Daýhanlara goldaw — zähmete sarpa
Oba hojalykçylaryň zähmet üstünliklerine beslenýän «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda bugdaý we pagta hasylyny öndürijilere döwlet tarapyndan ýakyndan goldaw berlip, olar bilen hasaplaşyklar wagtly-wagtynda geçirilýär. Bu ugurdaky tagallalar, ýurdumyzyň oba hojalyk pudagyna dünýäniň iň döwrebap tehnikalarynyň, kombaýnlarynyň satyn alnyp berilmegi, kärendeçileriň suw we mineral dökünler hem-de zerur bolan beýleki önümçilik serişdeleri bilen bökdençsiz üpjün edilmegi hormatly Prezidentimiziň oba hojalyk önümlerini öndürijileri höweslendirmek barada edýän bimöçber aladalarynyň aýdyň güwäsidir. Döwlet tarapyndan berilýän şeýle goldawlaryň netijesinde, ýurdumyzda her ýylda uly üstünlikler gazanylýar. 2024-nji ýylda ýurdumyz boýunça 580 müň gektara gowaça ekilip, Watan harmanyna jemi 1 million 250 müň tonna pagta hasylyny tabşyrmak meýilleşdirilen. Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyz boýunça pagta ýygymyna başlamaga ak pata bermegi hem-de edermen pagtaçylarymyzyň milli baýlygymyz bolan «ak altynyň» bol hasylyny ýygnap almak üçin tutanýerli zähmet çekmegi netijesinde, möhüm möwsümde işler ýokary depginde alnyp barylýar. Döwlet Baştutanymyzyň ýurdumyzyň oba hojalyk önümlerini öndürijileri bilen hasaplaşyklaryň öz wagtynda geçirilmegi barada berýän tabşyryklaryna laýyklykda, şu ýylyň pagta hasyly üçin hasaplaşyklary guramaçylykly geçirmek maksady bilen, «Türkmen