"Mugallymlar gazeti" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-53, 39-96-41, 39-96-40
Email: mugallymlar-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Keçe ýylysynyň ýakymy

«Adam eli, gyzyl gül» diýleni. Gözellige, bagta teşne bolup, gowulyga ymtylmak, süýji arzuwlary hemra edinmek adamyň tebigatynda bar. Zenanlarymyzyň  mähir-yhlas siňdirip döredýän ajaýyp milli mirasy bolan keçeleri bileklerinde basyp, çeper ellerinde sünnäläp ýylysy ýakymly ajaýyp keçelerimiz zenan kalbynyň syrly hazynasydyr.

Magtymgulynyň halallyk ýörelgesi

Türkmen jemgyýetiniň ruhy dünýäsinde bolup geçýän özgerişler örän giň we çuňdur. Her bir jemgyýetiň ruhy dünýäsi onuň ýaşaýşynyň we ösüşiniň wajyp tarapy bolup çykyş edýär. Türkmen jemgyýetinde adam öz hereketlerini milli däp-dessurlar, ahlak gymmatlyklary esasynda ugrukdyran ýagdaýynda üstünlikleri gazanýar. Şu nukdaýnazardan, Magtymgulynyň ynsaply ýaşaýyş taglymatynyň juda zerurlygy ör-boýuna galýar. Milli Liderimiz: «Ynsaply ýaşaýyş raýat jemgyýetiniň, demokratik döwletiň iň ýokary kemala gelmesi bolup durýar» diýip belleýär. Akyldar şahyrymyzyň ynsaply ýaşaýyş paýhasy halallygy haramlyga garşy goýmak başarnygy bilen, adamyň öz gujur-gaýratyna, pähim-paýhasyna laýyk bolan ykbalyna kaýyl bolmagyny hem göz öňünde tutýar. Şahyryň döredijiligi öwrenilende, onuň dünýägaraýyş gapma-garşylygyny birikdirýän ölçegi gözleýän filosofiki garaýşyny aňlamak örän wajypdyr. Şol ölçegi akyldar şahyr özüniň «Adamzat» diýen goşgusynda: Bu dünýä mülkünde soltandyr, şadyr,Kysmatyna kaýyl bolsa adamzat

Dillerde dessan Pyragy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe beýik ösüşlere beslenýän güneşli Watanymyzda türkmen halkynyň ençeme müňýyllyklaryň dowamynda döreden gymmatly taryhyny, edebi, medeni mirasyny çuňňur öwrenmäge giň mümkinçilikler açyldy. Türkmen edebiýatynda baý we çuň manyly edebi mirasy döredip, öçmejek yz goýan beýik şahsyýetleriň biri hem Magtymguly Pyragydyr. Beýik akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň döredijiligi türkmen halkynyň milli buýsanjyna öwrüldi, onuň akyl-paýhasa, inçe duýga ýugrulan şygyrlary dünýä medeniýetiniň altyn hazynasyna girdi. Akyldaryň bahasyz eserlerinde her bir ynsanyň ýaşan ömründe il-güni üçin bähbitli işleri özünden soňky nesillere miras goýmagy ündelýär. Şahyryň şygryýet dünýäsi taryhy köklerini örän uzak asyrlardan alyp gaýdýan, halkyň arasynda sünnälenen durmuşy döredijilik bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Şahyr halk döredijiliginiň baý nusgalaryndan özboluşly peýdalanmagyň ussady bolupdyr.

Çaga şaý-sepleri

Çaga nesil dowamaty hasaplanýar. Şeýle bolansoň mähriban enelerimiz çagalaryny kiçijikliginden dürli şaý-sepler bilen bezäpdirler. Kiçijik çaga özboluşly bezeg berýän şaý-sepler bilen baglanyşykly ajaýyp setirler enelerimiziň hüwdülerinde hem öz mynasyp ornuny tapypdyr. Çaga tahýasynyň depesine, kürtekçesiniň arkasyna dakylan, tegelek bazbent onuň syratyny ykjam saklamaga, özüni dogumly duýmaga täsir edýär. Bazbent — altyn çaýylan, ösümlik nagyşly, kümüşden ýasalan şaý-sep bolup, hakyk daşy bilen bezelipdir. Bazbendiň iki tarapyna kümüş tumarlardyr şelpeler hem berkidilipdir.

Dünýä deňelen düýäm

Halkymyzyň milli gymmatlyklary bolan ahalteke bedewi, arwana düýesi, wepaly alabaýy we saryja goýny gadymy döwürlerden bäri her öýde arzylanyp saklanypdyr. Özüniň eti, süýdi, çaly, agarany bilen dürli derde derman bolýan düýe maly türkmeniň iň gymmatly baýlyklarynyň biridir. Bir örküçli düýä arwana düýesi diýilýär. Bu düýeler özüniň asudalygy, çydamlylygy bilen tapawutlanyp, olara aýratyn ideg gerek bolmandyr. Ýurdumyzyň çäginde bir örküçli we iki örküçli düýeleriň ýaşandyklary barada taryhy maglumatlar bar. Biziň eýýamymyzdan öňki III müňýyllykda Marguşdan tapylan düýe heýkeljikleri we boýy 40 santimetr bolan kümüş gabynyň ýüzünde ýerleşdirilen iki örküçli düýeleriň şekilleri munuň aýdyň mysalydyr. Altyndepede tapylan düýä tirkelen dört tigirli arabanyň palçykdan ýasalan şekili hem mundan IV müň ýyl ozal Türkmenistanyň çäginde düýedarçylyk bilen meşgullanylandygyny görkezýär.

Milli medeniýetimiz dünýä ýaýylýar

27-nji iýulda Daşary işler ministrliginde BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň mejlisi geçirildi. Oňa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlary, ugurdaş ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar. Mejlisiň gün tertibine toparyň şu ýylyň alty aýynda ýerine ýetiren işlerini, «Beýik Ýüpek ýoly: Zerewşan — Garagum geçelgesi» atly köptaraplaýyn hödürnamanyň çäklerinde Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen Amul we Akjagala ýadygärliklerini gorap saklamak, konserwirlemek boýunça meseleleri ara alyp maslahatlaşmak, ýazuw ýadygärliklerini ýüze çykarmak, düýpli öwrenmek, ÝUNESKO-nyň «Dünýäniň hakydasy» atly maksatnamasynyň halkara sanawyna girizmek babatda öňde durýan wezipeler hem-de beýleki meseleler girizildi.

“Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy”

Türkmen halkynyň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy - öçmejek ruhy we ahlak gymmatlyklaryna eýe bolup, adamlaryň ruhy dünýäsinde we durmuşynda ýagşylygyň ugrukdyryjysy hökmünde olaryň aňyna baky yşyk bolup ornaşdy. Bagtyýar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ajaýyp günlerinde şatlykly hem-de bolelin durmuşda ýaşaýan agzybir we zähmetsöýer halkymyz Garaşsyz ýurdumyzyň ähli künjeklerinde hemmelere bagt we şatlyk, ýagşy umyt-arzuwlary eçilýän, “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” şygary astynda geçýän 2024-nji ýylymyz hem buýsanç, şatlyk we ruhubelentlik duýgularyna beslenýär. Bu günki gün Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öňdengörüjilikli syýasaty milli gymmatlyklarymyza, geçmişde yz galdyran ägirtlerimize sarpany ömrümiziň, durmuşymyzyň manysyna öwürdi. “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly bize şu günümize hem-de geljegimize ýalkym saçjak işleri amal etmegiň täze sepgitleriniň badalgasy bolup hyzmat eder. Akyldar şahyrymyzyň ady bilen baglanyşdyrylan ýylymyzda ähli ugurlarda joş alýan döredijilikli zähmet Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistany ösüşleriň täze belentliklerine alyp barýar. Çünki, Magtymguly Pyragynyň şahyrana mirasy diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem tutuş türki dilli halklaryň hem edebiýatynyň taryhynda ähmiýeti has ýokary bolup, adamzat bilimleriniň hazynasyna möhüm goşant goşup, dünýä edebiýatyny

Şöhratly şäheriň waspy (Ruhy şamçyrag)

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitabynda: «Kitap hiç wagt bahasy egsilmeýän, gymmaty gaçmaýan gymmatlykdyr» diýip belleýär. Hakykatdanam, kitap ynsana ruhy taýdan goldaw berýär, sagdyn pikirlenmegi, giň dünýägaraýyşly bolmagy ündeýär. Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň eserlerini okanymyzda bu hakykata ýene bir ýola göz ýetirýäris. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabyny peşgeş bermegi baý mirasymyzy, bahasyna ýetip bolmajak medeni-ruhy gymmatlyklarymyzy dünýä ýaýmakda uly goşant boldy. Kitabyň girişinde türkmen halkynyň özboluşly medeni mirasy, bu ugurda kabul edilen maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilişi, abraýly halkara guramalar bilen netijeli hyzmatdaşlygyň gözýetimleri barada maglumatlar berilýär. Kitabyň dürdäne sahypalarynda Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy (ÝUNESKO) hem-de Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) bilen hyzmatdaşlygyň giň gerimli tejribesine, bu ugurda gazanylan üstünliklere aýratyn üns çekilýär. Eserde Magtymguly Pyragynyň döredijiligine hem uly ähmiýet berilýär. Hormatly Prezidentimiz: «Magtymguly Pyragynyň goşgulary ýöne bir duýga ýugrulan goşgular däldir, ola

Saklanyp galan pursatlar

Suratda: Türkmenistanyň halk suratkeşleri Haky Allaberdiýew bilen Aýhan Hajyýew (1988 ý.).

Muzeý gymmatlyklary

Suratkeş S.G.Sarkisowyň «Änew metjidi» diýen işi. * * *

Şygryýetiň göwher täji

Berkarar döwletli bolmagyň bagtyýarlygyň baş badalgasydygy akyldar şahyrymyzyň şygryýet dünýäsine seýrana çyksaň has ýiti duýulýar. Çünki biz häzir şahyryň arzuwlan döwründe ýaşaýarys. Bu ajaýyp döwürde ýurdumyzyň halkara abraýy hem has belende galdy. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda dana şahyrymyzyň kämil paýhas hazynasynyň ähmiýetini düşündirmek  babatynda  düýpli işler amala aşyryldy. Wagyz-nesihat häsiýetli duşuşyklar we ylmy-amaly häsiýetli döredijilik bäsleşikleri yzygiderli geçirildi.

Daş­kent­de Türk­me­nis­ta­nyň mil­li ser­gi­si ge­çi­ril­di

15-16-njy iýul­da Daş­kent şä­he­rin­de «Türk­me­nis­tan­da ön­dü­ri­len» at­ly ýur­du­my­zyň ha­ryt­la­ry­nyň mil­li ser­gi­si­niň we işe­wür­lik ugur­ly beý­le­ki çä­re­le­riň ýo­ka­ry gu­ra­ma­çy­lyk de­re­je­sin­de ge­çi­ril­me­gi 2023-2024-nji ýyl­lar üçin Türk­me­nis­tan bi­len Öz­be­gis­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň ara­syn­da­ky hyz­mat­daş­ly­gy mun­dan beý­läk-de ös­dür­mek bo­ýun­ça bi­le­lik­dä­ki çä­re­le­riň Me­ýil­na­ma­sy­na la­ýyk­lyk­da al­nyp ba­ryl­ýan iş­le­riň üs­tün­lik­le­re bes­len­ýän­di­gi­ni aý­dyň gör­kez­di. 15-nji iýul­da Öz­be­gis­ta­nyň paý­tag­tyn­da ýur­du­myz­da ön­dü­ri­len dür­li gör­nüş­li önüm­le­riň ser­gi­si, Türk­men-öz­bek işe­wür­ler ge­ňe­şi­niň no­bat­da­ky mej­li­si ge­çi­ril­di. Sa­pa­ryň ikin­ji gü­nün­de bu çä­re­ler Söw­da-yk­dy­sa­dy, yl­my-teh­ni­ki we me­de­ni hyz­mat­daş­lyk bo­ýun­ça bi­le­lik­dä­ki türk­men-öz­bek hö­kü­me­ta­ra to­pa­ry­nyň 18-nji mej­li­si bi­len do­wam edip, on­da iki ýur­duň ara­syn­da­ky söw­da-yk­dy­sa­dy, yl­my-teh­ni­ki, me­de­ni-yn­san­per­wer gat­na­şyk­la­ryň hä­zir­ki ýag­da­ýy, ony ös­dür­me­giň gel­jek­ki ugur­la­ry ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­dy.

Tamdyr

Türkmenler hemişe-de döwrüne görä mynasyp ýaşamagy başaran halkdyr. Asly käri çarwaçylyk bolup, sonar öri meýdanlaryň gözleginde aglaba göçme ýagdaýda ýaşan bolsalar-da, öz ýaşaýyş-durmuşlaryna zerur bolan şertleri hem döretmegi başarypdyrlar. Şol şertleriň biri-de tamdyrdyr. Elkinçe, göçme şertlerinde ýaşan pederlerimiz göçüp baran ýerlerinde ilki öýlerini tutan bolsalar, soňra tamdyr gurupdyrlar.

Külli türkmeniň Göroglusy

Türkmen halky özüniň baý taryhynda ençeme saldamly işler bitiren beýik şahsyýetleri, gahrymanlary, ägirtleri bar bolan milletdir. Şeýle şahsyýetleriň biri-de Görogly begdir. Batyrlygyň, mertligiň nusgasy hökmünde taryha giren, türkmen halkynyň milli gahrymany Göroglynyň ady Arkadag şäheriniň döwlet atçylyk sirkine dakyldy. Görogly beg gahryman, ozan, şahandaz, degişgen, ejizlere howandar ýigidiň sypatlaryny özünde jemläpdir. Alymlar «Görogly» şadessany XV — XVII asyrlarda döräpdir diýen netijä gelýärler. Şol döwürde türkmenler çylşyrymly durmuşy başdan geçiripdirler. Göroglynyň şahsyýeti hakynda gürrüň edilende, onuň haçan dünýä inendigi barada anyk maglumat ýok. Ol XV — XVII asyrlarda ýaşap geçipdir diýip çaklamak mümkin. «Görogly» şadessanynda beýan edilişi ýaly, ol Jygalybegiň agtygy, Ady begiň bolsa ogludyr.

Medeni mirasy goramagyň hukuk binýady

Ösüşlere beslenýän döwrümizde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzda türkmen halkynyň müňýyllyklaryň dowamynda döreden medeni mirasyny toplamak, hasaba almak, öwrenmek, onuň geljekki nesillere elýeterli bolmagyny gazanmak üçin talaba laýyk goralyp saklanmagyny üpjün etmek boýunça netijeli işler alnyp barylýar we olar degişli kanunlar arkaly düzgünleşdirilýär. Şunuň bilen birlikde, ýurdumyzda medeni we milli mirasymyzyň hukuk üpjünçiligi boýunça hem köp işler amala aşyrylýar. Mälim bolşy ýaly, medeni mirasymyzyň hukuk üpjünçiligi, ilkinji nobatda, ýurdumyzyň Esasy Kanuny bolan Konstitusiýamyzda öz beýanyny tapýar. Türkmenistanyň Konstitusiýasynda we kadalaşdyryjy hukuk namalarynda medeniýeti hem-de taryhy we medeni ýadygärlikler ulgamyny toplumlaýyn ösdürmek, halkymyza medeni hyzmat etmegiň usullarynyň, milli baýramçylyklary, dabaralary guramagyň hiliniň we many-mazmunynyň derejesini ýokarlandyrmak, milli medeni mirasy has çuňňur öwrenmek boýunça öňde goýlan wezipeleri netijeli amala aşyrmak boýunça anyk kadalar kesgitlenilýär. Kitaphana, muzeý we arhiw işi, halk çeperçilik, amaly-haşam döredijiligi, gozgalýan medeni gymmatlyklary äkitmek we getirmek, taryhy-medeni ýadygärlikleri goramak ýaly ugurlardaky meseleleri düzgünleşdirýän birnäçe kanunçylyk namalaryny munuň subutnamalary hökmünde görkezmek bolar.

Ýaşlarda zähmete söýgini terbiýelemek

Ýaşlarda zähmetsöýerlik häsiýetini terbiýelemek, olaryň belli bir hünär edinmegini gazanmak şu günki günde möhüm bolup durýar. Bu aýdylanlary durmuşa geçirmek diňe bir ene-atalaryň, halypalaryň ýa-da mugallymlaryň däl, eýsem, tutuş jemgyýetiň öňündäki esasy ugurlaryň biridir. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen orta mekdeplerde hünäre ugrukdyryş sapaklaryň okadylmagy, başlangyç we orta hünär okuw mekdepleriniň açylmagy we sanynyň artmagy, edara-kärhanalarda, önümçilik pudaklarynda ýaşlar üçin iş orunlarynyň köpelmegi bu möhüm meseläniň ýurdumyzda oňyn çözülýändiginiň subutnamasydyr. Owal-ahyrda pederlerimiz çagalaryna kiçiliginden başlap zähmet terbiýesini bermegi esasy wezipeleriň biri hasaplapdyrlar. Biz munuň şeýledigine atalar sözlerinde, nakyllarda, halk döredijiliginde, nusgawy edebiýatda aýdyň göz ýetirýäris. Beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň şygyrlarynyň içinden hem zähmet terbiýesi eriş-argaç bolup geçýär. Şahyr öwüt-nesihata ýugrulan goşgularynda ýaş nesilleri çagalygyndan işe ugrukdyrmak, şeýlelikde, olary durmuşa taýýarlamak meselesini orta atýar. Şahyr özüniň «Ýigide» diýen goşgusynda:

Baldyz dony

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň «Türkmenistanyň etnografiýasy» ylmy-barlag bölüminiň ekspozisiýa zallarynda baý hem köpöwüşginli mirasymyzyň aýrylmaz bölegi bolan haly we haly önümleri, kümüş şaý-sepler, saz gurallary ýaly gymmatlyklar bilen bir hatarda, milli lybaslaryň-da dürli görnüşleri ýerleşdirilendir. Muzeýiň gaznasynda zenan maşgalalara, erkek adamlara we çagalara degişli bolan dürli donlar aýawly goralyp saklanýar. Olaryň arasynda zenan maşgalalara degişli donlardan begresi, gyrmyzy çabydy, küleçäni, pagtaly dony, baldyz donuny, erkek adamlaryň içmegini, hywa donuny, gyrmyzy dony, agarçäkmeni, gyz çagalaryň begreslerini we oglan çagalaryň gyrmyzy donlaryny görkezmek bolar. Muzeýde sergilenýän zenan donlaryny synlanyňda, olaryň biçüwdir bezegi, nagyşlary babatda ýerli aýratynlyklary görmek bolýar. Rus we türkmen etnograf alymlarynyň ýazmagyna görä, XIX asyryň ahyrlarynda we XX asyryň başlarynda türkmenleriň milli lybaslary, köplenç, öý şertlerinde, ýagny tara dokma guralynda dokalýan matalardan tikilipdir. Tarada matalar dokalanda, esasan, düýe we goýun ýüňünden peýdalanylypdyr.

Gözellige beslenen el hünäri

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Watanymyzyň röwşen geljegi bolan edep-terbiýeli, bilimli, giň dünýägaraýyşly, sagdyn ruhly ýaşlary kemala getirmek esasy wezipedir. Türkmen halky gadymy halk, onuň däp-dessurlary, edim-gylymlary, edep-terbiýesi gadymy döwürlerden bäri dowam edip gelýär. Ata-babalarymyz maşgala mukaddesligi, çagalarynyň edep-terbiýeli adamlar bolup ýetişmegi babatda nusgalyk ýoly miras goýupdyrlar. Türkmen maşgalasynda ata-enä, Watana, topraga bolan hormat uludyr. Terbiýe meselesinde pederlerimiziň goýup giden ýörelgeleri biziň üçin uly göreldedir. Edep-ekram, arassa ahlaklylyk maşgalanyň berkliginiň görkezijisi bolupdyr. Terbiýeli, sagdyn ruhly maşgala bolsa, jemgyýetiň, döwletiň daýanjy hasaplanýar.

Gadymy senediň ussatlary bäsleşdiler

Türkmenabat şäherindäki «Goşa çyrag» toý dabaralary merkezinde Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşi, Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi hem-de ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň sekretariaty tarapyndan ýurdumyzyň eli çeper zenanlarynyň arasynda yglan edilen «Gülüň owadan!» atly bäsleşigiň welaýat tapgyry geçirildi. Bäsleşigiň bu tapgyryna welaýatymyzyň dürli ýerlerinden eli çeper zenanlar gatnaşyp, türkmen milli keçesini taýýarlamakda, gadymy nagyşlary keçä salmakda ulanylýan usullar, gamyş dokamak, ýüňi saýmak, boýamak, daramak, keçelere salynýan nagyşlar we olaryň taryhy dogrusynda giňişleýin gürrüň berdiler. Olaryň keçe bilen baglanyşykly gyzykly maglumatlary rowaýatlaryň, gazallaryň üsti bilen ýetirmekleri çärä gatnaşyjylarda ýakymly täsir galdyrdy. Ýaşlarda zenan edebini, tebigy gözelligi, türkmen zenanyna mahsus asylly gylyk-häsiýetleri terbiýelemekde, milli gymmatlyklarymyza, ene-mamalarymyzdan galan ajaýyp el işlerine bolan höwesi artdyrmakda we olara miras galdyrmakda bu gadymy senediň uly ähmiýeti bardyr. Eminleriň biragyzdan gelen netijesine görä, Saýat etrabyndaky 4-nji çagalar bakja-bagynyň işgärleri Öwezgül Agajanowa bilen Şirin Akyýewa birinji, Halaç etrabynyň çagalar we ýetginjekler döredijilik öýüniň işgärleri Mähri Ahmedowa bilen Güljahan Mustakowa ikinji, Kerki etrabyndaky 21-nji orta mekdebiň türkmen dili we ede

Paýhasa eýlenen haly

Ýaňy-ýakynda «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Türkmen halysynyň milli muzeýiniň halyçylary Annanabat Durdyýewa, Enegül Allanurowa, Çemen Begdekowa dagy Gahryman Arkadagymyzyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly goşgusy dokalan halyny kesdiler. Haly suratkeşi Altyn Muhammedowanyň taýýarlan çyzgysy boýunça dokalan halynyň boýy 1.60 metr, ini 2.04 metr bolup, umumy meýdany 3.26 inedördül metr. Onuň her inedördül metrinde 400 müň çitim çitilip, erşi tirjinden, çitimlik ýüpi saryja goýnuň ýüňünden egrilen ýüplük, argajy ýüpekdendir. Ýeke argaçly ýar:a çitimli usulda dokalan halyda 94 sany dürli reňkli ýüplükler ulanylypdyr. Halynyň merkezinde ýerleşdirilen dagyň ýüzüne Gahryman Arkadagymyzyň köňül kelamy bolan «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly goşgusy altynsow reňkdäki ýüplükler bilen çitilipdir. Onuň gyrasyna bäş welaýatymyzyň haly gölleri bilen birlikde «aşyk», «ýaşyl goçak», «alaja» nagyşlary salnypdyr.