"Mugallymlar gazeti" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-53, 39-96-41, 39-96-40
Email: mugallymlar-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Dabaraly maslahat geçirildi

Hormatly Prezidentimiziň 2025-nji ýyly döwrebap atlandyrmak we onuň nyşanyny kesgitlemek barada beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek maksady bilen welaýat ýörite sungat mekdebinde dabaraly maslahat geçirdik. Syýasy partiýalaryň, iri jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň gatnaşmaklarynda geçirilen maslahatda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň üstünlikli durmuşa geçirýän içeri we daşary syýasaty dogrusynda buýsançly çykyşlar diňlenildi. Bagtyýar ildeşlerimiz öz çykyşlarynda dünýäde parahatçylygyň, abadançylygyň, rowaçlygyň, dost-doganlygyň, durnukly ösüşiň ýurdy diýlip ykrar edilen eziz Watanymyzda adam hakyndaky aladanyň ilkinji orunda durýandygyny nygtadylar. Şeýle-de maslahatda ýurdumyzyň Bitaraplyk hukuk derejesiniň ähmiýetine aýratyn üns çekilip, Aşgabadyň halkara derejeli forumlaryň, festiwallaryň, ylmy-amaly maslahatlaryň, sergileriň we sport ýaryşlarynyň geçirilýän merkezine öwrülendigi bellenildi. Şeýle-de Türkmenistanyň başlangyjy esasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamanyň kabul edilmegi we geljek ýylda hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygy mynasybetli ýylyň şygarynda hem ynsanperwer döwlet syýasatymyzyň öz beýanyny tapjakdygyna ynam bildirildi.

Halkara Bitaraplyk gününe bagyşlandy

Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli Dänew etrabynyň Garaşsyzlyk şäherçe medeniýet öýünde «Aýdyň maksatlar bilen nurana geljege» atly aýdym-sazly baýramçylyk çäresini geçirdik. Oňa il sylagly ýaşulular, kümüş saçly eneler, partiýanyň welaýat, Dänew etrap komitetleriniň, etrap bilim we medeniýet bölümleriniň işgärleri gatnaşdylar. Hormatly Prezidentimiziň giň möçberli özgertmelerini, durmuşa ornaşdyrýan uzakmöhletleýin syýasatyny halkyň arasynda giňden wagyz-nesihat etmek maksady bilen geçirilen bu maslahatda ýurdumyzyň daşary syýasatynyň üstünliklerine bagyşlanan çykyşlara giň orun berildi. Çykyşlarda şanly ýylymyzda ýurdumyzyň syýasy-jemgyýetçilik durmuşyny bezän guwandyryjy wakalar, gazanylan üstünlikler dogrusynda hem gürrüň edildi. Şeýle-de baýramçylyk çäresiniň dowamynda bagtyýar ildeşlerimiziň gutlaglary diňlenildi we işjeň partiýa agzalaryna ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy. Soňra baýramçylyk çäresi etrabyň medeniýet we sungat işgärleriniň taýýarlan aýdym-sazly çykyşlary bilen dowam etdi.

Şanly sene mynasybetli

Hemişelik Bitaraplygymyzyň 29 ýyllyk şanly senesi mynasybetli biziň çagalar we ýetginjekler döredijilik öýümiziň gurnak agzalarynyň arasynda şadyýan bäsleşik geçirildi. Onuň esasy şerti her bir gurnagyň maksadyna laýyklykda dünýä halklarynyň medeni gymmatlyklaryna degişli bir eseri çeper wasp etmekden, daşary ýurt dillerinde bir aýdymy ýa-da şygry ýerine ýetirmekden ybarat boldy. Bäsleşige döredijilik öýümizde hereket edýän 34 gurnagyň ählisiniň agzalary işjeň gatnaşdylar. Hususan-da, gurnagyň maksadyna laýyklykda, dünýä döwletlerine degişli dürli gymmatlyklaryň çeperçilik, halyçylyk, agaç ussaçylygy ýaly sungatlaryň üsti bilen wasp edilmegi oňa gatnaşyjylarda aýratyn täsir döretdi. Zehinli okuwçylaryň birnäçesi daşary ýurt dillerinde joşgunly aýdymlary ýerine ýetirdiler. Dürli dillerde okalan şygyrlar bu bäsleşige aýratyn öwüşgin çaýdy.

Baýramçylyk dabarasy joşguna beslendi

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Ahal welaýat birleşmesi tarapyndan şu günler Watanymyzyň baky Bitaraplygynyň 29 ýyllygy, Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli baý mazmunly baýramçylyk çäreleri geçirilýär. Tejen etrabynyň “Arzuw ýoly” toý mekanynda bolan baýramçylyk dabarasy has-da täsirli boldy. Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Tejen birleşmesi bilen bilelikde guralan “Bitaraplyk — baky bagtymyz” atly dabara ildeşlerimiz toý şatlygy bilen gatnaşdylar. Dabarada taryhy döwrümizde Halkara Bitaraplyk gününiň ýurdumyzda giňden bellenip geçilmeginiň uly mana eýedigi, bu gün Bitarap Watanymyzyň şan-şöhratynyň barha belende göterilýändigi, hormatly Prezidentimiziň Ýer ýüzünde parahatçylygyň we asudalygyň höküm sürmegi ugrundaky taýsyz tagallalarynyň rowaçlanýandygy dogrusynda täsirli gürrüň edildi.

Bagtyýarlygyň aýdyň ýoly

Ahal welaýat kitaphanasynda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň we welaýat Medeniýet müdirliginiň bilelikde guramagynda “Bagtyýarlygyň aýdyň ýoly” ady bilen dabaraly duşuşyk geçirildi. Baky Bitaraplygymyzyň 29 ýyllygyna bagyşlanan duşuşyga Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat we etrap birleşmeleriniň işgärleri hem-de işjeň agzalary gatnaşdy. Duşuşyga gatnaşyjylar baýramçylyk kitap sergisine aýlanyp gördüler. Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň gymmatly kitaplary we şol kitaplaryň baý mazmuny dogrusyndaky täsirli gürrüňler olarda uly gyzyklanma döretdi.

Gümrükçiler üçin döwrebap bina

Hemişelik Bitaraplygymyzyň 29 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda ulanmaga berlen Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň Farap awtoýol gözegçilik-geçiriş ýerindäki «Farap awtoýollary» gümrük nokadynyň durky täzelenen binalar toplumy döwrebap şertleri özünde jemleýär. Bu gümrük nokady uzak ýyllaryň dowamynda biziň ýurdumyz bilen goňşy Özbegistanyň we üstaşyr hyzmatlardan peýdalanýan beýleki döwletleriň arasyndaky hyzmatdaşlykda möhüm orny eýeleýär. Bu barada “Türkmenistan” gazeti habar berýär. Gümrük nokadyny döwrebaplaşdyrmak we goşmaça binalary gurmak işini «Sapaly geljek» hojalyk jemgyýetiniň hünärmenleri alyp bardy. Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň harby gullukçylary üçin şu ýylyň iýulynda Türkmenbaşy şäherinde açylyp ulanmaga berlen 4 gatly, 32 öýli ýaşaýyş jaýy hem şu hojalyk jemgyýetiniň gurluşykçylary tarapyndan gurlupdy.

Abadançylygyň aýdyň ýoly

Binýady pähim-parasatdan tutulan türkmen diplomatiýasy ynsanperwerligi, agzybirligi, halkara parahatçylygyny we howpsuzlygyny goramakda dünýä nusgalyk taglymat bolup äleme dolýar. Dünýäde parahatçylyk hakyndaky taglymatlaryň barha kämilleşmegini isleýän türkmen Lideri parahatçylygy döretmek sungatyny dünýä ýaýýar. Kökleri ata-babalarymyzyň hoşniýetlilik, parahatsöýüjilik ýörelgelerinden gözbaş alýan, dünýä ösüşiniň çarhyna bat beren türkmeniň Bitaraplyk daragtynyň köki has berkäp, parahatçylyk taglymatyna öwrülýär. Garaşsyzlyk hem-de Bitaraplyk. Bu iki mukaddeslik indi çärýek asyrdan gowrak wagtyň içidir dünýä kartasyna sünnälenip çekilen keşde ýaly ýaraşyp duran Türkmenistan döwletiniň goşa ganaty, milletimiziň döwletliliginiň güwäsidir.

BITARAPLYK, PARAHATLYK BIZIŇ SAÝLAN ÝOLUMYZ

Dünýä içre belent mertebä eýe bolan ata Watanymyz «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň uly üstünliklere beslenýän şanly ýylynda hemişelik Bitaraplygymyzyň 29 ýyllygy giňden bellenilýär. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda berkarar döwletimiziň halkara abraýy barha ýokarlanýar. Hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine eýerýän Türkmenistan döwletimiz özüniň daşary syýasatynda parahatçylyk taglymatyna berk eýerýär. Parahatçylyk we ynanyşmak ýörelgelerine pugta eýerýän Türkmenistan döwletimizde hemişelik Bitaraplygymyzyň 29 ýyllygy uly dabaralara beslenýär. Hemişelik Bitaraplygymyzyň ähmiýeti, ýurdumyzyň halkara jemgyýetçiliginde eýeleýän orny barada bagtyýar ildeşlerimiz ýürek buýsançlaryny beýan edýärler. Bitaraplyk — milli ýörelgelerimiziň özeni

Watan goragy mukaddesdir

Hormatly Prezidentimiziň asly halallyga, nuranalyga ýugrulan halkymyzyň merdi-merdanalyga, watanperwerlige sarpasy Watan goragçylary hakynda yzygiderli edýän aladalarynda aýdyň ýüze çykýar. Uly rowaçlyklara beslenýän galkynyşly döwrümizde durmuşa geçirilýän harby özgertmeler giň gerime eýe bolýar. Ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýady berkidilip, Milli goşunymyzyň harby kuwwaty pugtalandyrylýar, harby gullukçylaryň, olaryň maşgala agzalarynyň ýaşaýyş-durmuş, gulluk, iş şertleri has-da gowulandyrylýar. Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň 4-nji dekabrda geçiren Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisinde diňe goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrinamyza laýyklykda, Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň howpsuzlygyny hem-de bitewüligini ýokary derejede üpjün etmek, döwletimiziň goranmak ukybyny mundan beýläk-de berkitmek, Watan goragçylarynyň, olaryň maşgala agzalarynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da ýokarlandyrmak boýunça yzygiderli çäreleriň durmuşa geçirilmegi bilen bagly kesgitlän wezipeleri bizi jemgyýetçilik asudalygyny, milli kanunçylygymyzy, hukuk tertibini üpjün etmek ugrundaky mukaddes borjumyza has-da jogapkärli çemeleşmeklige ruhlandyrýar. Biz Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň sargyt edişi ýaly, merdana ata-babalarymyzyň watansöýüjiligini, edermenligini we mertligini mynasyp dowam etdirip, eziz Wat

Baýramçylyga bagyşlandy

Golaýda ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 29 ýyllygyna bagyşlanyp, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Hojambaz etrap we Türkmenabat şäher komitetleriniň bilelikde guramagynda «Bitaraplyk – bagtyýarlygyň binýady» atly maslahat geçirildi. Lebap welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde geçirilen maslahata TDP-niň Hojambaz etrap hem-de Türkmenabat şäher komitetleriniň işjeň agzalary, goňşy etraplardan gelen myhmanlar gatnaşdy.

Şöhratly zamana

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda gözel Diýarymyzda toýlar toýlara ulaşýar. Häzirki ajaýyp günlerde ýurdumyzyň baky Bitaraplygynyň 29 ýyllyk toýuna uly buýsanç, ruhubelentlik bilen barýarys. Ata-babalarymyzyň arzuwlan şanly Garaşsyzlygy, baky Bitaraplygy bu gün beýik ösüşler bilen dabaralanýar. Mukaddes Garaşsyzlyk, hemişelik Bitaraplyk halkymyzyň goşa ganatydyr. 1995-nji ýylyň 12-nji dekabryndan bäri geçen döwrüň dowamynda baky Bitarap Türkmenistan halklaryň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklaryny yzygiderli berkidýär, parahatçylygy goldaýar, beýleki döwletler bilen hoşniýetli goňşuçylyk hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny alyp barýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri ata Watanymyzyň baky Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň dünýä derejesinde dabaralanýan zamanasy boldy. Garaşsyz Watanymyzyň Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde öz hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny iş ýüzünde amala aşyrmak, parahatçylygy gorap saklamak we dürli döwletleriň arasynda özara ynanyşmagyň medeniýetini ýokarlandyrmak boýunça öňe sürýän halkara başlangyçlary aýratyn ähmiýete eýedir. 2017-nji ýylyň 2-nji fewralynda Nýu-Ýorkda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy Türkmenistanyň teklibi bilen 12-nji dekabry — Halkara Bitaraplyk güni diýip yglan etdi we degişli Kararnamany kabul etdi. Bu resminamada, hususan-da, sebitde hem-de dünýäde parahatçyl

Parahatlyk — dillerimiziň senasy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Watanymyz ösüşleriň täze belentliklerine eýe bolýar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ykrar edilmeginiň 29 ýyllyk baýramyny ajaýyp wakalar, buýsandyryjy netijeler bilen garşylaýar. Türkmenistanyň Konstitusiýasynda ýurdumyzyň baky Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna aýratyn ähmiýet berilýär. Esasy Kanunymyzyň 2-nji maddasynda «Türkmenistan dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edilen we kanun esasynda berkidilen hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýedir» diýlip bellenilýär. Şeýlelikde, Konstitusiýada hemişelik Bitaraplygyň Garaşsyz döwletimiziň içeri we daşary syýasatynyň esasy bolup durýandygy aýratyn orun alýar. Geçen ýyllaryň dowamynda Türkmenistan BMG-niň Baş Assambleýasynyň birnäçe sessiýalarynda wise başlyklyk etdi. Döwletimiz bu abraýly wezipäni 79-njy sessiýada hem ýerine ýetirýär. Häzirki wagta çenli türkmen tarapynyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Kararnamalarynyň onlarçasy kabul edildi. Ýurdumyzyň teklibi boýunça her ýylda halkara seneleriň üçüsi — 12-nji dekabrda Halkara Bitaraplyk güni, 3-nji iýunda Bütindünýä welosiped güni, 26-njy noýabrda bolsa Bütindünýä durnukly ulag güni bellenilýär. Munuň özi BMG tarapyndan Türkmenistanyň sebitdäki

Belent mertebe

Garaşsyzlyk we hemişelik Bitaraplyk eziz Watanymyzyň goşa ganaty, goşa baýramy. Bu gün ümmülmez Diýarymyz, bagtyýar halkymyz 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň kabul eden ýörite Kararnamasy bilen dünýäniň 185 döwletiniň goldamagynda tassyklanan şanly Bitaraplygynyň 29 ýyllygyny uly joşgun, zähmet üstünlikleri bilen belleýär. Dünýäniň bu abraýly halkara guramasy tarapyndan Türkmenistanyň Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda 193 döwletiň goldamagynda ikinji gezek tassyklanmagy bolsa halkymyzyň buýsanjyny has-da artdyrdy. Geçen ýyllaryň dowamynda hemişelik Bitaraplyk syýasaty jemgyýetimiziň, halkymyzyň durmuşynyň aýrylmaz bölegine öwrüldi. Bu düşünje Esasy Kanunymyzda, Döwlet senamyzda, baýdagymyzda hemişelik orun aldy, dilimiziň senasy boldy. Hemişelik Bitaraplygymyzyň ykrar edilen güni milli hem halkara baýram hökmünde kalplarymyza ornaşdy. Türkmenistan baky Bitaraplygyň mekanyna öwrüldi. Bitaraplyk syýasatynyň saýasynda halkymyz parahatçylyk tuguny buýsançly parladýar.

Asudalygyň Watany

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öňdengörüjilikli syýasaty bilen Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan häzirki wagtda tutuş dünýäde parahatçylygy we rowaçlygy berkarar etmek, durnukly ösüşi pugtalandyrmak babatda beýik işleri üstünlikli amala aşyrýar. Berkarar Diýarymyzyň hemişelik Bitaraplyk syýasaty halkymyzyň gadymdan gelýän ruhy dünýäsine, däp-dessurlaryna, beýik ynsanperwerligine esaslanýar. Bu bolsa häzirki döwürde umumadamzadyň arzuwydyr, islegidir. Hemişelik Bitaraplyk türkmen halkynyň durmuşynda bedew batly beýik ösüşleriň, rowaçlyklaryň, asudalygyň, parahatçylygyň dabaralanmagynda möhüm orun eýeleýär. Bitaraplyk we parahatçylyk ýörelgeleri türkmeniň ýaşyl Tugunda hem aýdyň şöhlelendirilýär. Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2025-nji ýyly — «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmegi belent maksatlardan gözbaş alýar. Gahryman Arkadagymyzyň öňe süren «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly ählumumy başlangyjyna häzirki döwürde halkara gatnaşyklaryň möhüm pelsepesi hökmünde garalýar.

Döwletlilik daragty

Bitarap Diýarymyz, gör, neneňsi bezemen, arassa, owadan toý lybasynda. «Türkmenistanyň baky Bitaraplygyna 29 ýyl» diýen owadan ýazgy, köçeleri nurlandyryp, bezäp oturan her dürli elektrik çyrajyklardaky şygarlar her bir türkmen raýatynyň kalbynda şatlykly toý joşgunyny döredýär, buýsandyrýar, guwandyrýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallasy bilen merjen şäherimiz Aşgabadyň merkezinde Merkezi Aziýada deňi-taýy bolmadyk Olimpiýa şäherçesiniň gurulmagy türkmen sportuny dünýä tanatmaga şert döretdi. Şu ýyl Olimpiýa şäherçesiniň tennis toplumynyň «Tennis boýunça Aziýa sebitiniň okuw-türgenleşik merkezi» diýlip yglan edilmegi, şeýle-de türgenlerimiziň dünýä ýurtlarynda geçirilýän sport ýaryşlaryna gatnaşyp, gazanýan üstünlikleri, ýaşyl Tugumyzy ýeňişleri bilen buýsançly parlatmaklary döwletimiziň bize beren bagtydyr.

Bitaraplyk baky şuglasyn saçsyn!

Kaka etrabyndaky 14-nji orta mekdepde baky Bitaraplygymyzyň 29 ýyllygy mynasybetli “Bitaraplyk baky şuglasyn saçsyn!” ady bilen aýdym-sazly dabara geçirildi. Ylym we bilim işgärleriniň Kärdeşler arkalaşygynyň etrap Geňeşiniň hem-de etrap bilim bölüminiň bilelikde guramagynda geçen dabarada mekdep okuwçylarynyň, çagalar ýetginjekler döredijilik öýüniň aýdym-saz, tans toparlarynyň ýerine ýetirmegindäki belent owazly aýdym-sazlara, tans çykyşlaryna giň orun berildi. Sungat çykyşlarynda Watanymyzyň dünýäde arşa galýan şan-şöhraty, asuda, abadan durmuşymyz, dost-doganlyk joşgunly beýanyny tapdy. Çagalaryň labyzly okan goşgulary dabara gatnaşyjylarda uly täsirleri döretdi. Ruhubelentlige beslenen dabara gatnaşanlar baky Bitarap Watanymyzy bedew bady bilen uly ösüşlere alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, tutýan tutumly işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

Bitaraplyk — baky bagtyýarlyk

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ösüş we rowaçlyk ýoly bilen ynamly öňe barýan berkarar Watanymyzyň täze taryhy şöhratly işlere, belent derejelere beslenýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň we Gahryman Arkadagymyzyň daşyna mäkäm jebisleşen bagtyýar halkymyz “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda ajaýyp wakalara, ösüş-özgertmelere şaýat bolýar, her bir toý-baýramy agzybirlikde giňden belläp geçýär. Ýene sanlyja günden eziz Diýarymyzda hemişelik Bitaraplygymyzyň 29 ýyllyk baýramy dabaralary uludan dabaralandyrylar. Bitaraplyk baýramy — naýbaşy seneleriň biri. Ählimize mälim bolşy ýaly, 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnamany biragyzdan kabul etdi. Agzalan resminamanyň kabul edilmegi tutuş dünýä jemgyýetçiligi üçin hem örän ähmiýetli we taryhy waka boldy. 2015-nji ýylda hemişelik Bitarap döwletimiziň hukuk ýagdaýy BMG-niň Baş Assambleýasynyň ýörite Kararnamasy bilen gaýtadan ykrar edildi. Munuň özi taryhy waka öwrülip, halkymyzda hemişelik Bitarap döwletimiziň halkara hukuk ýagdaýyna buýsanjyny goşalandyrdy.

Parahatçylygyň belentden ýaňlanýan mukamy

Gadymy türkmen topragyndan gözbaş alýan dostluk ýollary dünýä ýurtlaryna ýaýrap, söýgi, mähir paýlaýar. Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi hasaplanylýan Türkmenistan gadymy ýoly täzeden dikeldip, hoşniýetli gatnaşyklary bilen dünýäde parahatçylygyň, dostlugyň, ynanyşmagyň Watany hökmünde uly abraýa, şan-şöhrata eýedir. Sebäbi ýurdumyzyň daşary syýasatynda ynsanperwerlik, birek-birege hormat goýmak, adalatlylyk, hoşniýetlilik ýörelgeleri esas edilip alnandyr. Munuň özi halkymyzyň bütin taryhynyň dowamynda türkmeni tanadan ajaýyp ýörelgelerdir. Her bir işi saldarlap görýän, maslahatlaşyp edýän halkymyzyň elmydama parahatçylygyň, oňşukly ýaşaýşyň we hoşniýetli gatnaşyklaryň tarapdary bolandygyna taryh şaýatdyr. Muny gadymy Beýik Ýüpek ýoly arkaly syýahat eden jahankeşdeleriň, alymlardyr taryhçylaryň bize galdyryp giden ýazgylarynda açyk-aýdyň görmek bolýar. Halkymyzyň parahatçylyk söýüji ýörelgeleri häzirki döwürde döwletimiziň halkara gatnaşyklarynda öz beýanyny tapýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Parahatçylyk sazy, dostluk-doganlyk sazy» atly kitabynda belleýşi ýaly, «Parahatçylyk, munuň özi sazlaşykly ýaşaýyşdyr. Sag-salamatlyk, abadan durmuş köňülleriň heňňama ýazan mukamydyr». Häzirki döwürde bu ajaýyp mukam dünýä ýurtlarynda belentden ýaňlanýar.  Ýurdumyzyň ýöredýän ynsanperwer daşary syýasatynyň dabaralanýandygyny döwletimiziň öňe sürýän başlangyçlar

Halkymyzyň beýik gymmatlygy

Ata Watanymyzyň alyp barýan daşary syýasaty ynsanperwerlik, adalatlylyk, ynanyşmak, parahatçylyk ýörelgelerini, adamzadyň abadan durmuşy hakyndaky aladany özünde jemleýär. Halkymyzyň asyrlaryň synagyndan geçen bu hoşniýetli ýörelgeleri daşary syýasatymyzda, bitaraplyk taglymatymyzda öz beýanyny tap-ýar. «Goňşy aşy — göwün hoşy», «Goňşy goňşyň hem görki, hem örki» diýýän halkymyzyň goňşokara däp-dessury çygryny giňeldip, bu gün dünýä halklarynyň arasynda hoşniýetli gatnaşyklarda täze mazmunda dabaralanýar hem-de dünýä ykrarnamasyna eýe bolýar. Esasy Kanunymyzda Türkmenistanyň dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edilen we kanun esasynda berkidilen hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýedigi, ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň onuň içeri we daşary syýasatynyň özenini düzýändigi barada aýdylýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan iki gezek ykrar edilen ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy halkymyzyň beýik gymmatlygydyr. Ýer ýüzünde asuda durmuşy, halklaryň dost-doganlygyny, ynsanperwerligi, özara bähbitli hyzmatdaşlygy hem-de ösüşi dabaralandyrýan taglymatdyr» diýip nygtaýan Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda Bitaraplygymyzyň gazananlaryny pugtalandyrmak babatda tutumly işler durmuşa geçirilýär. Şol beýik işleriň netijesinde eziz Diýarymyzyň halkara abraýy täze belentliklere çykýar. Muny Birleşen Milletl

Bitaraplyk — baky buýsanç

Ata Watanymyz uly ösüş-özgerişlere beslenýär. Şeýle ösüşler gözbaşyny mukaddes Garaşsyzlygymyzdan, hemişelik Bitaraplygymyzdan alyp gaýdýar. Garaşsyzlygymyzyň we baky Bitaraplygymyzyň beren bagtynyň näderejede gymmatlydygyna durmuşa geçirilen özgertmelerden, ýetilen belent sepgitlerden, gazanylan üstünliklerden göz ýetirmek bolýar. Halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi gitdigiçe ýokarlanýar, azyk we ekologiýa howpsuzlygy yzygiderli berkidilýär. Täze oba-şäherler, dürli maksatly binalardyr desgalar ulanmaga berilýär. Adamlaryň zähmet bilen dynç alşynyň nusgalyk sazlaşygy ýola goýulýar. Amala aşyrylan we aşyrylýan işleriň hemmesi halkymyzyň bolelin ýaşaýşyna gönükdirilendir. Ýurdumyzyň dürli pudaklarynda ýetilýän belent sepgitler ýeneki üstünliklere badalga bolýar we olar hormatly Prezidentimiziň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ýörelgesiniň rowaçlyklara beslenýändiginiň subutnamasydyr.