"Mugallymlar gazeti" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-53, 39-96-41, 39-96-40
Email: mugallymlar-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Günorta Koreýa Aerokosmos müdirligini döretdi we 2045-nji ýyla çenli Marsa ýetmegi maksat edinýär

Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Ýun Sok Ýol KASA Aerokosmos müdirligini açdy, munuň özi ýurt üçin kosmos gözlegleriniň täze döwrüni alamatlandyrdy. Bu bolsa ýurduň kosmosdaky ornuny giňeltmek maksadyna we 2045-nji ýyla çenli Marsa gonmak hakyndaky meýilnamalaryna laýyk gelýär. 2045-nji ýyla çenli kosmos maksatlaryna ýetmek üçin ýurt 100 trillion won (72,6 milliard dollar) bölüp berdi.

Türki dünýäniň medeni mirasynyň sanly katalogy taýýarlanylýar

Türki döwletleriň guramasynyň ýanynda Türki dünýäniň umumy maddy we maddy däl medeni mirasynyň katalogy taýýarlanylýar. Bu barada “Anadolu” agentligine beren interwýusynda Türki medeni mirasy gaznasynyň ýolbaşçysy Aktoty Raimkulowa habar berdi. Katalogyň taýýarlanmagy üçin konsultatiw geňeş jogapkär bolar. Onuň düzümine Türki döwletleriň guramasyna gatnaşyjy ýurtlaryň ÝUNESKO-nyň işleri boýunça milli toparlarynyň agzalary, bu guramanyň, TÜRKSOÝ-yň, Türki dilli ýurtlaryň parlament assambleýasynyň we Türki akademiýanyň wekilleri, şeýle hem her ýurtdan 2-3 bilermen girer.

Elektrikli awtoulaglar üçin tizlik rekordy

Ýokary öndürijilikli elektrik awtoulaglary täze tizlik rekordyny goşdy. Ýaponiýada öndürilen “Aspark Owl” sagatda 438 kilometre ýetdi. Germaniýanyň Papenburg synag merkezinde sagatda 438,74 kilometre ýeten bu awtoulag “dünýäniň iň çalt elektrik ulagy” diýen ada eýe boldy. Mark Basseng tarapyndan dolandyrylýan ulagyň iň ýokary tizligi hemra yzarlaýyş ulgamy tarapyndan tassyklandy. 2015-nji ýyldan bäri ýokary öndürijilikli elektrik awtoulaglaryny öndürýän Ýaponiýada ýerleşýän bu kompaniýa, öňki synaglarynda bu ulagyň 420 we 430 kilometre ýetendigini aýtdy.

Tehnologiýalar eýýamy

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň belleýşi ýaly, ylmyň we tehnologiýalaryň ösüşini täze derejelere çykarmak, ylmy barlaglaryň, tehniki işläp taýýarlamalaryň netijeliligini has-da ýokarlandyrmak, olary jemgyýetimiziň hem-de döwletimiziň möhüm meselelerini çözmäge gönükdirmek alymlarymyzyň öňünde goýulýan wajyp wezipelerdir. Olaryň üstünlikli durmuşa geçirilýändigi Ylymlar güni mynasybetli guralan «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar» atly halkara ylmy maslahatyň, «Ýaşyl» ykdysadyýetiň möhüm ugurlary: eko-nano-bio we maglumat tehnologiýalary» atly halkara ylmy-amaly maslahatyň netijelerinden hem aýdyň göründi. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy we Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi tarapyndan ylmyň hem tehnikanyň ileri tutulýan ugurlary boýunça Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça däp bolan bäsleşigiň jemleri jemlenip, şu ýyl bu abraýly ylmy bäsleşige gatnaşan ýaşlaryň 1670-siniň işleri seljerilip, 107-si ýeňijiler diýlip yglan edildi. Olaryň hatarynda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň ýaşlarynyň hem bolmagy has-da guwandyryjydyr. Şanly ýylda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä gününiň hem-de Ylymlar gününiň dabaralary biri-biri bilen utgaşdy. Türkmenistanyň Gyzyl kitabynyň 4-nji neşiriniň çap edilmegi bu şanly seneler

При перевозках в Туркменистан уже можно подавать предварительную информацию о товарах в электронном виде

С 1 июня в Туркменистане реализована возможность предварительной электронной подачи информации о ввозимых товарах, сообщили в Государственной таможенной службе страны. С этой целью используется информационная система «ASYCUDA World», которая в 2022 году была интегрирована с системой «TIR-EPD», предусматривающей применение книжек МДП для транзита товаров по территории Туркменистана. «В соответствии с Таможенным кодексом Туркменистана с 1 июня 2024 года перевозчикам или иным заинтересованным лицам предоставлена возможность подачи предварительной электронной информации о товарах, предназначенных для ввоза на таможенную территорию Туркменистана до их фактического прибытия», — говорится на сайте таможенной службы страны.

Aşgabatda “HI-TECH Türkmenistan 2024” halkara forumy we sergi geçiriler

Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherinde 2024-nji ýylyň 4-6-njy sentýabry aralygynda Türkmenistanyň ykdysadyýetine ýokary tehnologiýalary we innowasiýalary çekmek boýunça “HI-TECH Türkmenistan 2024” atly halkara forum we sergi geçiriler. Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy we “Oguzabat” hojalyk jemgyýeti tarapyndan bilelikde gurnaljak bu sergi innowasiýa tehnologiýalar pudagynda daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen özara peýdaly we deň hukukly hyzmatdaşlygy güýçlendirmek hem-de işjeňleşdirmek üçin platforma bolup hyzmat eder. Bu barada serginiň gurnaýjylary habar berýär.

«Çapar Pay» mobil goşundysy dizaýnyny täzeledi

Öňler «Çapar» ady bilen meşhur bolan «Çapar Pay» mobil goşundysy dizaýnyny täzeledi, logotipini üýtgetdi hem-de bar bolan funksiýalarynyň sanawyny giňeltdi. Indi siz «Çapar Pay» goşundysyny şu maksatlar üçin peýdalanyp bilersiňiz:

Türkmenistanyň gümrük edaralarynda harytlaryň deslapky elektron maglumatlaryny bermek mümkinçiligi döredildi

Türkmenistanyň gümrük edaralarynda 2024-nji ýylyň 1-nji iýunyndan başlap, daşaýjylar ýa-da başga dahylly şahslar tarapyndan Türkmenistanyň gümrük çägine getirilmegi göz öňünde tutulýan harytlar barada elektron görnüşde deslapky maglumatlary bermek mümkinçiligi döredildi. Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň penşenbe güni habar bermegine görä, deslapky maglumatlary gümrük edaralaryna “ASYCUDA World” gümrük maglumat ulgamynyň we “1975-nji ýylyň 14-nji noýabryndaky MDP depderçesini ulanmak bilen Ýükleriň halkara daşalmagy hakyndaky” Gümrük konwensiýasyna laýyklykda, Awtomobil ulaglarynyň halkara birleşiginiň (IRU) TIR-EPD maglumat ulgamynyň üsti bilen elektron görnüşinde türkmen, rus we iňlis dillerinde berip bolýar.

Halkara ylmy maslahata gatnaşyjylaryň üns merkezinde — innowasion tehnologiýalar

9-njy iýunda paýtagtymyzda «Ýaşyl» ykdysadyýetiň möhüm ugurlary: eko-, nano-, bio- we maglumat tehnologiýalary» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. Ylymlar gününe bagyşlanyp guralan maslahat türkmen alymlary bilen bir hatarda, 10-a golaý ýurtdan mugallymlary we ýaş alymlary bir ýere jemledi. Forumyň aýdym-sazly baýramçylyk çykyşlaryna beslenen açylyş dabarasy Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde geçirildi. Ýeri gelende bellesek, bu ýokary okuw mekdebi döwletimiziň intellektual we ylmy-tehniki mümkinçilikleriniň ösüşiniň esasy merkezleriniň birine öwrülýär. Bu ýerde uniwersitetiň talyplarydyr ýaş mugallymlary tarapyndan guralan innowasion taslamalaryň we tehnologiýalaryň ajaýyp sergisi ýurdumyzyň öňdebaryjy bilim ojagynyň bu ugurda gazanýan üstünliklerine göz ýetirmäge mümkinçilik berdi. Şeýle hem bu ýerde ak öý gurnalyp, halkymyzyň gündelik durmuşyny, milli medeniýetimiziň köpöwüşginliligini şöhlelendirýän gymmatlyklar görkezildi. Maslahata gatnaşyjylara milli tagamlar hödür edildi. “Oguzlar” aýdym-saz toparynyň ajaýyp çykyşlary daşary ýurtly myhmanlarda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrdy.

Sanly ulgamyň mümkinçilikleri ýokarlanýar

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň garamagyndaky gümrük edaralarynda 2024-nji ýylyň 1-nji iýunyndan başlap, daşaýjylar ýa-da başga dahylly şahslar tarapyndan Türkmenistanyň gümrük çägine getirilmegi göz öňünde tutulýan harytlar barada elektron görnüşde deslapky maglumatlary bermek mümkinçiligi döredildi. Türkmenistanyň Gümrük kodeksine laýyklykda döredilen bu mümkinçilikler, gullugyň düzümlerinde sanly ulgamy has-da ösdürmekde amala aşyrylýan işleriň ýene bir nobatdaky subutnamasydyr. Deslapky maglumatlar gümrük edaralaryna «ASYCUDA World» gümrük maglumat ulgamynyň hem-de «1975-nji ýylyň 14-nji noýabryndaky MDP depderçesini ulanmak bilen, Ýükleriň halkara daşalmagy hakyndaky» Gümrük konwensiýasyna laýyklykda, Awtomobil ulaglarynyň halkara birleşiginiň (IRU) TIR-EPD maglumat ulgamynyň üsti bilen elektron görnüşinde berip bolýar. Harytlar baradaky deslapky maglumatlary gümrük edaralaryna diňe bir türkmen dilinde däl-de, eýsem, rus we iňlis dillerinde elektron görnüşde bermek mümkinçiligi hem ýola goýuldy.

«iPhone» smartfonlarynyň satuwyndan 1,95 trillion amerikan dollar girdeji gazandy

«Apple» kompaniýasy «iPhone» smartfonlaryny öndürip başlaly bäri, olaryň satuwyndan 1,95 trillion amerikan dollary möçber­inde girdeji gazandy. Bu barada «Stocklytics.com» portalynyň hasaplamalarynda mälim edildi. Çeşmede geçen çärýekde «iPhone» smartfonlarynyň satuwynyň 46 milliard amerikan dollaryna deň bolandygy bellenilýär. Şundan çen tutup, kompaniýanyň şu ýylyň dowamynda «iPhone» smartfonlaryndan alnan girdejisini 2 trillion amerikan dollaryna ýetirjekdigini çaklamak bolýar.

«Nvidia» «Appleden» geçdi, öňde «Microsoft» bar

ABŞ-nyň «Nvidia» kompaniýasynyň paýnamalary rekord derejä çenli gymmatlap, ony «Apple» kompaniýasyndan öňe geçirdi hem-de dünýäniň iň gymmat ikinji brendine öwürdi. Has anyk aýtsak, «Nvidianyň» emeli aňyň esasynda çip öndürijisiniň döredilmegi kompaniýanyň bazar bahasynyň 3 trillion amerikan dollardan geçmegine şert döretdi. Häzirki wagtda dünýäniň iň gymmat brendi hasaplanýan «Microsoft» kompaniýasynyň bazar bahasy bolsa 3,15 trillion amerikan dollaryna deňdir. «Nvidia» kompaniýasynyň paýnamalary 5-nji iýunda 5,2 göterim gymmatlap, 1224,40 dollara ýetdi, şol bir wagtyň özünde kompaniýanyň bazar bahasy 3,012 trillion amerikan dollar boldy. «Apple» kompaniýasynyň bazar bahasy soňky gezek paýnamalary 0,8 göterim gymmatlanda, 3,003 trillion amerikan dollary bolupdy.

Hytaýda “Super Virtual Rail Train” ýokary tizlikli otlusy hereketine başlady

«CRRC Zhuzhou Locomotive» tarapyndan işlenip düzülen «Super Virtual Rail Train» (SRT3.0) «Pintan» ýokary tizlikli otlusy demir ýol menzilinden Hytaýyň Longwangtou okean seýilgähine çenli täze ugurda synagdan geçirilip başlandy. «Super Virtual Rail Train» — bu «ösen demir ýol we ýol tehnologiýalaryny birleşdirýän täze önüm». Metro wagon gabarasy adaty awtobus merkezlerine birikdirilip, ulagyň belli bir ugruny yzarlamagyna mümkinçilik berýän «wirtual ýol tehnologiýasy» bilen enjamlaşdyrylandyr.

Hytaýyň «Çane-6» stansiýasy Aýyň arka tarapyndan toprak nusgalaryny orbita iberdi

Hytaýyň «Çane-6» atly awtomatiki planetara stansiýasynyň uçuş moduly Aýyň arka tarapynda toplanan toprak nusgalaryny emeli hemranyň orbitasyna çykardy. Bu waka ýerdäki kosmonawtikanyň taryhynda täze bir sahypany açýar, sebäbi alymlarda heniz Ýeriň hemrasynyň görünmeýän tarapyndan alnan toprak nusgalary ýokdy. Amallaryň esasy bölegi stansiýa tarapyndan awtomatiki tertipde geçirildi. Şeýle hem Ýerden berlen görkezmeler «Sýuesýao-2» retranslaýtor hemrasynyň kömegi bilen enjama ýetirildi. Nusgalar ýygnalanda heläkçilikleriň öňüni almak üçin Ýerdäki gonuş modulynyň takyk göçürmesiniň töwereginde «Çane-6» moduly üçin Aýdaky ýaly gurşaw döredildi.

Ýaponiýa ilkinji agaçdan ýasalan emeli hemrany äleme uçurar

Ýaponiýada dünýäde ilkinji gezek agaçdan emeli hemra taýýarlanyldy. Ol golaýda äleme uçurylar. Ýaponiýanyň Kýoto uniwersitetiniň we Sumitomo tokaý hojalygy korporasiýasynyň bilelikdäki gözleg topary agaç emeli hemrany taýýarlamaga 2020-nji ýylyň aprelinde girişdi. Şeýle emeli hemrany döretmekden maksat daşky gurşawy goramak baradaky tagallalardan ybaratdyr. Sebäbi agaç emeli hemra älem giňişligindäki wezipesini tamamlandan soňra Ýere dolanan mahaly atmosfera giren badyna doly ýanyp ýok bolýar. Bu bolsa atmosfera zyýanly galyndylaryň zyňylmagynyň öňüni alýar.

23000-den gowrak awtoulagyny yzyna alar

Russiýanyň Tehniki kadalaşdyrmak we metrologiýa boýunça federal agentliginiň habar bermegine görä, «KAMAZ» kompaniýasy 23 müňden gowrak ýük awtoulagyny yzyna alar. Bu sanaw 2022-nji ýylyň 1-nji iýulyndan 2023-nji ýylyň 1-nji awgustyna çenli Rus­siýada satylan ýük awtoulaglaryny öz içine alýar. Köpçülikleýin yzyna çagyrmagyň esasy sebäbi möhüm howpsuzlyk ulgamynyň — gyssagly kömek hyz­matlaryna jaň etmek üçin enjamyň ýoklugy. Bu ýetmezçilik sürüjiler üçin hem, beýleki ýol ulanyjylar üçin hem uly howp döredýär. Şu howpy aradan aýyrmak maksady bilen, kompaniýa yzyna çagyrylan ähli ýük awtoulaglaryny möhüm howpsuzlyk enjamy bilen mugt üpjün eder.

Startaplaryň bäsleşigi: innowasion telekeçiligiň baýramçylygy!

Tehniki ösüş biziň durmuşymyzy amatly edýär, dürli innowasiýalary döredýän höwesjeňler toparlary-startaplar bolsa tehniki ösüşiň möhüm hereketlendirijileri bolup durýar. Tehniki ösüşi tizleşdirmek üçin startaplara dürli goldawlary berýärler, meselem: biznes-inkubatorlar pikiri durmuşa geçirmäge ýardam edýärler.

“Türkmenaragatnaşyk” agentliginiň topary maglumat howpsuzlygy boýunça halkara kiberçempionatynyň ýeňijileriniň hataryna girdi

“Senagat Russiýasynyň sanly industriýasy” maslahatynyň çäklerinde kiber durnuklylygy synag etmek hem-de halkara derejesinde tejribe alyşmak üçin sanly ulgam arkaly ýaryş geçirildi. Iki tapgyrda geçen ýaryşa dürli ýurtlardan 40 topar gatnaşdy. Jemleýji tapgyra Russiýadan, Türkmenistandan we Mýanmadan 7 topar geçmegi başardy.

Hytaýda «Apple-iň» taryhdaky iň uly arzanladyşlardan soň «iPhone» smartfonlarynyň satuwy artdy

«Apple» üçin iň möhüm bazarlaryň biri hasaplanýan Hytaýda kompaniýa tarapyndan smartfonlaryň we beýleki önümleriň bahalary arzanladylandan soň «iPhone» smartfonlarynyň satuwy 52% artdy. Şeýlelikde, Hytaýda «iPhone 15» smartfonlarynyň bahasy 320 dollara çenli arzanlady.

Türkmenistanda kosmos işi babatda döwlet syýasatynyň konseptual esaslarynyň taslamasy işlenip taýýarlanylar

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň golaýda geçiren Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisinde döwlet durmuşyna degişli birnäçe meseleler girizildi. Mejlisde Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew ulag we kommunikasiýalar pudagynyň kadalaşdyryjy hukuk binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda kosmos pudagyny mundan beýläk-de ösdürmek, hemra aragatnaşygynyň täze hyzmatlaryny döretmek, milli ykdysadyýetimiziň ösüşine goşant goşmak maksady bilen, Kosmos işi babatda döwlet syýasatynyň konseptual esaslarynyň taslamasyny işläp taýýarlamak meýilleşdirilýär.