"Mugallymlar gazeti" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-53, 39-96-41, 39-96-40
Email: mugallymlar-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Şöhratly taryhymyzyň gymmatlyklary

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, halkymyzyň baý taryhy-medeni mirasyny öwrenmek, aýawly saklamak, dünýä ýaýmak boýunça maksada gönükdirilen işler üstünlikli dowam etdirilýär. Medeniýet, ylym-bilim ulgamlarynda hem-de taryhy ýadygärlikleri gorap saklamak babatda BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasy (ÝUNESKO) bilen köpýyllyk ikitaraplaýyn özara gatnaşyklar alnyp barylýar. Ýurdumyz 1993-nji ýyldan bäri bu iri guramanyň doly hukukly agzasydyr. Döwletimiziň ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygyny has-da pugtalandyrmak maksady bilen 2020-nji ýylyň 23-nji oktýabrynda ÝUNESKO-nyň işleri boýunça Türkmenistanyň milli toparynyň düzümi hem-de düzgünnamasy tassyklanyldy we 2-nji noýabrda şol toparyň birinji mejlisi geçirildi. Onda 2021 — 2023-nji ýyllar üçin bilelikdäki Hereketler Meýilnamasynyň hem-de Dünýäniň medeni mirasynyň sanawyna girizmäge ýurdumyzyň öňe sürýän täze teklipleriniň taslamalaryna garaldy. Häzirki wagtda ak mermerli paýtagtymyz özboluşly ajaýyp binagärligi bilen halkara derejesinde mynasyp orun alýar. Türkmen milliligine mahsus binagärçilik desgalary, ýurdumyzyň taryhy ýadygärlikleri jahankeşdeleriň ünsüni özüne çekýär.

Bileniň — baýlygyň

Awçy awy mert bolar Aýazly gyş gijesi. Galyň ýagan gar oýy-beýigi tekizlär. Alaňlaryň yk tarapy gara bürener. Gyrymsy ot-çöpler garyň aşagynda galansoň, çopan sürini kaşardan çykarman, köne ýandak küdesiniň daşyna aýlar. «Ýandak könelse bede bor, ot könelse, pide bor” diýleni-dä, daşy gara bolsa-da, içi göm-gök küde mallara hezil berýär. Gündiz eräňkirlän garyň ýüzi gije ýukajyk buz-gyrpak tutup, sürini örä çykarsaň mallaryň köpüsi aýagy gara çümüp, buz-gyrpak sypjyrdyp ýaraty bolýar. Şonuň üçin çölde çopanlar galyň garyň gyrpagy ereýänçä sürini örä çykarmaýar.

Ruhy ahwalatlar — sanlarda

Türkmen halky öz durmuşyndaky ynançlaryny diňe sözüň däl-de, eýsem, sanlaryň üsti bilen hem beýan edipdir. Pederlerimiz käbir sanlary keremli san hökmünde ulanypdyrlar. Hiç wagt öz çuňňur manysyny, gadyr-gymmatyny ýitirmeýän sanlar bilen baglanyşykly nakyllar, atalar sözleri, ruhy ahwalatlar gündelik durmuşymyzda bize ýol-ýörelge bolup hyzmat edýär. Esasan hem üç, bäş, ýedi dokuz, on, kyrk ýaly sanlar köp duş gelýänligi bilen tapawutlanýar. Üçlük sanlar köp halklaryň durmuşynda örän uly orny tutýar. Biziň ata-babalarymyz hem üçlükleri ruhy ahwalat hökmünde göz öňüne getirip, olary şeýle kesgitläpdirler:

Ýüzüklerdäki ýazgylar we nagyşlar

Bagtyýarlyga beslenen ýurdumyzda milli mirasymyzy öwrenmäge giň ýol açyldy. Hormatly Prezidentimiziň: «Beýik Ýüpek ýoly Gündogaryň hem Günbataryň halklarynyň taryhynda wajyp orun eýeledi. Onuň bilen bagly taryhy ýazgylar, arheologiýa tapyndylary, etnografiýa we edebi gymmatlyklar, halk hakydasynda saklanyp galan ruhy miras gitdigiçe gyzyklanmany artdyrýar...» diýen sözleri halkymyzyň taryhyna bolan gyzyklanmasynyň barha artýandygynyň aýdyň güwäsidir. Türkmenistan ösen medeniýetiň we sungatyň mekany bolup, taryhyň dürli döwürlerine degişli arheologik ýadygärliklere baýdyr. Olarda türkmen halkynyň müňýyllyklaryň dowamynda döreden gymmatlyklarynyň ençemesi biziň günlerimize çenli saklanyp galypdyr. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynyň muzeýinde, welaýatlarda ýerleşýän Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýleriň arheologiýa gaznalarynda, olaryň şahamçalarynda dürli ýyllarda geçirilen gazuw-barlag işleriniň netijesinde toplanan we saklanýan baý, gymmatly metaldan ýasalan tapyndylar öwrenildi.

Ene — terbiýe mekdebi

Ene — ynsan üçin iň mähriban adam.Mähriban sözüni enä ýanap sözleseň, örän mähirli we mylaýym eşidilýär. Çaga — perzent terbiýesinde, onuň ruhy we ahlak dünýäsiniň kemala gelmeginde enäniň täsiri uly. Elbetde, maşgala terbiýesinde ata hem uly jogapkärçilik çekýär, ýöne enäniňki welin diýseň ýokarydyr. Ene—terbiýäniň binýady.Eneler özleri üçin ýaşamaýarlar, olar hemişe perzentleri üçin ýaşaýarlar. Ynsan çagalykdan, heniz gundagdaka, ýok, ene göwresindekä onuň mährini bilip, duýup ýaşaýar. Heý, ömrüňizde bir gezek göwresindäki perzendi bilen gürleşýän enäni synlap, onuň geljekki perzendine aýdýan mähirli sözlerini diňläp görüpdiňizmi? Eger şeýle pursadyň şaýady bolmak miýesser eden bolsa, onda özüňizi şol enäniň bagtyna şärik duýansyňyz. Ynsana mähremlik enäniň hüwdüsi, mylaýym elleriň sypalamasy bilen geçýär. Çaga heniz agy-garany saýgarmanka-da öz ejesini tanaýar. Bu jedelsiz hakykatdyr.

Pederleriň göreldesi — nesillere ýörelge

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň türkmen halkynyň milli däp-dessurlaryny, ýol-ýörelgelerini wagyz edýän «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynda ýaş nesle watançylyk, ahlaklylyk, zähmetsöýerlik terbiýesini bermekde, ata-enä we ula hormat goýmagy, bilimli-ylymly bolmagy ündemekde uly ähmiýete eýe bolan rowaýatlara giň orun berlipdir. Şol rowaýatlarda ata Watana, ene topraga, aslyňa, il-halkyňa bolan söýgi beýan edilýär. “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” atly kitaby okanyňda ýaş nesle türkmen halkynyň ahlak gymmatlyklaryny öwretmäge, dünýä medeniýetiniň ösmegine ägirt uly goşant goşan ata-babalarymyzyň medeni, ruhy mirasyna aýawly çemeleşmegini gazanmaga, pederlerimizden miras galan milli däp-dessurlara we ýol-ýörelgelere akyl ýetirmek başarnygyny ösdürmäge giň mümkinçilikleriň bardygyna anyk göz ýetirýärsiň. Pederlerimiziň ata Watana, ene topraga, aslyňa, il-halkyňa, halal zähmete bolan söýgini terbiýeleýän şol rowaýatlaryndaky keşpleriň juda ussatlyk bilen beýan edilişi ýaş nesliň, umuman aýdanyňda, ähli ýaşdaky adamlaryň garaýşyna, duýgy-düşünjesine oňyn täsirini ýetirýär. Ine, şeýle rowaýatlaryň birinde bilimli bolmagyň gymmatynyň ýokarydygy beýan edilýär, bilimli bolmak ündelýär.

Milli gymmatlygyň sarpasy

Arkadag Prezidentimiziň halkymyzyň ýankitabyna öwrülen «Türkmen alabaýy» atly kitaby diňe bir dünýäde iň gadymy, meşhur alabaý itiniň gelip çykyşy we ösüşi barada gürrüň bermek bilen çäklenmän, eýsem, alabaýyň medeni gymmatlygyny we özboluşlylygyny açyp görkezýär. Türkmen alabaýy asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan halkymyzyň ahalteke bedewi, halysy ýaly milli gymmatlyklary bilen bir hatarda durýar. Gahryman Arkadagymyzyň bu ajaýyp kitaby ýurdumyzda milli gymmatlyklara goýulýan belent sarpanyň ykrarnamasydyr. Milli Liderimiz eserde şeýle diýýär: «Ata-babalarymyz bedewinde myradyny, milli seçgiçiligiň ajaýyp nusgasy bolan alabaýlarymyzda bolsa, bagtyny görüpdirler».

Türkmenistan — ÝUNESKO: medeni hyzmatdaşlygyň rowaç menzilleri

30-njy ýanwarda hormatly Prezidentimiziň tabşyrmagy boýunça Daşary işler ministrliginde ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Oňa ýurdumyzyň ugurdaş ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, Aşgabat şäher häkimliginiň hem-de habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary we esasy hünärmenleri gatnaşdylar. Mejlisiň dowamynda Birleşen Milletler Guramasynyň iň iri ýöriteleşdirilen edarasy bilen hyzmatdaşlyga degişli giň gerimli meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Esasy meseleleriň hatarynda «Ýüpek ýoly: Zarawşan — Garagum geçelgesi» ulgamlaýyn nominasiýasy boýunça milli ýadygärlikleriň birnäçesini ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizmegi teklip etmek baradaky mesele boldy. Hususan-da, bular Amul galasy, Mansaf rabady, Könegala, Akjagala, Gyzyljagala kerwensaraýlary, at-Tahmalaj duralgasy, Kuşmeýhan orta asyr şäheridir. Bu kerwen ýoly gadymyýetde Amyderýanyň goşandy bolan Zarawşan derýasynyň ýokary akymlaryndan başlanyp, Täjigistanyň, Özbegistanyň we Türkmenistanyň çäklerinden geçipdir.

Milli mirasa sarpa

Golaýda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrmagy boýunça Daşary işler ministrliginde ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Oňa ýurdumyzyň ugurdaş ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň hem-de Aşgabat şäher häkimliginiň hem-de habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary we esasy hünärmenleri gatnaşdylar. Mejlisiň dowamynda Birleşen Milletler Guramasynyň iň iri ýöriteleşdirilen edarasy bilen hyzmatdaşlyga degişli giň gerimli meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Esasy meseleleriň hatarynda “Ýüpek ýoly: Zarawşan — Garagum geçelgesi” ulgamlaýyn nominasiýasy boýunça milli ýadygärlikleriň birnäçesini ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizmegi teklip etmek baradaky mesele boldy.

ŞÜKÜR BAGŞY

«...Nurmyrat Saryhanow köp eser ýazmaga hem ýetişmedi. Ýöne welin, Şükür bagşynyň keşbini döredip, ol milli edebiýatyň ornuny has ýokarlandyrdy. Ýazyjy edebiýatda öz döreden taglymatynyň ömürlik taglymatdygyna ynanandyr, döredijilik ykbalyndan hem närza bolan däldir diýip pikir edýärin». (powestden bölekler)

Wepadarlygyň belent nusgasy

2021-nji ýylyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýip yglan edilmeginiň çuňňur manysy bar. Çünki türkmen halkynyň goňşular bilen dostana gatnaşyklaryna beýik sarpasy, asuda durmuşy gorap saklamaga bolan hyzmatyna goýýan hormaty gadymdan gelýän ýörelgedir. Pederlerimiz birek-birege ynanyşmagyň, asudalygy, parahatçylygy saklamagyň hut maşgaladan başlanýandygyny perzentlerine düşündiripdirler. Garaşsyz hem baky Bitarap Watanymyzyň parahatçylyk söýüjilikli oňyn daşary syýasy ugry, onuň yklymara ýollarynyň çatrygynda amatly ýerleşmegi sebit we halkara hyzmatdaşlygynyň ykrar edilen merkezi hökmünde eziz Diýarymyzyň abraýyny has-da belende galdyrmaga ýardam edýär.

Gymmatly baýlyk

Türkmen terbiýä aýratyn üns berýän halk. Her bir maşgalada terbiýäniň gözbaşy hökmünde ata-babalarymyzdan galan ar-namyslylyk, mertlik, edep-ekramlylyk, mylaýymlyk, asyllylyk, wepalylyk ýaly ýörelgelerden ugur alynýar. Perzent terbiýesinde ene-atanyň wezipesi uludyr. Häzirki wagtda çaga terbiýesi iň möhüm ugurlaryň biri bolup durýar. Dünýämiziň barha özgerýän döwründe çaga terbiýesine aýratyn üns berýäris. Häzir çagalaryň kompýuterleri bilmegi möhümdir. Bu olaryň dünýägaraýşynyň tiz ösmegine oňat ýardam edýär. Şonuň bilen bir hatarda çagalara milli ýörelgeleri öwretmek mugallymlaryň jana-jan borjudyr. Milli ýörelgelerimizde ylym-bilimli bolmak, kitap okamagy endik edinmek ýaly asylly ugurlar bar. Bu babatda ýaşlara yzygiderli aýdyp durmak, olara görelde bolmak biziň her birimiziň borjumyzdyr. Şunda ata-eneleriň aýratyn ornunyň bardygyny hem bellemek gerek. Sebäbi, ata-eneler çagalar üçin görelde mekdebidir.

Kitaby labyzly okatmak

Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen neşir edilen “Paýhas çeşmesi” atly kitapda “Ýüz okasaň ýat bolar, müň okasaň binýat bolar” diýen nakyl getirilýär. Bu, aslynda, ylym-bilim bermegiň milli tejribesi bilen bagly nakyl ekeni. Ýaş nesle durnukly bilim bermegiň milli tejribesinde bar bolan, biziň döwrümizde täze mazmunda dowam etdirilýän ençeme usullar barada köp sanly maglumatlar duşýar. Ýokarky nakylyň mazmuny hem milli bilimde sapak berlişiniň bir usuly bilen baglanyşyklydyr.

Milli ýörelgelerimiziň waspy

Bereket etrabynyň medeniýet merkezinde Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşmesiniň hem-de Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň etrap geňeşiniň bilelikde guramagynda «Gahryman Arkadagyň kitaby umumadamzat gymmatlygydyr» ady bilen bäsleşik geçirildi. Hormatly Prezidentimiziň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitaby esasynda geçirilen bäsleşigiň şertlerine laýyklykda, oňa gatnaşyjylar Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiziň gazanan beýik ösüşlerini, ýeten belent sepgitlerini çeper sözlerde buýsanç bilen wasp etdiler. «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitapdan bir parçany labyzly okadylar hem-de kitapda beýan edilýän rowaýatdyr wakalardan sahnalaşdyryp görkezdiler. ªeýle-de, döwlet Baştutanymyzyň jöwher paýhasyndan kemal tapan kitabyň özlerinde galdyran täsirlerini gazallaryň, aýdymlaryň we goşgularyň üsti bilen beýan etdiler. Täsirli geçen bäsleşigiň jemi jemlenende, etrap medeniýet merkeziniň halk teatrynyň režissýory Altyn Tagandurdyýewa birinji, Isgender oba medeniýet öýüniň tans goýujysy ªeker Amanowa ikinji, etrap çagalar sungat mekdebiniň mugallymy Annabibi Baýjanowa üçünji orunlara mynasyp boldular. Baýrakly birinji orny eýelän bäsleşigiň welaýat tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandy.

Watandyr gursakda şirin janymyz

Her bir adam durmuşyny Watany bilen göz öňüne getirýär. Watan duzy, Watan topragy, Watan howasy — bularyň bary biziň ömrümiziň berkidir. Watana gulluk etmegi özüne maksat edinen hormatly Prezidentimiz bu babatda biziň ählimize görelde mekdebidir. Milli Liderimiziň her bir işinde, eserlerinde Watana bolan çäksiz söýgini, buýsanjy we guwanjy görmek bolýar. Watanymyzyň berk goraglylygy, serhetlerimiziň synmazlygy, ýurdumyzyň içerki asudalygy — döwletiň abadançylygynyň girewi bolup durýar. Milli Liderimiz özüniň «Mert ýigitler gaýrat üçin dogulýar» atly kitabynda şeýle belleýär: «Biziň üçin esasy baýlyk ýurt asudalygymyzdyr. Ertirki gün Zeminiň geljeginiň eýeleri bolan ýaş nesillere tüsse-tozandan arassa parahat ýurdy, mal-mülki üpjün bolan asuda durmuşy, kalbymyza entek çaga wagtlarymyzdan bäri ornaşyp galan ýakymly hüwdüleri, aýdymlary, dessanlary, ertekileri, asylly edim-gylymlary, milli medeniýetimiziň nusgasy bolan däp-dessurlarymyzy miras galdyrmaly».

Asmandan arkaly türkmen

Hormatly Prezidentimiziň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly pelsepewi eseriniň birinji bölüminiň «Asmandan arkaly, Zeminde zynatly» diýlip atlandyrylýar. Munuň filosofik nukdaýnazardan nähili çuňňur manyly düşünjä eýedigini bilmek has-da gyzyklydyr. Şol sebäpli hem, ilki bilen, bu jümläniň «Asmandan arkaly» diýen birinji düzüm bölegini alyp göreliň. Bu söz düzümini filosofik nukdaýnazardan şeýle beýan etmek bolar: «Asmandan arkaly — Oguz han eýýamyndan gözbaş alyp gaýdýan gadymy taryhyna daýanýan, milliligiň çeşmesi hasaplanýan ruhy mirasa beslenen däp-dessury, ýol-ýörelgesi bolan, Taňrynyň ýalkany». Şeýlelikde, jümläniň «Zeminde zynatly» diýen ikinji düzüm bölegini alyp göreliň. Bu söz düzüminiň pelsepewi manysyna bolsa, şeýleräk tertipde düşündiriş berip bolar: «Zeminde zynatly — ýerasty we ýerüsti tebigy baýlyklara eýe bolan, dagdyr derýalary, sähradyr kölleri, baý haýwanat hem ösümlik dünýäsi bilen sebitde geografik taýdan amatly ýerleşen». Umuman, bu setirlerde dünýäniň dört künjünde uly hormat-sarpa eýe bolan, at-abraýy arşa göterilen ata Watanymyzyň ajaýyp keşbi ussatlyk bilen teswirlenýär. Indi bolsa bu jümläniň manysyna syýasy-jemgyýetçilik nukdaýnazardan seredip geçeliň. Çünki bu babatda alanymyzda, arassa asman — parahatçylygyň, asudalygyň simwoly hasaplanýandyr. Şol sebäpli hem bu jümläniň manysyny şeýle beýan etmek bolýar: «Asmandan arkaly — parahatçylyk söýüji

Mahmyt Kaşgarlynyň sözlügi — dilimiziň ajaýyp gymmatlygy

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ylym-bilim ösdürilýär, gadymdan gelýän milli gymmatlyklarymyz ylmy esasda öwrenilýär. Muňa mysal hökmünde, orta asyr türkmen edebiýatynyň wekilleri bolan Mahmyt Kaşgarlynyň, Mäne babanyň, Mahmyt Zamahşarynyň, Muhammet Gazalynyň, Mähri Hatynyň, Garajaoglanyň, Reşideddin Watwatyň we beýleki nusgawy şahyrlarymyzyň döredijiliginiň öwrenilişini beýan etmek bolar. Dünýä belli alym Mahmyt Kaşgarly türkmen dilini ylmy esasda öwrenmekde gymmatly miras goýan şahsyýetdir. Ol dünýä derejesinde ykrar edilen şahsyýetleriň biri bolmak bilen, ylym äleminde nur saçýan ýyldyz hasaplanýar. Biziň günlerimize onuň ýekeje kitaby, şol kitabyňam bary-ýogy ýekeje nusgasy gelip ýetipdir. Gözelligi, şirinligi bilen şöhratlanan dilçi alymyň «Diwany lugat at-türk» (Türki dilleriň diwany) atly meşhur eseri häzirki döwürde içgin öwrenilýär.

Asylly terbiýe — milli ýörelge

Çaga terbiýesi köp ýagdaýlary öz içine alýar. Ösüp barýan çagany wagtly-wagtynda naharlamak, uky wagtyny saýhallamak, eşiklerini arassa saklamak, dogry gundamak, arassa howa, tebigata gezelenje çykarmak, dürli kesellerden goramak enäniň esasy borjy bolup durýar. Şeýle talaplary dogry berjaý etmek çaganyň ösüşiniň ähli tapgyrlarynda hem wajypdyr. «Çaga eziz, edebi ondanam eziz» diýilýär. Ýaş nesliň geljekde edep-ekramly, ynsanperwer, zähmetsöýer, ilhalar adamlar bolup ýetişmegi ata Watanymyzyň ýagty geljegi bilen berk baglanyşykly bolup durýar. Çaga ekabyrlanandan soňra, onuň ýaşyna, ukybyna görä dürli ýumuşlary tabşyrmak, medeniýete, sungata, döredijilige çekmek talabalaýykdyr. Çaganyň dünýägaraýşyny, düşünjesini artdyrmakda ýörite çeper hekaýalaryň, matallaryň, rowaýatlaryň, terbiýeçilik ähmiýetli ertekileriň orny örän uludyr.

Biz taryhymyzy düýpli öwrenmelidiris

Mähriban Arkadagymyz Türkmenistanyň medeniýetine we mirasyna bagyşlanan kitaplarynda Ýewraziýanyň köp ýurtlarynyň we halklarynyň jemgyýetçilik durmuşynyň ilkinji aýdyň beýanyna öwrülen dünýä taryhynyň özboluşlylygynyň many-mazmunyny açyp görkezýär. Şol halklar yklymara kerwen söwdasy arkaly medeniýetleriň gatnaşyklarynyň başyny başladylar. Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabynda belleýşi ýaly, bu gadymy ulag ýolunyň kemala gelmeginde we işjeň hereket etmeginde türkmen halkyna esasy orunlaryň biri degişlidir. Gadymy Aşgabadyň galalary, goralýan oturymly ýerleri we köşkleri ýarym aýlaw görnüşinde ýerleşip, gündogardan günbatara tarap uzalyp gidipdir. Olar Beýik Ýüpek ýolunyň möhüm ugurlarynyň ählisini öz içine almak bilen çäklenmän, eýsem, Parfiýanyň özüni we onuň baş şäherini – Parfiýa imperiýasynyň paýtagty bolan Nusaýy özüne birleşdiripdir. Taryhçylar häzirki Aşgabadyň merkezi bölegindäki oturymly ýeriň eýýäm şol döwürde uly şäher görnüşinde bolandygyny çaklaýarlar. Ol kärizler ulgamy bilen gurşalypdyr hem-de suw geçiriji ulgama eýe bolupdur.

Ýeriň görki galladyr...

Uzak asyrlaryň dowamynda «uly iliň soltany» hasaplanan galla ekinleri bilen baglanyşykly dürli nakyllar, atalar sözleri we şahyrana setirler döredilipdir. Ol setirlerde galla ekinleriniň dürli aýratynlygy beýan edilipdir. «MENI PALÇYGA GARSAŇ...»