlerimizde Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen «Merkezi Aziýada ýadro ýaragyndan azat zolak hakyndaky Şertnama» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi mynasybetli Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň janyňyzyň sag, ömrüňiziň uzak bolmagyny, Garaşsyz Watanymyzyň halkara abraýynyň beýgelmegi, parahatçylyk söýüjilikli ýörelgeleriniň dabaralanmagy ugrunda alyp barýan giň gerimli işleriňizde mundan beýläk-de uly üstünlikleri arzuw edýärin.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Aşgabat, 6-njy dekabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň on bir aýynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça ileri tutulýan wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy. Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa söz berildi. Ol şu ýylyň ýanwar — noýabr aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada maglumat berdi. Şol döwürde milli parlamentiň 3 maslahaty geçirilip, olaryň netijeleri boýunça Türkmenistanyň Kanunlarynyň 36-sy, Mejlisiň kararlarynyň 22-si kabul edildi. Mundan başga-da, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň düzgünlerine, halkara hukugyň kadalaryna laýyklykda, birnäçe kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler we goşmaçalar girizildi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Aşgabat, 6-njy dekabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň on bir aýynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça ileri tutulýan wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy. Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa söz berildi. Ol şu ýylyň ýanwar — noýabr aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada maglumat berdi. Şol döwürde milli parlamentiň 3 maslahaty geçirilip, olaryň netijeleri boýunça Türkmenistanyň Kanunlarynyň 36-sy, Mejlisiň kararlarynyň 22-si kabul edildi. Mundan başga-da, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň düzgünlerine, halkara hukugyň kadalaryna laýyklykda, birnäçe kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler we goşmaçalar girizildi.

Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa

Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti! Sizi «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Watanymyzyň hemişelik Bitaraplyk toýuna barýan günlerimizde Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen «Merkezi Aziýada ýadro ýaragyndan azat zolak hakyndaky Şertnama» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi mynasybetli Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň janyňyzyň sag, ömrüňiziň uzak bolmagyny, Garaşsyz Watanymyzyň halkara abraýynyň beýgelmegi, parahatçylyk söýüjilikli ýörelgeleriniň dabaralanmagy ugrunda alyp barýan giň gerimli işleriňizde mundan beýläk-de uly üstünlikleri arzuw edýärin.

Resmi habar

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen döredilen, sebitde deňi-taýy bolmadyk Arkadag şäheri häzirki wagtda ähli görkezijiler babatda nusgalykdyr. Ýakynda bu ajaýyp şäheriň Ýewropanyň Hil barlaglary boýunça jemgyýetiniň hil boýunça baýragyna mynasyp bolmagy munuň aýdyň güwäsidir. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, Arkadag şäherine bu abraýly baýragyň gowşurylmagy mynasybetli geçiriljek dabara gatnaşmak üçin Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet 2024-nji ýylyň 8 — 10-njy dekabry aralygynda Awstriýa Respublikasynyň Wena şäherinde gulluk iş saparynda bolar.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna mähirli gutlaglar

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyna Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň dowamynda «Merkezi Aziýada ýadro ýaragyndan azat zolak hakyndaky Şertnama» atly Kararnamanyň kabul edilmegi mynasybetli gutlag hatlary we telegrammalar gelip gowuşýar. Hatlarda bu wakanyň hormatly Prezidentimiziň hoşniýetli goňşuçylyk, dostluk, giň halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan, ählumumy parahatçylygyň, howpsuzlygyň, abadançylygyň maksatlaryna laýyk gelýän daşary syýasat strategiýasynyň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan giňden goldanylýandygynyň aýdyň güwäsi bolup durýandygy bellenilýär. Hatlary iberenler döwlet Baştutanymyzy bu şanly waka bilen gutlap, tüýs ýürekden berk jan saglyk, uzak we bagtyýar ömür, halkymyzyň abadan durmuşynyň bähbidine gönükdirilen başlangyçlarynda täze üstünlikleri arzuw edýärler. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa mähirli gutlaglaryny iberdi.

Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisine gatnaşyjylaryň ÝÜZLENMESI

Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti! «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Aşgabat şäherinde geçirilen Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisine gatnaşyjylara iberen çuňňur many-mazmunly Gutlagyňyz hem-de iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň has-da pugtalanmagyna ýardam eden ýokary derejeli serginiň guramaçylykly geçirilmegi babatda döredilen şertler üçin Size çuňňur hoşallygymyzy bildirýäris.

Döwletiň asudalygy — raýatlaryň bagtyýarlygy

Häzirki wagtda diňe goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrina laýyklykda, Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň harby howpsuzlygyny hem-de bitewüligini ýokary derejede üpjün etmek, döwletimiziň goranmak ukybyny mundan beýläk-de berkitmek babatdaky işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Muňa 4-nji dekabrda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedowyň geçiren Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisi aýdyň şaýatlyk edýär. Mejlisde harby we hukuk goraýjy edaralar tarapyndan şu ýylyň ýanwar — noýabr aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri jemlenildi. Ilki bilen, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri Watanymyzyň goranyş ukybyny pugtalandyrmak, ýolbaşçylyk edýän düzümleriniň işini sanly ulgamy ornaşdyrmak arkaly döwrüň talaplaryna laýyk getirmek boýunça şu ýylyň başyndan bäri ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi. Şeýle hem Watan goragçylary üçin talabalaýyk gulluk we iş şertlerini döretmek, serkerdeleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak, çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary harby gullukdan boşatmak we Türkmenistanyň raýatlaryny harby gulluga çagyrmak boýunça görülýän çäreler barada aýdyldy. Hormatly Prezidentimiz diňe goranyş häsiýetli Harby doktrinany durmuşa geçirmegiň çäklerinde ileri tutulýan wezipelere ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmeni

Geljekki hasylyň aladasy şu günden başlanýar

Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynda işleriň sazlaşykly alnyp barylmagy hormatly Prezidentimiziň milli ykdysadyýetimiziň binýadyny pugtalandyrmak, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak boýunça öňde goýýan wezipeleriniň üstünlikli durmuşa geçirilmegine ýardam edýär. Şunuň bilen baglylykda, 2-nji dekabrda döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda geçiren iş maslahaty aýratyn ähmiýete eýedir. Iş maslahatynda welaýatlarda we oba hojalyk toplumynda alnyp barylýan işlere, Oba milli maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi bilen bagly meselelere garaldy. Ilki bilen, welaýatlaryň häkimleri sebitleriň ekerançylyk meýdanlaryndaky işleriň ýagdaýy barada hasabat berdiler. Obasenagat toplumyna gözegçilik edýän wise-premýeriň hasabatynyň özenini hem ýurdumyzda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy baradaky maglumatlar düzdi.

Halkara tagallalaryň birligi, maksatlaryň bitewüligi

Gahryman Arkadagymyz Birleşen Milletler Guramasynyň Çölleşmä garşy göreşmek boýunça Konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 16-njy maslahatynyň (СOP16) çäklerinde geçirilen «Bitewi suw» sammitine gatnaşdy Ýurdumyz suw meselelerinde dünýä jemgyýetçiligi, ilkinji nobatda, BMG bilen yzygiderli hyzmatdaşlygy alyp barýar. Türkmenistanyň bu babatda öňe sürýän başlangyçlary anyk häsiýete eýe bolup, sebit ösüşiniň, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň maksatlaryna laýyk gelýär. Şu jähetden, 3-nji dekabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Çölleşmä garşy göreşmek boýunça Konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 16-njy maslahatynyň (СOP16) çäklerinde geçirilen «Bitewi suw» sammitine gatnaşmak maksady bilen, Saud Arabystany Patyşalygyna iş saparyny amala aşyrdy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Bitewi suw” sammitindäki çykyşy

Hormatly sammite gatnaşyjylar! Hanymlar we jenaplar!

Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi

4-nji dekabrda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda harby we hukuk goraýjy edaralar tarapyndan şu ýylyň ýanwar — noýabr aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri jemlenildi. Ilki bilen, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýew Watanymyzyň goranyş ukybyny pugtalandyrmak, ýolbaşçylyk edýän düzümleriniň işini sanly ulgamy ornaşdyrmak arkaly döwrüň talaplaryna laýyk getirmek hem-de Watan goragçylary üçin talabalaýyk gulluk we iş şertlerini döretmek, serkerdeleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça şu ýylyň başyndan bäri ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi.

Türkmen — türk gatnaşyklary berkeýär

4-nji dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisine gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Türkiýäniň söwda ministri Ömer Bolaty kabul etdi. Hormatly Prezidentimiz ýurtlarymyzyň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň möhüm ähmiýetini belläp, Türkmenistanyň dürli ulgamlara täze tehnologiýalary we ylmyň iň soňky gazananlaryny ornaşdyrmaga, ykdysadyýeti yzygiderli döwrebaplaşdyrmak boýunça halkara hyzmatdaşlyga aýratyn üns berýändigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň paýtagtymyzda geçirilýän sergisiniň iki ýurduň arasynda söwda-ykdysady ugurly özara hereketleri ýokary derejä çykarmaga, işewürlik gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmäge goşant boljakdygyna ynam bildirildi.

Telefon arkaly söhbetdeşlik

5-nji dekabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Onuň dowamynda özara bähbitlilige, hoşniýetli goňşuçylyga esaslanýan hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Söhbetdeşligiň dowamynda söwda-ykdysady, ýangyç-energetika ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we ony ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Milli Liderimiz we doganlyk döwletiň Baştutany gaz ulgamyndaky bilelikdäki işiň ýokary netijeliligini, uzak möhletleýin häsiýetini bellediler hem-de türkmen tebigy gazynyň Özbegistana iberilýän möçberini artdyrmak barada ylalaşdylar. Şeýle-de bu ugurda ýakyn wagtda amala aşyrylmagy meýilleşdirilýän bilelikdäki taslamalaryň uly mümkinçiliklerine üns çekildi.