"Mugallymlar gazeti" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-53, 39-96-41, 39-96-40
Email: mugallymlar-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Bürgüt täzeden dogulýar

Bürgüt – uzak ýaşaýan guşlaryň biri bolup, ol 70 ýyla çenli ýaşap bilýär. 40 ýaşaýança, onuň uzyn dyrnaklary kütelýär. Uzyn çüňkleri bolsa gaňrylýar. Bu ýaşdan soňra onuň uly ganatlary agyrlaşýar. Bu ýagdaýda bürgüt 150 günüň dowamynda transformasiýa, ýagny täzeleniş döwrüni başdan geçirmeli bolýar. Bürgüt dagyň iň belent ýerinde höwürtge gurup ýaşaýar. Şondan soňra ol gaňrylan çüňkleri döwülýänçä daşa urýar. Döwülen çüňkleriniň deregine täzesi çykýança garaşýar. Täzelenen çüňki bilen kütelen dyrnaklaryny aýyrýar. Dyrnaklary täzelenenden soňra, köne ýeleklerini ýolýar. Aradan bäş aý geçenden soň, bürgüt täze görnüşe girýär. Şeýlelik bilen ol ýene-de 30 ýyl ýaşamak mümkinçiligine eýe bolýar.

Zyýada ýyl — zerewşan

«Sypalasaň, ýumşak sypaň bolaryn. Silkeleseň, buýnuzym ýaly gaty tagta dönerin» diýýän sygyr malyny halkymyz rysgal-berekediň çeşmesi hasaplaýar. Gapysynda göleli sygry bar maşgala edil gyzylly humuň eýesi ýalydyr. Ertir bir bedre, agşam sagymynda hem şonçarak süýt berýän sygryň bolsa, bala-çaga birenaýy ýaýrap-ýaýnaýandyr. Süýt-gatygyň düzümindäki peýdaly ýokumlar çaga-çugadyr garry-gojalaryň süňk-süýeginiň berkemeginde, saglygynyň sazlaşmagynda bahasyz dermandyr. Şol sebäpli-de pederlerimiz elmydama sygyr ýylyny hoşnutlyk bilen garşylapdyrlar. Bereket-bolçulygyň edil süýt ýaly dolup-daşjagyna berk ynanypdyrlar. Sygyr ýylynyň ýagyş-ýagmyra baý bolmagy meýdanlarda ot-çöpi boladypdyr. Ekin-dikin leýsan bolup, mal-gara, guş-gumry köpelip-känelip, guzulap-owlaklap, jüýjeläp-jäjeläp, toýlary goşalandyrypdyr. Täze ýylyň öňüsyrasynda sähra-düzlerimize bereket nury bolup inen ak garyň galyňlygy hem şol ata-baba ýörelgeleriň tebigat bilen sazlaşykda dowamatlygyna güwä geçip, kalbymyzda ýüzläp-ýüzläp ýakymly ýatlamalaryň ýaňadan ýaşamagyna itergi berýär. Oba çagalarynyň arasynda daň säher bilen oýanyp, sygyrlaryny padymana goşup gelmegi arzuw etmeýäni bir barmyka?! Megerem, bu sözlere öz ýanyňyzdan bir ýylgyryp, gaýybana başyňyzy iki-ýana ýaýkansyňyz. Sebäbi, daňyň kuýaşy säher tämizligine ýaňy garyşyp ugrandan oýanmaga meýillisiň. Oýkanjyrap, eýläňe bir agdarylyp, beýläňe bir agdaryly