"Mugallymlar gazeti" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-53, 39-96-41, 39-96-40
Email: mugallymlar-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň hukuk esaslary

Türkmen halkynyň asylly ýörelgesinde parahatçylyk taglymaty aýratyn orun eýeleýär. Şonuň üçin hem ýurdumyzyň baky Bitaraplygy taryhy geçmişden gözbaş alýar hem-de türkmenleriň parahatçylyk söýüjilik, myhmansöýerlik, hoşniýetli goňşuçylyk, ynsanperwerlik, özara düşünişmek, ylalaşyklylyk ýaly milli aýratynlyklaryna daýanýar. Bularyň ählisi biziň günlerimize çenli saklanyp galan däp-dessurlarymyzda, ýurdumyzyň ösüşiniň kanunçylyk üpjünçiliginde öz beýanyny tapýar. Türkmenistanyň hukuk ulgamyny kämilleşdirmekde we pugtalandyrmakda öňe sürülýän esasy maksat döwletiň we jemgyýetiň, her bir şahsyýetiň bähbitleriniň sazlaşygyna gönükdirilen Türkmenistanyň kanunlaryny işläp taýýarlamakdan ybaratdyr. Şu wezipeden ugur alnyp, milli kanun çykaryjylyk ulgamy döwrüň talaplaryna laýyklykda, yzygiderli kämilleşdirilýär hem-de Türkmenistanyň täze kanunlary kabul edilýär.

Hoşniýetliligiň aýdyň ýoly

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan parahatçylygy, abadançylygy we hoşniýetli hyzmatdaşlygy ösdürýän ýurt hökmünde dünýäde ykrar edilýär. Hemişelik Bitarap döwletimiz Birleşen Milletler Guramasynyň doly hukukly agzasy hökmünde onuň düzümleriniň işine işeňňir gatnaşýar. Şonuň esasynda hem sebit we umumadamzat bähbitli başlangyçlary öňe sürýär, belent ykrarnama eýe bolýar. Bu başlangyçlar Milletler Bileleşiginde giň seslenme döredip, Birleşen Milletler Guramasy bilen tutuş adamzadyň abadançylygynyň bähbitlerine gönükdirilýär. Ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny iş ýüzünde amala aşyrmak, parahatçylygy gorap saklamak we dürli döwletleriň arasynda özara ynanyşmagyň medeniýetini ýokarlandyrmak boýunça öňe sürýän halkara başlangyçlary aýratyn ähmiýete eýedir. Hemişelik Bitaraplyk syýasatyna daýanyp, dünýäniň ösen döwletleri bilen özara bähbitli ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn gatnaşyklaryň ýola goýulmagy eziz Diýarymyzyň ykdysady kuwwatyny halkara derejesine çykarmaga ak ýol açdy. Munuň özi bagtyýar halkymyzyň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan giňden ykrar edilen hemişelik Bitaraplyga daýanyp, «Açyk gapylar» syýasatynyň durmuşa geçirilmegi, dürli döwletler we halklar bilen özara peýdaly gatnaşyklaryň ösdürilmegidir. Bularyň hemmesi Türkmenistanyň halkara abraýynyň ýokarlanýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.

Ýürekleriň buýsanjy

Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy dünýäniň parahatçylygyny, ynsanperwerligini goldaýan taglymatdyr, ýurtlaryň dostlukly gatnaşyklarynyň köprüsidir. Ýurdumyz goňşuçylyk gatnaşyklaryny we dünýä döwletleri bilen özara işjeň hyzmatdaşlyk syýasatyny alyp barýar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda hemişelik Bitarap Türkmenistan umumadamzat gymmatlyklaryna we demokratik ýörelgelere pugta eýermek bilen, Birleşen Milletler Guramasy we beýleki iri halkara guramalary bilen ýakyn hyzmatdaşlykda bolup, halkara gatnaşyklaryny has-da ösdürýär, asudalygy, abadançylygy pugta berjaý edýär. Häzirki wagtda ata Watanymyz beýleki ýurtlar bilen dostluk, birek-biregi çuňňur

Bagtyýar geljegiň şuglasy

Şu ýyl ýurdumyzda halkara giňişlikde Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň ykrar edilmeginiň 28 ýyllyk şanly toýy toýlanýar. Bu wajyp sene türkmen döwletiniň Garaşsyzlygynyň taryhynda ähmiýetli waka boldy. Türkmenistan ösüşiniň başlangyç döwründe oňyn Bitaraplyk ýoluny saýlap almak bilen parahatçylyk söýüjilik, beýleki döwletleriň içerki işine gatyşmazlyk hem-de özygtyýarlylygyna we çäk bitewüligine hormat goýmak, halkara harby guramalara gatnaşmazlyk ýaly düzgünnama işlenip düzüldi.

Hal­ka­ra Bi­ta­rap­lyk gü­ni gut­ly bol­sun!

«7/24. tm» № 50 (185) 11.12.2023 Bi­ta­rap­lyk diý­len­de il­ki bi­len pa­ra­hat­çy­lyk göz öňü­me gel­ýär. Pa­ra­hat­çy­lyk hem dü­şü­niş­mek, yla­la­şyk ar­ka­ly ga­za­nyl­ýar. As­lyn­da yla­la­şyk, bi­rek-bi­re­ge hor­mat goý­mak, yn­san­per­wer­lik ýa­ly hä­si­ýet­ler ata-ba­ba­la­ry­myz­dan bi­ziň da­mar­la­ry­my­za, süň­ňü­mi­ze, aňy­ýe­ti­mi­ze or­nan hä­si­ýet­ler­dir. Şu­nuň ýa­ly pä­him-paý­ha­sa, söz ar­ka­ly yla­la­şy­ga eýe bol­ma­dyk bol­sa, ne­sil­ba­şy­myz Oguz han hem di­ňe güýç bi­len geç­miş­de şun­ça döw­le­ti gur­maz­dy. «Döw­let gur­jak bol­saň, türk­me­ni ça­gyr» diý­lip ýö­ne­li­ge aý­dyl­man­dyr. Ata-ba­ba­la­ry­myz­dan ne­sil­me-ne­sil ge­çip gel­ýän şol asyl­ly ýö­rel­ge­ler hem hä­zir­ki wagt­da Ber­ka­rar döw­le­tiň türk­men Bi­ta­rap­ly­gy­nyň öze­ni­ni düz­ýär. Onuň düýp ma­ny­sy asu­da­ly­gy, pa­ra­hat­çy­ly­gy, howp­suz­ly­gy we dur­nuk­ly ösü­şi üp­jün et­mek­den yba­rat­dyr.

Bi­ta­rap­lyk — bag­ty­myz

«7/24. tm» № 50 (185) 11.12.2023 Her ýy­lyň 12-nji de­kab­ryn­da ýur­du­myz­da uly da­ba­ra bi­len bel­le­ni­lip ge­çil­ýän Türk­me­nis­ta­nyň mil­li baý­ra­my — Hal­ka­ra Bi­ta­rap­lyk gü­ni bag­ty­ýar ili­miz­de hoş­ni­ýet­li­li­giň, dost-do­gan­ly­gyň baý­ra­my hök­mün­de da­ba­ra­ly bel­le­nil­ýär. Bu ba­bat­da mäh­ri­ban Ar­ka­da­gy­myz: «Bi­ta­rap­lyk — türk­men döw­le­ti­niň baş sü­tün­le­ri­niň bi­ri­dir. Bi­ta­rap­lyk döw­le­ti­mi­ze asu­da­lyk­da, ag­zy­bir­lik­de er­ka­na ýa­şa­ma­ga, mu­kad­des ga­raş­syz­ly­gy­my­zy ber­kit­mä­ge giň müm­kin­çi­lik aç­dy» di­ýip bel­le­ýär. He­mi­şe­lik Bi­ta­rap­ly­gy­myz dün­ýä­de dost-do­gan­lyk gat­na­şyk­la­ry­ny pug­ta­lan­dyr­mak­da, hoş­ni­ýet­li hyz­mat­daş­lyk­la­ryň ge­ri­mi­ni gi­ňelt­mek­de mö­hüm äh­mi­ýe­te eýe­dir.

Asudalyk aý­dy­my

«7/24. tm» № 50 (185) 11.12.2023 Bat­ly ösüş­ler­den, ýe­ňiş­li men­zil­ler­den do­ly gün­le­re, toý-baý­ram­la­ra bes­len­ýän eziz Wa­ta­ny­myz­da her ýy­lyň 12-nji de­kab­ryn­da Hal­ka­ra Bi­ta­rap­lyk gü­ni uly da­ba­ra bi­len bel­le­nil­ýär. Bu se­ne Wa­ta­ny­my­zyň ta­ry­hyn­da aý­ra­tyn orun tut­ýar, çün­ki şol se­ne­den soň Bi­ta­rap döw­le­ti­miz­de al­nyp ba­ryl­ýan da­şa­ry sy­ýa­sat ýö­rel­ge­si, pa­ra­hat­çy­lyk­dö­re­di­ji­lik­li baş­lan­gyç­la­ry bü­tin dün­ýä­de uly gol­da­wa eýe bol­dy. He­mi­şe­lik Bi­ta­rap­lyk hu­kuk ýö­rel­ge­si ýur­du­my­za yk­dy­sa­dy taý­dan gül­läp ösüş ýo­ly bi­len ynam­ly öňe git­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­mek bi­len, hä­zir­ki we gel­jek ne­sil­le­riň bag­ty­ýar hem-de aba­dan dur­mu­şy­nyň bin­ýa­dy­na öw­rül­di.

Bi­ta­rap­lyk – pa­ra­hat­lyk mu­ka­my

«7/24. tm» № 50 (185) 11.12.2023 Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rü­niň «Ar­ka­dag Ser­dar­ly bag­ty­ýar ýaş­lar» ýy­ly­my­zyň her bir gü­ni şan­ly se­ne­le­re, zäh­met üs­tün­lik­le­ri­ne, toý­dur baý­ram­la­ra bes­len­ýär. Yn­ha bu ta­mam­la­nyp bar­ýan aja­ýyp ýy­ly­my­zyň soň­ky gün­le­rin­de hem, ba­ky Bi­ta­rap­ly­gy­my­zyň 28 ýyl­lyk baý­ram­çy­ly­gy eziz ýur­du­my­zyň äh­li kün­je­gin­de şat­lyk şow­hu­na bes­le­nip da­ba­ra­ly ýag­daý­da bel­le­ni­lip ge­çil­ýär. Bi­ziň ýur­du­myz pa­ra­hat­çy­ly­gy, asu­da­ly­gy söý­ýän ýurt­dyr.

Ählumumy parahatçylygyň nusgalyk ýoly

Dünýäniň biziň ýurdumyzy Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi hökmünde tanaýandygy baradaky hakykat oý-hyýallaryňa tereňlik, ruhuňa gözellik çaýýar. Watandaky abadan, asudalyk, il-günüň ýüzündäki mähribanlyk buýsançly başyňy göge ýetirýär. Ýaşyl reňkli Döwlet baýdagymyzyň pasyrdap durmagy, şadyýan çagalaryň gülküsi göwnüňe hoş ýakýar. Pederlerimiziň ruhy siňen eziz Watanymyz Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda edil ertekilerdäki ýaly juda çalt özgerýär. Bu ösüşler, bagta sary uzaýan menziller adam hakyndaky edilýän aladanyň baş maksatdygyny her ädimde aýdyň görkezýär. «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgäniň saýasynda şan-şöhrata beslenen mekanymyz asudalygyň hem agzybirligiň, bagtyýarlygyň hem eşretli ýaşaýşyň, ösüşleriň hem özgerişleriň amal edilýän ýurdy hasaplanýar. Bu güneşli mekan milli gymmatlyklaryna, gadymy däp-dessurlaryna, baý medeniýetine uly sarpa goýýan halkyň ýaşaýan topragy hökmünde tanalýar.

Bagtyýarlygyň berk binýady

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli alnyp barylýan parahatsöýüjilikli daşary syýasatyň netijesinde, ýurdumyz halkara gatnaşyklary ulgamynda täze sepgitlere ýetýär. Hormatly Prezidentimiziň adamzadyň durnukly ösüşine gönükdirilen parahatçylyk söýüjilikli başlangyçlary rowaç alýar. Gahryman Arkadagymyz «Bitarap Türkmenistan» atly eserinde: «Türkmenistanyň Bitaraplygy — bu biziň mizemez gymmatlygymyzdyr, durmuşymyzyň aýrylmaz bölegidir, biziň baş maksadymyzdyr. Bitaraplyk türkmen halkyna parahat, asuda, bolelin we gülleýän durmuşy berdi» diýip belleýär. Milli Liderimiziň tagallalary esasynda türkmen Bitaraplygy umumadamzat gymmatlyklaryny nazarlaýan taglymat hökmünde ykrar edildi. Indi birnäçe ýyl bäri Bitaraplyk güni diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, dünýä giňişliginde hem giňden bellenilýär.

Mizemez gymmatlygymyz

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy mizemez gymmatlygymyzdyr. Bitaraplyk türkmen halkyna parahat, asuda, bolelin, gülleýän durmuşy berdi. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň dünýädäki at-abraýynyň, şan-şöhratynyň barha beýgelýän eýýamynda — Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly başlangyçlary bilen amala aşyrylýan beýik işler halkymyzyň eşretli durmuşynyň binýadyny berkidýär. 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnamany kabul etdi. 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda türkmen halky ýene-de bir hoş habara şaýat boldy. Şol gün BMG-niň Baş Assambleýasy «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnamany gaýtadan kabul etdi. Türkmen döwletiniň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesiniň Birleşen Milletler Guramasyna agza ýurtlar tarapyndan iki gezek ykrar edilmegi döwletimiziň dünýäniň ähli ýurtlary bilen hoşniýetli hyzmatdaşlygy ösdürmeginiň, dünýäde ählumumy howpsuzlygyň, durnukly ösüşiň, asudalygyň we parahatçylygyň, dost-doganlygyň dabaralanmagyna goşýan goşandynyň netijesidir. 2017-nji ýylyň 2-nji fewralynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 71-nji mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy esasynda her ýylyň 12-nji dekabryny «Halkara Bitaraplyk güni» diýip yglan etmek baradaky Kararnama biragyzdan kabul edildi. Munuň özi T

Ählumumy parahatçylyk arkaly ösüş taglymaty

Bütindünýä bileleşigi tarapyndan beýik gymmatlyk hem-de ählumumy taglymat hökmünde ykrar edilen Bitaraplygymyzyň baş maksady adamzadyň we geljegiň bähbitlerine gönükdirilen parahatçylyk, dostluk ýörelgeleri esasynda bütin dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy goramakdan ybaratdyr. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda toýlanýan Halkara Bitaraplyk güni hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakyndaky Kararnamany kabul etmeginiň 28 ýyllygy parahatçylyk, dostluk ýörelgelerini dabaralandyrýar. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, mundan 28 ýyl ozal — 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynda 185 döwletiň, şeýle-de 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda bu guramanyň Baş Assambleýasynyň 69-njy mejlisinde 193 döwletiň biragyzdan goldamagynda «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnamanyň iki gezek kabul edilmegi dünýä taryhynda örän ähmiýetli wakadyr.

Hemişelik Bitaraplygymyza bagyşlandy

Welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebinde guran maslahatymyz hemişelik Bitaraplygymyzyň 28 ýyllyk baýramyna bagyşlandy. Oňa il sylagly ýaşulular, bilim edaralarynyň işgärleri we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar. «Hemişelik Bitaraplyk — parahatçylygyň aýdyň ýoly» diýen at bilen geçirilen bu maslahatda ýurdumyzyň dünýä jemgyýetçiliginde eýeleýän mynasyp orny dogrusynda täsirli çykyşlar diňlenildi. Ildeşlerimiz hormatly Prezidentimiziň beýik başlangyçlarynyň, ynsanperwerlige ýugrulan içeri we daşary syýasatynyň dünýäde giňden goldaw tapýandygyny buýsançly beýan etdiler. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň şanly wakalary, beýik özgertmeleri dogrusynda aýdylanlar maslahata aýratyn öwüşgin çaýdy. Mekdebiň talyplarynyň aýdym-sazly çykyşlary maslahata gatnaşyjylaryň baýramçylyk ruhuny artdyrdy.

Baýramçylyk çäresi geçirildi

Dänew etrabynyň Garaşsyzlyk şäherçe medeniýet öýünde hemişelik Bitaraplygymyzyň 28 ýyllygy mynasybetli baýramçylyk çäresi geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Mejlisiň deputatlary, etrabyň bilim, medeniýet, saglygy goraýyş işgärleri we jemgyýetçilik guramalarynyň we ýaşuly nesliň wekilleri gatnaşdylar. «Ýüregi — giň sähra, joşguny — derýa, Watanym Bitaraplyk toýuna barýar» diýen at bilen geçirilen bu çärede etrabyň medeniýet we sungat işgärleriniň çykyşlaryna giň orun berildi. Olar joşgunly aýdym-sazlary ýerine ýetirip, mukaddes Garaşsyzlygymyzy, hemişelik Bitaraplygymyzy, bagtyýar zamanamyzy wasp etdiler. Dabaranyň dowamynda ildeşlerimiz çykyş edip, halkymyza döwletli döwrany, bagtyýar zamanany bagyş eden Milli Liderimiziň, hormatly Prezidentimiziň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny arzuw etdiler. Dabaranyň dowamynda ýurdumyzyň syýasy-jemgyýetçilik durmuşynda işjeňlik görkezen ildeşlerimizi etrap komitetimiziň adyndan baýramçylyk sowgatlary bilen sylagladyk.

Parahatlyk ýoly bilen, öňe!

Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli welaýat häkimliginde «Bitaraplyk ýoly ― parahatlyk ýoly» atly dabaraly maslahat geçirildi. Ony welaýat häkimligi Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Gündogar sebit boýunça wekilhanasy bilen bilelikde gurady. Maslahatda guraýjy taraplaryň wekillerinden başga-da, ýaşulular, kümüş saçly eneler, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, welaýat kitaphanasynyň we iri jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleri çykyş etdiler. Çykyşlarda hem nygtalyşy ýaly, dünýäniň Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ykrar edilen ilkinji Bitarap döwleti bolan Türkmenistan saýlap alan parahatçylyk we ynanyşmak ýoly bilen her ýylyň 12-nji dekabrynyň Halkara Bitaraplyk güni hökmünde bellenilmegini gazandy. Şeýlelikde bu şanly sene bütin dünýäniň baýramyna öwrüldi.

Türkmen Bitaraplygy: geçmişden — geljege

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda eden çykyşynda: «Hakyky ykbal kesgitleýji maksatlara ýetmek üçin wagtlaýyn bähbitlerden we artykmaçlyklardan el çekmeli diýip hasap edýärin. Şol maksatlar pugta parahatçylygy we howpsuzlygy, uzak döwür üçin ösüşi üpjün edip biler. Muny bolsa diňe bilelikde we Birleşen Milletler Guramasynyň aýgytly orny bolanda gazanyp bolar. Häzirki zaman dünýäsinde BMG-niň orny baradaky çekişmeler, ony özgertmek boýunça teklipler netijesinde, bu guramanyň ýerini tutjak edaranyň ýokdugy üýtgewsiz we äşgär bolup galýar. Esaslandyrylan gününden bäri geçen onýyllyklaryň dowamynda bolşy ýaly, Birleşen Milletler Guramasy häzirki döwürde hem parahatçylygy saklamak, ählumumy, hemmetaraplaýyn howpsuzlygy, halkara gatnaşyklaryň häzirki gurluşynyň durnuklylygyny üpjün etmek üçin jogapkär bolan ýeke-täk köptaraply we kanuny gurama bolup çykyş edýär» diýmek bilen, munuň Türkmenistanyň düýpli garaýşydygyny aýratyn nygtady. Biziň ýaşaýan döwrümiz iki müňýyllygyň kesişýän eýýamy, adamzadyň öz taryhynda geljege gönükdirilen aýgytlaýjy pursady başdan geçirýän döwürleriniň biridir. Syýasatda güýje daýanmak usuly hernäçe gadymy bolsa-da, onuň öňüni almaga gönükdirilen gurallar, serişdeler hem öz köklerini has gadymyýetden alyp gaýdýar. Bitaraplyk bolsa urşuň öňüni almaga gönükdirilen şeýle serişdeleriň iň mö

Bitaraplyk — adamzat bagtyýarlygy

BMG-niň Baş Assambleýasynyň ýörite Rezolýusiýalary bilen biragyzdan tassyklanan Türkmenistanyň bitaraplyk hukuk derejesi häzirki zamanyň gaýragoýulmasyz meselelerini netijeli çözmekde, döwletleriň we halklaryň durnukly ösüşi üçin amatly şertleri döretmekde, köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmekde halkara bileleşiginiň tagallalaryna hemmetaraplaýyn ýardam bermäge gönükdirilen binýatlaýyn gural hökmünde çykyş edýär. Bitarap döwlet hökmünde ýurdumyz sebit we dünýä möçberindäki möhüm meseleleriň parahatçylykly we gepleşikler arkaly çözülmegine oňyn täsirini ýetirýär. Türkmenistanyň Bitaraplygy BMG-niň Tertipnamasynda berkidilen parahatçylykly ýaşamagyň ýörelgelerine laýyk gelýär, ýagny halklaryň öz ykballaryna özbaşdak erk etmeklerine, döwletleriň özygtyýarlylygyny we çäk bitewüligini hormatlamaga, gapma-garşylykly ýagdaýlary parahatçylykly gepleşikler arkaly, syýasy-diplomatik serişdeleriň üsti bilen kadalaşdyrmaga, ählumumy abadançylygyň we ösüşiň hatyrasyna deňhukukly, özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmäge gönükdirilendir.

Bitaraplyk — erkinligiň nyşany

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň: «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen watançylyk ýörelgesi esasynda Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiz ykdysadyýetde, medeniýetde, bilimde, ylymda, sportda gazanýan taryhy ösüşleri bilen öňe barýar. Garaşsyzlyk we Bitaraplyk biziň ýurdumyza halkara gatnaşyklaryň doly hukukly agzasy hökmünde öz syýasy garaýşyny beýan etmäge mümkinçilik berdi. Türkmenistanyň ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmaga, Durnukly ösüş maksatlaryny netijeli durmuşa geçirmäge gönükdirilen energetika, ulag, suw diplomatiýasyndaky halkara başlangyçlary we iş ýüzündäki anyk ädimleri dünýä jemgyýetçiliginde giň goldawa eýe bolýar.

12-nji dekabr — halkara Bitaraplyk güni

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW: — Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan iki gezek ykrar edilen Bitaraplyk derejämize berk eýerip, dünýä giňişliginde ýurdumyzyň abraýyny ýokarlandyrýarys. Biz geljekde-de parahatçylyk söýüjilikli syýasatymyz esasynda dünýäniň halklary, milletleri, ýurtlary bilen dost-doganlyk ýollaryny gurarys.

Ýaşasyn parahat durmuş!

Meniň sözüm — könäň sözi,Meniň sözüm — täzelik däl:Ýaraglaň sesi, sem boluň!Mukaddes zatlaň hakyna,Bütin dünýäniň hakyna,Saklanalyň, adamlar! Millionlarça ykbalaGyýa garamak bolmaýar,Ýowuz daramak bolmaýar!Soňsuz asmanyň hakyna,Beýik Zeminiň hakyna,Saklanalyň, adamlar!