"Mugallymlar gazeti" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-53, 39-96-41, 39-96-40
Email: mugallymlar-gazeti@sanly.tm

Habarlar

«Gel, bilelikde»

Redaksiýadan: Gadyrly okyjylar! Gazetimiziň şu sanynda professor, çaga terbiýesi hakynda köp sanly kitaplaryň, makalalaryň we ylmy işleriň awtory, 91 ýaşly psiholog Ýuliýa Borisowna Gippenreýteriň 1995-nji ýylda neşir edilen «Ene-atalar üçin iň möhüm kitap» atly kitaplar ýygyndysyndan bölekleri size ýetirmegimizi dowam edýäris.

Maşgala — ýaşaýşyň binýady

Geçmiş taryhymyza ser salanymyzda, türkmen halkymyzyň ähli döwürlerde hem däp-dessurlara, edim-gylymlara, ynam-ygtykatlara eýerip ýaşandygyny görmek bolýar. Maşgala — türkmeniň döwletliliginiň, agzybirliginiň, bolelin ýaşaýyş-durmuşynyň binýadydyr. Hut şonuň üçin hem biziň ýurdumyzda bu düşünjä uly ähmiýet berilýär. Maşgalada ata-enäniň orny, olaryň çaga terbiýesindäki borçlary, perzentleriň olara bolan hormat-sylagy aýrylmaz bitewüligi kemala getirýär. Şu aýdylanlara esaslanyp, häzirki wagtda maşgala düşünjesine gymmatlyk hökmünde garalyp, ol dünýä jemgyýetçiliginiň aýratyn üns merkezinde saklanýar. Maşgala hakynda ykdysadyýet, hukuk, etika, psihologiýa, pedagogika ylymlarynda öwrenilip geçilmeginiň maksady hem şu nukdaýnazara daýanýar. Bularyň her biri öz ugruna laýyklykda maşgalanyň — hereketlenişiniň degişli taraplaryny ýüze çykarýandygy mälimdir. Maşgala adam şahsyýetiniň, ruhy-ahlak gymmatlyklarymyzyň ruhy özenidir, hamyrmaýasydyr. Şol sebäpli-de maşgala Watan içre Watan hasaplanylýar. Bu, hakykatdan-da, şeýle. Çünki maşgala şahsyýet bilen jemgyýetiň özara täsirini üpjün edýän, olary birleşdirýän we höwes-islegleriniň ileri tutulmalaryny seljerýän esasy gurluşlaryň biridir. Maşgalada adam durmuşy maksatlar we gymmatlyklar, bilmeli wajyp zatlary we özüňi alyp barşyň nusgasy dogrusynda düşünje alýar. Ata-eneleriň ündewleri we düşündirmeleri, olaryň göreldesi, öýüň um

Watanperwerligiň gözbaşy

Watana bolan söýgi mukaddesdir. Çünki her kimiň Watana bolan söýgüsiniň möçberine görä zehin bulagy giňelýär. Işiň netijeli bolmagy üçin bolsa, ilkinji nobatda, Watana söýgi gerek. Diňe şol söýgi işe bolan höwesiňi artdyrýar, arzuw-islegleriňi herekete getirýär. Watanperwerlik diýen beýik düşünje hem öz gözbaşyny maşgaladan alýar. Çünki islendik birlikleriň köplüklerden düzülişi ýaly, Watan hem maşgaladan başlanýar. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, adamyň iň gözel häsiýetleriniň biri-de ata-enä, jemgyýete we durmuşa bolan söýgüdir. Ata-enä söýgi halkymyzyň «Ata razy — Hudaý razy, ene razy — pygamber razy», «Ata gören ýol keser, ene gören don keser» ýaly nakyllarynda hem öz beýanyny tapýar.

Ça­ga­lara oýnawajy nähili saýlamaly?

Oý­na­waç­lar ça­ga üçin di­ňe bir güý­men­je bol­man, eý­sem, olar ça­ga­nyň in­tel­lek­tual ösü­şi­ne, gy­lyk-hä­si­ýet­le­ri­niň ke­ma­la gel­me­gi­ne tä­sir ed­ýär. Dü­ka­nyň tek­çe­le­rin­de du­ran oý­na­waç­lar ça­ga­nyň ün­sü­ni çek­se-de, ene-ata­lar ça­ga­nyň ýa­şy­na gö­rä oý­na­waç­la­ry pi­kir­le­nip saý­la­ma­ly. Has dog­ru­sy, gym­mat­ba­ha­ly oý­na­waç­la­ry däl-de, ýa­şy­na gö­rä reňk­li, gy­zyk­ly, uzak wagt güý­me­nip bil­jek oý­na­waç­la­ry­ny al­ma­ly. Çün­ki ça­ga­lar­da ga­har­jaň­lyk, re­him­dar­lyk, üns­lü­lik ýa­ly hä­si­ýet­le­riň dö­re­me­gin­de oý­na­waç­la­ryň ýe­tir­ýän tä­si­ri az däl­dir. Bu ba­ra­da psi­ho­log­la­ryň mas­la­hat­la­ry­ny dyk­ga­ty­ňy­za ýe­tir­me­gi mü­wes­sa bil­dik. 1 — 6 aý­lyk ça­ga­lar. Ola­ryň oý­na­waç­la­ra gy­zyk­lan­ma­sy ýok­dur. Bä­bek­ler üçin daş-tö­we­re­gin­dä­ki is­len­dik zat­lar — reňk­ler, ýyl­dy­ra­ýan çy­ra­lar güý­men­je bo­lup, olar bä­bek­le­riň ra­hat uka git­me­gi­ne ýar­dam ber­ýär.

Çagalar hakynda gyzykly maglumatlar

«7/24.tm», № 40 (71),  04.10.2021.  Täze doglan bäbekler gök reňki görüp bilmeýärler.

Mähir akabasy

Daň atyp, säher bilen guşlar hoş owazyna saýrap başlar welin, mähriban käbäm hem çalaja hiňlenip, mylaýym mukamy bilen kalplarymyza rahatlyk eçiler. Durmuşymyzyň manysy bolup ýaňlanýan käbelerimiziň bu ýakymly sesini, şirin mukamyny biz mydama diňlemäge teşne. Çagalykda biziň ählimize asuda asmany, bereketli nuruny eçilip duran Güni, gür ýaprakly şahalaryny kölegeledip duran agaçlary, ganatyny ýaýyp uçýan kebelekdir guşlary, ajaýyp gülleri suratda şekillendirmek mahsusdyr. Elimize dürli reňkdäki galamlary alyp, surat çekenimizde, şol gözellikleriň arasynda, ilki bilen, ejemiziň we kakamyzyň elimizden tutup duran keşbini suratlandyrarys. Bu surat biziň üçin uly bir sungat eseri ýalydyr. Bu surat ene-ata söýgüsini, abadan maşgalany, agzybirligi, ajaýyp durmuşy aňladýan suratdyr. Şeýle suratlar her bir çaganyň aňynda maşgala bagtyýarlygyny suratlandyryp, enäniň mähir mukamynyň perzendiniň kalbynda ajaýyp duýgulary, ýaşaýşa söýgini, maşgala mukaddesligine sarpany terbiýeleýändigini görkezýär.

Maşgala — berk binýat

Eziz Watanymyzda döwlet tarapyndan her bir maşgalanyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin giň şertler döredilýär. Çünki maşgala jemgyýetiň özeni bolup, oňa möhüm durmuş we terbiýeleýjilik orny degişlidir. Maşgalanyň jebis, agzybir binýatda kemala gelip, mukaddes ojakda sagdyn, päk ahlakly, gowy terbiýeli, okamaga, hünär öwrenmäge höwesli nesilleriň ýetişdirilmegi jemgyýetde ykdysady we durmuş ösüşiniň tizleşmegine öz oňyn täsirini ýetirýär. Hormatly Prezidentimiz: «Maşgala ilkinji terbiýe mekdebidir» diýip belleýär we maşgala, onuň sütünlerini pugtalandyrmak, türkmen maşgalasynyň maddy abadançylygyny gowulandyrmak hakynda aýratyn alada edýär. Döwletimizde maşgalanyň, enäniň, çaganyň hemmetaraplaýyn kanun goraglylygyny üpjün edýän, hukuklaryny kepillendirýän kanunçylyk namalarynyň giden topary hereket edýär. Türkmenistanyň maşgala kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýar we Maşgala Kodeksinden hem-de beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan ybaratdyr.

Asylly terbiýe — kämil jemgyýet

Berkarar döwletimizde halkymyzyň asylly ýörelgelerine eýerip, mynasyp nesli kemala getirmek babatda uly işler alnyp barylýar. Bu bolsa ýaşlaryň Watana bolan söýgüsini has-da ösdürip, geljege ynamyny artdyrýar. Halkyň ýaşaýyş durmuşy bilen ösýän edep-terbiýe taryhyň ýollarynda kämilleşýär, arkama-arka dowam edýän mizemez ýörelgelere öwrülýär. Ýaş neslini eý gören ata-babalarymyz nesillere asylly däpleri, halallyk ýoluny hem-de edep-terbiýäni miras galdyrypdyrlar. Ýaşlary asyllylyk, halallyk, Watana wepalylyk, zähmetsöýerlik ruhunda terbiýelemek döwrümiziň esasy wezipeleriniň hatarynda durýar. Ata-babalarymyzdan miras galan terbiýe mekdebi, ruhy-ahlak ýörelgeler, adamkärçilik sypatlary umumadamzat gymmatlyklarydyr. Edep-terbiýä hormat goýýan halkymyz nesil terbiýesiniň düzüminde milletimiziň medeni mirasynyň, hususan-da, halk nakyllarynyň we beýleki maddy däl medeni gymmatlyklarynyň terbiýeçilik ähmiýetini hemişe sarpalapdyr. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen neşir edilen «Paýhas çeşmesi» atly kitapdaky «Adam edebinden tanalar, ýurt— tugundan», «Edepli ile ýarar», «Adamyň hormaty özüne bagly», «Edep bilen bagt tapylar, sabyr bilen tagt», «Edip beren ýeňňemden, edep beren ýeňňem ýagşy», «Edep başy dil», «Dili süýjiniň dosty köp», «Bugdaý nanyň bolmasa, bugdaý sözüň ýokmudy» ýaly nakyllar hem jemgyýetçilik ýaşaýşynda edep-terbiýäniň ähmiýetini şöhlelendirýär. B

Ojagym — bagtym, tamdyrym — döwletim!

Watan ojakdan başlanýar Oba bolsun, şäher bolsun toý-tomgy tutulanda, ilki bilen, gazan-ojagyň aladasy edilip başlanýar. Özem tutuş il-halky bir maksada, onda-da juda ýakymly hysyrdysy bolan maksada jemleýän bu wakalar şeýle süýji ýatlamalar bilen utgaşýar.

Peýdaly maslahatlar

Eger-de hozy birnäçe minut gyzan howurpeçde saklasaň, ony döwüp daşyny arassalamak aňsatlaşar. * * *

Kofe hakynda gyzykly maglumatlar

Adamzat taryhynda kofe içgisiniň ulanylyp başlanyna indi 700 ýyl töweregi boluberipdir. Şondan bäri hem gujur-gaýrat beriji kofe dünýäde köpleriň iň söýgüli içgisine öwrüldi. Köpler onuň bilen her täze dogan Güni garşylaýar. Bu günki gün kofe içgisiniň dürli görnüşleri öndürilýär. Dükanlarda onuň üwelen, däneli, granulirlenen, ereýän görnüşlerine duşmak bolýar. Bu içginiň süýtli, buzgaýmakly, limonly, korisaly, hatda gyzyl burçly görnüşleri-de bar. Adaty bolmadyk bu içgi baradaky käbir maglumatlar onuň muşdaklaryny gyzyklandyrsa gerek. * * *

Beýi mürepbesi

800 g beýi, 240 g şeker, 200 ml arassa suw, 1 çaý çemçe limonyň şiresi. Taýýarlanylyşy:

Ýyldyzlar näme diýýär? Size gowulyk garaşýar

2021-nji ýyl Oktýabr

Maşgala mukaddesligi

Çaý içilip bolnandan soň, alty ýaşlyja Tylla ylgap geldi-de, käseleri ýygnamaga durdy. — Dur, dur, entek seniň bu zatlara güýjüň ýetmez, döwäýme! — diýip, ejesi Gülbahar gyzjagazynyň elindäki käseleri aljak boldy. Tylla näzijek elleri bilen tutup duran käselerine has berk ýapyşdy.

Çaga gürrüňlerinden

— Kaka, maňa tüýdük alyp beräýsene! — Eger tüýdük äbersem, sen gulagymy kamata getirersiň.

Adam bir ýaşar, edebi — iki

Hormatly Prezidentimiz türkmen ýaşlaryny ilhalar derejede terbiýeläp ýetişdirmekde millilik ýörelgelerini görelde, nusga edinmegi, her bir işde päk ahlaklylygyň hem-de halallygyň şamçyrag bolmagyny ündeýär. Türkmen ýaşlary merdana ata-babalarymyzyň ynsanperwer, hoşniýetli ýörelgelerini mynasyp dowam etdirmelidirler, milli, ahlak-ruhy gymmatlyklaryna sarpa goýmalydyrlar. Munuň özi ýaşlaryň watansöýüji, ilhalar, kämil şahsyýetler bolup ýetişmegi üçin örän zerurdyr. Adamzat taryhynyň ähli döwürlerinde nesil terbiýesi her bir maşgalanyň, milletiň, döwletiň baş wezipesi, esasy aladasy hasaplanylýar. Parasatly pederlerimiz bu ugurda baý durmuş tejribesini toplapdyrlar. Ata-babalarymyzyň ösüp gelýän ýaş nesli terbiýelemekde toplan şol gymmatly tejribesi bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň bimöçber aladalary netijesinde üstünlikli dowam etdirilýär.

Semzekli owkatlar

Döküni, idegi ýeten ene ýer maňlaý derleri, päk zähmeti boş goýmaýar. Eýýäm maý aýy ortalaberende kyrkgünlügiň ysy bark urup, behişdi nygmatlaryň arzysyny artdyrýar. Bala-çaganyň, garry-gojanyň dişine ýumşajyk sary zamçalar bir gezek degdigi ýene-de küýsedýär. Daýhan yhlasyndan kemala gelen pomidor, hyýar, badamjan ýaly bakja ekinleri, her biri ýumruk ýaly ýeralmalar gözüňi dokundyrýar. Ana, şeýle gök we bakja ekinleriniň kök urup, ýalpyldaşyp oturan joýalarynyň içinde, ýeralmaly setirleriň arasynda ýene-de bir iýmitlik gök ot siziň ünsüňizi özüne örklär. Oňa ilimizde semzek oty diýilýär. Ýapraklary üstüne şeker sepilen ýaly ýalpyldap duran, aralary kiçijek, saryja güller bilen örtülen semzek diýseň ter bolýar. Halkymyz gadym döwürlerden bäri semzegi iýmit hökmünde peýdalanyp gelipdir. Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynda semzegiň öt bilen baglanyşykly ähli sökelliklere dermandygy barada maglumat bar. Eli süýji türkmen zenanlary bu işdäaçyjy otdan dürli milli tagamlary taýýarlaýarlar. Iýmitlik semzek tohumlamanka ýygylýar. Semzegiň süýrüje ýapraklary baldagyndan ýolnup, arassaja gaba salynýar. Oňa il içinde «semzek saýlamak» diýilýär. Saýlanan semzegi ýuwup, suwuny sarkdyrýarlar. Oňa ösümlik ýagyny goşup, bir desse gök sogany owunjak dograýarlar. Gerekli möçberde duz atyp, mazaly garyşdyrýarlar. Me

Ata gadyry

Halk döredijiliginiň beýleki görnüşlerinde bolşy ýaly, nakyllardyr atalar sözleri hem köp nusgaly bolýar. Ýagny şol bir manyny berýän nakyl ýa-da atalar sözi her ýerde birhiliräk aýdylýar. «Paýhas çeşmesindäki» «Ata bolmadyk ata gadyryny bilmez» diýen atalar sözüni-de birneme ýumşagrak äheňde, «Atanyň gadyryny ata bolaňda bilersiň!» diýibem aýdýarlar. Haýsy hili aýdylsa-da, bu atalar sözünde asyrlaryň dowamynda synagdan geçen durmuş hakykaty beýan edilýär. Bigam çagalykdan ýaňy saýlanan ýetginjek ata-enäniň özi hakda edýän aladalaryna geregiçe üns bermezek bolýar. Hamala diýersiň, hemme zat öz-özünden bolup durandyr öýdýär. Ylaýta-da, ata-enäniň ynjalyksyz ýüregine bolmalysy ýaly düşünmeýär. Meselem, giden ýerinden wagtynda gelmese ata-enäniň bitakat bolýandygyny, gije ukusy tutmaýandygyny ýadyndan çykaryp, olary habardar etmezden, gelmeli wagtyndan gijä galyp bilýär. Şeýle ýagdaý köpräk gaýtalanyberse, oýunlyga salyp: — Munuň aýagyny duşamasak boljak däl! — diýip, gelin edinmegiň ugruna çykýarlar. Magtymguly akyldaryň:

Milli terbiýe

Döwür üýtgeýär, durmuş ösýär, özgerýär. Emma üstünden ençeme asyr geçse-de, halk arasynda milli gymmatlyklarymyzyň genji-hazynasyna öwrülen edeplilik, asylly terbiýe ýaly düşünjeler üýtgemän gelýär. Halkymyz tarapyndan çaga terbiýesine hemişe aýratyn üns berlipdir. Ene-mamalarymyz olara çagalykdan özüni köpçülikde, maşgalada edepli alyp barmagyň kadalaryny öwredipdirler.

Mukaddeslige deňelýän ojak

Maşgala jemgyýetiň bir bölegi bolmak bilen, ol döwletiň ösüşine özüniň aýratyn täsirini ýetirýär. Türkmenistanda maşgala gatnaşyklarynyň hukuk taýdan düzgünleşdirilmegi döwlet tarapyndan amala aşyrylýar. Türkmenistanda diňe raýat ýagdaýlarynyň nama ýazgysy edarasy tarapyndan bellige alnan nika ykrar edilýär. Maşgalanyň hukuklary kanun esasynda goralýar. Ýurtbaştutanymyz: «Maşgala näçe berk boldugyça jemgyýet şonça-da hemmetaraplaýyn baý bolýar» diýip bellemek bilen, eziz Diýarymyzda her bir maşgalanyň hal-ýagdaýynyň gowulanmagy, enäniň we çaganyň ygtyýarlyklarynyň döwlet tarapyndan berk gözegçilikde saklanylmagy, sagdyn nesliň kemala gelmegi ugrunda ýadawsyz aladalary edýär. Şuňa laýyklykda her bir türkmen maşgalasynyň agzalarynyň bagtyýarlygyny üpjün etmek ugrunda asylly işler durmuşa geçirilýär.