"Mugallymlar gazeti" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-53, 39-96-41, 39-96-40
Email: mugallymlar-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Kyssa

Ýatagy täzelense-de... Hojalyga tutumlyrak zatlary almaly bolanda Artyk bazara tanşy bilen giderdi. Bu gezek bir özi gaýdyp, mal bazarynyň o çetinden bu çetine şunça aýlansa-da, bogan sübsesi bolmady.

Rowaýat

Gyzyl alma Ir döwürde bir küren obanyň çetinde goja bagbanyň bagynda ýeke düýp alma agajy ösüp oturan eken. Ol wagtlar ähli alma agaçlarynyň miwesi ak reňkli bolupdyr. Bagban ol baga, diýseň, yhlasly ideg eder eken. Her ýyl bahar gelip, alma agajy birenaýy güllände, onuň töwerek-daşy has görklenen ýaly bolýar eken. Miwe ýetişensoň şahalaryndaky ap-ak almalara göreniň gözi gidip, “tüweleme” diýer ekenler.

Paýhas ummanynyň ägirdi

Magtymguly etrabynyň Magtymguly Pyragy muzeýinde gezelençde bolup, ol ýerdäki gymmatlyklary synlanyňda akyldar şahyryň ýaşan döwri, geçen durmuş ýoly bilen ýakyndan tanyş bolýarsyň. Muzeýiň binasynyň öňünde oturdylan paýhas ummanynyň ägirdi — ussat şahyryň heýkeli, daş-töweregindäki nusgawy edebiýatymyzyň görnükli wekilleri bolan Mätäjiniň, Keminäniň, Seýdiniň, Mollanepesiň, Magrupynyň, Zeliliniň heýkellerini synlap, ýurdumyzda söz sungatynyň ägirtlerine goýulýan sarpanyň belentligine ýene bir gezek göz ýetirýärsiň. Döredijiligi dünýä edebiýatynyň genji-hazynasyna, Jemşidiň jamyna deňelýän söz ussady Magtymguly Pyragy türkmen edebi dilini ösdürmäge mynasyp goşant goşan, berkarar döwleti arzuwlan nusgawy şahyr hem beýik şahsyýetdir. Magtymguly Pyragynyň ylymly-bilimli, dana şahyr bolup ýetişmeginde onuň pederi Döwletmämmet Azadynyň zähmeti, görüm-göreldesi örän uludyr. Maglumatlardan belli bolşy ýaly, Azady öz döwrüniň ylymly, düşünjeli, giň dünýägaraýyşly adamlarynyň biri bolupdyr. Onuň ussatlyk bilen ýazan «Wagzy — Azat», «Behiştnama» ýaly eserleri halkymyz üçin gymmatly mirasdyr. Magtymguly Pyragy ilkinji bilimi öz pederi Döwletmämmet Azadydan alypdyr. Akyldar şahyryň: «Ylym öwreden ussat kyblam pederdir» diýip şygrynda nygtamagy muňa aýdyň subutnamadyr. Soňra şahyr «Idris baba», «Gögeldaş» medreselerinde okap, ylym-bilim alýar. Ol bilimini has-da artdyrmak maks

Ýürek sesi

* * * Gijäniň tümünden däl, ýalňyzlygyň tümünden sogrup alsana meni. Garaňkylyk irde-giçde ornuny ýagtylyga berer, ýöne ýalňyzlygyň tümi haçan ornuny mukaddes söýgi bilen doldurarka?! Ýaşyl ýapraklar saralar, soňra olar topraga siňer. Ýaprak siňen toprakdan ýene täze daragt gögär. Günler aýa, aýlar ýyla sepleşer gider, ýöne wagtyň bagt bilen sepleşip gitmegi hemişe mümkinem däl ýaly görünýär. Gowusy sen bu zatlara ynanma, sen bagty döredip bolýandygyna ynanýaň ahyryn... Bu barlyk bize geňeşilmezden döredildi, söýgem geňeşde ýüze çykýan zat däl, gaýtam, ol ynamdan döreýän zat ahyryn. Öňem eý görýänlerimiň has üýtgeşiginiň aýdyşy ýaly, bagtyň 97 göterimi berilýämişin, menem näme galan 3 göteriminem çyn söýgi bilen dolduraýsam diýýän.

Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna

Dünýä içre beýik şahsyýet «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Gündogaryň beýik şahyry we akyldary, türkmen nusgawy edebiýatynyň görnükli wekili Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk şanly senesi giňden bellenilýär. Onuň döredijilik mirasy bahasyna ýetip bolmajak milli gymmatlyk hökmünde dünýä medeniýetiniň hazynasynyň aýrylmaz bölegine öwrüldi. Birnäçe asyrlaryň geçendigine garamazdan, türkmen halkynyň görnükli oglunyň döreden eserleri özüniň ähmiýetini ýitirmän, ýurdumyzdan has uzaklarda-da uly meşhurlyga eýedir. Sebäbi olarda Watana söýgi, ynsanperwerlik, parahatçylyk söýüjilik, döredijilige, dost-doganlyga çagyryş ýaly hiç wagt ähmiýetini ýitirmejek umumadamzat gymmatlyklary öz aýdyň beýanyny tapýar.

«Magtymguly Pyragy — umumadamzat paýhasynyň parlak ýyldyzy» atly bäsleşige

Şygryýet äleminiň şasy Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda beýik şahsyýetlerimiziň sarpasy belende galdyrylýar.

Algyn pendim, jigerbendim!

Mertebe — ömrüň manysy Türkmen halky ynsan üçin durmuşda möhüm bolan gymmatlyklaryň ençemesini kesgitläpdir. Ata-babalarymyzyň «Mertebäň belent bolsun!» diýmegi-de ýönelige däldir. Ynsan ömrüniň manysy mertebeli ýaşaýyşda jemlenendir. Il içinde belent mertebeli adamlaryň sylag-hormaty beýik bolupdyr. Durmuşda mertebe diýen düşünjä dürli garaýyş bar. Mertebäni her kim bir ýerde, ýagny biri ylymda, biri baýlykda görýär. Umuman, mertebe diýen düşünjä bolan garaýyş dürli manyda ýaýrandyr.

Başarjaň öý bikelerine

Ýumurtganyň gabygyny aňsatlyk bilen aýyrmak üçin gaýnap duran suwa bir nahar çemçe gabartma tozuny ýa-da sirke goşmak ýeterlik. * * *

Göwnümiň gözläni güýzüm

(Oýlanma) Jöwzaly tomus bizden arany açyp, ýene-de güýz geldi.  «Güýzüň ajaýyp keşbini synlaýyn» diýip, seýilgähdäki oturgyçlaryň birinde ornaşdym. Altyn güýzüň sary reňkine bürenip ugran tebigatyň ajaýyp keşbi bar. Ony synlamak örän ýakymly. Baglaryň saralyp ugran ýapraklary toý pişmesini ýadyňa salýar. Bu gözel keşbi surata ýa-da goşgy setirlerine geçirip, wasp etmek üçin, elbetde, ussat suratkeş ýa-da zehinli şahyr bolmaly, olaram menden uzakdaky belentlikler. Bar başarjak zadym — güýz bilen ikiçäk söhbet etmek. 

Watanym

Halkymyza ýaran eşretli durmuş,Barha kuwwatlanýar eziz Watanym.Ähli pudaklarda ösüş, galkynyş,Barha kuwwatlanýar eziz Watanym. Mertebäň beýikde, belentde Tuguň,Ösüş-özgerişe beslenýär ýoluň,Kalby buýsançlydyr bagtyýar iliň,Barha kuwwatlanýar eziz Watanym.

Beýik şahyra hormatyň belentden ýaňlanan owazy

Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna «Adyň dünýä doldy, dana Pyragy» atly bäsleşige

Akyldaryň sarpasy arşa galýar

Adyň dünýä doldy, dana Pyragy» atly bäsleşige Magtymguly Pyragynyň şygyrlary üstünden ýüzlerçe ýyl geçse-de, dillerimiziň senasy bolup ýaňlanýar. Durmuşda islendik jedelli mesele ýüze çyksa, Magtymguludan mysal getirilse, şol meseläniň öz çözgüdini tapdygy hasap edilýär. Şahyryň akyl-paýhasa ýugrulan şygyrlary adamkärçiligiň, watançylygyň, mertligiň, ahlagyň... ölçeg daşy bolup kalbyňa dolýar. Eline galam alyp, edebi döredijilige baş goşan adamlaryň ählisi akyldar şahyrymyzy özüniň baş halypasy hasaplaýar, onuň goşgularyny höwes bilen okaýar, ondan öwrenýär.

Watansöýüjiligiň beýik mekdebi

Akyldar şahyr Magtymguly Pyragy edebi mirasymyzy baýlaşdyryp, türkmen edebiýatynyň, diliniň ösmegine, kämilleşmegine ägirt uly goşant goşdy. Magtymgulynyň şygyrlary halk durmuşyna içgin we çuňňur aralaşan eserlerdir. Şahyr bitewi bir döwlet gurmak, mukaddes topragy jan-dilden söýmek, ata-enäni hormatlamak, özüňden ulyny sylamak, ejizlere kömek etmek, ynsanperwerlik, söýgi meselelerine yzygiderli ýüzlenipdir. Onuň döredijiligi — giň hem köptaraply. Onda durmuşy şygyrlar esasy orun tutýar. Älem-jahany keşt eden dana şahyr Watanyňy, halkyňy hemişe başyňa täç etmelidigini, öz iliňden, ýurduňdan özge eziz ýeriň ýokdugyny «Mert bolmaz» diýen şygrynda şeýle beýan edýär:

Dürdäne şygyrlary — şugla saçýan şamçyrag

Gündogaryň dünýä meşhur akyldary, dana şahyr Magtymguly Pyragynyň şan-şöhraty Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bütin dünýä ýaýylýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň umumadamzat gymmatlygyna öwrülen eserlerini dünýä ýaýmak baradaky tagallalary, bu ugurda bitirilýän işler bizi juda begendirýär. Hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda gözel paýtagtymyzyň täsin tebigatly künjeginde, Köpetdagyň eteginde akyldar şahyryň beýikligi 60 metre barabar bolan ýadygärliginiň we «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynyň açylmagy ýurdumyzyň taryhynda unudylmajak waka bolup, kalbymyzda hemişelik orun aldy. Munuň özi görnükli söz ussadyna goýulýan belent sarpanyň kepilidir. Dana şahyrymyzyň bize goýup giden baý, gymmatly edebi mirasy ýaş nesilleri watansöýüjilik, ynsanperwerlik, hoşniýetlilik ruhunda terbiýelemekde möhüm ähmiýete eýe bolan ýol görkeziji şamçyragdyr. Türkmen edebiýatynyň düýbüni tutup, Ýer ýüzüne äşgär eden ussadyň şygyrlary dünýä edebiýatynyň altyn hazynasydyr, umumadamzadyň ruhy baýlygydyr. Şeýle bolansoň, onuň dürdäne şygyrlary dünýä ýüzüniň okyjylaryny hem hemişe gyzyklandyryp gelýär. Beýik şahyryň doglan gününiň 300 ýyllyk ýubileý toýy mynasybetli türkmen, rus we iňlis dillerinde aýratyn kitaplar görnüşinde «Magtymguly» atly täze kitabyň çap edilmegi şahyryň şygyrlarynyň muşdaklary üçin ajaýyp

Ýagyş

  (Tymsal) Deňziň üstünde ýagyş ýagýar eken.

Süýji düýş (Hekaýa)

Gyzjagaz entek okuwa gidenok. Enesiniň aýtmagyna görä, ol haçan-da towşanlar çöpe girip ugrandan soň gitmeli. Oňa bolsa entek ellenmän ýatan üç aý bar. Ýöne gyzjagaz okuwa gitmeýän hem bolsa, harplaryň ählijesini bäş barmagy ýaly bilýär. Ony enesi kitap açdyrman öwretdi. Ol beýle bir kyn hem däl, ýöne onuň üçin janly tebigatyň — sähralaryň dilini öwrenmeli. Öwrenseň bolsa, sen sähralar bilen biri-biriň ýaly gepleşip bilýäň. Şonuň üçin gyzjagaz her gün irden turup, göni maňlaýlaryndaky beýige — Akmaňlaýyň üstüne çykýar. Onuň ýüzi bolsa yzdan doly. Ol gyzjagaz üçin uly harplyk. Ynha, bu «a» harpyna meňzäp duran ene çürçüriniň yzy. Bu ýerde-de, alakalar özleriniň keltejik aýaklary bilen «b» harpyny ýazyp gidipdirler. Tomzakdyr jykjygyň yzam «J» harpyna juda meňzeş. Gaharjaň şagalyň yzy bolsa, agynjak «ö» harpynyň özi. Bu «ç» harpyny aňladýan hem ötegçi durnalaryň yzy. Ynha, bu ýerde bolsa zemzendir suwlugan «ü» harpyny ýasap, suwlup gidipdir. Görl-e muny, bu ýerde gannalynyň yzam bar, ol üýtgewsiz «z» harpy. Olar kän, kän hem bolsa gyzjagaz olaryň ählisini — otuz harpyň barjasyny bilýär. Sanlary bolsa enesi oňa gök asmanyň ýüzündäki ýyldyzlardan öwretdi. Gijelerine olar mesaňa bolup, petreşip durlar. Enesi olaryň hersiniň adyny tutýar. Tirkeşýän ýyldyzlar. Olar aýratyn lowurdap görünýär. Özlerem dört sany. Olaryň birinjisi «Ülker». Ol alty sany öçüp-ýanyp duran topbajyk ýyldyz. Ik

Güýzüň görki sary ýaprak

«Güýzüň görki sary ýaprak». Mamam şu setiri hemişe gaýtalamagy gowy görýär. Her gezek güýz gelse, ýaşy segsene ser uran hem bolsa, onuň kaddy ekezlenen ýaly bolýar. Mamam güýz paslyny juda gowy görýär. Ol güýzüň aşygy. Men çagalykdan mamamyň ýanynda ösüp-ulalamsoň , onuň bilen güýzde durnalaryň toýnuk gurap gidişini synlamagy endik edinipdirin. Sary ýapraklaryň çybşyldap ýere gaýyp düşüşini görüp, men häzir hem mamamy ýatlaýaryn. Ol häzir obada sary ýapraklary mähribanlyk bilen synlaýandyr, durnalara-da maýyl bolup bakýandyr. Men hem paýtagtymyzyň iň gözel seýilgähleriniň birinde güýzüň görkli günlerini çäksiz şatlyk bilen garşy alýaryn. Gezim etmegi ýürekden halaýaryn. Asmana seretdim, bir ýerlerden gara bulutlar top-top bolup geldiler-de, güýzüň görküniň göwheri bolan damjalary paýradyp goýberdiler. Ýagşyň damjalary ýaňagyma degende, birneme tisgindim-de ýatlamalar bilen bagly pikirlerimden aýňaldym. Mamama jaň etdim, hal-ýagdaýy bilen gyzyklandym. «Mama, güýz ýagşy ýagýar» diýsem, ol: «Bärde-de ýagýar» diýip şadyýan sözledi. Biz onuň bilen kän gürrüňleriň başyny agyrtdyk. Mamam ýapraklar hakynda söz açyp, Gurbannazar şahyryň: «Söýýän güýz paslyny, sarylygyny» diýen setirlerini zybanyna getirdi. Kalbymda «Gurbannazar ýazda dogulsa-da, güýzüň şahyry» diýip, gazet sahypalarynyň birinden okan pikirim peýda boldy. Men mamama Gurbannazar şahyryň: Syr alyp syr berişýänSöw

Sen bolmasaň

Güýz ýapragy ýaly meňzim saralyp,Tänip gaçardym men ömür şahamdan.Ýanymda bolmasaň dünýe daralyp,Gaýgy-hasrat ýapyşardy ýakamdan. Nämüçin ýaşaýan, maksadym näme,Özümem bilmezdim manysyn ömrüň.Sen bolmadyk bolsaň — söýmedik bolsam,Bagta garaşyplar soňlardym ömrüm.

Berkarar döwletiň bagtly ýaşlary

Jenneti mekanly, eziz Diýarly,Berkarar döwletiň bagtly ýaşlary.Belent maksat tutan, arzuw-hyýally,Berkarar döwletiň bagtly ýaşlary. Pederleriň durmuş sapagyn diňlän,Pendi-nesihatyn ýürekden oňlan,Ykbaly göterlen, işleri şowlan,Berkarar döwletiň bagtly ýaşlary.

Aýdyşyk (Hekaýa)

Durdy şahyrdan gelen hata Magtymguly geň galdy. Ony çendirli Nazaraly sopy gapdalynyň dogaýy salamy bilen elin getirip gitdi. Şahyr düýrlengi kagyzyň gatyny howlukmaç açdy-da, haty gözüne golaý eltdi. Ondaky ýazylanlary bir demde okap çykdy. Bu okalyş Magtymgulyny kanagatlandyrmady. Şahyr şygyr bentleriniň her bir setirini howlukman, ünsli okap çykanyndan soň, onuň göwni ynjalyk tapdy. Bu Durdy şahyryň gözýetiminiň giňliginden, düşünjesiniň zyýatdygyndan habar berýärdi. Şahyry iňkise goýan zat şu pikirler boldy: «Sowallaryma tiz hem dogry jogap berilmegi pikir ýöredişimiň ýöntemliginden, sowadymyň şindi kemterliginden bolaýmasyn? Bu barada ylym atamy habardar edeýin». Magtymguly ädimlerini giňden urup, öýden çykdy.