"Mugallymlar gazeti" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-53, 39-96-41, 39-96-40
Email: mugallymlar-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Sungatym bar, hormatym bar

«Ylym» neşirýaty Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli «Magtymguly Pyragy we türkmen sungaty» atly makalalar ýygyndysyny çap edip, giň okyjylar köpçüligine ýetirdi. Türkmen döwlet medeniýet institutynyň professor-mugallymlary tarapyndan çapa taýýarlanylan bu ýygyndyda ýurdumyzyň görnükli medeniýet we sungat işgärleriniň, sungaty öwrenijilerdir taryhçylaryň, edebiýatçylaryň hem-de ylmyň beýleki ugurlary boýunça hünärmenleriň ylmy makalalarynyň birnäçesi ýerleşdirilipdir.

Nepis sungatymyza sarpa

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň medeni mirasyna, milli ruhy gymmatlyklaryna aýratyn ähmiýet berlip, milli halyçylyk sungatynyň täze many-mazmunda baýlaşmagy we nepis sungatymyzyň dünýä ýaýylmagy ugrunda uly tagallalar edilýär. Ösüş-özgertmelere beslenen döwrümizde döwrebap halyçylyk kärhanalarynyň gurulmagy gadymy senedimiziň dünýädäki meşhurlygynyň has-da artmagyna özboluşly şert döredýär. Köpetdagyň etegindäki ajaýyp künjekde ýerleşýän Arkadag şäherinde hem döwrebap Çeper halyçylyk kärhanasynyň guruljakdygy diýseň buýsandyrýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň ýakynda Arkadag şäheri boýunça amala aşyran iş saparynyň barşynda täze «akylly» şäheri ösdürmegiň ikinji tapgyrynda gurulmagy meýilleşdirilýän binalaryň şekil taslamalary, olaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary bilen tanyşlygynyň barşynda Çeper halyçylyk kärhanasynyň bina ediljek ýeri we bu töweregiň tebigy aýratynlyklary bilen tanyşmagy ählimizde gyzgyn goldaw tapdy.

«Malym bar — halym bar»

Mal owal-ahyr ynsan üçin rysgal çeşmesi hasap edilipdir. Şonuň üçin ata-babalarymyz «Malym bar — halym bar» kimin paýhasly sözleri döredipdirler. Goýun, geçi, düýe, umuman, mal, maldarçylyk bilen baglanyşykly düşünjeler meniň üçin ýat däl. Sebäbi oglanlyk döwrümiz mallaryň arasynda geçipdi. Kakam ömrüniň 50 ýylyny mal yzynda geçirdi.

Gülli keçe — ak öýüň görk-zynaty

Biz nepis sungatyň ussady mugallym zenan Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň 93-nji orta mekdebiniň mugallymy Bazargül Annaýewa bilen söhbetdeş bolup, onuň keçe sungaty we onuň döreýiş aýratynlyklary baradaky gürrüňlerini okyjylarymyza ýetirmegii makul bildik. — Keçe taýýarlamak üçin saýgyç, ýüňdarak hem keçe gamşy ýaly gurallar ulanylýar. Keçe senetçiliginde ulanylýan her bir guralyň özüne görä ýerine ýetirýän işi bar. Keçe senetçiliginde gaýratly we başarnykly zähmeti talap edýän esasy işleriň biri hem ýüň saýmak. Ýüňi saýmak üçin saýgyç guraly ulanylýar. Saýgyç tebigatymyzda ösýän gyzyl ýylgynyň çybygyndan taýýarlanylýar. Onuň üçin gyzyl ýylgynyň iň uzyn we göni ösen çybygy saýlanyp alynýar. Çybygyň daşky gyzyl gabygy gyrlyp arassalanýar we ýüň ilişmez ýaly, ýanyp sönen oduň goruna gorsalýar. Saýgyç inçe we ýogyn görnüşde taýýarlanylýar. Inçe saýgyç gytyk ýüňleri hem-de kiçi saýymlary saýmak üçin, ýogyn saýgyç bolsa, ösgün ýüňleri hem-de uly saýymlary saýmak üçin ulanylýar. Keçe üçin, esasan, güýz ýüňi saýlanyp alynýar. Olaryň arasyndan ösgün, gytyk, guzy hem-de baýzy ýüňleriň hersi aýratynlykda saýylýar. Toklynyň güýz gyrkymyndan alnan ýüňe «baýzy» diýilýär. Saýanyňda ösgün ýüňleriň uçlary tiz ýazylýar, gytyk ýüňlere bolsa saýgyjy köpräk urmaly bolýar. Bir saýym ýüňi gowy saýmak üçin azyndan ýüz, ýüz elli saýgyç urmaly bolýar. Ýüň saýyp oturan zenana: «Elleriňe g

Süýt önümleri barada

Mirasgär Ogulbaýram Kulyýewanyň süýt önümleri, ony taýýarlamak baradaky maslahatyny okyjylarymyza hödürleýäris. Geçi süýdi

Ýandakly gawun suwsatmaz

Baldan süýji gawunlar türkmen halkynyň milli baýlyklarynyň biridir. Täze döwrebap görnüşde dikeldilýän Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda bitýän türkmen nygmaty halklaryň arasyndaky dost-doganlygy, mähirli gatnaşyklary has-da berkitmäge ýardam edýär. Kerwen arkaly Gündogardan Günbatara geçen täjirler Beýik Ýüpek ýolunyň merkezinde ýerleşen türkmen halkynyň myhmansöýerligine, bu toprakda ýetişýän datly miweleriň tagamyna haýran galypdyrlar. Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda edilýän söwda-satyk emelleriniň biri-de türkmen gawunlary bilen baglanyşykly bolupdyr. Kerwenler bilen äkidilýän tagamy boýunça iň süýji gawunlar Merwde bitipdir. Bu gawunlar uzak ülkeleriň baý öýleriniň islegli harydy bolup, olar arap halyflarynyň, hytaý imperatorlarynyň, hindi patyşalarynyň saçagyny bezäpdir. Gawunlar Soltan Sanjaryň, Baýram han Türkmeniň we beýleki türkmen hökümdarlarynyň lezzetli iýmitleriniň biri bolupdyr.

Düýe bezegleri

Düýebaşlyk — dürli-dürli dörtburç mata parçalaryndan küşt tagtasynyň öýjükleriniň görnüşinde tikilýän alajaly, gotazly, seçekli, düwmejikli, bäbek galpakly bezeg. Düýebaşlyk haly görnüşinde-de dokalýar. Düýebaşlyk düýpli gyňaçlaryň nagyşly parçalaryndan hem taýýarlanylýar. Düýebaşlyk kürteler, çyrpylar ýaly keşdelenip hem taýýarlanylýar we düýäniň kellesinden başlap tutuş üstüne atylýar. Ol, köplenç, gelin edinmäge toýa gidilende ulanylypdyr. Düýedyzlyk — düýebaşlyk ýaly, dürli görnüşde taýýarlanyp, düýäniň dyzlaryna bezeg hökmünde dakylýar.

Gymmatly miras öwrenilýär

Dünýä döwletleri bilen köpugurly gatnaşyklary ösdürmek, şol sanda medeni hyzmatdaşlygy berkitmek ýurdumyzda ileri tutulýan ugurlaryň biridir. 31-nji iýulda paýtagtymyzdaky Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde Saud Arabystany Patyşalygynyň Patyşa Abdul Aziz adyndaky Ylmy merkeziniň «Asyrlaryň dowamynda iki mukaddes metjitler, golýazmalaryň gözelligi we olaryň has seýrek duş gelýänleri» atly sergisi açyldy. Bu sergide Saud Arabystany Patyşalygynyň halkynyň medeniýeti, däp-dessurlary, Mekge we Medine şäherlerindäki iki mukaddes metjitler bilen baglanyşykly maddy gymmatlyklar, ýurdumyzda saklanýan arap dilindäki seýrek golýazmalar görkezildi. Serginiň açylyş dabarasynda gadymy döwürlerden bäri doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk däpleri esasynda pugtalanýan türkmen-arap gatnaşyklarynyň häzirki döwürde özara bähbitli hyzmatdaşlygyň çäklerinde täze many-mazmuna eýe bolýandygy bellenildi. Serginiň çäklerinde «Türkmenistandaky arap golýazmalary» atly okuw maslahaty geçirilip, onuň dowamynda iki ýurduň alymlary arap dilinde we elipbiýinde ýazylan golýazmalary öwrenmek babatda özara tejribe alyşdylar. Şeýle hem taryhy, dil we edebiýaty, däp-dessurlary öwrenmek babatda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy has-da giňeltmegiň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Kesbi nesillere ýörelge

Hojambaz etrabyndaky 34-nji orta mekdebiň türkmen dili we edebiýaty mugallymy Haltäç Rahymow birnäçe ýyldan bäri agaç ussaçylygy bilen meşgullanyp gelýär. Ol, esasan, eýer we agaç okaralary ýasaýar. Kärini birkemsiz ele alan ussa öz işi we ulanýan agaçlarynyň häsiýetli aýratynlyklary barada şeýle gürrüň berdi: — Daragtlarda gyş paslynda şire aýlanyşygy togtaýar. Bu döwürde kesilen agaçlar çeýe bolýar. Ylaýta-da, 2-3 ýyl ýaşan söwütden ýasalan at esbaplary berk bolýar. Suwly ýerde ösen söwüt döwlegen bolýar. Tut, erik agaçlary dykyz, berk bolansoň, olara suw degse-de, jaýryk atmaýar. Eýer ýasamak ussadan juda ünslüligi, ussatlygy talap edýär. Taýýar bolan eýerleri derä eýläp, dolap goýmaly. Bu eýeriň juda berk bolmagy üçin peýdaly.

Saklanyp galan pursatlar

Suratda: çagalar ýazyjysy Gurban Çöliýew körpe okyjylaryň arasynda.

Akyldaryň nesihatlary ýörelge

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň ilkinji günlerinden Gündogaryň beýik akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan dürli medeni çäreleri yzygiderli geçirmek giň gerime eýe boldy. Öz ýaşap geçen döwrüniň aýnasy hasaplanyp, soňky nesillere ajaýyp goşgulary, dürdäne setirleri miras galdyran şahyr Magtymguly Pyragynyň şanly senesiniň şeýle uludan toýlanmagy oňa goýulýan belent sarpanyň nyşanydyr. Magtymguly Pyragynyň giň ummana deňelýän şygryýet dünýäsine syýahat edilende, islendik sowalyň jogabyny, islendik ugur boýunça çylşyrymly meseleleriň anyk çözgüdini tapmak bolýar. Esasan hem häzirki döwrümizde ösüp gelýän ýaş nesillerimizi watançylyk ruhunda, halkymyzyň milli ýörelgeleri esasynda terbiýelemekde, ilhalar, watansöýüji ýaşlary kemala getirmekde akyldaryň öwüt-ündew, nesihat äheňli goşgulary gymmatly gollanma hasaplanýar. Şonuň ýaly-da şahyryň bu temadaky goşgulary sadadan düşnükli bolup, islendik okyjyny özüne çekýär. Şahyryň şeýle goşgularynyň biri bolan «Paş eder seni» goşgusynda:

Gadymy gymmatlyk — müdimi gymmatlyk

Milli Liderimiz nobatdaky iş saparynda Arkadag şäherinde gurulmagy meýilleşdirilýän binalardyr desgalaryň şekil taslamalary bilen tanyşdy, iş maslahatyny geçirdi. Şonda Gahryman Arkadagymyz Çeper halyçylyk kärhanasynyň gurluşygynda häzirki zamanyň ösen tejribesiniň ulanylmalydygyny aýratyn belläp, milli gymmatlygymyz bolan halylarymyza örän uly üns berýändigini görkezdi. Muzeý halkyň geçmişini, taryhyny açyp görkezýän mirashanadyr. «Gökdepe» milli muzeýi hem şolaryň biri. Muzeýiň sergi bölüminde saklanýan gymmatlyklarda ХIХ asyra degişli bolan, inçeligi, nepisligi bilen özüne çekýän iki sany halyça bar. Dünýä halyçylyk sungatynyň täsin eseri hasaplanýan «Eňsi» we «Aýna gölli» halyçalar görenleri haýran galdyrýar. Olarda ýerleşdirilen nagyşlar gaýtalanmaýan özboluşlylyga eýedir. Halyçalara nagyşlaryň asyl nusgasyndaky ýaly edip, hiç hili ýoýman ýerleşdirilmegi halyçylyk hünärinde zähmet çekýänleriň ýokary derejedäki ussatlygyny alamatlandyrýar. Halyçalar ahal haly sungatyna degişli bolup, olar Ahal welaýatynyň günbatar etraplarynyň birinde dokalypdyr.

«Kakdyryp nalyn kümüşden» atyň toýnaklarynyň nallanylyşy

Gahryman Arkadagymyzyň «Ahalteke bedewi — biziň buýsanjymyz we şöhratymyz» atly kitabynda: «At çapyşygyna gatnaşýan bedewleriň nallary ýumşak metaldan (10 — 12 millimetrlik sim) ýasalýar, olar atyň toýnagyny şikesden goramak üçin zerurdyr. Mundan başga-da olar atyň dogry ýöremegine ýardam edýär. Çapyşyga gatnaşýan atlaryň öň iki aýagyna nal kakylýar» diýip, nalyň ähmiýeti hakda beýan edilýär. Bedew atlaryň toýnaklaryna nal kakmak işi gadymy döwürlerden bäri dowam edip gelipdir. Nallary demirçi ussalar ýasapdyrlar. Ussalaryň seýislere ýasap beren nal nusgalary öz asylky durkuny ýitirmän gelipdir. Il arasynda nal ýasaýan adama nalçy ussa diýipdirler.

Gorkut ata — paýhasly goja

«Gorkut ata» eseri özüniň taryhylygy hem-de tematikasynyň özboluşlylygy bilen bu gün dünýä edebiýatynyň taryhyna bir sahypa bolup goşulandygyny ýaýdanman aýdyp bileris. Gorkut ata döwründe türkmen halkynyň durmuşa bolan söýgüsiniň, dünýägaraýşynyň, akyl-paýhasynyň, watansöýüjiliginiň näderejede beýik bolandygyny şadessanyň «Döwhe goja ogly Däli Domrul» boýundaky ýekeje mysalyň üsti bilen göz ýetirýäris. Onda Domrulyň:

Bagabat barada

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabyndan: — Arheologik maglumatlaryň şaýatlyk etmegine we taryhy golýazmalaryň habar bermegine görä, XV asyrda Änewiň ilatynyň sany birden köpelýär. Şähergurluşygynyň tutýan meýdany giňäp, gala diwarlarynyň daşyna çykýar, şäheri gurşan meşhur baglary bilen tanalan rabadyň çägi has hem ulalýar. Ähtimal, şol gülläp ösen bagy‑bossanlyk zerarly, şäheriň ady hem üýtgedilip, ol Bagabat adyna eýe bolandyr. Giçki orta asyr golýazmalarynda Nusaýyň golaýynda ady tutulýan Bagabat şäheri hut Änewdir diýip, alymlar nygtaýarlar.

Gadymy ölçeg birlikleri

Ata-babalarymyz durmuşda dürli ölçeg birliklerini döredipdirler. Olar: Barmak boýy — eliň haýsy-da bolsa bir barmagynyň boýuna deň bolan beýikligiň, uzynlygyň takmynan ölçegi.

Gültahýa

Tahýalaryň görnüşleriniň dürli-dürli bolşy ýaly, aýratyn taryhy, gelip çykyşy, tikilişi, keşdelenilişi, geýliş düzgüni bar. Tahýalar türkmen halkynyň silkme telpegi, çöwürme, şypyrma, topby, başatgyç, kürte, çyrpy, sümmen ýaly başgaplarynyň arasynda nepis keşdeleri bilen aýratyn tapawutlanýar. Ýurdumyzyň dürli künjeklerinde geýilýän tahýalar nagyşlarynyň dürli-dürlüligi bilen biri-birinden tapawutlanýar. Gültahýa gadymdan bäri gyzlaryň juwanlyk gözelligine görk goşupdyr. Gyzlar tahýany dört örülen saçlary görner ýaly edip geýipdirler. Durmuşa çykýan gyzlar reňkli ýüpek sapaklar bilen tikilen, kümüş şelpeli tahýa geýipdirler. Geçmişde tahýaly gupba guşlaryň ýelegi hem dakylypdyr. Ýelek gyzlary göz degmekden, tahýa bolsa eýesiniň kellesini ýamanlyklardan, kesellerden, beýleki betbagtlyklardan goraýar diýlip ynanylypdyr. Hut şonuň üçin hem türkmen halky başgaplaryna aýratyn ähmiýet beripdir. Gyzlaryň tahýasyndaky owadan gülleriň şekilleri nuranalygy we gyz päkligini alamatlandyrypdyr. Gyzyl reňk jadyly güýje eýe bolup, erbetlikleriň täsirinden gorapdyr.

BIR WAKANYŇ ÜÇ ŽANRDAKY BEÝANY

Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde medeniýet ulgamynyň döwrebap derejede ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Eziz Diýarymyzda taryhy-medeni mirasy aýawly saklamak we çuňňur öwrenmek, türkmen halkynyň baý medeni mirasyny dünýäde wagyz etmek, her bir raýatyň milli medeniýetiň gymmatlyklaryna bolan çäksiz söýgüsini has-da artdyrmak boýunça giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, milli aýdym-saz sungatymyza ägirt uly goşant goşan beýik sungat ussatlaryna, bagşy-sazandalara aýratyn sarpa goýulýar. Olar hakyndaky rowaýatlar halkyň arasynda ýaşap, biziň günlerimize çenli gelip ýetipdir. Ol rowaýatlarda beýik şahsyýetlerimiziň durmuş ýörelgeleridir geljek nesillere galdyran sungat miraslary hakyndaky hakykatlar özboluşly şöhlelenýär.

GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ «ÖMRÜMIŇ MANYSYNYŇ DOWAMATY» ATLY ESERINDE TERBIÝÄNIŇ YLMY ESASLARYNYŇ ŞÖHLELENDIRILIŞI

Nesil terbiýesini durmuşynyň özeni hasaplaýan türkmen halky bu ugurdaky köpasyrlyk tejribesini, ýol-ýörelgesini «Çaga eziz, edebi ondanam eziz», «Çagany ýaşdan, edebi başdan», «Edepli ile gerekli», «Adam bir ýaşar, edebi – iki» ýaly onlarça nakyllardyr atalar sözlerinde, rowaýatlarda çugdamlap, geljekki nesillere miras goýupdyr. Gahryman Arkadagymyzyň türkmen ýaşlaryna berýän  her bir sargydynda, öwüt-ündewinde, Watançylyk sapaklarynda, dürdäne kitaplarynda hem edep-terbiýe meselesi aýratyn orun eýeleýär. Milli Liderimiz özüniň «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly ajaýyp eserinde edep-terbiýe baradaky oý-pikirlerini çugdamlap, olary ylmy esaslandyrmalary bilen halkymyza ýetirdi. Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly ajaýyp eseri turuwbaşdan ata Watana, il-güne söýgi, ata-babalarymyzdan miras galan edep-terbiýe mekdebiniň gymmaty dogrusyndaky pikirlere ýugrulandyr. Kitabyň «Terbiýe – bagtyýarlygyň çeşmesi» bölümi bolsa tutuşlygyna edep-terbiýäniň ylmy esaslaryna we halkymyzyň milli garaýyşlaryna, olary utgaşykly ulanmagyň geljekki bagtyýar nesli, sagdyn jemgyýeti kemala getirmekdäki ähmiýetine bagyşlanýar. Gahryman Arkadagymyz kitabyň bu bölüminde halk arasynda giňden belli bolan «Bir ýyl öňüňi görjek bolsaň, däne ýetişdir. On ýyl öňüňi görjek bolsaň, bag ýetişdir. Ýüz ýyl öňüňi görjek bolsaň terbiýeli nesil ýetişdir» diýen pähimi getirmek we oňa seljerme be

MAGTYMGULYNYŇ PAÝHAS HAZYNASY

Türkmen halkynyň beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň edebi mirasy XIX asyrdan bäri gündogary öwreniji alymlaryň ünsüni özüne çekip gelýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bolsa türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen şahyryň çuňňur pelsepä, ynsanperwerlige, parasatly nesihatlara eýlenen edebi döredijiligini öwrenmäge berilýän üns has-da güýçlendirildi. Halkymyzyň beýik şahyrynyň il-günümiziň abadan, bagtyýar durmuşy, berkarar döwletlilik hakyndaky arzuwlarynyň wysaly bu günki gün täze taryhy döwrüň mysalynda aýdyň şöhlelenýär. Şeýle hem, akyldar şahyryň döredijiliginiň tutuş süňňüne siňdirilen mertlik, ahlaklylyk, giň gözýetimlilik, adamkärçilik hakyndaky garaýyşlary, şahyrana pikirleri halkymyzyň paýhas hazynasy hasaplanýar. Onuň döredijiligindäki ynsanperwer garaýyşlar diňe bir halka dahylly däl-de, umumadamzat ähmiýetine eýedir.