"Mugallymlar gazeti" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-53, 39-96-41, 39-96-40
Email: mugallymlar-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Perzent terbiýesi

Ýetginjek çagalarymyzyň ruhy, ahlak we beden taýdan sagdyn bolmagy üçin ähli tagallalary etmek diňe bir ene-atanyň däl, lukmanlaryň hem borjuna girýär. Biz çagalarymyzyň jyns baradaky tebigy gyzyklanmalaryna jogap bermäge taýyn bolmaly. Haçan-da çagalar ýetginjek ýaşyna ýetenlerinde, ilkinji täze duýgulary başdan geçirýärler. Şonda olar özlerini kemala gelen, uly adam hasaplaýarlar. Türkmençilikde ahlak terbiýesi dogrusynda çagalaryň, ogluň, gyzyň, agtyklaryň bilen aç-açan gürrüňdeşlik etmekden çekinilýär, bu biziň ganymyzda bar. Emma şeýle-de bolsa, şu günki günüň talaby: biz — ene-atalar çagalarymyzyň geljeginiň hatyrasyna, çekinjeňligi aradan aýryp, olar bilen syrdaş bolmaly. Eger-de pursady elden bersek, onda ýetginjek çagalarymyz bu soraglaryň jogaplaryny deň-duşlaryndan gözleýärler. Çylşyrymly ýagdaýlar, käbir ýaramaz hereketler ýüze çykmaz ýaly, ýetginjekler we gyzlar bilen ahlak terbiýesi dogrusynda gürrüňdeşlik geçirmeli. Mekdepde, işde, umuman, durmuşda bolýan täzelikleri ara alyp maslahatlaşmak çagalar bilen açyk gürrüň etmäge mümkinçilik döreder. Olar bilen ahlak gürrüňdeşligi geçirilende, käbir kynçylyklara, oňaýsyzlyklara duçar bolunmagy mümkin. Şonuň üçin aşakdaky maslahatlardan peýdalanyň. Bular siziň käbir kynçylyklaryňyzyň ýeňillik bilen aradan aýrylmagyna kömek eder.

Gözellik we sagdynlyk

Halk lukmançylygynda limonyň ynsan saglygyna peýdaly häsiýetleri barada köp aýdylýar. Onuň düzüminde dürli kesellerden saplanmaga ýardam edýän limon we alma turşulary, pektin maddalary, kaliý, mis, demir, tiamin, magneziý ýaly witaminler bar. Ol, esasan, C witamine baýdyr. Lukmanlar limonyň immunitetiňi berkidip, gan basyşyňy sazlaýandygyny aýdýarlar. Sarygetirmede, beden boşluklaryna suw ýygnananda, inçekeselde, böwrekde daş dörände, aşgazan, bil, bogun agyrylarynda, guragyryda hem limon haýyrly hasaplanylýar. Lukmanlar limony gyş paslynda has-da köp iýmegi maslahat berýärler. Limonly bally çaý dümewiň, sowuklamanyň öňüni alýar. Şähdiňi açýar, işjeňligiňi artdyrýar, ýadawlygyňy aýyrýar. Limondan taýýarlanylýan turşy içgiler ýürek-damar kesellerinde, iýmiti siňdirmekde, böwrek we bagyr kesellerinde peýdaly. Süýjübaş, gijilewük ýaly deri kesellerini, ýüzüň derisindäki we kelläniň saçly bölegindäki ýag mäzlerinde döreýän keselleri hem limon şiresini çalmak arkaly bejerip bolýandygy barada lukmançylykda aýdylýar.

Gyş paslynda möwsümleýin keselleriň öňüni almak üçin peýdaly maslahatlar:

Saglygymyz özümize bagly

Uzak garaşylýan baýramçylyklaryň biri bolan Täze ýyl adamlara baýramçylyk keýpini peşgeş berýär, her bir maşgalanyň öý-ojagyndaky şatlygyň, bagtyň, rowaçlyklaryň goşalanjakdygyna ynam döredýär. Ildeşlerimiz şu günler Täze ýyly mynasyp garşylamagyň aladasy bilen ýaşaýar, öýüňi, saçagyňy bezemek, baýramçylyk dabarasynyň şagalaňyny artdyrýan çäreleri guramak, birek-birege sowgat bermek barada alada edilýär. Üýtgeşik bir tagam bişirip, saçaga äbermek bilen ýakyn adamlaryna, myhmanlara özüniň hoşniýetli garaýşyny bildirmek pikiri bolsa her bir öý bikesiniň arzuwy. Bezeg işlerinden soň her kim mal ýa-da guş etini, balyk, süýt-gatyk, gök we bakja önümlerini, miwedir ir-iýmiş satyn almak üçin dükana, bazara barýar. Eti, balygy öňünden satyn alyp, sowadyjyda saklap bolýar. Tiz zaýalanýan önümleri (gaýmak we beýleki süýt önümleri, ter gök otlar, miweler) bolsa 2 — 3 gün öňünden, torty baýramçylyk güni satyn almaly. Olary beýleki önümlerden aýratyn saklamaly. Azyk önümleri satyn alnanda olaryň saklanyş möhletine hökman seretmeli. Wagty geçen önümler arterial gan basyşynyň ýokarlanmagyna, bagyrdyr ýürekde näsazlyklaryň ýüze çykmagyna sebäp bolýar. Gastroezofageal reflýuks keselinden ejir çekýän näsaglar baýramçylyk saçagynyň başyna geçmezden 1 sagat öň ýarym stakan mineral suwy biraz gyzdyryp içmeli we iýmit zäherlenmesinden ägä bolmaly.

Ömürleriň zynaty

Asyrlaryň jümmüşinde halkymyz diňe bir ahalteke bedewleri, gazma dutary, nepis halysy bilen däl, eýsem, tebipçilik ylmy bilen hem taryhda uly yz goýan halkdyr. Gadym döwürlerde-de beýleki ylymlar bilen bir hatarda, tebipçilik ylmy hem ösüpdir. Bu barada Gahryman Arkadagymyz: «Lukmançylyk ylmyny düýpli özgerden — dünýä ylmynda Awisenna ady bilen tanalan pelsepeçi alym, tanymal lukman Ibn Sina, döwrüniň «Ilkinji Gippokraty» hasaplanan Seýit Ysmaýyl Gürgenli, Muhammet Gaýmaz Türkmen ýaly görnükli ýüzlerçe türkmen alymlarymyz dünýä ylmynyň ýiti şuglaly ýyldyzlarydyr» diýip belleýär. Gündogaryň beýik alymy Abu Aly Ibn Sina filosofiýa, lukmançylyk, astronomiýa, matematika ylymlaryny yzygiderli öwrenýär. Lukman Hekim akyl zähmeti bilen iş salyşýan adamlara wagtly-wagtynda beden terbiýesiniň maşklary bilen meşgullanmagyň zerurdygyny sargyt edipdir. Alym psihiki we nerw kesellerini bejermekde, çagalary okatmakda we terbiýelemekde beden terbiýesiniň ähmiýetli serişde bolup hyzmat edýändigini belläpdir. Bu nukdaýnazardan, Türkmenistanda sagdyn durmuşy döretmek sport bilen utgaşykly ýola goýlandyr. Hormatly Prezidentimiz häzirki zaman türkmen jemgyýetinde sagdyn durmuş ýörelgesini üpjün etmek we ähli ýaşdakylaryň abadançylygyna ýardam bermek meselesine aýratyn uly üns berýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistan dünýä giňişliginde sportuň dürli ugurlarynyň ýaýb

Sarpaly kär dowamat-dowam

Hemmeler sabyrsyzlyk bilen Täze ýyla näçe günüň, näçe sagadyň, hatda näçe minudyň galandygyny barmak basyp sanap başlady. Şatlyk-şowhun bilen täze ýyla garaşmak, ony garşylamaga howlukmak, megerem, bu baýramyň iň gyzykly pursatlarynyň biridir. Bereketli türkmen topragynda Täze ýyl baýramyny şatlyk-şowhuna besläp, mynasyp üstünlikler bilen garşylamak indi asylly däbe öwrüldi. Biz täze ýylyň bosagasynda bu baýramçylygy zähmet üstünlikleri bilen garşylaýan lukmanlar maşgalasynda myhmançylykda bolduk. Welaýat enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň newrologiýa bölüminiň müdiri Rozumbaý Babanazarowyň bagtyýar maşgalasynda her ýyl bu baýramçylykda jemi bäş lukman bereketli saçagyň başyna jemlenýär. Bize-de lukmanlar bilen toý saçagynda ýakymly söhbet etmek miýesser etdi.

Täze belentlikleriň badalgasy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň beýik işlerini mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen baş taglymatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň netijesinde ilata edilýän saglygy goraýyş hyzmatlarynyň hili görnetin ýokarlandy. Munuň şeýledigini soňky ýyllaryň içinde açylyp, ulanylmaga berlen saglyk öýleriniň, hassahanalaryň, şypahanalaryň, durky täzelenilen saglygy goraýyş edaralarynyň mysalynda hem görmek bolýar. Tutumy uludan tutulýan bu işler täze belentlikleriň badalgasydyr. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda Dänew we Saýat etraplarynyň durky täzelenilen hassahanalarynyň birbada işe girizilmegi hem ýokarda aýdylanlaryň bir mysalydyr. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň hünär baýramynyň bellenilýän günlerinde ulanylmaga berlen Dänew etrap hassahanamyzda Germaniýa Federatiw Respublikasynda, Şweýsariýada, Ýaponiýada, Niderlandlar Patyşalygynda, Beýik Britaniýada, Italiýada, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda, Çehiýada we beýleki öňdebaryjy döwletlerde öndürilen saglygy goraýyş maksatly täze enjamlaryň 208-si oturdyldy. Häzirki wagtda ýörite taýýarlykly lukmanlarymyz olardan netijeli peýdalanyp, ilatymyza ýokary derejede hyzmat edýärler.

Gyş möwsüminde keselleriň öňüni almak üçin peýdaly maslahatlar:

- Elleri elmydama arassa saklamaly we ýygy-ýygydan sabyn bilen ýuwmaly. - Sagdyn we kadaly iýmitlenmeli.

Baş baýlygyň gymmaty

Ýurdumyzda ynsan saglygyny hemmetaraplaýyn goramakda ýetilen belent sepgitler, üstünlikli dowam etdirilýän tutumly işler buýsanjyňa buýsanç goşýar. Bu babatda gazanylan üstünlikler döwlet derejesinde edilýän köpugurly aladalaryň netijesidir. Dünýä nusgalyk şeýle aladalar döwletimiziň ýöredýän durmuş syýasatynyň özenini düzmek bilen, lukmançylyk hyzmatlarynyň ugurlaryny hem-de hil derejesini kämilleşdirmekdäki, onuň kanunçylyk esaslaryny berkitmekdäki giň möçberli işler biri-birine ulaşýar. Daşky gurşawyň arassalygyny gorap saklamakda, sagdyn durmuş ýörelgelerini hem-de endiklerini, ruhy we ahlak gymmatlyklaryny kemala getirmekde gazanylýan üstünliklerem şeýle aladalaryň oňyn netijeleridir.  Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň oýlanyşykly başlangyçlarynyň ajaýyp miweleri bolan şeýle tutumlar täze taryhy eýýamda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýär. Halkyň saglygy bolsa kuwwatly döwleti häsiýetlendirýän esasy görkezijileriň biridir. Milletiň saglygy Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe öňde goýlan maksatlaryň rowaçlyklara beslenmeginiň möhüm şertleriniň biridir.

Gyş paslynda saglyk üçin peýdaly maslahatlar

•Işjeň hereketde bolmak, zähmet bilen dynç alşy kadaly utgaşdyrmak, stres ýagdaýlaryndan gaça durmak arkaly immun ulgamyny berkitmek, arassaçylyk düzgünlerini berjaý etmek, sport bilen meşgullanmak — bularyň ählisi dürli kesellerden goranmagyň iň netijeli we wajyp usullarydyr. •Elleri ýygy-ýygydan sabyn bilen ýuwmaly.

Sagdyn durmuş ýörelgesi

Baş saglygyň sakasy talabalaýyk iýmitlenmekdir. Kadaly iýip-içmek ynsanyň saglygyny berkidýär, fiziki hem ruhy sagatlygyny üpjün edýär. Bedene zerur önümler ýetmese, ösüş, täzeleniş düzgüni bozulýar. Iýmit bilen alynýan belok esasy orunda durýar. Dokumalar, öýjükler beden agzalary, fiziologiki maddalar — gan, limfa belogyň gatnaşmagynda täzelenýär, özgerýär, ösýär. Uglewodlar bedende madda çalşygyny kadalaşdyrmakdan başga-da güýç-gaýrat berýär, gyş günlerinde bolsa, ýylylyk çeşmesi bolup hyzmat edýär. Ýag beloga, uglewoda garanda, ýylylygy iki esseden hem agdygrak bölüp çykarýar. Bedende derwaýys suw, duz, witaminler, mikroelementler ösüşi, madda hem suw-duz çalşygyny sazlaşdyrýar. Her bir adam olaryň ählisini ýeterlik mukdarda almalydyr.

Ilimize şan getiren ýyl

Tamamlanyp barýan 2023-nji ýyl — Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly berkarar Watanymyz, ulus-ilimiz üçin şöhratly ýyllaryň biri bolup, taryhyň sahypalarynda zer harplar bilen ýazylar. Ýurdumyzyň ähli ugurlaryndaky okgunly ösüşleri, binagärlik açylyşlary, dürli derejedäki forumlar, Watanymyzyň şan-şöhratyny dabaralandyrýan beýleki taryhy wakalar tamamlanyp barýan ýylymyza şan goşýar. Arkadag şäheriniň açylyş dabarasynyň özi hem buýsandyryjy waka öwrüldi. Dünýäde deňi-taýy bolmadyk bu «akylly» şäher Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen amala aşyrylan ajaýyp taslamadyr. Täze şäherde saglygy goraýyş ulgamyna degişli iň häzirki zaman lukmançylyk enjamlary, kämil tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan desgalaryň bolmagy hem aýratyn guwandyryjydyr.

YNSANPERWERLIGE BAGYŞLANAN MASLAHAT

Mätäje  goldaw  bermek ,  ynsanperwerlik ,  hossarsyz  çagalary  üns-alada  bilen  gurşamak  türkmen  halkynyň  iň  gowy  gylyk-häsiýetleriniň, aň-düşünjesiniň  esasy  aýratynlyklarynyň biridir. Ýaş  nesliň  hukuk  we  durmuş  taýdan  goraglylygyny    üpjün  etmek, halkymyza  gadymdan  mahsus  bolan  ruhy-ahlak,  medeni   gymmatlyklary  dünýä  ýaýmak,  sagdyn  durmuş   ýörelgelerini  wagyz  etmek, ýaşlarda  watansöýüjiligi,  ynsanperwerligi,  raýat  jogapkärçiligini  terbiýelemek, olaryň  başlangyçlaryny  goldamak  we  höweslendirmek  milli  strategiýanyň  esasy  ugurlaryny  bolup  durýar. Milli   kadalarymyza  esaslanýan  däplerimizi  ata-babalarymyzyň  asylly  ýoluna  görä  dowam  etmekde  hut  şu  ýylyň  özünde  geljegiň,  döredijiligiň,  ýaşlygyň  şäheri  bolan  Arkadag  şäheriniň  açylyp  ulanylmaga  berilmegi  ähmiýetlidir.  Türkmen  halkynyň  Milli Lideri   Gahryman  Arkadagymyzyň  howandarlygynda  bu  ýerde  ýurdumyzyň  tar

Saglyk — baş baýlyk

Ynsan saglygy barada alada etmek, ýurdumyzyň bagtyýar raýatlarynyň ýaşaýyş-durmuş derejesini yzygiderli gowulandyrmak döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Ýurdumyzyň saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamyny, sporty, jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgelerini ösdürmekde ýetilen sepgitler muňa aýdyň şaýatlyk edýär. Hormatly Prezidentimiziň «Saglyk» Döwlet maksatnamasy halkymyzyň saglygyny goramakda we berkitmekde ýetilýän belent sepgitleriň gözbaşy bolup durýar. Hormatly Prezidentimiziň ulgamda durmuşa geçirýän düýpli özgertmeleriniň netijesinde hil babatda halkara kadalaryna laýyk gelýän ösüşleriň ak ýoluna düşen milli saglygy goraýyş ulgamynyň berk binýady döredildi. Bu bolsa halkymyza edilýän saglygy goraýyş hyzmatlarynyň hil derejesini ýokarlandyrmaga, dürli keselleriň öňüni almaga mümkinçilik berýär. Ýurdumyzda uzak geljegi nazarlaýan giň möçberli özgertmeler, ägirt uly işler üstünlikli durmuşa geçirilip, Garaşsyz döwletimiziň berk binýatly milli saglygy goraýyş, bilim we sport ulgamlary döredildi. Öňdebaryjy tejribeleri, ylmyň we tehnologiýanyň gazananlaryny tapgyrlaýyn ornaşdyrmak, dünýä döwletleri, iri halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy giňden ýaýbaňlandyrmak bilen, bu ulgamlar dünýä ölçeglerine laýyklykda döwrebaplaşdyryldy. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň

Sagdyn durmuş ýörelgesi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyz halkara sport ýaryşlarynyň geçirilýän iri merkezine öwrülýär. Şu nukdaýnazardan, eziz Diýarymyzda sagdyn durmuş ýörelgesini alyp gitmek sport bilen utgaşykly ýola goýlandyr. Häzirki ajaýyp döwrümizde halkyň saglygyny gowulandyrmak babatda ençeme işler durmuşa geçirilýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe dünýä ülňülerine laýyk gelýän hassahanalaryň, saglyk öýleriniň ylmyň soňky gazanan täze serişdeleri bilen enjamlaşdyrylyp gurulmagy we ulanylmaga berilmegi türkmen halkynyň rowaçlyklara beslenýändigini görkezýär.

Saglyk serpaýy

Ýurdumyzyň saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamyny ösdürmek hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Indi ýylyň-ýylyna Diýarymyzyň ähli sebitlerinde iň kämil, ösen tehnologiýalar bilen üpjün edilen döwrebap lukmançylyk, saglygy dikeldiş merkezleri, saglyk öýleri bina edilip, olarda ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlary ýola goýulýar. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda-da saglygy goraýyş ulgamynda uly işler durmuşa geçirilip, ýokary netijeler gazanyldy. Diňe şu ýylyň dowamynda öňdebaryjy lukmançylyk tehnologiýalary ornaşdyrylan saglyk maksatly döwrebap desgalaryň birnäçesiniň, şol sanda Arkadag şäherinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkeziniň, Saglygy goraýyş müdirliginiň we onuň düzüminde 350 orunlyk köpugurly hassahananyň, 150 orunlyk onkologiýa merkeziniň, 150 orunlyk Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň, «Tiz kömek» merkeziniň, saglyk öýüniň, saglygy goraýşyň awtoulaglar kärhanasyň ulanmaga berilmegi «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň üstünlikli amala aşyrylýandygynyň aýdyň güwäsidir. Türkmenistanda saglygy goraýyş ulgamynda gazanylýan üstünlikler halkara guramalar, şol sanda Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy tarapyndan ykrar edilýär. Ýurdumyza dürli ýyllarda berlen güwänamalaryň birnäçesi hem muny doly tassyklaýar. Golaýda saglygy goraýyş ulgamyna täze güwänamalaryň be

Buýsançly kalplaryň ganaty

Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň yhlas-aladasyndan, çuňňur paýhasyndan kemala gelen Arkadag şäheri geçmişi yzarlaýan, geljegi nazarlaýan milliligiň kämil nusgasynda gurlandyr. Täze şäheriň çäginde peýda bolan desgalaryň hatarynda Çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezine Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adynyň dakylmagy we Lukmançylyk orta hünär okuw mekdebine tanymal şahsyýet, birnäçe döwlet sylaglarynyň eýesi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory Saçly Dursunowanyň adynyň dakylmagy baradaky hoş habar ýurdumyzyň Saglygy goraýyş we derman senagaty pudagynda zähmet çekýän lukmanlary we ýokary okuw mekdebimiziň professor-mugallymlaryny hem-de talyp ýaşlaryny tüýs ýürekden begendirdi.

Sagdyn iýmitleniň, sapaly ýaşaň!

Pasyllaryň aýratynlyklaryna görä kadaly iýmitlenmek saglygyňy gorap saklamaklygyň esasy şertleriniň biridir. Gyş paslynda sowuk endamy gyzdyrmak üçin köp kuwwatyň, energiýanyň sarp edilmegi netijesinde, şeýle-de, ulanylýan gök önümlerde we miwelerde mikroelementleriň, witaminleriň ýeterlik derejede bolmazlygy bedeni tapdan düşürip, immun, nerw ulgamlaryny, beýni dokumalaryny gowşadyp bilýär. Bu bolsa adamyň üsgürmegine, burnunyň dykylmagyna, ýygy-ýygydan sowuklamagyna getirýär. Bu döwürde allergiýanyň ýüze çykmak, ötüşen keselleriň gozgamak mümkinçiligi hem artýar. Gyşda adamlar ýokumly tagamlary kabul etmäge has köp isleg bildirýärler. Ýokumly tagamlara bolsa et we et önümleri, balyk, däneliler, çörek, mesge we bu önümlerden taýýarlanan dürli milli tagamlarymyz, ýagny noýbaly unaş, mäşli palaw we beýlekiler degişlidir. Sarymsagyň we burçuň bedeniň kesele garşy göreşijilik ukybyny ýokarlandyrmaga ýardam berýän biologiki işjeň maddalara baýdygy sebäpli, gyzyl burç ýa-da sarymsak goşulan unaş bilen iýmitlenmegi gyş paslynda saglygyňy gorap saklamagyň esasy usullarynyň biri hökmünde görkezmek bolar.

Sag başym – soltan başym

Sagdynlyk hakdaky pähimler

Žan-Žak Russo.