"Mugallymlar gazeti" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-53, 39-96-41, 39-96-40
Email: mugallymlar-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Taryhy-medeni ýadygärlikler — milli guwanjymyz

Bedew bady bilen röwşen menzilleri nazarlap, öňe barýan berkarar döwletimiziň, nurana geljegimiziň mynasyp eýeleri boljak kämil aň-düşünjeli, bilimli, edep-ekramly ýaş nesili ösdürip ýetişdirmek hormatly Prezidentimiziň hemişe öňe sürýän we üns merkezinde saklaýan wajyp wezipeleriniň biri. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýip atlandyrylan Täze ýyl mynasybetli türkmen halkyna Gutlagynda hormatly Prezidentimiz bu meselä ýüzlenip, şeýle diýdi: «Biz geljegimiz bolan ýaş nesliň mynasyp bilim we terbiýe almagy üçin hem ähli şertleri döredýäris. Ýaşlaryň döwrebap hünärleri ele almagyna, sanly tehnologiýalary öwrenmegine döwlet syýasatymyzyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde garaýarys». Öňe sürülýän we il-halkymyz tarapyndan gyzgyn goldanylýan bilim özgertmelerini mundan beýläk-de depginli dowam etdirmek we bilim ulgamyny kämil derejelere çykarmak bilim işgärlerinden zehin hem ukyp-başarnygy talap edýär. Özümiz üçin döredilýän giň mümkinçiliklerden we amatly şertlerden peýdalanyp, öňde goýlan şeýle hormatly hem jogapkärli wezipäni amala aşyrmaga bar gujur-gaýratymyzy sarp edýäris. Şunda biz etrabymyzyň çägindäki we oňa ýanaşyk ýerlerdäki gadymy geçmişden miras galan taryhy-medeni ýadygärlikler, olaryň ähmiýeti hem syrly many-mazmuny baradaky maglumatlara töwerekleýin üns berýäris. Üstünden eýýamlar öten milli däp-dessurlarymyzy, ýol-ýörelgelerimizi, medeni

Lybaslaryň seresi — gyz-gelniň bezegi

Asyrlaryň synagly günlerini, ýyllaryny geçip biziň bagtyýar günlerimize gelip ýeten milli mirasymyz barada pikir edeniňde, türkmen zenanlarynyň çeper ellerinden dörän milli el işleri hakydaňda janlanýar. Şol milli el işleriniň içinde zenan zähmetinden, yhlasyndan önýän, sünnälenip dokalýan keteniler milli mirasymyzyň aýrylmaz bir bölegidir. Gyz-gelinleriň geýýän milli lybaslarynyň seresi bolan, owadanlygy gözüň ýagyny iýip gelýän ketenini dokamak irginsiz zähmeti, sabyrlylygy talap edýän inçe senetdir. Lowurdusy älemgoşar deýin, ýöräniňde şowurdysy bir ajap mukama meňzeş türkmeniň milli ketenisine dünýä ýüzi hyrydar. Şeýle gözelligi öz çeper eli bilen döredip, ençeme ýyl bäri “keteniçi gelneje” adyny alan, Baýramaly şäheriniň ýaşaýjysy, Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Baýramaly şäher komitetiniň işjeň agzasy Gyzylgül Orazmämmedowa keteni dokamagyň inçe syrlary dogrusynda şeýle gürrüňleri berdi: —−Senetçilik halkymyzyň gadymy we müdimi mirasydyr. Dokmaçylyk hem, öz gözbaşyny müňýyllyklardan alyp gaýdýar. Halkymyzyň dokmaçylyk senedinde zenanlaryň çeper ellerinden, dörän, nepislik bilen dokalýan ketenä esasy orun degişlidir. Gözelligiň gönezligi hasaplanylýan zenanlaryň her bir işinde söýgi bilen yhlasy görmek bolýar. Gadym döwürlerden bäri biziň enelerimiz uzynlygy 5 metr töweregi, ini 3 metr töweregi bolan, Kargaý (keteni dokamak üçin ulanylýan gural) guralynda el zähmeti b

Nusgalyk ömür

Babadaýhan etrabynyň Täze ýol obasynda ýerleşýän Berdimuhamet Annaýew adyndaky mirashanada halkymyzyň baý milli mirasyna, şöhratly taryhyna degişli gymmatlyklaryň ýüzlerçesi saklanýar. Bu ýerde guralýan çärelere harby bölümleriň esgerleri, edara-kärhanalaryň, zähmet toparlarynyň, şeýle-de jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleri, ýazyjy-şahyrlar, döredijilik işgärleri, dürli kärde işleýän ýaşlar we mekdep okuwçylary uly höwes bilen gatnaşýarlar. Mirashananyň işgärleri 2012-nji ýylyň 12-nji awgustynda bu ýerde bolup geçen şatlykly wakany buýsanç bilen ýatlaýarlar. Şol gün halypa mugallym, ilhalar ynsan, watançy esger Berdimuhamet Annaýewiň gurduran mekdebiniň mirashana öwürmek dabarasy bolup geçdi. Bu mekdepde 52 ýyllap çagalara bilim-terbiýe berlipdir. Mekdebiň mirashana öwrülmegi oba ýaşaýjylarynda uly buýsanç döretdi. Ýeri gelende, mirashananyň hormatly Prezidentimiziň: «Mekdebiň ýanynda obanyň taryhy bilen baglanyşykly muzeý döretmek, oba we onuň ýaşaýjylary baradaky maglumatlary ýygnamak, olary synpdan daşary, ülkäni öwreniş sapaklary geçirilende giňden peýdalanmak zerurdyr!» diýen sargytlaryndan ugur alnyp döredilendigini belläp geçmek gerek.

Gymmatly miras

Biz islendik bir işiň başyna baranymyzda, etjek bolýan işimiziň zerur bolşy ýaly, ony ýerine ýetirmegiň ugur-ýoluny bilmegimiz hem möhümdir. Eger gerekli enjamlarymyzyň, senetlerimiziň ählisi bilen üpjün bolanymyzda-da, ýerine ýetirjek bolýan işimiz babatda ýeterlik derejede sowadymyz bolmasa, onda ony tamamlamak juda kyn düşer, üstesine-de, ol isleýşimiz ýaly aňrybaş bolmaz. Elbetde, yhlas, höwes we özüňe ynamlylyk bilen birnäçe gezek synag geçmek arkaly islendik işde oňat netije gazanyp bileris. Emma şol ugurda ýeterlik sowat gorumyz bar bolsa, onda işi göwnejaý we ýeňillik bilen berjaý ederis, şonuň bilen birlikde wagty hem tygşytlarys. Sowatly, ylymly, bilimli bolmagyň iň esasy we ýeňil ýoly bolsa, kitaby dost tutunmakdyr. Haýsy-da bolsa bir zady köp gaýtalasak, wagt geçdigiçe ol endige öwrülýär. Özümize esasy endik edinmeli zatlarymyzyň biri-de kitap okamakdyr. Alymlaryň bellemeklerine görä, kitap okamak ýatkeşligi ösdürýär, dünýägaraýşy giňeldýär, göwnüçökgünligi aradan aýyrýar, pikiri durlaýar, özüňde bar bolan döredijiligiňi açyp görkezmek üçin uly ähmiýeti bar. Şeýle-de kitaphonluk halklaryň biri-biriniň medeniýeti, sungaty we däp-dessurlary ýaly durmuş ýörelgeleri bilen ýakyndan tanyşmagyna ýardam edýär. Kitap okaýan adamyň dil baýlygy artýar.

Edep-ekram ýörelgesi

Gadym wagtlardan bäri halkymyz öz ýaşulularyny edep-ekramyň, görüm-göreldäniň, düzgün-tertibiň mekdebi hasaplaýar. Edepli, medeniýetli, sowatly adamlara uly sylag-hormat goýulýar. Özüň barada ýakymly sözleri eşitmek üçin, ilkinji nobatda, edepli bolmak, özüňden ulyny sylamak, kiçä hormat goýmak, saýhally, dogry sözlemek, halal ýaşamak ýaly köpçülikde halanýan häsiýetlere werziş bolmaly. Adamlar kimiň-kimdigini örän tiz seljerýärler we seniň özüňi alyp barşyňa seredip, saňa baha berýärler.

Milli oýunlaryň ähmiýeti

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ruhubelent ýaşlaryna durnukly bilim hem-de sagdyn terbiýe bermekde, ylymly, bilimli, giň dünýägaraýyşly, Watana wepaly nesli kemala getirmekde Gahryman Arkadagymyz uly işleri durmuşa geçirýär. Biz hormatly Prezidentimiziň döredýän mümkinçiliklerinden peýdalanyp, körpe çagalarymyzy milli ruhda terbiýeleýäris. Mähriban çagalaryň açyk howada we ýapyk binalarda oýnaýan milli oýunlarynyň aglabasy hereket bilen baglanyşyklydyr. Munuň özi diňe bir şadyýan wagt geçirmek bolman, eýsem körpe çagalarymyzyň ukyp-başarnyklaryny, beden hereketlerini ösdürmekde örän ähmiýetlidir.

Türkmen milli oýunlary

Häzirki döwürde hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary esasynda ýurdumyzyň ähli ýerinde ýaş nesliň dürli sport oýunlary bilen meşgullanmagy, wagtyny gyzykly geçirmegi üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Halkymyzyň geçmişine ser salsak, ýaş nesilleriň wagtyny gyzykly we many-mazmunly geçirmegi, akyl hem-de beden taýdan taplanmagy üçin ençeme milli oýunlar döredilipdir. Bu oýunlaryň nesil terbiýesinde uly ähmiýetiniň bardygyny görmek bolýar. Biz hem halkymyzyň durmuşynda, ýaşlaryň arasynda meşhur bolan milli oýunlarymyzyň käbiri dogrusynda gürrüň etmegi makul bildik. Altyn aşygym — alçy gop!

Edep-terbiýäniň gözbaşy

Milli terbiýeçilik mekdebimiziň taryhy köklerini, ýol-ýörelgelerini açyp görkezýän hormatly Prezidentimiziň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynyň çapdan çykyp, halkymyza gowuşmagy buýsanjymyzy artdyrdy. Kitapda halkymyza mahsus bolan milli ýörelgelerimiziň üsti bilen ýaş nesilde watansöýüjilik, ynsaplylyk, zähmetsöýerlik, rehimdarlyk, ylymly-bilimli bolmak, hünär edinmek ýaly ajaýyp häsiýetleri terbiýelemegiň ýollary beýan edilýär. Türkmen halkynyň çaga bolan söýgüsi çäksizdir. Çaga maşgalanyň başynyň täji, gözüniň guwanjydyr. Bu barada “Paýhas çeşmesi” atly kitapda: “Bal süýji, baldan-da bala”, “Balaly öý bazar, şowhuny köňül ýazar” ýaly nakyllar getirilýär. Ata-babalarymyz “Çagany — ýaşdan, edebi — başdan” diýip, çaga bolan söýgüsini onuň edep-terbiýesi bilen baglanyşdyrypdyr.

Üns beriň, bäsleşik!

Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygyna bagyşlanyp, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi «Zenan kalby» žurnalynyň redaksiýasy bilen bilelikde döredijilikli işleýän zenanlary hem-de žurnalyň okyjylaryny ýubileý ýylymyzda yhlasly zähmete çagyrmak we höweslendirmek maksady bilen  «Parahatlyk, ynanyşmak — ýörelge, Gahryman Arkadagymyz nusga, görelde!» atly döredijilik bäsleşigini yglan edýär. Bäsleşigiň düzgünnamasy

Kesbi-kärim nesillere görelde

Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň hem-de Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň bilelikde yglan eden «Kesbi-kärim nesillere görelde» atly bäsleşigiň döwlet tapgyrynyň jemi jemlendi. Onda ýurdumyzyň welaýatlarynda hem-de Aşgabat şäherinde geçirilen deslapky tapgyrlarda ýeňiji bolan zenanlar gatnaşdy. Bäsleşige gatnaşan zenanlar şertleriň üçüsi boýunça bäsleşip, öz saýlap alan senedini, hünär öwreden halypasyny, saýlap alan senediniň taryhyna degişli gadymy ýörelgeler, şeýle-de senetkäriň elinden çykan önümiň durmuşda ulanylyşy barada çeper beýan etdiler. Ine, zenanlarymyzyň birnäçesi bu bäsleşigiň ýeňijileri boldular. Baş baýraga Balkan welaýatynyň Serdar şäherinden gelen mährem zenan Gülşat Daňatarowa mynasyp boldy. Bäsleşigiň ýeňijilerine hormatly Prezidentimiziň adyndan gymmatbahaly sowgatlar, şeýle-de Hormat hatlary gowşuryldy.

Boýna — zynat, göwne — ganat

Türkmen gelin-gyzlarynyň gözelligine gözellik goşmak üçin ata-babalarymyzyň asyrlaryň dowamynda alyp baran işleri alnymyzda täsin bir dünýäni açýar. Hünärli ellerden çykan milli lybaslar, şaý-sepler ata-babalarymyzyň dünýäni inçelik bilen synlap, tebigat gözelliklerini sungata siňdirendigini görkezýär. Şeýle gymmatlyklaryň hatarynda halkymyzyň zergärçilik sungatynyň taýsyz nusgasy bolan monjuklar aýratyn orny eýeleýär. Monjuklaryň halk durmuşyna irki döwürde ornaşandygy hakynda ylmy çeşmelerde gymmatly maglumatlar bar. Muny akademik W. Sarianidiniň Garagum sährasynyň jümmüşindäki ägirt uly arheologik toplum bolan Goňurdepede alyp baran gazuw-agtaryş işleri netijesinde ýüze çykaran nusgalary aýdyň görkezýär.

Durmuşy pelsepeler

Döredijilikde döwür bilen aýakdaş gitmek ussatlara, döwürdenem öňe gidip döretmek bolsa, aýratyn ukyply adamlara mahsusdyr. * * *

Pugtama

Jähekleriň başky we soňky uçlaryny birikdirmekde, tahýalaryň depesini etegine birikdirmekde-de şol ýere salynýan nagyşlara pugtama diýilýär. Çabytlaryň, begresleriň, kürteleriň, çyrpylaryň, donlaryň ýartmaçlarynda, kürtekçelerde, aýak geýimlerde, ýakalarda, ýeňlerde-de pugtamalary synlamak bolýar. Pugtama nagyşlary dürli-dürli bolup, olaryň käbirleri dikligine, keseligine, gyýtak çigme sanjymlar görnüşinde ýerine ýetirilýär.

Taradan çykýan çabytlyk keteniler

Aklymallaýy keteni — beýleki ketenilerden tapawutlylykda, akly zolagy ýiti bolýar. Bu keteniden gyz-gelinler çabyt geýinýärler. Sarysy öçügsi çabytlyk keteni — bu keteniniň sarysy gyzardylyp boýalýar. Gelinlere niýetlenip dokalýar. Gelinler bu keteniden çabyt tikinip geýinýärler.

Eltili gelin engamly «Orun don» toý däbi hakynda söhbet

Gyşyň iniňi düýrükdirýän sowujak howasyny balalary baradaky arzuwlary bilen ýylatmak isledimi, nämemi, Maýsa gelin işden gelşine, gaýynenesine matlabyny beýan etdi: — Enesi, alty aý diýeniň hä diýmän geçer. Täze ýylyň bir ujundan kertilip ugransoň, derrew ýaz aýy geler-de, ekiş diýersiň, ýekelemä haýdarsyň, nädip tomsuň golaýlanyny bilmän galarsyň. Şu gün arkaýynlykda ýene-de bir gezek gelnimize niýetlän bukjamyzy ine-gana gözden geçiräýeliň — diýdi. Bu mährem sözler Ýazjemal daýzany edil gelnalyja giden mähelläni alkyşlaýan pursadyna ýetirdi: «Diliňe döneýin balam, sag-aman gelniňi getirip, öýe salmak, agtyk-çowluk söýmek saňa nesip etsin, Alla jan! Agtyk gelnimiň elinden çaý içmek, hyzmatyny görmek maňa-da nesip etsin-dä, hernä!»

Gözel gölleriň öwüşgini

Türkmen halysy gözellik dünýäsi. Onda türkmen tebigatynyň gül-gülälekli ýaýlasy, dag-deresi, jülgeleri, baglary al-elwan reňkleriň üsti bilen şöhlelendirilýär. Türkmen halysynyň taýsyz gözelligi hakdaky oý-pikirler bilen «Türkmenhaly» Döwlet birleşiginiň Türkmen halysynyň milli muzeýine ýetenimi duýman galypdyryn. Paýtagtymyza aýratyn ýaraşyk berip duran muzeý bäş bölümden ybarat bolup, onuň birinji bölüminde has gadymy halylar we haly önümleri ýerleşdirilipdir. Muzeýiň ikinji bölüminde Balkan, Ahal we Daşoguz welaýatlaryna mahsus bolan halylar bezeýär. Üçünji bölümde özüniň ajaýyp görki bilen haýrana goýýan äpet halylar gözüňi dokundyrýar. Dördünji bölümde Mary we Lebap welaýatlarynyň halylary, bäşinji bölüm bolsa «Galkynyş» diýip atlandyrylyp, ene-mamalarymyzdan gelýän däpleri dowam etdirip, ajap zamanamyzda täze-täze nagyşlar bilen baýlaşdyrylan halylar ýerleşdirilipdir.

Halkymyzyň asylly däpleriniň beýany

Hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 25 ýyllygynyň taryhy wakalaryna beslenen «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynda Gahryman Arkadagymyzyň halkymyza peşgeş beren «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly täze kitabynyň çap edilmegi halkymyzyň buýsanjyny artdyrdy. Hormatly Prezidentimiz täze kitabynda halkymyzyň asylly ýörelgeleri barada özüniň parasatly oý-pikirlerini beýan etmek bilen, milli dessurlarymyza, olaryň Watanyň abadançylygyny üpjün etmekde, häzirki nesilleri terbiýelemekde eýeleýän ornuna möhüm ähmiýet berýär.

«Kakam henizem 32 ýaşynda...» 81 ýaşly enäniň şeýle sözler bilen başlanýan söhbedi kalbyňda tolgunma döredýär...

«Watan» diýlende, her bir ynsanyň göz öňünde juda ajaýyp hem owadan görnüş janlanýan bolsa gerek?! «Watan» diýlende, käbir adamyň serine gül-gülälekli dag-düzlerimiz, käbirleriniňkä belent-belent ymaratly şäherlerimiz gelýän bolsa, kimler üçin Watan — ähli eziz zatlary goýnunda saklap oturan barlyk, ümmülmez ýeňişlere beslenen geljek, iň mähriban ynsanlardyr. Hawa, her birimiz üçin «Watan» diýlende döreýän mähriban hem ýakymly duýgular bar. Ýöne haçan-da, «Watan» diýlende, parahatçylygyň goragy üçin serhet aşyp giden mähriban pederiň keşbi, ondan galan ýalňyz ýadygär surat kimin gözleriňde janlanýan bolsa, onuň ýürekde döretjek duýgusy hem juda üýtgeşikdir. Onda-da, hakydaňda galan şol mähriban keşp, Watan üçin janyny orta goýup, 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gahrymanlyk görkezen gerçegiň harby lybasly keşbi bolsa... Ynha, şeýle çuňňur duýguly kalbyň eýeleriniň biri-de Enetäç Hajyýewa. 81 ýaşyny doldursa-da, kakasynyň — Ata Geldimyradowyň harby lybasdaky keşbi henizem hakydasyndan gitmedik bu enäniň gürrüň berjek ýakymly ýatlamalary hemmeler üçin hem tolgundyryjy bolsa gerek...

Türkmeniň milli mukaddeslikleri

Milli Liderimiziň pähim-paýhasyndan dörän «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» kitaby ýaş nesli watansöýüjilik, wepadarlyk, ynam-ygrarlylyk ruhunda terbiýelemekde iňňän gymmatly gollanmadyr. Şundan ugur alyp, kitapdaky şu dürdäne pähimleri okyjylarymyza ýetirmegi makul bildik. Zeminiň abatlygy — dünýäniň owadanlygy, tebigy deňagramlylygyň hemişelik saklanmagy.

Medeni gymmatlyklaryň hukuk goraglylygy

Medeni mirasy goramak meselesi toplumlaýyn häsiýete eýedir. Taryhy-medeni mirasy goramagyň konstitusion hukuk kadalary hem-de bu ugurdaky kanunlaryň düzgünleri medeni gymmatlyklary ýüze çykarmagyň, gorap saklamagyň kadalaryny hem-de düzgünlerini özünde jemleýän kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň kabul edilmegi arkaly durmuşa geçirilýär. Şeýle namalaryň biri-de Türkmenistanyň Prezidentiniň 2012-nji ýylyň 6-njy ýanwaryndaky Karary bilen tassyklanan taryhy, arheologik, şähergurluşyk, binagärlik we monumental çeper ýadygärlikleriň, tebigy landşaft desgalarynyň gorag zolaklaryny bellemegiň tertibi bilen baglanyşykly resminamadyr. Onda ýadygärlikleriň we tebigy landşaftlaryň goragyny üpjün etmäge gönükdirilen çäreler öz beýanyny tapýar. Munuň üstüni ýetiren möhüm ähmiýetli hukuk namalarynyň ýene-de biri hormatly Prezidentimiziň 2016-njy ýylyň 18-nji fewralynda gol çeken «Türkmenistanyň gozgalmaýan taryhy-medeni ýadygärlikleriniň goragyny üpjün etmegiň meseleleri hakynda» Kararydyr. Bu resminama ýurdumyzyň çäginde ýerleşýän medeni mirasyň obýektlerini goramak babatda gözegçilik işiniň netijeliligini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berdi. Kararyň 1-nji bendine laýyklykda, eýeçiligiň görnüşine garamazdan, edara görnüşli we şahsy taraplar ýergurluşyk, ýer, ýolgurluşyk, gurluşyk, melioratiw, hojalyk we beýleki işleri geçirmegiň taslamalaryny Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi bilen yla