"Mugallymlar gazeti" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-53, 39-96-41, 39-96-40
Email: mugallymlar-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Aşgabatda Bitaraplygyň dostlary toparynyň mejlisi geçirildi

11-nji dekabrda paýtagtymyzda utgaşykly görnüşde parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň bähbidine Bitaraplygyň dostlary toparynyň ýokary derejedäki mejlisi geçirildi. Duşuşyga Birleşen Milletler Guramasyna agza döwletleriň wekilleri, şeýle hem halkara, sebit guramalarynyň ýolbaşçylarydyr işgärleri gatnaşdy. Şu gezekki mejlise gatnaşyjylar öz çykyşlarynda netijeli halkara hyzmatdaşlygy ilerletmekde we ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy pugtalandyrmagyň gurallaryny işjeň ulanmakda ýurdumyzyň eýeleýän ornuna ýokary baha berdiler. Olar häzirki döwrüň ýagdaýlaryny, dünýä ösüşiniň meýillerini göz öňünde tutmak bilen, BMG-niň Tertipnamasynyň ýörelgeleriniň hem-de halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalarynyň esasynda Ählumumy howpsuzlyk strategiýasyny işläp düzmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Türkmenistanyň Prezidenti Bitaraplyk binasyna gül goýmak dabarasyna gatnaşdy

Aşgabat, 12-nji dekabr (TDH). Şu gün halkymyz Halkara Bitaraplyk gününi we Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakynda Kararnamanyň kabul edilmeginiň 28 ýyllygyny giňden belleýär. Bu şanly baýramçylyk parahatçylygy, durnuklylygy, ähli döwletler bilen özara hormat goýmak we deňhukukly hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan dostlukly gatnaşyklary, halkymyzyň mizemez jebisligini alamatlandyrýar. Ir bilen hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Watanymyzyň parahatçylyk, döredijilik, hoşniýetlilik taglymlaryna üýtgewsiz ygrarlylygynyň nyşany bolan Bitaraplyk binasyna gül goýmak dabarasyna gatnaşdy.

Ählumumy parahatçylygyň we döredijiligiň hormatyna baýramçylyk dabarasy

Halkara Bitaraplyk güni we Watanymyzyň Bitaraplyk baýramy mynasybetli döredijilik çäresi Aşgabat, 12-nji dekabr (TDH). Şu gün Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Halkara Bitaraplyk güni we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine eýe bolmagynyň 28 ýyllygy mynasybetli baýramçylyk konserti geçirildi. Sebitde hem-de dünýäde, ýurtlaryň, halklaryň arasyndaky gatnaşyklarda, parahatçylyk medeniýetiniň möhüm şerti hökmünde döwletimiziň durmuşa geçirýän daşary syýasatynyň üstünliklere beslenýändiginiň nyşany bolan bu dabara döwlet hem-de halkara derejede aýratyn ähmiýete eýedir.

Türkmenistanyň Prezidenti Bitaraplyk binasyna gül goýmak dabarasyna gatnaşdy

Aşgabat, 12-nji dekabr (TDH). Şu gün halkymyz Halkara Bitaraplyk gününi we Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakynda Kararnamanyň kabul edilmeginiň 28 ýyllygyny giňden belleýär. Bu şanly baýramçylyk parahatçylygy, durnuklylygy, ähli döwletler bilen özara hormat goýmak we deňhukukly hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan dostlukly gatnaşyklary, halkymyzyň mizemez jebisligini alamatlandyrýar. Ir bilen hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Watanymyzyň parahatçylyk, döredijilik, hoşniýetlilik taglymlaryna üýtgewsiz ygrarlylygynyň nyşany bolan Bitaraplyk binasyna gül goýmak dabarasyna gatnaşdy.

Ählumumy parahatçylygyň we döredijiligiň hormatyna baýramçylyk dabarasy

Halkara Bitaraplyk güni we Watanymyzyň Bitaraplyk baýramy mynasybetli döredijilik çäresi Aşgabat, 12-nji dekabr (TDH). Şu gün Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Halkara Bitaraplyk güni we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine eýe bolmagynyň 28 ýyllygy mynasybetli baýramçylyk konserti geçirildi. Sebitde hem-de dünýäde, ýurtlaryň, halklaryň arasyndaky gatnaşyklarda, parahatçylyk medeniýetiniň möhüm şerti hökmünde döwletimiziň durmuşa geçirýän daşary syýasatynyň üstünliklere beslenýändiginiň nyşany bolan bu dabara döwlet hem-de halkara derejede aýratyn ähmiýete eýedir.

Bitaraplyk ýoly — abadançylyk ýoly

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň dünýä ýüzünde ykrar edilmeginiň şanly 28 ýyllyk baýramy uly dabaralara beslendi. Bu şanly waka biziň her birimize mähriban Watanymyzyň halkara giňişliginde eýeleýän mynasyp ornuna, dünýä we sebit ähmiýetli başlangyçlarynyň gymmatyna çuňňur düşünmäge, hemişelik Bitaraplygymyzyň bize beren mümkinçiliklerine we olary durmuşa geçirip, döredijilikli ösüşlere beslenýän ýolumyza ýene bir gezek buýsanmaga ajaýyp mümkinçilik berýär. Eziz Watanymyz BMG tarapyndan dünýäde ilkinji bolup ykrar edilen Bitarap döwletdir. 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 50-nji mejlisinde, agza döwletleriň biragyzdan goldamagy bilen, «Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygy» Rezolýusiýasy kabul edildi. Bu bolsa bir döwletiň bitaraplygynyň döwletleriň şeýle köplügi bilen tassyklanmagy dünýä taryhynda ilkinji ýagdaýdyr. Bu türkmen halkynyň köp asyrlyk taryhynda deňi-taýy bolmadyk, bahasyny hiç zat bilen ölçäp bolmajak şanly wakadyr. Hemişelik Bitarap Türkmenistan sebitde we dünýäde parahatçylygy saklamak, durnukly ösüşi üpjün etmek işine uly goşant goşýar. BMG bilen strategiki hyzmatdaşlyk etmek baky Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugry bolup durýar we şeýle bolmagynda galýar. Birleşen Milletler Guramasynyň belent ynsanperwerlik taglymatlary bolan döwletleriň hem-de halklary

Baky bitaraplygyň toýy şatlyk-şowhuna beslenip, uludan toýlandy

Düýn Änew şäherindäki Mukaddeslik meýdançasyny ir säherden şatlyk-şowhun gurşap aldy. Welaýat häkimliginiň golaýyndaky bu meýdançada Halkara Bitaraplyk gününiň şanyna Döwlet baýdagymyzyň al-asmana göteriliş dabarasy boldy. Oňa welaýat häkimliginiň, edara-kärhanalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylarydyr işgärleri, ýaşuly we ýaş nesliň wekilleri hem-de köp sanly ýerli ýaşaýjylar gatnaşdy. Toý meýdançasynda Döwlet senasynyň ýaňlanmagynda we hemmeleriň uly ruhubelentlikde ýerine ýetirmeginde Türkmenistanyň Döwlet baýdagy ýokary göterildi. Dabaranyň iň ýakymly, şatlykly wakasyna öwrülen şol pursatdan soňra gutlag çykyşlary diňlendi.

Parahatçylyk söýüjiligiň we durnukly ösüşiň kepili

Türkmenistan özüniň daşary syýasat işinde halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek we giňeltmek meselelerini ileri tutýar. 2022-nji ýylyň 8-nji iýulynda «Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2022–2028-nji ýyllar üçin Konsepsiýasy» tassyklanyldy. Bu resminama mundan 28 ýyl ozal — 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynda 185 döwletiň, şeýle-de 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 69-njy mejlisinde 193 döwletiň biragyzdan goldamagynda «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly kabul edilen Kararnamalaryň ýol-ýörelgelerine esaslanýar. Türkmenistan hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna daýanyp, dünýäniň döwletleri bilen özara gatnaşyklary yzygiderli artdyrýar, Ýer ýüzüniň ösen ýurtlarynyň hataryna girmegi çaltlandyrmak üçin özüniň geosyýasy, ykdysady, serişde we adam mümkinçiliklerini peýdalanýar. Özüniň parahatçylygy söýüjilik we dörediji kuwwatyny has doly peýdalanmaga çalyşmak bilen, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan täze pikirleriň hem-de teklipleriň hereketlendirijisi bolup çykyş edýär. Geçen ýylyň 6-njy dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 77-nji sessiýasynyň 45-nji plenar mejlisiniň dowamynda Türkmenistan tarapyndan öňe sürlen başlangyç boýunça «2023-nji ýyl — Parahatçylygyň kepili hökmünde dialogyň halkara ýyly» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi ýokarda aý

Parahatçylyga daýanýan hyzmatdaşlyk

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hemişelik Bitaraplygymyzyň 28 ýyllyk şanly baýramy ata Watanymyzyň çar künjünde uly dabaralar bilen toýlandy. Dünýä bileleşiginiň dostlukly ýurtlary we hyzmatdaşlary BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2017-nji ýylyň 2-nji fewralyndaky 71-nji mejlisinde kabul eden çözgüdi esasynda parahatçylyk döredijilik, hoşniýetli goňşuçylyk, birek-birege hormat goýmak ýörelgelerinden ugur alyp, her ýylyň 12-nji dekabrynda Halkara Bitaraplyk gününi belleýärler. Iň iri halkara gurama tarapyndan ykrar edilip, dünýä derejesinde bellenilýän şeýle güni döretmek hakyndaky asylly başlangyjy hem türkmen halkynyň Milli Lideri hemişelik Bitaraplygymyzyň 20 ýyllyk toýunyň baýram gününde dost-doganlyk ýurtlaryň döwlet we hökümet baştutanlarynyň, abraýly halkara, sebit hem-de dünýä guramalarynyň, Ýer ýüzüniň ýokary syýasy derejeli wekilleriniň, diplomatlarynyň gatnaşmagynda gözel paýtagtymyzda geçirilen «Bitaraplyk syýasaty: parahatçylygyň, howpsuzlygyň we ösüşiň ugrunda halkara hyzmatdaşlygy» atly halkara maslahatynda öňe sürüpdi. Gahryman Arkadagymyz şol maslahatdaky taryhy çykyşynda milli ýörelgämiziň esaslary bolan parahatçylyk söýüjilik, ynsanperwerlik, abadançylyk, dost-doganlyk we köpugurly hyzmatdaşlyk gatnaşyklary, ählumumy ösüşi üpjün etmekde Bitaraplygyň oňynlyklary dogrusynda giňişleýin beýan edipdi. BMG-niň Baş Assambleýasynyň 76-njy sessiýasynyň 9

Türkmenistan — BMG: durnukly ulag — durnukly ösüş

Bitaraplyk dünýä syýasatynda döwletimiziň amala aşyrýan halkara işlerinde berk esas bolup hyzmat edýär. Hemişelik Bitarap Türkmenistanyň sebitde parahatçylygy we durnukly ösüşi pugtalandyrmak, hoşniýetli goňşuçylyk ýagdaýyny döretmek hem-de hyzmatdaşlygy ýola goýmak ugrunda alyp barýan işleri örän uludyr. Häzirki wagtda gözbaşyny Bitaraplygyň esaslaryndan alyp gaýdýan döwletimiziň daşary syýasatynyň we ykdysady strategiýasynyň ýörelgeleri binýatlaýyn häsiýetdedir. Barha ählumumylaşýan dünýäde ýurtlaryň arasyndaky özara baglanyşyk has-da güýçlenmek häsiýetine eýedir. Şunuň bilen baglylykda, dünýäde durnukly ulag ulgamyny döretmek häzirki döwrüň möhüm meseleleriniň biri bolup durýar. Hususan-da, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlary halkara bazarlar bilen baglanyşdyrýan netijeli ulag-üstaşyr ulgamlaryny döretmek zerurlygy ýüze çykýar. Bu babatda Türkmenistanyň ulag-logistika ulgamynda alyp barýan işleri nusga alarlyklydyr. Ýurdumyzyň başlangyjy bilen, BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine hil taýdan täze itergi bermäge gönükdirilen degişli Kararnamalar kabul edildi. Bu möhüm resminamalar Türkmenistanda ulag ulgamynda durmuşa geçirilýän özgertmeleriň halkara derejede rowaçlanýandygynyň güwäsidir. Şu ýylyň 16-njy maýynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 77-nji sessiýasynyň 70-nji plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy esasynda, Mi

Bitaraplyk dünýä ýalkymyn saçýar

Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary we hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyz syýasy ulgamda uly ösüşler gazanýar. Türkmenistan döwletimiziň halkara gatnaşyklaryndaky çözgütleri we daşary syýasy ýörelgeleri, ilkinji nobatda, Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna esaslanýar. Ýagny, ädilmeli her bir ädimde, durmuşa geçirilmeli her bir taslamada we amala aşyryljak wezipeler kesgitlenende Bitaraplygyň umumy kabul edilen hukuklarynyň hem-de borçlarynyň çäklerinde hereket edýär. Häzirki döwürde bitaraplygyň dünýä derejesindäki ähmiýetine uly baha berilýär. Şunuň bilen baglylykda, BMG-niň parahatçylygyň we durnuklylygyň strategik düzgünlerine doly gabat gelýän türkmen Bitaraplygyna aýratyn orun degişlidir. Halkara bileleşigi hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna özara düşünişmek we ynanyşmak, deňhukuklylyk we netijeli hyzmatdaşlyk boýunça syýasy-diplomatik şertleri döretmegiň pugta guraly hökmünde garaýar. 2007-nji ýylyň 10-njy dekabrynda paýtagtymyzda BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi açyldy. Bu wezipäni çözmekde BMG-niň Türkmenistany saýlamagy, türkmen diplomatiýasynyň gazananlaryny dünýä tejribesi bilen utgaşdyrmagy ýurdumyzyň parahatçylyk dörediji, durnukly ösüşi goldaýan we halklaryň abadançylygy ugrunda hereket edýän merkezdigini bütin dünýä äşgär etdi.

Bagtyýarlyk binýady

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda döwletimiziň milli maksatlary we wezipeleri parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasat strategiýasynyň ýörelgeleri bilen özara baglanyşýar. Bu baglanyşyk Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk halkara hukuk ýagdaýynyň binýatlaýyn ýörelgeleri bilen utgaşýar. Netijede, hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy Türkmenistana halkara giňişlikde okgunly ösmäge mümkinçilik berdi, içerki abadançylygy üpjün etdi hem-de oňyn gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmek üçin ähli zerur şertleri döretdi. Döwlet Baştutanymyzyň yzygiderli tagallalary netijesinde ýurdumyzyň dünýä syýasatynda, ykdysadyýetinde eýeleýän mynasyp orny häzirki wagtda has-da pugtalanýar. Bu bolsa täze wezipeleri kesgitlemäge, ösüşiň täze belentliklerini nazarlamaga mümkinçilik berýär. Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, Türkmenistan geljekde hem dünýäniň ähli döwletleri bilen hoşniýetli goňşuçylyk, hormat goýmak, deňhukuklylyk we özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan Bitaraplyk syýasatyny üýtgewsiz dowam eder. Dünýäde parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmak, hoşniýetli erk-islege daýanýan dost-doganlyk gatnaşyklaryny giňeltmek, durnukly ösüşi üpjün etmek ýaly esasy ýörelgeler Türkmen döwletiniň daşary syýasatynyň ileri tutýan ugurlarynyň hatarynda bolar.

Bitaraplygyň dostlary — parahatçylygyň ilçileri

Düýn, ýagny 12-nji dekabrda berkarar döwletimizde Halkara Bitaraplyk güni şatlyk-şowhuna beslenip, uludan bellenip geçildi. Baýramçylyk mynasybetli gözel paýtagtymyz Aşgabatda, «akylly» şäher Arkadagda, ähli welaýatlarymyzda sungat ussatlarynyň konsertleri guralyp, ýurdumyzyň asuda asmanyny aýdym-sazyň ýakymly owazy gurşady. Halkara Bitaraplyk gününiň öňüsyrasynda Türkmenistanyň «Ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek däpleri» atly milli hödürnamasynyň Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilendigi hem-de BMG-niň Ykdysady we Durmuş geňeşiniň mejlisinde Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat we ösüş boýunça komissiýasynyň 2024 — 2028-nji ýyllar üçin agzalygyna saýlanandygy baradaky hoş habarlaryň ýurdumyza gelip gowuşmagy watandaşlarymyzyň baýramçylyk ruhuny has-da belende göterdi.

Asuda ösüşiň kepili

Garaşsyzlyk türkmen halky üçin altyn eýýamyň gapysyny açdy, Türkmenistany hemişelik Bitaraplygyň mekanyna öwürdi. Bu dünýäde ykrar edilen hakykatdyr. Bitaraplyk ýurdumyzyň taryhy, geosyýasy, medeni ýörelgelerine laýyk gelip, dünýä giňişliginde, şeýle hem içerki ösüşde Türkmenistanyň üstünlikleriniň inkär edip bolmajak we möhüm şertleriniň biridir. Bitaraplyk ösüşiň, howpsuzlygyň, durmuş abadançylygynyň özeni hökmünde ýurdumyzyň raýatlarynyň aňyna berk ornaşdy. Halkara gatnaşyklar ulgamynda bolsa, Bitaraplyk birek-birege hormat goýmagyň, deňhukuklylygyň, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň esasynda döwletleriň arasyndaky gatnaşyklaryň nyşany hökmünde çykyş edýär.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna

Eziz watandaşlar! Sizi Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda giňden bellenilýän Halkara Bitaraplyk güni hem-de bütin dünýäde uly ähmiýetli waka bolan Garaşsyz Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 28 ýyllyk baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Bagtyýarlygyň ýalkymy

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan Watanymyzyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe bolanyna 28 ýyl boldy. «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnama 2015-nji ýylda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan ikinji gezek makullanyldy. Ýurdumyzyň başlangyjy bilen, dünýäniň syýasy senenamasynda täze baýramçylyk — Halkara Bitaraplyk güni döredildi. Dünýäde BMG tarapyndan ykrar edilen ilkinji Bitarap döwlet bolan Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyz parahatçylygyň, dost-doganlygyň mekany. Şu ýylyň noýabrynda Mary şäherinde «Beýik Ýüpek ýolunyň täze eýýamy» ady bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaý Halk Respublikasynyň ýaşlarynyň forumynyň geçirilmegi hem munuň tassyknamasyna öwrüldi. Bu forumy geçirmek teklibi şu ýylyň maý aýynda Hytaýyň Sian şäherinde «Merkezi Aziýa — Hytaý» forumynda geçirilen döwlet Baştutanlarynyň birinji sammitinde hormatly Prezidentimiz tarapyndan öňe sürüldi. Bu başlangyç Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen ýaşlarynyň dünýäniň dürli ýurtlaryndaky deň-duşlary bilen dostlukly gatnaşyklaryny pugtalandyrmak, giň dünýägaraýyşly, öz halkynyň däp-dessurlaryna, milli mirasyna belent sarpa goýýan, bilimli, zehinli ýaş nesli terbiýelemek babatda köpugurly işleriň durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň beýanydyr.

Millilige ýugrulan türkmen Bitaraplygy

Her ýylyň ahyrky aýynyň 12-sine bellenilýän bu baýramyň dabarasy şu ýyl has-da uly boldy. Ol diňe bir ata Watanymyzyň ykbalynda däl, eýsem, halkara derejesinde dünýä ýurtlarynyň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga ýardam berýän wakalara baýlygy bilen tapawutlandy. Munuň şeýledigini Garaşsyz hem-de baky Bitarap Türkmenistan Watanymyzda ylym, bilim boýunça, medeniýetdir sungat babatda, syýasy-ykdysady ugurlary öz içine alýan halkara maslahatlarynyň onlarçasynyň ýokary taýýarlyk derejesinde geçirilmegi-de subut edýär.

Şanly baýramçylyk dabaralara beslendi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyz hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 28 ýyllygyny uludan toýlady. Türkmen halky ata Watanymyzyň Ýer ýüzündäki abraý-mertebesini has-da beýgeltmek, onuň ykdysady kuwwatyny ýokarlandyrmak, hormatly Prezidentimiziň beýik özgertmelerine mynasyp goşant goşmak hyjuwy bilen joşýar. Bu gün il-günümiz adalatyň, berkararlygyň dabaralanýan döwründe baky Bitaraplyk ýörelgesi bilen aýdyň geljegine barýar. Eziz Diýarymyza çäksiz buýsanjy bolan mähriban halkymyz eşretli zamananyň hözirini görýän günlerinde agzybirlikde Halkara Bitaraplyk gününi giňden belledi. Ýurdumyzda bu ajaýyp baýramçylyk mynasybetli aýdym-sazly dabaralara, maslahatlara dürli çärelere giňden orun berildi. Asylly däbe görä, Bitaraplyk binasyna gül desseleri goýuldy.

Parahatçylygyň röwşen şuglasy

Häzirki ajaýyp döwrümizde toýlarymyz toýlara ulaşýar. Ýurdumyzda uly dabaralar bilen bellenilen Halkara Bitaraplyk güni hem şanly baýramymyzdyr. Bitaraplyk öz gözbaşyny mukaddes ýörelgelerden alyp gaýdýar. Halkymyz goňşy halklar bilen dostana we özara düşünişmek ýörelgelerini durmuşynyň manysyna öwrüp gelipdir. Şonuň üçin hemişelik Bitaraplygymyzyň baýramy uludan toýlandy. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda türkmen Bitaraplygynyň mazmuny has giň mana eýe bolýar. 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň mejlisinde «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakynda» Kararnama kabul edildi.

Abadançylygyň ak ýoly

Düýn Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli uly dabaralar geçirildi. Bu ajaýyp baýram parahatçylygyň we asudalygyň belent waspydyr. Dünýä halklary bilen dost-doganlyk gatnaşyklaryny berkidip, asuda we abadan durmuş üçin hyzmatdaşlyk etmek türkmeniň ata-baba dowam edip gelýän asylly ýörelgeleridir. Bitaraplyk düşünjesiniň esasynda hem halkymyza mahsus bolan parahatçylyk söýüjilik, dost-doganlyk, ynanyşmak, asudalyk ýaly gymmatlyklar orun alýar. Bu günki gün halkymyz hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli, pähim-parasata ýugrulan içeri hem-de daşary syýasatyna daýanyp, eşretli durmuşyň hözirini görüp ýaşaýar. Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesi bolsa Watanymyzyň abadançylygynyň kepili hökmünde dünýä nur saçýar. Hemişelik Bitaraplyk halkymyza tükeniksiz bagt eçildi. Ýurdumyza dünýäde we sebitde parahatçylygyň üpjün edilmegine uly goşant goşmaga, dünýä döwletleri bilen özara bähbitli syýasy, ykdysady we medeni gatnaşyklary ýola goýmaga mümkinçilik berdi. Türkmen halky Bitaraplygyň beren şeýle giň mümkinçiliklerinden peýdalanyp, jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ugurlarynda uly ösüşlere eýe boldy. Ykdysadyýetde, syýasatda, medeniýetde we ylym-bilim ulgamlarynda düýpli özgertmeleri amala aşyrdy.