"Mugallymlar gazeti" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-53, 39-96-41, 39-96-40
Email: mugallymlar-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Hormatly Prezidentimiz paýtagtymyz boýunça iş saparlaryny amala aşyrdy

25-nji ýanwarda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyz hem-de onuň töweregi boýunça iş saparyny amala aşyryp, birnäçe möhüm desgalaryň gurluşygy we onuň durmuş düzüminiň toplumlaýyn esasda döwrebaplaşdyrylmagy boýunça taýýarlanan taslamalar bilen tanyşdy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz halkymyzyň milli buýsanjy hasaplanylýan alabaý itleri we olary ösdürip ýetişdirmegiň dünýä nusgalyk ýörelgeleriniň döwrebap derejede dowam etdirilişi bilen gyzyklandy. Irden hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Köpetdagyň etegindäki ajaýyp künjekleriň birine geldi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzda möhüm gurluşyklaryň barşy bilen tanyşdy

25-nji ýanwarda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyz hem-de onuň töweregi boýunça iş saparyny amala aşyryp, birnäçe möhüm desgalaryň gurluşygy we onuň durmuş düzüminiň toplumlaýyn esasda döwrebaplaşdyrylmagy boýunça taýýarlanan taslamalar bilen tanyşdy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz halkymyzyň milli buýsanjy hasaplanylýan alabaý itleri we olary ösdürip ýetişdirmegiň dünýä nusgalyk ýörelgeleriniň döwrebap derejede dowam etdirilişi bilen gyzyklandy. Irden hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Köpetdagyň etegindäki ajaýyp künjekleriň birine geldi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyrdy

Aşgabat, 26-njy ýanwar (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyryp, köpugurly işewürlik merkezli kaşaň “Garagum” myhmanhanasynyň we onuň golaýynda ýerleşen seýilgähiň hem-de Aşgabat — Türkmenabat awtobanynyň gurluşygynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy. Döwlet Baştutanymyz Aşgabatda we tutuş ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan özgertmeler maksatnamalarynyň durmuşa geçirilişini berk gözegçilikde saklap, raýatlarymyzyň ähli amatlyklaryň hözirini görüp ýaşamaklary üçin döredilýän oňaýly şertler, öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak hem-de ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek bilen baglanyşykly meselelere hemişe aýratyn üns berýär.

Goňşuçylyk gatnaşyklary pugtalanýar

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly, turuwbaşdan, goňşy döwletimiz Owganystan bilen dost-doganlyk, özara hyzmatdaşlyk gatnaşyklarymyzy pugtalandyrjak wakalardan başlandy. Goňşy döwletiň ykdysady ösüşlerine oňyn täsirini ýetirjek ol wakalar Owganystanyň ähli halky bilen birlikde, bu döwletde kowçum bolup ýaşaýan türkmenleriň hem Gahryman Arkadagymyza, ata Watanymyza bolan buýsanç bulagyny joşdurdy. Gazetimiziň şu sanynda owganystanly türkmenleriň Magtymguly Pyragy jemgyýetiniň agzasy, şahyr Şirmuhammet ÝEŇIŞIŇ köňül kelamlaryny ýazga geçirip, okyjylarymyza ýetirmegi makul bildik.

Paýtagtymyzda şähergurluşyk maksatnamasy yzygiderli durmuşa geçirilýär

Öňňin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyz hem-de onuň töweregi boýunça iş saparyny amala aşyryp, birnäçe möhüm desgalaryň gurluşygy we onuň durmuş düzüminiň toplumlaýyn esasda döwrebaplaşdyrylmagy boýunça taýýarlanan taslamalar bilen tanyşdy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz halkymyzyň milli buýsanjy hasaplanylýan alabaý itleri we olary ösdürip ýetişdirmegiň dünýä nusgalyk ýörelgeleriniň döwrebap derejede dowam etdirilişi bilen gyzyklandy. Halkara türkmen alabaý itleri assosiasiýasynyň buýurmasy esasynda gurulýan desgalar toplumynda alnyp barylýan işler barada ýurdumyzyň senagat we gurluşyk önümçiligi ministri, Halkara türkmen alabaý itleri assosiasiýasynyň ýolbaşçysy S.Berdimuhamedow hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň başlygy D.Hudaýberdiýew hasabat berdiler.

Baky bagtyýarlygyň goýnunda

Hormatly Prezidentimiziň parasatly syýasaty netijesinde Türkmenistan Watanymyz bu gün beýik ösüşlere, özgerişlere, şan-şöhrata beslenýär, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleri yzygiderli gowulanýar. Taryhy döwrümizde eziz Diýarymyzyň ajaýyp ösüşdir özgertmelerini obalarymyzyň, şäherçelerimiziň we şäherlerimiziň günsaýyn özgerýän keşbiniň mysalynda anyk göz ýetirip bilýäris. Ýurdumyzyň sebitlerinde täze, nusgalyk obalardyr şäherçeler yzygiderli gurlup, ulanylmaga berilýär, döwrebap ýaşaýyş jaý toplumlary bina edilýär. Munuň özi halkymyz we onuň bähbitleri, abadançylygy baradaky aladanyň döwlet Baştutanymyzyň durmuşa geçirýän giň göwrümli işleriniň esasy özenini düzýändigini subut edýär. Paýtagtymyzy hem-de Diýarymyzyň beýleki şäherlerini, ilatly ýerlerini gurşap alan giň gerimli özgertmeler hormatly Prezidentimiziň «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgesiniň barha dabaralanýandygyny Äleme äşgär edýär. Iň guwandyryjy we buýsandyryjy ýeri-de ata Watanymyzyň sebitlerinde giň gerime eýe bolan desgalaryň gurluşygynda innowasion tehnologiýalaryň we iň oňat dünýä tejribesiniň işjeň ulanylmagydyr. Bu bolsa, adamlaryň durmuşynyň ýokary ölçegleriniň üpjün edilmegi babatynda möhüm bolup durýar.

Türkmenistanym meniň!

Şirli Şirwan Anna ogly 1994-nji ýylyň 24-nji sentýabrynda Owganystanyň Badgis welaýatynyň Murgap etrabynyň Marçak obasynda dogulýar. Ol 2002 — 2009-njy ýyllar aralygynda Marçak obasynyň «Marçak» liseýinde 8-nji synpa çenli okap, soňra 2009 — 2013-nji ýyllarda Owganystanyň Jöwüzjan welaýatynyň Şibirgan şäherindäki «Ibni Ýemin» mekdebinde okuwyny dowam etdirýär hem-de 12 ýyllyk okuwy tamamlaýar. 2015 — 2017-nji ýyllar aralygynda Şibirgan şäherindäki «Abu Muslim Horasany» institutynda weterinariýa ugrundan okap, ýörite orta bilim alýar.

Türkmenistanyň MInistrler Kabinetiniň Mejlisi

22-nji ýanwarda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideo- aragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Mejlisde döwlet durmuşyna degişli möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy, şeýle hem ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen resminamalaryň taýýarlanylan taslamalaryna garaldy. Hormatly Prezidentimiz mejlisiň gün tertibine geçip, ilki bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Müşşikowa söz berdi. Wise-premýer «Aşgabat şäherinde ýerleşýän käbir binalary hususylaşdyrmak hakyndaky» Kararyň taslamasy hem-de Gymmat bahaly metallar we gymmat bahaly daşlar baradaky komitetde alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyrdy

Aşgabat, 25-nji ýanwar (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyz hem-de onuň töweregi boýunça iş saparyny amala aşyryp, birnäçe möhüm desgalaryň gurluşygy we onuň durmuş düzüminiň toplumlaýyn esasda döwrebaplaşdyrylmagy boýunça taýýarlanan taslamalar bilen tanyşdy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz halkymyzyň milli buýsanjy hasaplanylýan alabaý itleri we olary ösdürip ýetişdirmegiň dünýä nusgalyk ýörelgeleriniň döwrebap derejede dowam etdirilişi bilen gyzyklandy. Gönüden-göni milli Liderimiziň tagallasy bilen, Aşgabatda we ýurdumyzyň dürli künjeklerinde giň möçberli özgertmeler ýaýbaňlandyryldy. Halk hojalygy toplumynyň ähli ugurlaryny öz içine alýan özgertmeler maksatnamalarynyň ýerine ýetirilişi döwlet Baştutanymyzyň hemişelik üns merkezinde saklanýar. Paýtagtymyzyň abadanlaşdyrylmagy we şäher gurşawynda ekologiýa abadançylygynyň üpjün edilmegi bilen baglanyşykly meseleleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi ugrunda zerur tagallalar edilýär.

Durmuş ugurly döwlet syýasatyny üstünlikli amala aşyrmagyň ýolunda

22-nji ýanwarda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Mejlisde döwlet durmuşyna degişli möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy, şeýle hem ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen resminamalaryň taýýarlanylan taslamalaryna garaldy. Hormatly Prezidentimiz mejlisiň gün tertibine geçip, ilki bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Müşşikowa söz berdi. Wise-premýer «Aşgabat şäherinde ýerleşýän käbir binalary hususylaşdyrmak hakyndaky» Kararyň taslamasy hem-de Gymmat bahaly metallar we gymmat bahaly daşlar baradaky komitetde alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Resmi habarlar

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurtda bazar gatnaşyklaryny ösdürmek, ykdysadyýetde hususy eýeçiligiň paýyny ýokarlandyrmak, kiçi we orta işewürligi ösdürmäge ýardam bermek hem-de söwda we hyzmatlar ulgamynyň işini has-da netijeli guramak maksady bilen, «Eýeçiligiň döwletiň garamagyndan aýrylmagy we döwlet emläginiň hususylaşdyrylmagy hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Maliýe we ykdysadyýet ministrligine satylmagy bellenen degişli söwda dükanlaryny, restorany we söwda öýüni olaryň işiniň esasy ugurlaryny we iş ýerlerini saklap galmak şertinde Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryna bellenen tertipde göni (salgyly) satmak arkaly hususylaşdyrmak tabşyryldy. * * *

Rowaç gadamlar — döwletli işlere badalga

22-nji ýanwarda hormatly Prezidentimiz sanly wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Mejlisde döwlet durmuşyna degişli möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy, şeýle hem ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen resminamalaryň taýýarlanylan taslamalaryna garaldy. Gün tertibine girizilen meseleler boýunça Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary we beýleki käbir ýolbaşçylar hasabat bilen çykyş etdiler. Mejlisiň Başlygy ýurdumyzyň kanunçylygyny kämilleşdirmek boýunça milli parlamentiň alyp barýan işleri barada maglumat berdi. Wise-premýerleriň hasabatlaryny degişli yzygiderlilikde diňläp, milli Liderimiz ähmiýet berilmeli meselelere ünsi çekdi we anyk tabşyryklary berdi.

Durnukly ösüş milli ykdysadyýetiň baş şertidir

22-nji ýanwarda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Mejlisde döwlet durmuşyna degişli möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy, şeýle hem ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen resminamalaryň taýýarlanylan taslamalaryna garaldy. Hormatly Prezidentimiz mejlisiň gün tertibine geçip, ilki bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlaryna, Mejlisiň Başlygyna söz berdi. Olar öz gözegçilik edýän ulgamlarynda alnyp barylýan işleriň netijesi we hormatly Prezidentimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada habar berdiler. Hasabatlaryň çäklerinde «Aşgabat şäherinde ýerleşýän käbir binalary hususylaşdyrmak hakyndaky» Kararyň taslamasy hem-de Gymmat bahaly metallar we gymmat bahaly daşlar baradaky komitetde alnyp barylýan işler, Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna gabatlanylan baýramçylyk desgalaryny öz wagtynda ulanmaga bermek boýunça görülýän çäreler, nebitgaz toplumynyň kärhanalarynyň önümçilik kuwwatyny pugtalandyrmak, uglewodorod çig malynyň çykarylýan hem-de gaýtadan işlenilýän mukdaryny artdyrmak boýunça amala aşyrylýan işler, elektroenergetika we gurluşyk pudaklarynda işleriň ýagdaýy, «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny» hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meý

Möhüm ugurlarda oňyn çözgütler

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanda her bir günümiz täze üstünliklere, belent sepgitlere beslenýär. Döwletimiz tarapyndan ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan ösüşine, halkymyzyň bagtyýar durmuşyna gönükdirilen möhüm taslamalar yzygiderli durmuşa geçirilýär. Milli Liderimiziň 22-nji ýanwarda geçiren sanly wideoaragatnaşyk arkaly Hökümet mejlisinde döwlet durmuşynyň möhüm ugurlaryna degişli meseleler ara alnyp maslahatlaşylyp, olar boýunça oňyn çözgütler kabul edildi. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen nobatdaky mejlisinde daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen saglygy goraýyş ulgamyndaky gatnaşyklar, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň alnyp barlyşy, ýurdumyzyň gurluşyk meýdançalaryndaky işleriň ýagdaýy, durmuş-ykdysady özgertmeleriň hukuk binýadyny kämilleşdirmek, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlaryna taýýarlyk görmek, döredijilik bäsleşiklerini, şol sanda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygynyň hormatyna halkara çäreleri guramak bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Kanunçylyk özgertmeleri dabaralanýar

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeler eziz Watanymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge we türkmen jemgyýetiniň demokratik hem-de hukuk esaslaryny pugtalandyrmaga gönükdirilendir. Häzirki döwürde döwletimiziň kanun çykaryjylyk ulgamy hem düýpli özgerişlere eýe bolup, kanunçykaryjylyk işinde we umumymilli hukuk ulgamynda täze usullar ornaşdyrylýar. Türkmenistanyň kanunlary milli aýratynlyklary, dünýä tejribesini hem-de häzirki zamanyň talaplary nazara alnyp, ylmy esasda kämilleşdirilýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň kadalaryna laýyklykda, kanun taslamalaryny işläp taýýarlamak we kabul etmek milli parlamentiň öňünde durýan möhüm wezipeleriň biri bolup durýar. Türkmenistanyň Mejlisi özüniň esasy wezipesini ýurdumyzyň mundan beýläk-de öňe gitmegini üpjün edýän durmuş-ykdysady özgertmeleri milli kanunçylykda berkitmekde, syýasy, ykdysady we hukuk ulgamlaryň ösüş ugurlaryny Türkmenistanyň Konstitusiýasyna hem-de dünýä tejribesine laýyk getirmekde görýär we kanunçykaryjylyk işini şol talaplardan ugur alyp kesgitleýär. Hormatly Prezidentimiz 2020-nji ýylyň 11-nji fewralynda Türkmenistanyň Mejlisiniň VI çagyrylyşynyň deputatlary bilen geçiren taryhy duşuşygynda deputatlaryň öňünde anyk wezipeleri goýdy. Şunuň bilen baglylykda, şol ýylyň 24-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Mejlisiniň VI çagyrylyşynyň nobatdaky on ikinji

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

22-nji ýanwarda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Mejlisde döwlet durmuşyna degişli möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy, şeýle hem ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen resminamalaryň taýýarlanylan taslamalaryna garaldy. Hormatly Prezidentimiz mejlisiň gün tertibine geçip, ilki bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G. Müşşikowa söz berdi. Wise-premýer «Aşgabat şäherinde ýerleşýän käbir binalary hususylaşdyrmak hakyndaky» Kararyň taslamasy hem-de Gymmat bahaly metallar we gymmat bahaly daşlar baradaky komitetde alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Resmi habarlar

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurtda bazar gatnaşyklaryny ösdürmek, ykdysadyýetde hususy eýeçiligiň paýyny ýokarlandyrmak, kiçi we orta işewürligi ösdürmäge ýardam bermek hem-de söwda we hyzmatlar ulgamynyň işini has-da netijeli guramak maksady bilen, «Eýeçiligiň döwletiň garamagyndan aýrylmagy we döwlet emläginiň hususylaşdyrylmagy hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Maliýe we ykdysadyýet ministrligine satylmagy bellenen degişli söwda dükanlaryny, restorany we söwda öýüni olaryň işiniň esasy ugurlaryny we iş ýerlerini saklap galmak şertinde Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryna bellenen tertipde göni (salgyly) satmak arkaly hususylaşdyrmak tabşyryldy. * * *

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň daşary syýasat ugry dabaralanýar

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygary astynda geçýän 2021-nji ýylyň ilkinji hepdeleri «Açyk gapylar» syýasatynyň we giň halkara hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryň birnäçe möhüm ugurlarynyň we ägirt uly meýilnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini äşgär etdi. Geçen hepdede Hazar deňzinde iri «Dostluk» käninde uglewodorod serişdelerini özleşdirmek boýunça täze, giň möçberli taslamanyň ýakyn wagtda azerbaýjanly hyzmatdaşlar bilen bilelikde amala aşyrylmagyna badalga bermek çäresi boldy. 21-nji ýanwarda Aşgabatda Hazar deňzindäki “Dostluk” ýatagynyň uglewodorod serişdelerini bilelikde gözlemek, işläp taýýarlamak we özleşdirmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama gol çekildi.

Halk bähbitli beýik işler

Geçen anna güni hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Döwlet durmuşyna degişli möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşylan bu mejlisde ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalaryň taslamalaryna hem garaldy. Hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň, Mejlisiň Başlygynyň, şeýle hem saglygy goraýyş we derman senagaty ministriniň hasabatyny diňläp, şol hasabatlaryň her biri boýunça ähmiýet berilmeli meselelere ünsi çekdi.

Hoşniýetli hyzmatdaşlygyň täze tapgyry

21-nji ýanwarda türkmen paýtagtynda Hazar deňzindäki «Dostluk» ýatagynyň uglewodorod serişdelerini bilelikde gözlemek, işläp geçmek we özleşdirmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama gol çekmek dabarasy boldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Prezident Ilham Aliýew onlaýn görnüşde bu möhüm resminamanyň kabul edilmegini mübäreklediler. Gol çekmek dabarasynyň öňüsyrasynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Azerbaýjan Respublikasynyň daşary işler ministri Jeýhun Baýramowy kabul etdi.