"Mugallymlar gazeti" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-53, 39-96-41, 39-96-40
Email: mugallymlar-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Tebigy şypa

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagy adamlaryň döwrebap dynç almagy üçin barha kämilleşýär. Bu ýerde tomusda Hazar deňziniň güni uly dabara beslenip bellenilýär. Şu mynasybetli maslahatlardyr medeni çäreler geçirilýär. Şu günler Hazar deňziniň kenarynda tomusky dynç alyş möwsümini gyzykly geçirýän ildeşlerimiziň sany has-da köp. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna bejergi alýan çagalar hem ildeşlerimiz bilen bir hatarda dynç alýarlar. Olar TKA-nyň Milli merkeziniň Awaza milli syýahatçylyk zolagyndaky «Daýanç» dynç alyş-sagaldyş merkezinde öz ene-atalary bilen saglyklaryny dikeldýärler. Deňiz kenarynyň tebigy bejeriji serişdeleri bolan ýoda baý howasy-aromoterapiýa, ýyly çägäniň-psamoterapiýa, kenar läbiginiň-pelloidoterapiýa, deňiz suwunyň-talassoterapiýa, Gün şöhlesiniň-gelioterapiýa, dürli daşlar bilen owkalama-stounoterapiýa we merkeziň düzüminde hereket edýän bölümlerinde balneoterapiýa suw bilen bejeriş, şeýle-de fizioterapiýa usullary arkaly bejergiler geçirilýär. Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabyna esaslanyp ulanylýan melhem çaýlary hem örän netijeli täsirini ýetirýär.

Günüň ýiti şöhlesinden goranyň!

► Tomus paslynda Günüň aşa ýiti şöhlesinden goranmaly. ► Tomus aýlarynda Günüň ultramelewşe şöhlelerinden goranmak üçin açyk reňkli nah matadan, ýeňil we giň tikilen eşikleri geýmeli. Saýawan götermeli. Ýanyňyza suw almaly.

Ynsan saglygynyň goragynda

Gahryman Arkadagymyzyň ynsanperwer başlangyçlary, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly hem-de çuňňur oýlanyşykly syýasaty esasynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamy ýokary depginler bilen ösdürilýär. Täze saglyk merkezleriniň, hassahanalaryň, şypahanalaryň, saglyk öýleriniň, derman serişdelerini öndürýän kärhanalaryň işe girizilmegi, dünýä lukmançylyk ylmynda hem-de tejribesinde gazanylan iň kämil usullaryň özleşdirilmegi we baýlaşdyrylmagy bilen, ulgamyň mäkäm binýady döredildi. Häzir Türkmenistanda çilimkeşlik ýaly ýaramaz endiklere garşy göreşi güýçlendirmek boýunça uly işler alnyp barylýar. 2011-nji ýylda ýurdumyz Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň temmäkä garşy göreş baradaky Çarçuwaly konwensiýasyny tassyklady. Şunuň bilen baglylykda, raýatlaryň saglygyny goramaga, sagdyn durmuş ýörelgelerini berkarar etmäge gönükdirilen, jemgyýetçilik gatnaşyklaryny düzgünleşdirmegiň möhüm guralyna öwrülen, ýurdumyzda hereket edýän kanunçylyk namalary uly ähmiýete eýedir.

Tomusky dynç alyş: kadalary berjaý ediň!

Tomus möwsüminde howanyň aşa gyzmagy raýatlaryň käbir kadalary berjaý etmegini talap edýär. Howanyň aşa gyzan wagtynda gezelenje çykmak maslahat berilmeýär. Möwsüme görä açyk reňkli, nah matadan tikilen eşikleri geýmeli. Gezelençde Günüň ýiti şöhlesinden goranmak üçin başgaply bolmaly hem-de ýanyň bilen arassa agyz suwuny götermeli. Şahsy we jemgyýetçilik tertip-düzgünlerini berjaý etmek şerti bilen, daşardan derläp geleniňde, hökmany ýagdaýda eşigiňi çalyşmaly, howa sowadyjynyň öňünde ýüzüňi, beýleki beden agzalaryňy tutup durmakdan, sowuk suw içmekden, sowuk suwa düşmekden gaça durmaly. Çalt taýýarlanýan, guraksy önümleri az iýmek maslahat berilýär. Ter gök önümleri, miweleri köpräk iýmeli we günüň dowamynda ýeterlik mukdarda arassa agyz suwuny içmeli. Irdenki maşklary ýerine ýetirmek, nahardan soň ýarym sagat töweregi arassa howada gezelenç etmek arkaly kadaly iýmitlenmegi fiziki işjeňlik bilen utgaşdyrmaly. Şahsy arassaçylygy berk berjaý etmeli, penjiräni açyp, otagy ýelejiredip durmaly. Öýde we iş ýerlerinde mebelleri çygly desmal bilen yzygiderli süpürmeli. Gezelenje çykylanda, iýmit galyndylaryny, plastik gaplary ýörite niýetlenen gaplara taşlap, daş-töweregiň arassaçylygyny üpjün etmeli. Bu düzgünleri ýaş çagalara hem öwretmeli. Deňizde suwa düşülenden soň, 15 — 20 minut töweregi kölegede ýa-da saýawanyň aşagynda dynç almaly we soňra üstüňden arassa suw ak

Yssy howada

Howanyň çendenaşa gyzmagy adam bedeninde dürli näsazlyklaryň ýüze çykmagyna getirip biler. Elbetde, Gün şöhlesi ynsan saglygy üçin juda derwaýys bolan D witamine baýdyr. Gün şöhlesi çagalar üçin hem, uly adamlar üçin hem zerurdyr. Beden üçin gerek bolan Gün şöhlesi kabul edilmese, adamda keýpsizligiň döremegine, ukynyň bozulmagynyň we gaharjaňlygyň ýüze çykmagyna getirýär. Ýöne Gün şöhlesiniň dowamly täsiriniň bedene örän uly zyýan ýetirip biljekdigini hem unutmaly däldir. Bedene gerek bolan D witaminiň mukdaryny almak üçin ýaş çaga her gün irden sagat 09:00-a çenli, agşam sagat 18:00-dan soň 15 — 20 minut gezelenç etmek ýeterlikdir. Paslyň aýratynlyklaryna laýyklykda, Gün urmadan goranmak üçin ak, açyk reňkli egin-eşik, başgap geýmek, şeýle-de gözleriňe Gün şöhlesinden goraýjy äýnekleri dakynmak we bedendäki suwuň deňagramlylygyny saklamak möhümdir. Howanyň aşa gyzmagy bilen suwuklygyň der üsti bilen köp mukdarda bölünip çykmagy netijesinde suwuň bedendäki deňagramlylygy bozulyp, gan goýulaşyp bilýär. Munuň özi insult we infarkt keselleriniň ýüze çykmagyna getirip biler. Arassa agyz suwy talabalaýyk içilende, bedeniň kesele garşy göreşijilik ukyby ýokarlanyp, howa şertleriniň üýtgäp durmagy zerarly ýüze çykýan näsazlyklardan goraýar. Lukmanlar adama günüň dowamynda 2-3 litr suw içmegi maslahat berýärler. Yssy howada suwy köpräk içmek peýdalydyr.

Sag­lygy goraýyş ul­gamy: tä­ze önüm­çi­lik­ler we müm­kin­çi­lik­ler

Gahryman Arkadagymyzyň hut özüniň ýolbaşçylygynda işlenip düzülen «Saglyk» Döwlet maksatnamasy adamlaryň saglygyny berkitmekde, keselleriň öňüni almakda, aýratyn-da, ýurtda raýatlaryň ortaça ömür dowamlylygyny uzaltmagy üpjün etmekde esasy ýol-ýörelgeleri kesgitleýär. Bu günki gün hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamy täze derejelere çykarylyp, daşary ýurtlardan getirilýän derman we saglyk maksatly serişdeleriň ýerini tutýan önümleri öz ýurdumyzda öndürmek maksady bilen, giň gerimli işler alnyp barylýar. Täze, döwrebap derman kärhanalarynyň işi ýola goýulýar. Şol kärhanalar öndürýän önümleri bilen diňe bir öz ýurdumyzyň raýatlaryny üpjün etmän, eýsem, olaryň kesgitli bölegini daşary ýurtlara eksport etmek babatda-da degişli işleri alyp barýarlar. Tebigylyk saglygyň esasy şertleriniň biridir. Ekologik taýdan arassa önümleriň önümçiligi şu babatda möhüm ähmiýete eýedir. Ýurdumyzda bu esasy wezipeleriň biri hökmünde kesgitlenilip, ýerli çig mallardan önümçiligi ýola goýmak işlerine uly üns berilýär. Türkmen tebigatynyň gözel künjekleriniň birinde ýerleşýän Arkadag şäheriniň çägindäki dag çeşmeleriniň ynsan saglygy üçin ýaramlylygy, bu ýerde ösýän tebigy ösümlikleriň dermanlyk häsiýetlere eýe bolmagy olardan alynýan ekologik taýdan arassa çig mallaryň hil babatda halkara görkezijilere doly laýyk gelmegini üpjün edýär. Olardan degişli ö

Tomsuň jöwzaly yssysyndan goranyň!

Tomus möwsüminiň howanyň aşa gyzýan günlerinde Günüň ýiti şöhlesinden goranmaly, şeýle-de şahsy, jemgyýetçilik arassaçylyk tertip-düzgünlerini doly we dogry berjaý etmeli. Gartaşan we dowamly keselleri bolan adamlar maşgala lukmanynyň gözegçiliginde bolmaly. Kiçi ýaşly çagalara howanyň aşa gyzan mahalynda daşary gezelenje çykmak maslahat berilmeýär.

Gytyk gülli myhak

Häsiýeti. Dag derman ösümligi. Gytyk gülli myhak - myhaklar maşgalasynyň adybir urugynyň boýy 15-30 sm köpýyllyk otjumak wekili. Gülleri okarajygyndan gysga, seýrek oňa deň. Gülleriniň plastinkasy tüýsüz. Gültäjiniň gül ýapraklary 1/4-1/2 we ondanam köp dilimlenen.

Tiz kömek merkezi — döwrebaplygyň nusgasy

Arkadag şäherinde gurlup ulanmaga berlen saglyk merkezleriniň her biri ajaýyp binalary hem-de ýokary derejeli lukmançylyk enjamlar bilen üpjünçiligi boýunça has-da tapawutlanýar. Bu döwrebap saglyk merkezlerinde ilatyň saglygyny goramak babatynda ähli şertleriňdir mümkinçilikleriň döredilendigini buýsanç bilen bellemek isleýäris. Arkadag şäheriniň Tiz kömek merkezi hem ilata ýokary derejeli gaýragoýulmasyz kömek bermek üçin ähli şertler bilen doly üpjün edilendir. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşaýan halkymyzyň saglygyny goramak barada edýän tagallalarynyň aýdyň netijesidir. Arkadag şäherindäki döwrebap binaly Tiz kömek merkezi gije-gündiziň dowamynda ilata hadysanyň bolan ýerlerinde, ýol ugurlarynda, öýde tiz we gaýragoýulmasyz kömek bermek üçin niýetlenilip, ol dolandyryş, kabul ediş, maslahat beriş, anyklaýyş, okuw bölümlerinden ybaratdyr.

Sorag-jogap

Operasiýa etmek hökmanmy? «Bir ýyldan bäri aýaklarym agyrýar. Oňurganyň we dyz bognunyň MRT barlagy mende oňurga ingisiniň, çep dyz bognunyň osteoartrozynyň bardygyny görkezdi. Dermanlar bilen bejeriş, bedenterbiýe maşklary kömek etmedi. Bu ýagdaýlarda operasiýa etmek hökmanmy?».

Öňüni alyş sanjymlarynyň ähmiýeti

Waksinalar bilen dolandyrylýan ýokançlar — bu öňüni alyş sanjymlary bilen öňi alynýan ýokançlardyr. Köpçülikleýin öňüni alyş sanjymlary bolsa kesel döredijiniň ýaýrawyny azaldýar we hatda onuň eliminasiýasyna (keseliniň düýpleýin ýok edilmegi) getirip bilýär. Bütin dünýäde öňüni alyş sanjymlary ýokançlara garşy göreşde has netijeli we elýeterli serişde hökmünde ykrar edildi. Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň berýän maslahatlary boýunça ýokanç keselleriň agyr görnüşlerini ýok etmek, azaltmak we öňüni almak üçin öňüni alyş sanjymlary bilen çagalaryň azyndan 95%-ni, uly ýaşly ilatyň azyndan 90%-ni gurşap almak zerur bolýar.

Peýdaly kösükli ösümlikler

Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik eserinde kösükli ösümlikler barada giňişleýin maglumatlar berilýär. Myrat Garryýew adyndaky TDLU-nyň iýmit gigiýenasy kafedrasynyň mugallymy Şirin Wellanowa habarçymyzyň haýyşy bilen türkmen halkynyň milli aşhanasynda giňden peýdalanylýan kösükli ösümlikleriň önümleri bolan noýbanyň we mäşiň saglyga täsiri barada gürrüň berýär. Noýba

Ýaşaýşyň gözbaşy

Ýer şarynda ýaşaýan ähli janly-jandarlaryň, ösümlikleriň, şeýle-de ynsan bedeniniň köp böleginiň suwdan durýandygy alymlar tarapyndan anyklanandyr. Suwsuz ýaşaýşy göz öňüne getirmek mümkin däl. Çünki dürli maglumatlara görä, adam suwsuz 3-5 günden artyk oňup bilmeýär. Suw adam bedenindäki maddalaryň alyş-çalşyna gatnaşýar we bedeniň gyzgynlygyny belli bir derejede saklaýar. Şonuň üçin hem uly adamlara günüň dowamynda 2,5-3 litre çenli suw içmek zerurlygy bardyr. Yssy howada ýa-da çyglylyk ýokary bolsa, şeýle-de adam sport bilen meşgullananda bedendäki suwuň ýitgisi ulalýar.

Önümleri gaýtadan işlemegiň düzgünleri

«Konserwirleme» diýen söz latynçadan terjime edilende iýmit önümleriniň saklanyş möhletlerini uzaltmak üçin olaryň aýratyn şertlerde, ýörite işläp taýýarlanmagyny aňladýar. Konserwirleme

D witamini ýetmezçilik edýän bolsa...

Ýurdumyzda ilatyň saglygyny goramak bilen baglanyşykly meseleler döwlet derejesinde üns merkezinde goýulýar. «Türkmenistanda D witamini bilen bagly öňüni alyş çärelerini ýokarlandyrmak boýunça 2023 — 2028-nji ýyllar üçin Strategiýanyň» kabul edilmegi, onuň esasynda bellenilen meýilnamalaýyn işleriň yzygiderli ýerine ýetirilmegi hem muňa güwä geçýär. Hakykatdan-da D witamini ynsan saglygyny goramakda uly ähmiýete eýe bolup durýar. Muňa göz ýetirmek üçin ilki bilen bu witaminiň adam bedeninde ýerine ýetirýän işi, onuň saglygy goramakdaky ähmiýeti bilen baglanyşykly maglumatlary ýatlap geçeliň.

Dişleriň sagdynlygy nämä bagly?

Myrat Garryýew adyndaky TDLU-nyň Stomatologiýa okuw-önümçilik merkeziniň çaga stomatolog lukmany, lukmançylyk ylymlarynyň kandidaty, Türkmenistanyň hormatly il ýaşulusy Gurbannazar Ataýew habarçymyz Narjan Ilmyradowa bilen söhbetdeşlikde dişler, diş keselleri hem-de olaryň öňüni almagyň ugur-ýollary barada gürrüň berýär. — Ilki dişleriň gurluşy we olaryň agyzda ýerleşişi barada umumy düşünje berseňiz...

Irki döwründe anyklananda...

Ýokanç däl kesellere degişli bolan süýjüli diabetiň 2-nji tipi dünýäde iň ýaýran keselleriň biridir. Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) maglumatlaryna görä, 2017-nji ýyldan 2019-njy ýyla çenli aralykda tutuş dünýäde süýjüli diabet anyklanan syrkawlaryň sany 38 milliona çenli artyp, 463 milliona ýetdi. 2045-nji ýyla çenli olaryň sanynyň 700 milliona ýetmegine garaşylýar. Kontinentler boýunça alnanda bu görkeziji 2030-njy ýyla çenli Ýewropada 22%, Günorta Aziýada 69%, Afrikada 90%-e ýokarlanar diýlip, çak edilýär. Diabetiň halkara federasiýasynyň maglumatlary dünýäde 20-79 ýaş aralygyndaky süýjükeselli näsaglaryň sanynyň 2021-nji ýylda 537 milliondan geçendigini görkezýär. Bilermenleriň pikirine laýyklykda, ýylda täze ýüze çykarylan süýjükeselli näsaglar beýleki keseller anyklanan ähli syrkawlaryň 10%-ini emele getirýär. Olaryň sanynyň her 10-15 ýyldan takmynan 2 esse köpelýändigini hasabat maglumatlary habar berýär. Ösen ýurtlarda süýjüli diabet keseline duçar bolan adamlaryň ABŞ-da, Italiýada, Ysraýylda has köp bolup, Fransiýada, Gresiýada, Ýaponiýada azdygyny hasabat maglumatlary tassyklaýar. Ylmy barlaglaryň netijesi, şeýle hem, süýjükeselli näsaglaryň ömrüniň adatça 5-10 ýyla çenli gysgalýandygyny görkezýär. Bu görkezijiler süýjüli diabetiň örän agyr keseldigini, onuň öňüni almagyň, dörän ýagdaýlarynda bolsa tiz anyklanylyp, bejerilmeginiň ynsan saglygyny go

Kelleçanak basyşy ýokarlanýar: munuň sebäbi nämekä?

Keseliň döreýşi Mälim bolşuna görä, kelleçanagyň düzümi beýniden (80%), likwordon, ýagny, beýni suwuklygyndan (10%), gandan (10%) ybaratdyr. Beýni, gan, esasan likwor kelleçanagyň içki basyşyny esaslandyrýar. Likwor (beýni suwuklygy) beýniniň geçiriji ýollary boýunça belli bir tizlikde we basyş astynda hereket edýär. Bu hereketiň dowamynda likworyň bir bölegi gana geçýär. Onuň deregine täze likwor emele gelýär. Likworyň gana geçmegi haýallaşanda ýa-da onuň täzeden öndürilişi işjeňleşende bu suwuklygyň umumy mukdary köpelip, kelleçanakda basyş ýokarlanýar. Diňe bir likworyň kadadakydan köpelmegi däl-de, eýsem, arterial gan basyşynyň ýokarlanmagy, beýni çişleri hem kelleçanakda basyşyň ýokarlanmagyna getirip bilýär. Beýni iriňlemesinde (absses) we gan öýmelerinde, meningitde (beýni hem-de oňurga ýiliginiň perdeleriniň gaýnaglamasy), subarahnoidal gan inmede, neýroinfeksiýalarda hem kelleçanak basyşy ýokarlanýar. Kortikosteroidler toparyna degişli dermanlaryň, gormonal kontraseptiwleriň, antibiotikleriň dowamly kabul edilmeginiň gipertenziw sindromyň döremegine itergi berip bilýändigini bellemeli.

«Akylly» şäheriň saglyk öýi

Arkadag şäheriniň üç gatly binalar toplumyndan ybarat bolan Saglyk öýi ýokary derejeli lukmançylyk kömegini bermek üçin niýetlenendir. Ol gaýragoýulmasyz ilkinji lukmançylyk kömegi, şöhle bilen anyklaýyş, barlaghana, aýallara maslahat beriş, gündizki ýatymlaýyn bejergi, anyklaýyş we maslahat beriş, maşgala lukmanlary, dolandyryş fizio-bejeriş, dezinfeksiýa we sterilizasiýa ýaly bölümlerden ybaratdyr. Bu bölümleriň her birinde ilaty saglyk hyzmatlary bilen üpjün etmek üçin ähli şertler döredilendir. Saglyk öýi täze «Mercedes-Benz» kysymly «Tiz kömek» awtoulagy, elektro-kardiogramma defibilýator «ambu» haltajygy, otoskop, oftalmoskop, glýukometr, trawmatalogiýa ugurly enjamlary, şeýle-de gaýragoýulmasyz tiz kömek lukmançylyk kömegini bermek üçin derman serişdeleriniň ähli görnüşleri bilen üpjün edilendir. Has dogrusy, bu ýerde ornaşdyrylan Germaniýanyň we beýleki ösen döwletleriň iň täze lukmançylyk enjamlary näsaglara saglygyny tiz wagtda dikeltmäge uly ýardam berýär.

Äýnek dakynmak hökmanmy?

Aýratyn-da, tomus paslynda özümize Günüň ýiti şöhlesinden goraýan äýnek saýlap almaly bolýarys. Günden goranmak üçin dakynylýan äýnekler Günden düşýän ultramelewşe (UV) şöhleleri yzyna serpikdirýär we ultramelewşe şöhleleriň göze zeper ýetirmeginiň öňüni alýar. Şeýle-de äýnek, belli bir derejede, infragyzyl şöhlelerden goraýar. Günden goraýan äýneklerde «UV» ýa-da «UV400» diýen ýazgy ýazylýar. Äýnegi dakanyňyzda göz bilen linzanyň aralygy 1,5-2 sm bolmaly. Äýnegi aşa uzakdan dakynmak Gün şöhlesiniň göze zeper ýetirmegine, aşa ýakyn dakynmak göz agyrysyna we kellagyra sebäp bolup bilýär.