"Mugallymlar gazeti" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-53, 39-96-41, 39-96-40
Email: mugallymlar-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Jogapkärli pagta ýygymy möwsüminde

Güneşli Diýarymyzda pagta ýygymy gyzgalaňly dowam edýär. Pagtaçylarymyz yhlas-azabyny siňdirip ýetişdiren gowaça hasylyny ýitgisiz ýygnap almak ugrunda tutanýerli işleýärler. Şeýle jogapkärli we gyzgalaňly günlerde Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň hünärmenleri gowaça meýdanlarynda, pagta arassalaýjy kärhanalarda we hasyly kabul edýän harmanhanalarda bolup, zähmetkeşler bilen iş üstünde duşuşýarlar hem-de olara tehniki howpsuzlygynyň düzgünlerini doly we dogry berjaý etmek boýunça degerli maslahatlaryny berýärler. Şeýle çäreler zähmetkeşleriň işe has-da jogapkärli çemeleşmegine özboluşly itergi berýär. Pagta ýygyjy kombaýnlaryň köpçülikleýin gowaçaly atyzlara girjek günleri hem uzakda däl. Şoňa görä-de, “polat atlara” erk etjek mehanizatorlaryň arasynda-da düşündiriş işlerini alyp barýarys. Ýeri gelende, pagta ýygymynyň öňüsyrasynda etraplaryň “Obahyzmat” önümçilik kärhanalarynda kombaýnçylaryň arasynda tehniki howpsuzlyk düzgünleri boýunça okuw maslahatlarynyň hem geçirilendigini bellemek gerek.

«Ak altyn — 2024»

Guramaçylykly dowam etdirilýär “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda welaýatymyzyň beýleki etraplary bilen birlikde Mary etrabynyň pagtaçy kärendeçileri hem gyzgalaňly döwri başdan geçirýärler. Etrabyň daýhan birleşiklerinde, daýhan hojalyklarynda kärendeçiler ir ertirden giç agşama çenli pagtaly meýdanlarda bolmak bilen ýetişdirilen hasyly wagtynda, ýitgisiz ýygnamaga çalyşýarlar. Ýeňişli sepgidi eýelemegi maksat edinýän ýer eýeleriniň ümzügi öňe.

Depgin ýokarlanýar

Güýz paslynyň ýetip gelmegi bilen ekin meýdanlarynda pagtaçy kärendeçileriň zähmeti netijesinde “ak altynyň” bereketli hasyly kemala geldi. Şu günler welaýatymyzyň babadaýhanlary “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylymyzda hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzda uly dabaralar bilen bellenilýän şanly wakalary zähmet sowgatlary bilen garşy almak ugrunda tutanýerli zähmet çekýärler. Garagum etrabymyzyň daýhan birleşikleriniň, daýhan hojalyklarynyň ekin meýdanlarynda ýetişdirilen pagta hasylynyň soňky hanasyna çenli tabşyrmaklygy maksat edinip, ýetişdirilen hasyly isripsiz ýygnaýarlar. Uly joşgun bilen pagta ýygýan “ak altyn” ussatlary ir ertirden giç agşama çenli yhlasly zähmet çekýärler. Etrabyň pagtaçy kärendeçileri Watan harmanyna goşýan hasylynyň mukdaryny gün-günden artdyryp, döwlet öňündäki borçnamalaryny artygy bilen ýerine ýetirmek üçin ähli tagallalary edýärler. Häzirki jogapkärli döwürde pagta ýygymynyň gyzgalaňly dowam edýän günlerinde etrabymyzyň jemgyýetçilik guramalary pagtaçy kärendeçilerimiziň arasynda bolup, olaryň “Armasyny” ýetirip, kärendeçileriň, ýygymçylaryň arasynda ýaryş gurap, ýeňijileri ýadygärlik sowgatlary bilen sylaglap durýarlar.

Bugdaý — rysgal-berekediň gözbaşy

Ýurdumyzda ak bugdaýyň «Serdar», «Arkadag» we «Pyragy» sortlary döredildi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň ýerden bol hasyl öndürmek üçin döredip beren mümkinçiliklerinden, kömekdir goldawlaryndan netijeli peýdalanyp, edermen gallaçy daýhanlarymyz şu ýyl Watan harmanyna 1 million 400 müň tonnadan gowrak bugdaý tabşyryp, Watan öňündäki şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler. Ussat gallaçylaryň bu gazanan zähmet ýeňşi Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň oba hojalyk pudagyny ylmy esasda ösdürmek ugrunda edýän aladalarynyň öz miwesini berýändiginiň aýdyň güwäsidir.

Netijeli işler, belent sepgit

16-njy sentýabrda paýtagtymyzdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynda geçirilen GDA-nyň Tohumçylyk meseleleri boýunça hökümetara utgaşdyryjy geňeşiniň nobatdaky mejlisi hem-de onuň çäklerinde Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parkynda ýaýbaňlandyrylan oba hojalyk önümleriniň sergisi hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda oba hojalygynda gazanylýan ylmy esasly ösüşleriň, obasenagat toplumynda, şol sanda tohumçylyk işinde halkara hyzmatdaşlygyň netijeli alnyp barylýandygynyň nyşany boldy. Utgaşykly görnüşde geçirilen duşuşyga Russiýa Federasiýasynyň, Belarusuň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we beýleki döwletleriň ugurdaş ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, ylmy-barlag we önümçilik merkezleriniň, GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň wekilleri bilen bir hatarda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň professor-mugallymlary hem-de talyplary gatnaşdylar. Onuň dowamynda oba hojalygy pudagynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek bilen baglanyşykly meseleleriň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ak pagtam, dünýä nuruň saç!

Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysy» atly kitabyndan: — Biziň şu günki döwletliligimiziň düýp binýady hem ýurt edinip oturan mukaddes topragymyzdyr, bu toprakdan önýän baýlyklarymyzdyr, bereketli hasyllarymyzdyr, galla, pagta, ýüpek ýaly gymmatlyklarymyzdyr, dürli gök we bakja önümlerimizdir, miwelerimizdir.

«Ak altynly» pellerdäki joşgunly zähmet

Hormatly Prezidentimiziň ak patasy bilen «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň pagta ýygymy möwsümine badalga berlen gününden welaýatymyzyň kärendeçi daýhanlary, daýhan hojalyklarynyň agzalary şu ýyl atyzlarda ýetişdirilen bereketli hasyly çalt hem-de ýitgisiz ýygnap alyp, Watan harmanyna goşmak ugrundaky aladalary giň gerimde ýaýbaňlandyrdylar. Şeýlelikde, häzirki günlerde etraplaryň, daýhan birleşikleriň ählisinde, «ak altynly» meýdanlarda joşgunly zähmet barha ýokary depgine eýe bolýar. Boldumsaz etrabynyň pagtaçy daýhanlarynyň hem bu jogapkärli möwsümde aýratyn gaýratlylyk görkezýändiklerini bellemek ýerliklidir. Çünki olar 20,5 müň gektar meýdanda ýetişdirilen «ak altyny» ýygnamak işine öňdäkileriň hatarynda guramaçylykly girişip, oňa ähli gujur-gaýratlaryny gönükdirdiler. Şeýlelikde, etrabyň zähmetsöýer pagtaçylary Beýik Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllyk baýramynyň öň ýanyndaky häzirki ýakymly, dabaraly günlerde öz yhlasly zähmetleri bilen oňat görelde görkezmegi başarýarlar. Munuň özi döwlet harmanyna gündelik tabşyrylýan pagtanyň barha artmagyna şert döredýär.

Oba hojalygy: bol hasylyň aladasy

Guramaçylykly dowam edýär Güýz paslynyň dowam edýän günlerinde welaýatymyzyň ekerançylyk meýdanlarynda jogapkärli möwsüm dowam edýär. Her bir möwsümi üstünlikli alyp barmak ugrunda aladalanýan gallaçy daýhanlar geljek ýylyň hasyly üçin bugdaý ekişini guramaçylykly, güýçli depgin bilen dowam etdirýärler. 4-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiziň ak pata bermegi bilen ýaşulularymyz “Bismilla” diýip ýere tohum sepdiler, däne ekijiler işe girizildi.

«Ak altyn» — gymmatly baýlyk

Welaýatymyzyň pagtaçylary ýygyma dabaraly ýagdaýda girişdiler Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň pagta ýygymyna başlamaga beren ak patasyndan göwni galkynan welaýatymyzyň «ak altyn» ussatlary hormatly ýaşulularyň gatnaşmagynda 11-nji sentýabrda möwsüme zähmet baýramçylygy ruhunda guramaçylykly girişdiler.

Ussat pagtaçy

Babadaýhan etrabynyň «Zähmet» daýhan birleşiginiň pagtaçy kärendeçisi Aýjemal Gylyçmyradowa ýygymda tapawutlanmagy başarýan ussatlaryň biri. Onuň 10 gektar meýdanda ak patrak bolup açylan gowaçaly atyzlaryny synlanyňda göwnüň göterilýär. Zähmetsöýer kärendeçiniň maşgala agzalary bilen ýetişdiren hasylyndan göwni hoş. — «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda gowaçaly atyzlarymyz hasylyny bolluk bilen eçildi. Nesip bolsa, her gektardan 40 sentner hasyla garaşýarys. Ýygymda el güýjünden peýdalanýarys. Bu işde maňa maşgala agzalarymyz, ýygymçylar ýakyndan kömek berýärler. Ene toprakdan bereketli hasyl almak üçin döwletimiz tarapyndan döredilýän giň mümkinçilikler bizi diýseň guwandyrýar, täze zähmet üstünliklerine ruhlandyrýar. Hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzy bereket mekanyna öwürmek üçin alyp barýan asylly, döwletli işlerine, taýsyz tagallalaryna alkyşlarymyz çäksizdir — diýip, kärendeçi Aýjemal Gylyçmyradowa aýdýar.

Bugdaý ekişi — jogapkärli möwsüm

Ak bugdaý etrabynyň gallaçylary güýzlük däne ekişini talabalaýyk derejede, agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda geçirmek ugrunda yhlasly zähmet çekýärler. Geljek ýylyň hasyly üçin 26 müň gektarda däne ekişini geçirmegi meýilleşdiren etrabyň ak ekin ussatlary häzirki jogapkärli günlerde oba hojalyk tehnikalarynyň we gurallarynyň netijeli ulanylmagyny gazanýarlar. Etrabyň ekerançylyk meýdanlarynda ekiji traktorlaryň 66-synyň bökdençsiz işledilmegi netijesinde ekiş geçirilýän meýdanlaryň gerimi barha giňeýär. Däne ekişi «Üzümli toprak», «Ak üzüm» daýhan hojalyklarynda, Magtymguly adyndaky daýhan birleşiginde, M.Sopyýew adyndaky Oba hojalyk paýdarlar jemgyýetinde has göwnejaý alnyp barylýar.

«Ak altynly» kerweniň uzap barýar hatary

Daýhanyňky ýer bilen. Onuň ähli aladasy, öňde goýýan maksady möwsümleýin oba hojalyk işleriniň her birini öz wagtynda, ýokary hilli ýerine ýetirmek arkaly tohum ekip, ondan bol hasyl almakdan ybarat. Bu asylly maksat onuň goluna, biline kuwwat berýär, kalbyna ganat bagladýar. Şonuň üçin ol ähli yhlasyny, zähmetini ene topraga bagyş edýär. «Daýhan mert — ýer jomart» diýleni. Toprak daýhanyň yhlasyna, zähmetine görä bereket eçilýär. Muňa biz şu ýyl edermen gallaçylarymyzyň ajaýyp zähmet üstünlikleriniň mysalynda aýdyň göz ýetirdik. Ynha, ýurdumyzyň pagtaçy daýhanlary hem ýeňlerini çyzgap, pagta ýygymyna girişdiler. Häzirlikçe olar üçin arzyly pellehana heniz öňde. Pagta ýygymyna ýaňy badalga berildi.

Bagbany bagyndan tana!

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, özümizde ösdürilip ýetişdirilýän miweli baglaryň hasabyna azyk bolçulygyna saldamly goşant goşmak baradaky aladalaryna oba adamlary hem özleriniň mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Şolaryň biri hem Dänew etrabynyň Isbaz geňeşliginiň Isbaz obasynyň ýaşaýjysy, tejribeli bagban, Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medalynyň eýesi Tursunbaý Ýusupowdyr. Tejribeli bagbanyň ýetişdiren bagy tüýs rowaýatlarda tarypy ýetirilýän baglara çalymdaş. Göreniň gözi eglenýän bu bag şeýle bir arassa, ýekeje-de guran şaha ýa-da daragt tapaýmarsyň. Düýpleri hem endigan agardylan. Elbetde, munuň aňyrsynda bagbanyň ýadamazaklygy, zähmete bolan çäksiz söýgüsi ýatyr. Halal zähmeti bilen obadaşlarynyň arasynda uly hormata eýe bolan Tursunbaý bagban bilen miweli baglary ösdürip ýetişdirmek dogrusyndaky eden söhbetdeşligimizi okyjylarymyza ýetirmegi makul bildik. — Tursunbaý, tüweleme, bagyňyzy synlap, berekediň adam elinden önýändigine ýene bir ýola göz ýetirdik. Şunuň ýaly miweli bagy döretmek üçin nämeler etmeli, şular barada aýdaýsaňyz?!

«Baglarymda iýmiş bişdi...»

Bereketli türkmen topragynyň üstünde bitýän naz-nygmatlar gözüňi dokundyrýar. Yhlasyňy siňdirip ýere sepen ýekeje tohumyň, şänigiň müňläp hasyl eçilýär. Toprak seniň oňa bakyşyňdan, eliňe pil alyp tekizleýşiňden, tohum sepişiňden, suwaryşyňdan içki pikiriňi, yhlasyňy aňýar, seniň bilen sessiz sözleşýär. Yhlasyňa görä jogap berýär. Üstünden erenler hasasyny dürtüp, rysgal-döwlet paýlap geçen, ene mähriniň yssysyny ýada salýan sahawatly ýeriň «ene toprak» diýlip, ezizlenmesiniň gözbaşy şol düşünjelerden gaýdýan bolmaly. Bular barada ýaş bagban Mähriban Öwezmyradowa bilen duşuşanymyzda köp pikir alyşdyk. — Men Mary welaýatynyň Wekilbazar etrabynyň Görelde obasynda doguldym. Oba ýerinde önüp-ösemsoň, gözümi açyp görenim ekerançylyk meýdanydy, sebäbi gapymyzdaky mellek ýerimizde güller, baglar ekilgidi. Kakamyň olara hyzmat edişini görüp, doganlarym bilen gülleri suwarardym, baglarda miwe bişse, ýygyşardym. Ene toprak bilen iş salyşmak ruhuňy galkyndyrýar — diýip, Mähriban gürrüňe başlady.

Ak hanalar açylýar, berekedini eçilýär

1998-nji ýylda Haýytgül orta mekdebiň ahyrky synpynda okaýardy. Bir gün sapakda türkmen dili we edebiýat mugallymy: «Sen geljekde kim bolmakçy?» diýen sowaly orta atdy. Kim lukman, kim mugallym, kim inžener, kim hasapçy bolmaga höwes bildirdi. Gezek Haýytgüle ýetende: «Men kärendeçi daýhan boljak. Çünki ata-babalarymyz ene toprakdan rysgal-döwlet tapypdyrlar» diýdi. Onuň bu aýdanlaryny mugallym-da, okuwçylar-da makulladylar. Orta mekdebi tamamlandan soň, ol Saýat etrabynyň «Çekiç» daýhan birleşiginiň 6-njy kärendeçiler toparynyň ekin meýdanyna geldi. Ony gören kärendeçiler: — Tüweleme, Haýytgül, biziň aramyzda bolmakçymy — diýdiler. Gyzyň jogaby nagt boldy.

Gant şugundyry düşewüntli ekin

Garagum etrabynyň hasyl ussatlary ýerleriň medeniýetini ýokarlandyrmak, hasyllylygyny artdyrmak maksady bilen, ekin dolanyşygyna aýratyn üns berýärler. Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýylynda etrap boýunça bugdaýdan boşan ýerleriň 6 müň gektaryna aralyk ekin bolan gant şugundyryny ekip, ýokary gögeriş gazandylar. Gant şugundyry ekilen meýdanlary haşal otlardan arassalamak, ekinleri zyýankeşlerden goramak işleri hem gyzgalaňly dowam etdirilýär. Bu işler etrabyň «Ak altyn», «Baýramaly» daýhan birleşiklerinde «Erkin sähra», «Erkin toprak» daýhan hojalyklarynda ýokary guramaçylykly alnyp barylýar. Bir ýylda ýerden iki hasyl alynmagy, bir tarapdan ýeriň düşewüntliligini artdyrsa, ikinjiden, topragy gurplandyrýandygyna öz iş tejribelerinde göz ýetirýän garagumly daýhanlar ýurt Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygynyň bellenilýän ýylynda etrap boýunça 6 müň gektar ýere gant şugundyryny ekip, 75 müň 120 tonna hasyl almaklygy meýilleşdirýärler.

Daýhan yhlasy

4-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda bugdaý ekişine girişmäge ak pata berdi. Şol gün welaýatymyzda bugdaý ekişine girişilmegi mynasybetli maslahat geçirildi. Soňra Gyzylarbat etrabynyň «Batly mülkdar» daýhan hojalygynyň ekin meýdanynda bugdaý ekişine badalga berilmegi mynasybetli dabara ýaýbaňlandyryldy. Bu ýerde hormatly Prezidentimiziň sargydyna eýerilip hem-de asylly däbe görä, il sylagly ýaşulularyň «Bismillasy» bilen bugdaý ekişine guramaçylykly girişildi.

Ýaş daýhanyň yhlasly zähmeti

Köneürgenç etrabynyň «Kyrkgyz» daýhan birleşiginde topraga bagry badaşan, ondan döwlet tapýan kärendeçiler näçe diýseň bar. Şolaryň hatarynda Daýanç Saparowy bellemek bolar. Daýanç ýaşdygyna garamazdan, işiň abyny-tabyny ele alan kärendeçi. Ol öňki ýyllarda diňe bugdaý, gowaça ekip bol hasyl alan bolsa, häzirki wagtda gök-bakja ekinlerini ösdürip ýetişdirip, ak bazarlarymyzyň bu önümlerden doly bolmagyna özüniň mynasyp goşandyny goşýar. Ýakynda biz Daýanç Saparow bilen iş üstünde duşuşyp, söhbetdeş bolanymyzda, ol şeýle gürrüň berdi: – Men her ýyl «Kyrkgyz» daýhan birleşiginiň çäginde kärendesine alan 35 gektar ýerimde bugdaý, 22 gektar ýerde bolsa gowaçanyň bol hasylyny ýetişdirdim. Şu ýyl Watan harmanyna 35 gektar ýerden 148 tonna galla hasylyny tabşyryp, meýilnamany 200 göterim berjaý etdim. Şu günler güýzlük bugdaý ekişine hem-de pagta ýygymyna guramaçylykly  girişdik. Şeýle hem  kärende ýerimiň 4 gektarynda gök-bakja ekinlerini ösdürip ýetişdirýäris. Çeken yhlasly zähmetimiň netijesinde gawundyr garpyzyň, pomidordyr soganyň we beýleki gök-bakja önümleriň bol hasyly kemala geldi. Häzirki wagtda bu önümleri ak bazarda ilata elýeterli bahalardan hödürleýäris. Bize yhlasly zähmet çekmäge giň mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, döwletli işleri rowaçlyklara beslensin!

Daýhan hereketi – hasyl berekedi

Mary etrabynyň G.Atabaýew adyndaky daýhan birleşiginiň üzüm baglary 13 gektara çenli uzalyp gidýär. Häzirki wagtda daýhan birleşiginiň edermen daýhanlary üzümiň ýokary hasyl berýän görnüşleriniň 20 müňden gowrak düýbüni ýetişdirip, bol hasyl alýarlar. Bu ýerde üzümiň, esasan, terbaş, ak üzüm, gara üzüm ýaly görnüşleri ösdürilip ýetişdirilýär. Tejribeli daýhanlaryň aýdyşy ýaly, her gektardan ortaça 20–25 tonna çenli hasyl alynýar. Daýhan birleşiginiň Merdan Orazgulyýew, Geldi Aşyrow, Altymuhammet Nurberdiýew ýaly kärendeçileri üzümden bol hasyl almakda beýlekilere görelde bolýarlar. Olar mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk baýramyna mynasyp sowgatly barmagy ýüreklerinde besleýärler. Munuň üçin bolsa şu günler üzümi köpçülikleýin ýygyp, has öndürijilikli zähmet çekýärler. Olar ilatymyzy bütin ýylyň dowamynda ter miweler we ir-iýmişler bilen üpjün etmekde ägirt uly işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, belent başlarynyň aman bolmagyny, il bähbitli, döwlet ähmiýetli başlangyçlarynyň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuwlaýarlar.

Ir eken utar

Babadaýhan etrabynyň ak ekin ussatlary 30 müň gektar meýdanda güýzlük bugdaý ekişini geçirmegi belent maksat tutunyp, şu günler jogapkärli möwsümi agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda alyp barýarlar. Ekişde etrabyň “Obahyzmat” önümçilik kärhanasynyň we daýhan hojalyklarynyň ekiji tehnikalarynyň hyzmatyndan netijeli peýdalanylýar. Jogapkärli möwsümde gallaçylar ýokary hilli tohumlar bilen bökdençsiz üpjün edilýär, wagtlaýyn döredilen tehniki hyzmat ediş toparlaryň hyzmaty göwnejaý ýola goýulýar. Işleriň sazlaşykly alnyp barylmagy bugdaý ekişiniň bellenen möhletlerde we talabalaýyk geçirilmegine itergi berýär. Ekişde tapawutlanýan mehanizatorlaryň höweslendirilip durulmagy bolsa, işiň depginine oňyn täsirini ýetirýär.