"Mugallymlar gazeti" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-53, 39-96-41, 39-96-40
Email: mugallymlar-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Türkmen ýaşlary – sanly ösüşleriň eýesi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ýaşlarymyzyň ylymly, bilimli nesiller bolup ýetişmegi we häzirki zaman ylmynyň gazananlaryna mynasyp goşant goşmagy üçin ähli şertler döredilýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň innowasion ösüşine laýyklykda, maglumat tehnologiýalaryny ulanmak arkaly sanly hyzmatlary hödürlemegiň ähli basgançaklary ýokary hilli elektron maglumatlary bilen üpjün edilýär. Sanly serişdeleriň mümkinçiliklerinden giňden peýdalanyp, sanly hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmakda, sanly maglumat gorunyň alnyp barylýan işlerde hemmeler üçin elýeterliligini üpjün etmekde hem-de sanly ulgamy yzygiderli kämilleşdirmekde ýaş nesillere esasy orun berilýär. Ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça amala aşyrylýan işleriň durmuş-ykdysady ösüşleri we döwrebap hukuk üpjünçiligi bilen sazlaşykly alnyp barylmagy Türkmenistan döwletimiziň ösüşler ýoly bilen öňe barýandygyny alamatlandyrýar. Milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda giň gerimli özgertmeleriň durmuşa geçirilmegi, sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy durnukly ösüşiň binýady bolup hyzmat edýär. Okgunly ösýän sanly tehnologiýalar dünýä hojalygyny alyp barmagyň adaty görnüşleriniň we usullarynyň üýtgemegini şertlendirýär.

Ýaşlaryň arasynda innowasion tehnologiýalaryň bäsleşigini yglan edýär

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti 35 ýaşa çenli raýatlaryň arasynda innowasion tehnologiýalaryň bäsleşigini yglan edýär. Bu barada ýokary okuw mekdebiniň web-saýtynda habar berilýär. Bäsleşige gatnaşýanlar özleriniň taýýarlan mobil programmalaryny, web sahypalaryny, innowasion ykdysady ulgamlaryň modellerini, kiberhowpsuzlyk, biotehnologiýa, maglumat tehnologiýasy, lukmançylyk, oba hojalygy we beýleki ugurlardaky täzeçil pikirlerini hödürläp bilerler. Hödürlenilýän ylmy aslamalarda tehniki täzelik ýa-da ýokary öndürijilikli ösen tehnologiýa bolmaly.

«Akylly» şäheriň «akylly» hyzmatlary

Sanly duralga Şäheriň ilaty we myhmanlary üçin özboluşly «akylly» hyzmatlary hödürleýän sanly duralgalaryň döredýän mümkinçilikleri ýolagçylaryň göwnünden turýar. Sanly duralganyň türkmen haly gölleri ýerleşdirilen daşky görnüşi göze ýakymly. Duralgalarda «akylly» monitor ýerleşdirilip, onuň kömegi bilen internet arkaly ýurdumyzda bolup geçýän täzelikler hem-de döwürleýin metbugat sahypalary bilen tanyşmak bolýar.

Sanly ulgam — döwrebaplygyň binýady

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz tarapyndan öňe sürlen, durmuşymyzyň hemme ugurlarynda biziň has tijenip işlemegimizi talap edýän umumymilli wajyp wezipe — sanly ulgama geçmek boýunça özgertmelerdir. Sebäbi sanly ulgam — döwrüň talaby, döwrebap ösüşleriň bolsa binýadydyr. Häzirki wagtda durmuşymyzyň ähli pudaklary sanly dolandyryş ulgamlarynyň has giň möçberde ulanylmagyny talap edýär. «Türkmenistanda 2019−— 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynyň» hereket etmegi ýurdumyzyň ösüşiň täze belentlikleri bilen aýakdaş gitmeginiň, ösen döwletleriň hataryna goşulmagynyň esasy şertidir. Dünýäde ýokary halkara abraýy, ykdysady we durmuş derejesi, döwrebap ylym we medeniýet ulgamy bilen tanalýan Türkmenistan döwletimizde sanly ykdysadyýete geçmek üçin gerek bolan zerur şertler doly ýeterlikdir. Bellemeli zatlaryň biri-de, ýurdumyzda ykdysadyýet we dolandyryş ulgamyny sanly ulgama geçirmek boýunça alnyp barylýan işleriň gitdigiçe giň gerime eýe bolup, ýurdumyzyň bu ulgamdaky netijeliliginiň ýokarlanmagydyr. Hormatly Prezidentimiziň beýik başlangyçlary esasynda, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýurdumyzda bu ugurdaky wezipeler hasam aýdyňlaşdyrylyp, has-da işeňňir häsiýete, anyk ugurlara we gujurly depginlere eýe boldy.

AŞTU «akylly» týunerlerini hödürleýär

«Aşgabat şäher telefon ulgamy» (AŞTU) ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti müşderilerine indi «Belet Film» hyzmatyny 12 aý möhlet bilen garaşaryna hödürlenýän «Belet Box» týuneri arkaly birikdirmek mümkinçiligini ýetirýär. «Belet Box» týuneri üçin her aýda geçirilmeli töleg 69 manada deň bolýar. «Belet Box» enjamy garaşaryna satyn alnan ýagdaýynda “Belet Film” hyzmatynyň her aýlyk tölegi 5 manat ýokarlanýar, has takygy týuner nagt satyn alnanda bu hyzmatyň aýlyk tölegi 30 manat bolsa, enjamy garaşaryna alanyňyzda hyzmatyň aýlyk tölegi 35 manada barabar bolýar.

Sanly bilim ulgamy – giň mümkinçilikleriň toplumy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzda bilim ulgamy täze ösüşlere eýe bolýar. Ulgamyň işini döwrebap derejede guramak, oňa innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak, ýaşlara berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmak, bu babatda milli aýratynlyklary göz öňünde tutmak bilen, dünýä tejribesinden ugur almak, sanly bilim ulgamyna geçmek boýunça giň möçberli işler alnyp barylýar. Şu nukdaýnazardan ugur alyp, häzirki döwürde ýurdumyzda “2019 - 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy” tapgyrma-tapgyr durmuşa geçirilýär. Sanly bilimi ösdürmek, ilkinji nobatda, bilim ulgamynda zähmet çekýän mugallymlardyr hünärmenleriň, şeýle-de, bilim alýan talyplaryň häzirki zaman kompýuter tehnologiýalaryndan ussatlyk bilen baş çykarmaklaryny ýüze çykarýar. Biziň okuwçylarymyz okuw sapaklarynda, şeýle hem sapakdan daşary işlerde sanly bilimiň gazananlary, ondan peýdalanmagyň usullary hakynda düşünjelerini yzygider artdyrýarlar, innowasion gollanmalary we maksatnamalary öwrenýärler. Häzirki zaman innowasion tehnologiýalarynyň bilimi kämilleşdirmekdäki hyzmatyny we ähmiýetini dürli söhbetdeşlikleriň netijesinde ýaşlara düşündirýäris. “Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyny” amala aşyrmak boýunça işler ýörite düzülen meýilnamalar esasynda amala aşyrylýar. Bu

Elektron we kompýuter enjamlarynyň 2000-e golaýy ornaşdyryldy

«Microsoft» we «Intel» ýaly dünýä belli kompaniýalar bilen hyzmatdaşlyk edýän «Agzybirlik tilsimaty» bilelikdäki kärhanasy tarapyndan Arkadag şäherindäki onlarça edara-kärhanalara 2000-e golaý kompýuter enjamlary, dürli ölçegdäki monitorlar we barkod enjamlary üstünlikli ornaşdyryldy. «Agzybirlik tilsimaty» bilelikdäki kärhanasy türkmenistanlylar üçin elýeter, döwrebap kompýuter we ykjam smart enjamlaryny öndürýän milli kärhanadyr. Kärhananyň esasy maksady Türkmenistanda kompýuter tehnologiýalaryny öndürmek we ösdürmek bolup durýar.

Paýtagtymyz Aşgabatda, Arkadag şäherinde we ýurdumyzyň welaýatlarynda gpon tehnologiýasy ornaşdyrylýar

Aşgabat şäher telefon ulgamy (AŞTU) ýokary tizlikli Internet bilen üpjün etmek üçin GPON (Gigabit passive optical network – gigabit passiw optiki tor ýa-da «müşderä çenli optika») tehnologiýasyny ornaşdyrmak boýunça netijeli iş alyp barýar. Häzirki wagtda Aşgabadyň günortasyndaky köp gatly belent ýaşaýyş jaýlar, paýtagtymyzyň demirgazyk-günbataryndaky «Täze zaman» ýaşaýyş jaý toplumy we «Parahat 7/2» ýaşaýyş jaý toplumy ýokary tizlikli internet bilen üpjün edilendir. Her jaýa optiki kabeller çekilendir we ONT müşderi terminallary oturdylandyr.

Hindistan 2035-nji ýyla çenli özbaşdak kosmos stansiýasyny döretmegi meýilleşdirýär

Hindistanyň Kosmos barlaglary guramasy (ISRO) 2035-nji ýyla çenli özbaşdak kosmos stansýasyny döretmegi meýilleşdirýär. Bu barada “Adi Sankara Trust” gaznasynyň baýraklaryny gowşurmak dabarasynda Hindistanyň Kosmos agentliginiň ýolbaşçysy Şridhara Paniker Somnath mälim etdi. Mälim edilişi ýaly, ýurduň kosmos stansiýasynyň ilkinji moduly 2028-nji ýyla çenli taýýar ediler.

«Akylly» ýöriteleşdirmek konsepsiýasy döwrüň derwaýyslygy

Bilşimiz ýaly, häzirki döwürde ýurdumyzda ylmy-tehniki ösüşlerde uly üstünlikler gazanylýar. Biotehnologiýa, nanotehnologiýa, elektronika, robot tehnologiýalary, emeli aň ýaly ylmyň täze ugurlary barha ösdürilýär. Şular bilen bir hatarda, sebit derejesini ösdürmek we giňeltmek maksady bilen «akylly» ýöriteleşdirmek konsepsiýasy durmuşa ornaşdyrylýar. Biz muny geljegi uly bolan Arkadag şäheriniň gurluşygynda aýdyň görýäris. Täze «akylly» ýöriteleşdirmek konsepsiýasy 2009-njy ýylda «Ösüş üçin bilim» bilermenler topary tarapyndan Ýewropa döwletlerinde girizilip başlandy. Bu konsepsiýa sebitde iş orunlaryny döretmek we ykdysady ösüşi ýokarlandyrmak bilen baglanyşyklydyr. Konsepsiýanyň esasy maksady sebitde bäsdeşlige ukyply ykdysady ugurlary ýüze çykarmak bolup durýar. Bu konsepsiýa dünýäniň birnäçe ösen we ösüp barýan döwletlerinde durmuşa geçirilýär we ýokary netijeler gazanylýar.

Sanly mümkinçilikleriň höziri

Diýarymyzyň gadymy künjekleriniň birinde, Köpetdagyň ajaýyp dag eteklerinde döwlet ähmiýetli şäher diýen aýratyn hukuk derejesine eýe bolan Arkadag şäheriniň gurulmagy Türkmenistanda amala aşyrylýan durmuş ugurly we ýurdumyzy hemmetaraplaýyn ösdürmäge, onuň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmaga, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmaga gönükdirilen döwlet syýasatynyň üstünliklere beslenýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Bu şäher öňdebaryjy sanly, maglumat- aragatnaşyk we «ýaşyl» tehnologiýalara esaslanýan «akylly» şäheriň aýdyň nusgasydyr. Täze şäherde «akylly» şäher konsepsiýasy esasynda gurlan edara we durmuş maksatly desgalar ulanmaga berildi. Bu ýerde halkara standartlaryna, şol sanda tebigaty goramak ulgamyndaky standartlara laýyk gelýän toplumlaýyn infrastrukturanyň döredilmegi şäher ýaşaýjylary üçin oňaýly ýaşaýyş-durmuş şertlerini üpjün edýär. Şäherde optiki-süýümli kommunikasion ulgamyň ornaşdyrylmagy ýaşaýjylara we myhmanlara ýokary tizlikli interneti ulanmaga mümkinçilik berdi.

Döw­re­bap ösüş­ler

Milli ykdysadyýetimizi sanly ykdysadyýete tapgyrlaýyn esasda geçirmek, döwlet bilen hususy bölegiň hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak, durmuş ulgamlarynyň netijeliligini ýokarlandyrmak babatda uly işler durmuşa geçirilýär. «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy» esasynda işlenilip düzülen «2021 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça Döwlet maksatnamasyna» we ony ýerine ýetirmegiň Meýilnamasyna laýyklykda, sanly tehnologiýalary işjeň ornaşdyrmagyň we ulanmagyň maksatlarynyň esasylarynyň biri hökmünde söwda we hyzmatlar ulgamlarynyň işini täzeçe guramak kesgitlenildi.

«Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň wekiliýeti IT boýunça iň uly gerimli «Cisco Live 2024» atly halkara forumyna gatnaşdy

Şu günler, has takygy fewral aýynyň 5-9-y aralygynda Gollandiýanyň paýtagty Amsterdam şäherinde IT ulgamynyň gerimini giňeltmek, sanlylaşdyrmak, tor hyzmatlary we programma üpjünçiligi, kiberhowpsuzlyk babatynda tejribe alyşmak we bu ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça halkara «Cisco Live 2024» atly uly tehniki okuw çäresi geçirilýär.  Dünýäniň öňdebaryjy tehnologiýa enjamlaryny öndüriji iň iri kompaniýalarynyň biri “Cisco Systems” tarapyndan her ýylda ýokary derejede geçirilýän bu foruma IT pudagynda ösüş gazanan ençeme ýurtlaryň wekilleri bilen «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň wekiliýeti gatnaşýarlar.

ŞHG-ä agza ýurtlar bilelikde Tehnoparklaryň bileleşigini dörederler

Gazagystanyň sanly ösüş, innowasiýalar we aerokosmiki senagat ministri Bagdat Musin Almaty şäherinde geçirilen Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň maglumat we aragatnaşyk tehnologiýalarynyň ösüşine jogapkär ministrlikleriniň we edaralarynyň ýolbaşçylarynyň üçünji maslahatynda şeýle başlangyç bilen çykyş etdi. Bu çäre «Digital Almaty 2024» forumynyň çäklerinde geçirildi diýip, Merkezi Aziýadaky IT başlangyç kompaniýalaryň (startap) iň iri halkara tehnoparky «Astana Hub» habar berýär.

Paýtagtymyzda tehnologiýa seminary geçirildi

Ýekşenbe güni “Google-yň” işläp taýýarlaýjylar topary (GDG) Aşgabatda “Google” korporasiýasynyň işläp taýýarlaýjylara hödürleýän mümkinçiliklerine bagyşlap, çäre gurady. Tehnologiýa söhbetdeşligi Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň binasynda geçirildi. Çärä tejribelik geçýän işläp taýýarlaýjylar, işewür wekiller we mekdep okuwçylary gatnaşdylar. “GDG Ashgabat” çäresini guraýjylar “Google” kompaniýasynyň tehnologiýa ägirtlerinden tälim almaga we öz taslamalaryny durmuşa geçirmäge býujet serişdeleri bölüp berýän mümkinçilikler barada gatnaşyjylara gürrüň berdiler. Şeýle hem Türkmenistandaky ilkinji “Google-yň” talyplar işläp taýýarlaýjylar kluby (GDSC IUHD) çykyş etdi. Onuň wekilleri talyp ýaşlara niýetlenen “Solution Challenge” atly her ýylda geçirilýän taslama barada bu ýere gelenlere gürrüň berdiler.

Hytaý dünýäde ilkinji bolup emeli intellektli hemrasyny uçurdy

CGTN-iň berýän habaryna görä, Hytaýdaky Taýýuan hemra uçuryş merkezi ilkinji täjirçilik emeli intellekt gipersputnigini orbita üstünlikli çykardy. “Smart Dragon-3” (SD-3) kysymly ulgam, Pekin wagty bilen sagat 11:06-da uçuş meýdançasyndan ugrady, AI gipersputnigi öz içine alýan dokuz hemra toparyny älem giňişligine alyp gitdi. “Rongpýao” ýa-da “Xingshidai-18” diýlip atlandyrylýan AI gipersputnigi, kompaniýanyň altynjy nesli “hemra beýnisi” ulgamy bilen enjamlaşdyrylan toplumlaýyn datçikli tor hemrasydyr.

Aşgabat we Arkadag şäherleriniň arasynda Türkmenistanda ilkinji elektrik otlusy ýörär

Russiýanyň «RŽD» APJ Aşgabat — Arkadag ugry boýunça täze demir ýol ugruny döretmek babatdaky taslamany durmuşa geçirmäge gatnaşar. Bu ugur boýunça sebitleýin ýolagçy ekspres otlusy gatnaw eder. Diňe elektrik togunda işlejek otly bu aralygy bary-ýogy 18 minutda geçer diýip, Halkara habarlar merkezi habar berýär. Infrastruktura taslamalaryny bilelikde durmuşa geçirmek meselelerini rus kompaniýasynyň wekiliýeti «Türkmendemirýollary» agentliginiň wekilleri bilen maslahatlaşdylar.

Adaty däl we gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri

Türkmenistanda 2030-njy ýyla çenli gaýtadan dikeldilýän energetikany ösdürmek boýunça Milli strategiýanyň» çäklerinde elektrik energetikasy Türkmenistanyň milli ykdysadyýetiniň binýatlaýyn pudagy bolup, ýurduň beýleki pudaklarynyň hem hereket etmegini üpjün edýär. Türkmenistanyň energetika ulgamy uly artykmaçlyga eýe bolup, ol içerki sarp edijileriň islegini kanagatlandyrýar we şertnamalaýyn esasda bellenilen tertipde goňşy döwletlere elektrik energiýasynyň eksportyny amala aşyrýar. Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri ugry boýunça ýokary hünär derejeli hünärmenleri taýýarlamak maksady bilen, 2014-nji ýylda Adaty däl we gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri ugry boýunça ýaş hünärmenler taýýarlanyp başlandy.

Belent ynamdan ruhlanyp

Häzirki wagtda ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynyň işini yzygiderli döwrebaplaşdyrmak, oňa innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak, ýaşlara berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmak, bu babatda dünýä tejribesinden ugur alyp, sanly ulgama geçmek boýunça giň möçberli özgertmeler dowam etdirilýär. Häzirki zamanyň möhüm talaplaryndan ugur alnyp, Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň Neşirýat-çaphana orta hünär okuw mekdebinde hem poligrafiýa önümçiligi, tehnologik prosesleriň we önümçilikleriň awtomatizasiýasy, neşirýat işi hünärleri boýunça talyplara döwrebap bilim-terbiýe berilýär. Şunda sanly bilim ulgamynyň mümkinçiliklerinden işjeň peýdalanylýar. Bitewi portal diňe bir mekdebimiziň çäginde hereket etmän, eýsem, ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň okuw mekdepleriniň torlary bilen hem birikdirilendir. Munuň özi teleköpri arkaly wideoşekilli okuw sapaklaryny geçirmäge mümkinçilik berýär.

Sanly bilim ulgamy – innowasion ösüşiň badalgasy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda ähli ugurlarda uly ösüşlere beslenýän Türkmenistan döwletimiz ykdysady taýdan kuwwatly ýurda öwrüldi. Häzirki wagtda ýurdumyzda döwlet Baştutanymyzyň alyp barýan öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryna sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak arkaly milli ykdysadyýetimiz barha kuwwatlanýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başda durmagynda ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda sanly dolandyryş ulgamyna geçmek işleri üstünlikli alnyp barylýar. Şol sanda “Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy” esasynda mekdeplerde, bilim edaralarynda sanly ulgamy ornaşdyrmak işi barha giňeýär. Adam hakyndaky alаdany döwlet syýasatynyň ileri tutýan ugry hökmünde kesgitlän ata Watanymyzda aň-bilim taýdan ösen, ruhy taýdan kämil, beden taýdan sagdyn nesilleri ýetişdirmek  ýaşlara dünýä derejesinde bilim we döwrebap terbiýe bermek, biz  bilim işgärleri üçin  möhüm wezipe bolup durýar . Bu belent wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmeginde hem-de döwrebap pikirlenmegi başarýan, giň dünýägaraýyşly, çuňňur bilimli, hakyky watansöýüji nesilleri terbiýelemekde ýurdumyzdaky we dünýädäki ylym-bilim täzeliklerini, öňdebaryjy innowasion tejribelerini milli bilim ulgamyna ornaşdyrmakda biz-bilim işgärleri  dör