"Mugallymlar gazeti" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-53, 39-96-41, 39-96-40
Email: mugallymlar-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Bagy-bossanly eziz Diýar

Mälim bolşy ýaly, 16-njy martda ählihalk bag ekmek dabarasy geçirildi. Ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek maksady bilen geçirilýän bu dabara indi asylly däbe öwrüldi. Köpçülikleýin bag ekmek dabaralarynyň netijesinde, bagy-bossanly ýurdumyz has-da gözel keşbe eýe boldy. Häzirki wagtda türkmen topragynda saýaly we miweli agaçlaryň dürli görnüşlerini görmek bolýar. Halkymyzda bag ekmek asylly däpleriň biridir. Şonuň üçin hem tebigatyň gözelligini üpjün edýän baglar uly ähmiýete eýe bolup durýar. Bereketli ene toprak ekilýän bag nahallaryndan gülleýär we gözel keşbe eýe bolýar. Muňa raýatlarymyzyň uly ruhubelentlik bilen gatnaşan bag ekmek dabarasynyň my-salynda hem aýdyň göz ýetirdik. Bagtyýar adamlar irgözinden, uly ruhubelentlik bilen ýaýylyp ýatan meýdanlara çykdylar. Olaryň her biri bag nahalyny oturdyp, ene topragynyň güllemegine, gözel keşbe eýe bolmagyna öz goşandyny goşdy. Ildeşlerimiziň şeýle asylly maksatlarynyň netijesinde, ene topragymyz özgerýär, gözelleşýär. Şol gün ýurdumyzyň bilim işgärleri hem säher bilen ýaşyl don geýnen meýdanlara çykdylar, bu çärä mynasyp goşantlaryny goşdular. Bu biziň ählimizi begendirýär. Adamlaryň yhlasly zähmeti bilen umumy öýümiz bolan tebigatyň we daşky gurşawyň arassalygy üpjün edilýär. Şonuň netijesinde müňlerçe gektara uzaýan tokaý zolaklarynyň dörändigini, saýaly we pürli agaçlaryň gözel keşbini görýäris. Bu bolsa tebigatyň özgerme

Gözel tebigatym — sagdynlygym

Saglygyň, arassa howanyň, ýaşyl gözelligiň girewi bolan ekologik howpsuzlygyň ýokary derejesini üpjün edip, ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, tokaý zolaklaryny döretmek döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Ýaşyl tokaýlaryň, seýilgähleriň barha köpelmegi raýatlaryň dynç almagy we tämiz howada saglygyny berkitmegi üçin uly ähmiýete eýedir. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen başy başlanyp, asylly däbe öwrülen bag ekmek dabarasy Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda üstünlikli dowam edýär. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda şeýle asylly däpleriň dowam etmegi biziň kalbymyzda buýsanç duýgusyny döredýär. Ýylyň-ýylyna geçirilýän bu dabaralarda ekilen millionlarça nahallar, täze desgalaryň açylyşynda oturdylýan saýaly, pürli, miweli baglar boý alyp, daş-töwerege gözellik berýär. Bu ýaşyl zolaklar, döredilýän seýilgähler diňe bir gözellik bolman, eýsem, arassa howamyz, saglygymyz we sagdynlygymyzdyr. Elbetde, bagy-bossanlygy we sagdynlygy biri-birinden aýry göz öňüne getirip bolanok. Bagy-bossanlykda, seýilgähde, arassa howada gezip, ýöräp hereket edeňde, göwnüň göterilip, nerw, ýürek-damar ulgamlaryň işi kadalaşýar, gan aýlanyşygy gowulanýar.

Bag –– ýaşaýşyň gönezligi

Düýn, 16-njy martda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda ýurdumyzda ählihalk bag ekmek çäresiniň nobatdaky tapgyryna badalga berildi. Bu özboluşly ekologik çäre paýtagtymyzyň Magtymguly Pyragynyň täze gurulýan beýik ýadygärliginiň ýanynda geçirildi. Soňra hormatly Prezidentimiz paýtagtymyzyň günortasyndaky gözel künjekleriň birinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda ählihalk bag ekmek dabarasynyň geçirilýän ýerine geldi. Bu ýerde Arkadagly Gahryman Serdarymyzy dabara gatnaşyjylar uly şatlyk-şowhun bilen garşyladylar.

ZEMINIŇ ZYNATY – BAGY-BOSSANLYK

Arassa we howpsuz daşky gurşawy döretmek biziň ýurdumyzyň durmuş syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Gahryman Arkadagymyz tarapyndan badalga berlen ekologik abadançylygy we daşky gurşawyň goraglylygyny üpjün edýän bu giň möçberli çäre Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda netijeli dowam etdirilýär. Hormatly Prezidentimiziň kabul eden Karary esasynda, şu gün ýurdumyzda ählihalk bag ekmek dabarasy geçirildi.

Köňüller şatlanyp, ruhlar galkyndy

Milli bahar baýramynyň öňüsyrasynda — 16-njy martda Diýarymyzyň ähli ýerinde bolşy ýaly, biziň welaýatymyzyň ýaşaýjylary hem hormatly Prezidentimiziň başlangyjyna eýerip, bag daragtlaryny ekmek dabarasyna işjeň gatnaşdylar. Şu gün welaýatymyzda ýazky bag ekişlik dabarasy Türkmenabat — Seýdi awtoulag ýolunyň ugrunda Çärjew etrabynyň täze gurulýan şäherçesiniň golaýynda geçirildi. Aýdym-sazlaryň şirin mukamy bag ekmäge gelenleriň iş keýplerini we ruhlaryny belende göterdi. Il sylagly ýaşululardyr kümüş saçly eneler, edara-kärhanalaryň işgärleridir ýaşlar Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzyň ilatynyň il-ýurduňy, tebigaty söýmek ýaly ajaýyp sypatlarynyň ýüze çykmasy hökmünde kemala gelen bag ekmek ýaly dabaraly däbi berjaý etmäge höwes bilen gatnaşdylar.

Bag — barlyga dahyllylyk

Şu gün ýurdumyzda ählihalk bag ekmek dabarasy geçirilýär Ýurdumyzda geçirilýän nahallary köpçülikleýin oturtmak bilen baglanyşykly dabaralara agzybir halkymyz ýokary ruhubelentlik bilen goşulyşýar. Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň:

Bag — barlyk hem baýlyk

16-njy martda ýurdumyzda ählihalk bag ekmek dabarasy geçirilýär Parasatly pederlerimiz daş-töweregiňi bagy-bossanlyga öwürmeklige ähli döwürlerde hem ynsan borjy hökmünde garapdyrlar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bu ýörelgeler täzeçe röwüşde dowam etdirilýär. Hormatly Prezidentimiziň degişli Kararyna laýyklykda, ýurdumyzda şu gün — 16-njy martda ýazky ählihalk bag ekmek dabarasyna badalga berilmegi munuň aýdyň beýanydyr.

Ýaz­ky möw­sü­me ba­dal­ga

Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň tu­tuş adam­za­dyň bäh­bi­di­ni na­zar­la­ýan döw­let­li iş­le­ri bu gün­ki gün hor­mat­ly Preziden­ti­mi­ziň baş­tu­tan­ly­gyn­da my­na­syp do­wam et­di­ril­ýär. Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň ta­gal­la­la­ry bi­len, eziz Di­ýa­ry­myz ba­gy-bos­san­ly­ga öw­rü­lip, ra­ýat­la­ry­my­zyň sag­dyn ýa­şaý­şy üçin ene top­ra­gy­my­zyň tä­sin te­bi­ga­ty­ny, eko­lo­gi­ýa aba­dan­çy­ly­gy­ny go­ra­mak ug­run­da uly iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar. Şu gün Di­ýa­ry­myz­da äh­li­halk bag ek­mek da­ba­ra­sy­nyň ýaý­baň­lan­dy­ry­lyp, ýaz­ky bag ekiş möw­sü­mi­ne ba­dal­ga be­ril­me­gi ýur­du­my­zy ba­gy-bos­san­ly­ga öwür­mek, to­kaý zo­lak­la­ry­ny dö­ret­mek we eki­len bag na­hal­la­ry­na ta­la­ba­la­ýyk ideg et­mek, şeý­le hem daş­ky gur­şa­wyň go­rag­ly­ly­gy­ny üp­jün et­mek ug­run­da­ky iş­le­riň ge­ri­mi­ni has-da gi­ňel­der. Hä­zir­ki wagt­da daş­ky gur­şa­wy go­ra­mak, te­bi­ga­ta aýaw­ly çe­me­leş­mek dün­ýä­de esa­sy me­se­le­le­riň bi­ri­dir. Eko­lo­gi­ýa aba­dan­çy­ly­gy­ny go­ra­mak­da daş-tö­we­re­gi­mi­zi gur­şap al­ýan bag­la­ryň äh­mi­ýe­ti örän ulu­dyr. Bag­lar kö­mür­tur­şy ga­zy­ny özü­ne siň­di­rip, kis­lo­rod bö­lüp çy­kar­ýar.

Bosagada — ählihalk bag ekmek dabarasy

Ministrler Kabinetiniň 9-njy fewralda geçirilen giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, onuň gözel tebigatyny has-da baýlaşdyrmak, 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Türkmenistanyň Milli tokaý maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, 2024-nji ýylda saýaly, pürli, miweli baglaryň we üzümiň jemi 3 million düýbüni oturtmak hakynda Karara gol çekdi. Döwlet Baştutanymyzyň 26-njy fewralda sanly ulgam arkaly geçiren iş maslahatynda bolsa ýazky bag ekmek möwsümine taýýarlyk işleriniň çäklerinde bag nahallaryny we olaryň ekiljek ýerlerini taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işlere garaldy. Ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek babatda öňde goýlan wezipelere laýyklykda, ýazky bag ekmek möwsümine giňden taýýarlyk görülýär. Şunda Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Tokaý hojalygy müdirliginiň zähmetsöýer işgärleri yhlasly zähmet çekýärler. Müdirlige Balkan, Lebap, Mary, Daşoguz welaýatlarynda, Ak bugdaý, Bäherden we Bekrewe sebitlerinde ýerleşýän tokaý hojalyklarynyň 7-si degişli. Müdirlik tarapyndan sosna, tuýa, türkmen arçasy, tut, klýon, ýasen, garagaç, dub ýaly birnäçe agaç, şol sanda topragyň şoruny azaltmak üçin igde nahallary ýetişdirilýär. Howany arassalamakda, kislorody bölüp çykarmakda bu agaçlaryň ähmiýeti uludyr. Tokaý hojalygy müdirliginde ýazky bag e

Baglar barlygyň bagtly keşbinde

Hormatly Prezidentimiziň Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň 1-nji martynda sanly ulgam arkaly geçiren mejlisinde gol çeken Kararyna laýyklykda 16-njy martda bag ekişlik dabarasy geçirilýär. Şonuň bilen birlikde güneşli Diýarymyzda ählihalk bag ekişliginiň ýazky möwsümine badalga berilýär. Biziň welaýatymyzyň ýaşaýjylary hem bu çärä işjeň taýýarlyk görýärler. Welaýatymyzda ýazky bag ekişlik dabarasy Türkmenabat – Seýdi awtoulag ýolunyň ugrunda Çärjew etrabynyň çäginde gurulýan täze döwrebap şäherçäniň golaýynda geçirilýär. Şol gün 10 gektar meýdanda pürli daragtlaryň dürli görnüşiniň 4000 düýbi oturdylar. Bu sogaply işe welaýat tokaý hojalygynyň işgärleri hem uly goşant goşýarlar. Her ýylda bolşy ýaly, olar bu gezek hem bag ekişlik çäresine gatnaşýan ildeşlerimizi dürli daragtlaryň nahallary bilen üpjün edýärler. Tokaý hojalygynyň we etraplardaky bölümleriň hünärmenleri şu ýylda pürli we saýaly daragtlaryň 300 müň düýpden gowragyny ösdürip ýetişdirdiler. Welaýatymyzyň çäginde tut nahallarynyň hem 70 müňden gowragyny oturtmak meýilleşdirildi. Mundan başga-da tebigaty goramaga dahylly edaralaryň we tebigaty söýýän raýatlarymyzyň hem uly topary bag nahallaryny ýetişdirip, ildeşlerimize hödürleýärler.

Zeminiň zynaty hem görki

Türkmen topragy ýylyň islendik paslynda gaýtalanmajak, özboluşly gözellikleri bilen adamlary özüne maýyl edýär. Ajaýyp tebigatymyzy şahyrlar şygyrlarynda, bagşylar aýdymlarynda wasp edýärler. Tebigatymyzyň her paslyna mahsus aýratynlyklaryny, gözelliklerini synlan adamyň durmuşa bolan söýgüsi, buýsanjy has-da möwç urýar. Onsoň daşymyzy gurşap alan tebigy gözelligi aýawly saklamak, ony öňküdenem baýlaşdyryp, geljekki nesillere ýetirmek babatda her birimiziň öňümizde durýan raýatlyk borjumyz dogrusynda biygtyýar oýlanýarsyň. Eýsem-de bolsa, biziň her birimiz bag oturtsak, durmuş kitabynda adymyz müdimilik ýadygär galar. Baglar daş-töwerege gözellik paýlaýar, saýa salýar, howamyzy tämizleýär. «Bagym bar, barym bar» diýen pederlerimiz tebigat bilen ysnyşykly ýaşamagyň kämil ýollaryny bize miras goýupdyrlar. Şol asylly ýörelgeler tebigata, ene topraga bolan egsilmez söýginiň nyşanydyr. Ata-babalarymyzyň ynsanperwer ýörelgeleri biziň günlerimizde-de üstünlikli dowam etdirilýär. Şäherlerimizi, şäherçelerimizi, obalarymyzy gür baglyga büremek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Bu babatda ýazky we güýzki bag ekmek möwsümlerine uly orun degişlidir. Bag ekmäge ulularam, kiçilerem işjeň gatnaşýarlar. Ýurdumyzda baglaryň hatary gitdigiçe artýar, tokaý zolaklary peýda bolýar.

Bag durmuşyň bezegidir

Baglar — tebigatyň ýaraşygy Eziz Diýarymyzy bagy-bossanlyga öwürmekde hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda taýsyz tagallalar edilýär. Bu babatynda her ýylda saýalyk, miweli, bezeg baglarynyň millionlarça düýbi köpçülikleýin oturdylýar.

Bagy-bossanly Watanymyzda

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň kabul eden Karary esasynda, 16-njy martda ýurdumyzda, şol sanda Aşgabat we Arkadag şäherlerinde ählihalk bag ekmek dabarasy geçiriler. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, gözel tebigatymyzy has-da baýlaşdyrmak, şeýle-de «Türkmenistanyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Milli tokaý maksatnamasyny» üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen geçirilýän çärede saýaly, pürli, miweli baglaryň we üzümiň müňlerçe düýbi ekiler. Döwlet Baştutanymyz: «Türkmen halky gadymy döwürlerden bäri daşky gurşawa, tebigata aýawly çemeleşip, ony gözüniň göreji deý gorap gelipdir. Halkymyzyň bu asylly ýörelgesini has-da ösdürmek, ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek boýunça bellän meýilnamalarymyz üstünlikli amala aşyrylýar» diýip belleýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öňdengörüjilikli pähim-paýhaslary bilen eziz Diýarymyz dünýä nusgalyk bagy-bossanlyga, gülzarlyga öwrülýär. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda durmuşa geçirilýän ählihalk bag ekmek maksatnamasynyň, ilkinji nobatda, ekologik nukdaýnazaryndan, şol sanda halkymyzyň amatly ýaşaýşy üçin zerur şertleriň döredilmegi babatda hem uly ähmiýetlidigini yzygiderli nygtaýar. Şunuň bilen baglylykda, ilatly ýerleriň töwereginde täze tokaý-seýilgäh zolaklarynyň döredilmegine aýratyn üns berilýär. Öz çäklerini barh

Üns merkezinde — daşky gurşawyň abadançylygy

Düýn paýtagtymyzda «Merkezi Aziýanyň we Türkiýäniň gurak hem-de şorlaşan çäklerinde tebigy serişdeleri toplumlaýyn dolandyrmak» atly halkara maslahat öz işine başlady. Bu çäre BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasynyň, Ählumumy ekologiýa gaznasynyň sebitleýin taslamasynyň çäklerinde guralýar. Ol Türkmenistanyň Tokaý kodeksine düzedişleri girizmek boýunça milli maslahatyň maksatnamasyny öz içine alýar. Maslahata gatnaşyjylar tokaý zolaklaryny peýdalanmagyň ugurlaryny we onuň durnukly usullaryny işläp taýýarlamak boýunça ýurdumyzda alnyp barylýan köptaraply işler bilen tanyşdyryldy. Şunda bu ugurda anyk wezipeleri kesgitlemek, täzeçil usullary ornaşdyrmak bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Özümiziň hem-de tebigatymyzyň abadanlygy

«7/24. tm» № 09 (196), 26.02.2024 Durmuşda gündelik peýdalanylýan islendik önümi, hatda dem alýan howamyzy hem tebigatdan alýarys. Çünki tebigat — egsilmejek baýlyk. Ýöne aýawly çemeleşilmedik ýagdaýynda, bu egsilmejek baýlykdan jyda düşmek howpumyz bar.

«Müň düýp bag, bir ýap suw»

Ýakynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň geçiren Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde gol çeken Kararyna laýyklykda, ministrliklere, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň häkimliklerine we beýleki edaralara 2024-nji ýylda saýaly, pürli, miweli baglaryň we üzümiň 1,5 million düýp nahalynyň ekilmegini üpjün etmek tabşyryldy. Ýadyňyzda bolsa, geçen güýzki bag ekmek dabarasynda 472 müň 71 düýp bag ekilip, 1 million 868 müň 935 düýp baga ideg edilipdi. Gün-günden gülläp ösýän, bag-bakjalyk ýurda öwrülýän Diýarymyzda şeýle ajaýyp dabaralar asylly däbe öwrüldi. Türkmen dessanlarynda, dürli rowaýatlardyr beýleki taryhy çeşmelerimizde ýurduň parasatly hökümdarlarynyň bagy-bossanlyga uly ähmiýet berip, olaryň owadan baglarynyň bolandygy, ol baglarda bagbanlaryň dürli gülleri, miweli agaçlary ösdürip ýetişdirendikleri barada maglumat berilýär. Taryhda türkmen döwletleriniň hökümdarlary, soltanlary bagbançylygy ylmy esasda ösdürmegi we dowam etdirmegi ýola goýupdyrlar. Hatda käbir seýilbaglarda heniz dünýäde ýok, ýeke-täk gülüň ösdürilip ýetişdirilişi, ol gülüň tohumynyň ýitip ýok bolup gitmezligi üçin sakçy goýluşy hakynda hem rowaýatlar galypdyr. Gadymdan gelýän mukaddes däplerimiz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda täze basgançaga aýak basdy. Häzir hormatly Prezidentimiziň

Ekologiýa abadançylygynyň bähbidine

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň, Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary bilen ak şäherimiziň ekologiýa derejesine möhüm ähmiýet berilýär. Paýtagtymyzyň ähli künjeklerinde gök zolaklar döredilýär, gülleriň dürli görnüşleri ekilýär. Ilatyň şu günki we geljekki durmuşynyň sagdynlygynyň hatyrasyna tebigatyň üýtgewsizligini gazanmak üçin onuň serişdeleriniň rejeli peýdalanylmagy ugrundaky ekologiýa çäreleri döwrüň talabyna laýyk ýola goýulýar. Täze gurulýan kärhanalar, durky täzelenýän desgalar daşky gurşawa, adamyň saglygyna zyýan ýetmeginiň öňüni almaga ukyply, kämil tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylýar. Taýýarlanýan azyk önümleri halkara hil we ekologiýa, howpsuzlyk, netijelilik güwänamalaryna eýe bolýar. Bu bolsa paýtagtymyzyň ähli görkezijiler boýunça sazlaşykly ösüş ýoluna düşendigini äşgär edýär. Munuň özi ýurdumyzyň baş şäherini durmuş-ykdysady taýdan ösdürmekde aýratyn ähmiýetlidir. Paýtagtymyzyň çäklerinde alnyp barylýan gurluşyk işlerinde, aýratyn-da, dürli maksatly desgalaryň gurluşygynda şäheriň çäkleriniň tebigy aýratynlyklary göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen baglylykda, şäheriň binagärlik toplumlary biri-biri bilen özboluşly sazlaşygy emele getirýär. Şäher gurşawynyň ekologiýa derejesine, binalaryň bezeg aýratynlyklaryna we seýilgäh zolaklarynyň döredilmegine möhüm ähmiýet berilýär. Paýtagtymyzda hereket

Ýaşyl dünýä — ýaşaýyş

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda alnyp barylýan ekologiýa syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde bu gün ýurdumyzyň ähli künjekleri bagy-bossanlyga, gür tokaý zolaklaryna bürendi. Aýratyn hem, ajaýyp tebigy künjekler bilen kämil sazlaşygy emele getirýän ýurdumyzyň baş şäherini görmäge göz gerek. Häzirki wagtda Aşgabat diňe bir ýurdumyzyň däl, eýsem, dünýäniň binagärlik taýdan ösen, ekologiýa taýdan iň bir arassa şäherleriniň biri hökmünde tanalýar. Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanylan, ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek maksady bilen her ýylda geçirilmegi asylly däbe öwrülen köpçülikleýin bag ekmek dabaralary bu gün Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde üstünlikli alnyp barylýar. Her ýylda bolşy ýaly, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hem hormatly Prezidentimiziň gol çeken Kararyna laýyklykda ýurdumyzda saýaly, pürli, miweli baglaryň, üzümiň Aşgabat we Arkadag şäherlerinde 1,5 million düýp nahaly, welaýatlarymyzda 1,5 million düýp nahaly oturdylar. Munuň özi akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny dabaraly belleniljek ýylynda hem ata Watanymyzy bagy-bossanlyga büremek ýaly asylly işleriň batly depginler bilen dowam etdirilýändiginiň aýdyň görkezijisi bolup durýar.

Nebitgaz senagaty we «ýaşyl» ykdysadyýet

Ýurdumyzda tebigy gazy gaýtadan işläp, dünýä bazarynda isleg bildirilýän önümleri öndürýän döwrebap gazhimiýa toplumlary gurlup ulanmaga berilýär. Nebit we gaz ýataklarynda netijeli, häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelýän täze innowasion tehnologiýalara, ylmyň soňky gazananlaryna, sanly çözgütlere esaslanýan işler alnyp barylýar. Ýurdumyzda tebigy serişdeler özleşdirilende, oýlanyşykly, daşky gurşawa aýawly çemeleşmek ýörelgeden ugur alynýar. Çünki gazhimiýa we nebiti gaýtadan işleýän pudaklaryň geljegi uly bolan meýilnamalary ekologik düzüm bilen berk baglanyşyklydyr. Şol sebäpli hem ulanmaga berilýän senagat desgalarynda ekologik kadalaryň berjaý edilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Ýakyn geljek üçin iň bir amatly we täsirli boljak «ýaşyl» ykdysadyýeti kemala getirmegiň baş wezipesi hem ekologik abadançylygy üpjün etmekdir. «Ýaşyl» ykdysadyýet diýlen esasy düşünje halkyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmak bilen, döwletiň ähli ulgamlarynda sazlaşykly, innowasion we ekologik taýdan bähbitli boljak önümçiligi, senagaty ösdürmek bolup durýar. «Ýaşyl» ykdysadyýet döwletiň ähli pudaklaryna dahylly bolup, onuň nebit we gaz ulgamyna dahylly taraplary barada durup geçeliň. Ýurdumyzda nebit we gaz pudagyna degişli edara-kärhanalar, zawod-fabrikler, «mawy ýangyjy» öndürýän, gaýtadan işleýän we beýleki önümleri çykarýan ojaklar hereket edýär. «Mawy ýangyçdan» alynýan önümler senagatyň ä

Gök baglar görk berýär

Ykdysadyýetiň pudaklarynda 2023-nji ýylda alnyp barlan işleriň jemlerine bagyşlanyp 9-njy fewralda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde döwlet Baştutanymyzyň ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, gözel tebigatymyzy has-da baýlaşdyrmak maksady bilen gol çeken Karary her birimizde uly şatlyk duýgusyny döretdi. Resminama laýyklykda, şu ýyl ministrliklere, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň häkimliklerine hem-de beýleki edaralara 1,5 million düýp, welaýatlaryň häkimliklerine-de edil şonça saýaly, pürli we miweli baglaryň, şeýle-de üzüm nahalynyň ekilmegini üpjün etmek tabşyryldy. Munuň özi öňden bar bolan gök zolaklaryň üstüni ýetirip, türkmen tebigatynyň has-da gözelleşmegine, ak bazarlaryň datly miweler bilen baýlaşmagyna getirer. Ekologik howpsuzlygyň ýokary derejesini üpjün etmek, şäherleri we obalary tokaý zolaklaryna öwürmek döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. «Türkmenistanyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Milli tokaý maksatnamasynyň» üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň çäklerinde alnyp barylýan giň möçberli işler munuň aýdyň güwäsidir. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen başy başlanyp, asylly däbe öwrülen bag ekmek dabaralaryna halkymyz her ýyl agzybirlik bilen gatnaşýar. Bilşimiz ýaly, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýokary döwlet wezipesine girişenden soňra ilkinji gatnaşan çäresi hem ählihalk