"Mugallymlar gazeti" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-53, 39-96-41, 39-96-40
Email: mugallymlar-gazeti@sanly.tm

Habarlar

«Paýhasyň goýaldar, pikirleň şasy»

Adamzadyň ýagty geljegi ylymdan başlanýar. Ylym ynsan durmuşyny bezeýär. Sebäbi ylym öwrenip, kitaby özüne höwür edinen dost tutunan adamyň dünýägaraýşy çuň, gözýetimi giň, pikirlenişi düýpli we esasly, okamaga, öwrenmäge höwesli hem ukyply bolýar. Kitap ynsanyň kalbyny ýumşadyp, adamda ynsanperwerlik we ahlak häsiýetlerini terbiýeleýär, adamy belent adamkärçilik sypatlaryna eýe edýär. Kitaby özüne höwür edinen adamyň ruhy belent, ahlagy päk bolýar. Hut şonuň üçin-de pederlerimiz diňe bir kitaby däl, eýsem, kitapdan kemal tapyp, ylymlar dünýäsine aralaşyp, onda meşhurlyga ýeten ylymly-bilimli adamlary-da hormatlap, derejeläpdirler. Munuň şeýledigini biz Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet guşy» romanyny okanymyzda-da aýdyň göz ýetirýäris. Romanda: «Mälikgulynyň kakasy Berdimuhamet Annaýew obada abraýly adam.

Dünýäniň görki, örki, durky — bularyň barysy — ENE!

Gahryman Arkadagymyzyň «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly kitabyndan: — Eneleriň güler ýüzünden iliň asudalygy, agzybirligi, döwletliligi, rysgallylygy, bagtly ýaşaýşy görünýär.

Güýz

Bir süýjüje duýgy dolup ýürege,Başly-barat oýlar täsin tijener.Uzaltmaga aşyklaryň söhbedin,Gör-ä, kem-kem uzap barýar gijeler. Arzuwçylja alty ýaşly körpejäňMekdebe howlugşyn, tolgunşyn synlap,Diýýän: «Garaşmaklyk neneň ýakymly»,Diýýän: «Garaşmaklyk neneňsi kyn zat».

Ykbal kuýaşy

(Oýlanma) Ejem jan! Seniň adyňy dile getirenimde meni diýseň üýtgeşik duýgy gaplap alýar. Käteler bolsa bokurdagym dolup, gözlerime ýaş aýlanýar. Näme üçin beýle bolýarka? Bu sowal akylymda aýlanyp dur. Ýa bu ähli ynsan balasynda hem şeýlemikä? Göwnüme bolmasa, diňe men şeýle üýtgeşik, näzik duýgyny başdan geçirýän ýaly bolýaryn. Hawa, käbäm, bu ýakymly duýgular çagajygymy hüwdülänimde has hem güýjeýär. Bular, megerem, begenç gözýaşlary bolsa gerek.

Kitaplar dünýäsine syýahat

27-nji awgustda Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrabynyň Azady köçesiniň ugrunda ýerleşýän «Türkmenkitap lomaý-bölek birleşigine» degişli durky täzelenen 4-nji kitap dükany 1-nji sentýabr — Bilimler we talyp ýaşlar gününiň öňüsyrasynda kitap söýüjiler üçin öz gapylaryny giňden açdy. Bu ýerde Gahryman Arkadagymyzyň jöwher zehininden dörän eserleri, ýurdumyzyň belli ýazyjy-şahyrlarynyň çeper eserleri, çagalar üçin niýetlenen kitaplar, ylmy edebiýatlar, mekdep okuwçylary üçin dürli esbaplar hemmeler üçin elýeterli edilipdir. Kitaplar dünýäsine aýlanyp, dükanyň müdiri Mährijemal Durdymämmedowa bilen söhbetdeş bolanymyzda, ol şeýle gürrüň berdi:

Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» kitabyndaky hekaýatlar we rowaýatlar ummanyndan

... Muhammet Baýram han Türkmeniň Mogollar hökümdarlygynyň şöhratlanmagynda goşandynyň uludygy barada başda hem ýatlapdym. Ol şahyrlara, alymlara, akyldarlara köp sahawat edipdir. Olara köp engam berdiripdir. Käteler onuň hazynasynda ýeke teňňe galmaýan halatlary hem bolupdyr. Şonda-da Baýram han halkymyzyň häzirki döwür üçin örän ýörgünli bolan «Çykdajy çykman, girdeji girmez» diýen pähimini ýörelge edinipdir. Şahyr, akyldar, alym adamlaryň hem hüý-häsiýetleri özboluşly, olaryň ýüregi heserli bolýar, şonuň üçinem käteler olaryň höwes edýän zatlaram täsin bolýar. Bir gezek döwrüniň ussat şahyry meşhur serkerdä: — Bir jam tyllany eliňde saklap görseň nähili bolarka, bu adama nähili täsir edýärkä? — diýip, sowally ýüzlenipdir. Baýram han şolbada:

Akyldaryň hormat goýan ussady

Döwürleriň we köňülleriň şahyry dana Magtymgulynyň at-owazasy Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe has-da belende galdy. Akyldar şahyryň edebi mirasy Watana, onuň keremli topragyna bolan beýik söýgä, belent duýga eýlenendir. Magtymgulynyň döredijiligi bilen içgin gyzyklanan A.N.Samoýlowiç şahyryň döredijiligine Hekim atanyň güýçli täsir edendigini nygtap: «Hywada dini bilim alan türkmen şahyry Magtymgulynyň öňki horezmli sopy Hekim atanyň edebi eserleri bilen baglanyşyklydygy şübhesizdir» diýip ýazypdyr. Ol Magtymgulynyň «Hezarystana sary» we Hekim atanyň «Şeýhim Ahmet Ýasawy» diýen goşgularyndan şu aşakdaky iki bendi mysal getiripdir:

Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna

«Hemle urup, iki şamar oýnaşar» (Magtymgulynyň şygyrlarynda ýylan — aždarha keşbi)

Ilkinji jaň kakylýar

Gözel ýurdumda bu gün —Ilkinji jaň kakylýar.Göge göterlip göwün,Ilkinji jaň kakylýar. Güýzüň ilkinji Güni,Böwsüp çykanda tüni,Açylyp göwün güli,Ilkinji jaň kakylýar.

Şygryýet äleminiň şasy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz halkymyzyň baý medeniýetini, Magtymguly Pyragynyň döredijiligini öwrenmäge hemde çuň manyly şygyrlaryny halkara jemgyýetçiligine ýaýmaga giň ýol açdy. Şahyryň belent joşguna, çuň ylhama ýugrulan şygyrlarynyň agramly bölegi ynsanlaryň ahlak terbiýesine, ylymlybilimli bolmagyna bagyşlanýar. Şoňa göräde akyldar şahyrymyzyň döredijiligi ykbalyny nesil terbiýesine bagyşlan mugallymlar üçin gymmatly edep hazynasy bolup durýar. Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň goşgulary özüniň halkylygy, çeperçilik derejesi, çuň manylylygy, pikir goýazylygy, umumadamzat meselesine dahylly ynsanperwer pikirleri bilen dünýä edebiýatynda mynasyp orun aldy. Şahyr şygyrlarynda gadymy we orta asyrlar edebiýatynyň däplerini dowam etdirmek bilen, nusgawy derejä ýeten pikirleri arkaly türkmen edebiýatynda ajaýyp şahyrana mekdebi döretdi. Şeýle bolansoň şahyryň gymmatly edebi mirasy diňe bir ildeşlerimiziň däl, eýsem, dünýä halklarynyň arasyndada paýhas ummany hökmünde sarpalanylýar we öwrenilýär, ýadygärlikleri bina edilýär. Munuň şeýledigine Türkmenistanyň halk suratkeşi, Magtymguly adyndaky Halkara baýragynyň eýesi, heýkeltaraş Saragt Babaýewiň döreden heýkelleriniň Stawropol, Astrahan, Ankara şäherlerinde goýlandygyda anyk mysaldyr. Ussat heýkeltaraşyň Magtymguly atamyzyň keşbinde döreden iň uly heýkeli bolsa p

Dürler hazynasy

(Hekaýa) Dynç günüdi. Ejemdir kakam enemlere gidipdiler. Ýola düşmezden öňürti ejem maňa öýde etmeli işlerimi birinbirin düşündirdi. Içerileri süpürişdirip, mebelleriň tottozanyny aýyrmalydym. Dogrusy, men bu işlere werziş bolup gidipdim. Özümi bilelim bäri ejeme elaýak ýaly bolup kömek bererdim. Şol sebäpli höwes bilen işe girişdim. Ilki giň otaglarda ýazylan halylaryň üstüni tozan sorujy arkaly birkemsiz arassaladym. Soňra poly öl esgi bilen süpürdim. Indi gezek tekjeleriňkidi. Maňa bu iş has ýaraýardy. Kitaplar tertipli ýerleşdirilen tekjeleri arassalamak uly höwes bilen ýerine ýetirýän işimdi. Sebäbi ol kitaplar meniň «dostlarymdy». Hawa, hut şeýle. Olar meniň iň wepaly, iň mähriban syrdaşlarymdy. Kitaplaryň köpüsini gaýtalapgaýtalap okapdym. Bu gezek hem «dostlarymyň» ýanyna höwes bilen bardym. Kitaplaryň her birini mähir bilen elime alyp, olara siňen tozanlary yhlas bilen aýryşdyrdym.

Tomus

Zer tomus, zerbap tomus,Göwnüme kybap, tomus,Täsin pursadyň kalbymBezesin herbap tomus. Gallaly il — bagtly il,Bugdaý rysga bor kepil,Daýhan ýer diýip sepil,Işlär der döküp, tomus.

«Eý, mekdebim jana-jan...»

(Oýlanma) Heniz çagakam, aga-gara ýaňy düşünip ugran wagtymyz ulular: «Körpeje, ulalaňda kim boljak?» diýip soranlarynda: «Mugallym boljak» diýerdim. Deň-duşlarymyň bolsa kimsi lukman, kimsi aýdymçy, kimsi uçarman bolmagyň arzuwyndady. Täze bir dünýä gadam basýan gara galpaklyja, akgaýma tahýalyja oglanlaryň, gara gulpaklyja, akja öňlükli gyzjagazlaryň hatarynda meniňem «Mekdep» atly bir uly dünýäniň gapysyndan ätlänim ýaňy ýalydy.

Annadurdy mollaşahyry ýatlap

Meni ilkinji gezek atowazasy halkyň arasynda giňden ýaýran Annadurdy mollaşahyr bilen türkmen nusgawy edebiýatynyň görnükli wekilleriniň biri serkerde şahyr Seýitnazar Seýdi «duşurdy». Bu, hakykatdanda, şeýle bolupdy. Türkmenistan Garaşsyzlygyna eýe bolandan soňra şöhratly taryhymyz, halkymyzyň geçmişine şan getiren beýik şahsyýetlerimiziň bitiren beýik işleri, ömür ýollary ylmy esasda has giňişleýin öwrenilip başlandy. Bu tutumly işler bilen birlikde görnükli şahsyýetlerimiziň ýurdumyzyň dürli künjeklerinde, dogduk mekanlarynda heýkelleri oturdyldy. Açylyş dabaralarynyň döwlet derejesinde geçirilip, olara görnükli ýazyjyşahyrlaryň, alymlaryň, medeniýetsungat işgärleriniň gatnaşmaklary bolsa, bu çäreleriň gymmatyny hasda artdyrdy. Şeýle şowhunly dabaralaryň biri — serkerde şahyrymyz Seýitnazar Seýdiniň heýkeliniň açylmagy mynasybetli 1993nji ýylyň maý aýynda şol wagtky Garabekewül etrabynyň Soltanýazgala geňeşliginiň çäginde ýerleşýän, ilat arasynda aýdylyşy ýaly, Soltanýaz begiň galasynyň deňinde, alysdan seleňläp görünýän gyryň üstünde geçirilipdi. Nusgawy şahyryň heýkeliniň açylyş dabarasyndan soňra hatara dikilen ak öýleriň birinde ilkinji gezek Annadurdy aga bilen tanyşmak, çaý başynda söhbetdeş bolmak bagty miýesser etdi. Onuň pespälligi, nurana ýüzüne kybapdaş sesi, gürrüň berýän wakasyna beletligi, söhbediň täsirli ýerlerini ýüzüniň ugruna goşgy bilen beýan etmegi bu ýe

Tymsallar

Dananyň maslahaty Bir zenana durmuşy örän agyr ýaly bolup görnüpdir. Şol sebäpli ol maslahat sorap, dana gojanyň ýanyna gelipdir. Ol zenany diňläp, oňa şeýle maslahat beripdir:

Dosmämmet

Aýryldyk Eý, agalar, arzym size sözlesem,Seýitjemaletdin pirden aýryldyk.Tapylarmy, saýýat bolup yzlasam,Şahy-Möwüt, Weli şirden aýryldyk.

Söz manysy

Galbir Türkmen dilinde ulanylýan sözler dilimiziň sözlük gorunyň örän baýdygyny aňladýar. Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň goşgularyny okanyňda, köp köne sözleriň manysyna düşünip bolýar. Akyldar şahyryň «Gumly çykypdyr» atly goşgusynda:

«Tolkunlar» goşgular toplumyndan

Kenaryňa geldim Kenaryňa geldim, ýürek gobsundy,Derdimi paýlaşdym tolkunlaň bilen. Kenaryňda ýaz şemaly öwsende,Diňe sendiň deňzim, göwnümi alan.

Beýik söz ussady

On ýyl mundan ozal, Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 290 ýyllygyna bagyşlanyp ýazylan eserleri ürç edip okapdym. Şol eserlerden eden köp sanly belliklerim häzirem meniň gündeligimiň sahypasyny bezeýär. Olaryň aglabasy dünýäniň beýik şahsyýetleriniňdir görnükli söz ussatlarynyň köňül nagyşlaryndan parçalar. Bellikleriň arasyndan käbirine ýüzlenesim gelýär. ...Magtymgulynyň täsirli sözleri asyrlarboýy saklanyp galar. Häzirki wagtda men şol sözleri Şekspiriň, beýik ukrain kobzary Taras Şewçenkonyň ölmez-ýitmez döredijiligi bilen deň derejede deňeşdirip bilerin.

Arkaýynlyk — bu bikär ýatmakdyr

Birsydyrgyn durmuş, gaýgy-aladasyz ýaşamak, gör, nähili oňat! Bu sözler gulaga her näçe hoş eşidilse-de, beýle durmuşda ýaşamak, o diýen gowy bolmasa gerek. Göz öňüne getirip görüň, ähli maksatlaryňyza, isleg-arzuwlaryňyza ýetmegiňiz özüňizi boşlukda ýaly duýmagyňyza sebäp bolmazmy?! Şeýle-de, eýsem, Ýaradan bu dünýäni biziň şeýle durmuşda ýaşamagymyz üçin ýaratdymy?! Elbetde, ýok! Emma näme üçindir, biz azarsyz-bizarsyz, arkaýyn ýaşamagyň arzuwynda. Jemgyýetde şeýle adamlar bar: olar ähli şertleri bar hem bolsa, bikär ýaşamakdan daşda durýarlar. Gaýta olar köpçülige peýdaly işleri bitirip, ýagşylyk medeniýetini ýaýmak isleýärler, kalplara ýagşylyk paýlaýarlar, ynsanlara kömek goluny uzadyp, halal ýaşaýşa ymtylýarlar. Şu ýerde bir kyssa ünsüňizi çekesim gelýär. Onda: «Melleginde müň batman hasyl alyp biljek bir kişi, diňe öz ýaltalygy we höwessizligi zerarly dokuz ýüz batman hasyl alsa, aradaky ýüz batmanyň hasaby ondan soraljakdyr. Ynsanlara peýdaly bolmakdan gaçýan, muny-da takwa we terkidünýälik hasaplaýan kişi, şeýtandan başgasyna uýan däldir» diýilýär. Bu aýdylanlar ýaşaýyş üçin hereketsiz bolmak däl-de, öz hereketiň bilen adamlara görelde görkezmek hakyndadyr. Şunlukda, dünýä geleniňden soň durmuşdan ýerlikli peýdalanmagy başarmaly we muny beýlekilere-de öwretmäge çalyşmaly. Ýagşylyk medeniýetini ýaýradýanlar, esasan, döredijilik adamlarydyr. Ýazyjylar, şahyrlar, kompozi