"Mugallymlar gazeti" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-53, 39-96-41, 39-96-40
Email: mugallymlar-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Üçünji aýlawa badalga berildi

Futbol Futbol boýunça milli çempionatymyzyň üçünji aýlawyna badalga berlip, onuň ilkinji tapgyrynda, ýagny 19-njy tapgyrda Balkanabadyň «Nebitçi» topary Aşgabadyň «Köpetdagyny» kabul etdi.

Ýaş küştçüleriň üstünligi

Gyrgyz Respublikasynyň Yssyk-Köl etrabynda 8 — 16 ýaş aralygyndaky oglan-gyzlaryň arasynda nusgawy küşt boýunça Merkezi Aziýanyň çempionaty geçirildi. Ýaryşda türkmen küştçüleri bir altyn we bir kümüş medal gazandylar. Çempionata Türkmenistandan, Gyrgyzystandan, Gazagystandan we Özbegistandan 300-den gowrak küştçi gatnaşdy. 8 ýaşa çenli gyzlaryň arasynda Mary welaýatyndan mümkin bolan 9 utukdan 7,5 utuk gazanan mekdep okuwçysy Aýlar Hemraýewa 1-nji orna mynasyp boldy. Aýlar aýgytlaýjy oýunlarda gazagystanly bäsdeşi Ameliýa Ametowany (7 utuk) hem-de gyrgyzystanly bäsdeşi Amina Şergaliýewany (6 utuk) utdy. Ýeri gelende bellesek, Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Ejegyz Ýalkanowadan tälim alýan Aýlar şu ýylyň fewralynda deň-duşlarynyň arasynda ilkinji gezek ýurdumyzyň çempiony bolupdy.

Sagdynlygyň mekany

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda halkyň saglygyny berkitmek, beden we ruhy taýdan sagdyn nesilleri ýetişdirmek, Olimpiýa hereketini, ösen milli sport ulgamyny rowaçlandyrmak, şeýle-de bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça giň göwrümli işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Sport-sagaldyş hereketini, köpçülikleýin bedenterbiýäni ösdürmek ugrundaky tagallalar netijesinde Diýarymyzyň ähli sebitlerinde, ak mermerli paýtagtymyzda hem-de Arkadag şäherinde sport düzüminiň häzirki zaman desgalary gurulýar. Berkarar Watanymyz halkara sport ýaryşlarynyň, Olimpiýa oýunlarynyň geçirilýän döwrebap merkezine öwrülýär. Bu bolsa, ýurdumyzyň sport abraýynyň arşa göterilmegine täze mümkinçilikleri açmak bilen birlikde, türgen ýaşlarymyza dürli derejeli ýaryşlarda üstünlikli çykyş etmäge hyjuw berýär. Geçen sanlyja ýylyň dowamynda ýurdumyzda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň, sebitleýin sport ýaryşlarynyň, «Amul-Hazar 2018» halkara awtorallisiniň, Agyr atletika we Kuraş boýunça dünýä çempionatlarynyň üstünliklere beslenip geçirilendigini bellemek diýseň ýakymly. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda paýtagtymyzyň gözel künjegindäki Olimpiýa şäherçesiniň Gyşky oýunlar sport toplumynda üstünlikli geçirilen Hokkeý boýunça halkara ýaryşy hem Türkmenistanyň ösen sport ýurdy hökmündäki ornunyň barha pugtalandyrylýandy

Welaýatymyzyň samboçylarynyň üstünligi

Gyrgyzystanyň Çolpan-Ata şäherinde sambo boýunça dünýä kubogyny almak ugrunda geçirilen ýaryşda ýurdumyzyň türgenleri üstünlikli çykyş edip, medallaryň 10-syna mynasyp boldular. Jemi agram derejeleriniň 26-sy boýunça geçirilen ýaryşda welaýatymyzyň türgenleriniň ikisi — Kambar Omarow we Aziza Nazarowa nobatdaky gezek öz başarnyklaryny görkezdiler. Çärjew etrabyndaky 3-nji sport mekdebiniň tälimçisi Kambar Omarow ýaryşyň ilkinji gününde üstünlikli çykyş eden türgenleriň biri boldy. 71 kilogram agram derejesinde çykyş eden ildeşimiz bürünç medala mynasyp boldy. Ýaryşyň ýeňijileriniň ýene-de biri Dänew etrabyndaky 2-nji sport mekdebiniň tälimçisi Aziza Nazarowadyr. Ol 54 kilogram agram derejesinde üçünji baýrakly orny eýeledi.

Üçün­ji aý­la­wa ba­dal­ga be­ril­di

Türk­me­nis­ta­nyň fut­bol çem­pio­na­ty­nyň Ýo­ka­ry li­ga­sy­nyň üçün­ji aý­la­wy baş­lan­dy. Ýo­ka­ry li­ga­nyň 19-njy tap­gy­ry­nyň çä­gin­de «Ahal» bi­len «Aş­ga­bat» to­par­la­ry­nyň ara­syn­da ge­çi­ri­len du­şu­şyk paý­tag­ty­my­zyň «Nu­saý» sta­dio­nyn­da bol­dy. Du­şu­şyk 3:0 ha­sa­byn­da «Aha­lyň» ýeň­şi bi­len ta­mam­lan­dy. To­par­da Meý­lis Di­ni­ýew, El­man Ta­ga­ýew we Hak­mu­ham­met Bä­şi­mow da­gy ta­pa­wut­lan­dy. «Ar­ka­dag» we «Şa­ga­dam» to­par­la­ry­nyň ara­syn­da­ky du­şu­şyk hem «Nu­saý» sta­dio­nyn­da ge­çi­ril­di. Gy­zyk­ly ge­çen du­şu­şyk 5:1 ha­sa­byn­da «Ar­ka­dag» fut­bol to­pa­ry­nyň ýeň­şi bi­len ta­mam­lan­dy. Türk­me­nis­ta­nyň çem­pi­on fut­bol to­pa­ry­nyň dü­zü­min­de Di­dar Dur­dy­ýew, Al­ty­my­rat An­na­dur­dy­ýew, Şa­na­zar Tir­ki­şow, Ars­lan­my­rat Ama­now we Mir­za Bek­na­za­row da­gy ta­pa­wut­lan­dy. «Şa­ga­da­myň» ýe­ke-täk go­lu­ny Hy­dyr­gel­di Ata­ja­now ge­çir­di.

Döwletjan Ýagşymyradow «PFL» Gran-prisiniň finalyna çykdy

Türkmenistanly türgen Döwletjan Ýagşymyradow Aşgabat wagty bilen 17-nji awgustda irden ABŞ-nyň Golliwud şäherinde geçirilen «PFL 8» turnirinde awstraliýaly Rob Uilkinsony ýeňlişe sezewar etdi. Tutluşyk «PFL-iň» ýarym agyr agramdaky Gran-pri ýaryşynyň ýarym finalynda geçirilen bu tutluşyk eminleriň biragyzdan gelen karary esasynda ildeşimiziň peýdasyna tamamlandy (30-27, 30-27, 30-27). Şeýlelikde, Döwletjan «PFL» promouşeninde bassyr 3-nji ýeňşini gazandy.

2025-nji ýylda Boks boýunça dünýä çempionatlarynyň geçjek şäherleri yglan edildi

Halkara boks assosiasiýasy (IBA) 2025-nji ýylda geçiriljek Boks boýunça dünýä çempionatlarynyň ýer eýelerini yglan etdi. Oňa laýyklykda, 2025-nji ýylda Serbiýanyň Belgrad şäherinde zenanlaryň arasynda, Gazagystanyň Astana şäherinde bolsa, erkekleriň arasynda Boks boýunça dünýä çempionaty geçiriler. Ýeri gelende bellesek, Serbiýanyň Belgrad şäherinde mundan ozal, 1978-nji we 2021-nji ýyllarda erkekleriň arasynda Boks boýunça dünýä çempionaty geçirilipdi. Bu şäher zenanlaryň arasyndaky Boks boýunça dünýä çempionatyny ilkinji gezek kabul eder.

19 ýaşly hüjümçini 50 million ýewro transfer etdi

«PSŽ» kluby «Rennden» Dezire Dueni t r a n s f e r etdi. Topar Due bilen 2029-njy ýyla çenli şertnama baglaşdy. 19 ýaşly hüjümçiniň transferi parižlilere 50 million ýewro düşdi.

Dýu Plessi çempionlyk tutluşygynda Adesanýany ýeňdi

Aşgabat wagty bilen düýn irden, Awstraliýada «UFC 305» turniri geçirildi. Turniriň esasy tutluşygynda Günorta Afrika wekilçilik edýän, promouşeniň orta agramdaky häzirki çempiony Drikus Dýu Plessi ozalky çempion Israel Adesanýa bilen güýç synanyşyp, 5 raunda niýetlenilen çempionlyk söweşi möhletinden ozal tamamlandy. Has takygy, 4 raundda Dýu Plessi garşydaşyna yzygiderli urgy hem-de soňra bogmak emelini ulanyp, wagtyndan öň ýeňiş gazandy. Şeýlelikde, Drikus Dýu Plessi çempionlyk guşagyny özünde saklap galmagy başardy. Ýeri gelende bellesek, Drikus Dýu Plessi özüniň 22-nji ýeňşini gazandy. Onuň hasabynda 2 sany ýeňliş hem bar.

«Baýer» öz taryhynda ilkinji gezek Germaniýanyň Superkubogyny eýeledi

Lewerkuzen şäheriniň «Baýer» kluby Germaniýanyň Superkubogy üçin geçirilen oýunda «Ştutgarty» ýeňlişe sezewar etdi. Esasy wagty 2:2 hasabynda tamamlanan gapma-garşylygyň ýeňijisi oýundan soňky 11 metrlik urgularda anyklanyldy. Futbol lotoreýasynda «Baýer» 4:3 hasabynda ýeňiş gazandy. Şeýlelikde, «Baýer» öz taryhynda ilkinji gezek Germaniýanyň Superkubogyna mynasyp boldy.

Milner APL-yň rekordyny täzeledi

«Braýton» toparynyň ýarym goragçysy Jeýms Milner Angliýanyň premýer-ligasynda geçirilen möwsümleriň sany boýunça rekordy täzeledi. Ol öz toparynyň APL-yň täze möwsüminiň birinji tapgyryndaky oýnunda «Ewertona» garşy esasy düzümde meýdança çykdy. Şeýlelikde, Milner APL-da oýnan möwsümleriniň sanyny 23-e ýetirdi. Bu täze rekord hasaplanýar. Bu ugurda ozalky rekord Raýan Giggse (22 möwsüm) degişlidi.

«Real» altynjy gezek UEFA-nyň Superkubogyna mynasyp boldy

Ispaniýanyň «Real» futbol kluby UEFA-nyň Superkubogyna mynasyp boldy. Geçen möwsümde Ýewropanyň çempionlar ligasynda ýeňiş gazanan «Real» UEFA-nyň Superkubogy üçin geçirilen oýunda Ýewropa ligasynyň ýeňijisi bolan Italiýanyň «Atalanta» toparyndan üstün çykdy. Polşanyň Warşawa şäherinde geçirilen duşuşyk 2:0 hasabynda Karlo Ançelottiniň şägirtleriniň ýeňşi bilen tamamlandy. Ispan toparynyň düzüminde Federiko Walwerde (59) hem-de Kiliýan Mbappe (68) gol geçirdi. Şeýlelikde, «Real» UEFA-nyň Superkubogyny altynjy gezek eýeläp, bu ugurda «Milandan» hem-de «Barselonadan» öňe geçdi. Bu topar mundan ozal, 2002-nji, 2014-nji, 2016-njy, 2017-nji hem-de 2022-nji ýyllarda UEFA-nyň Superkubogyna mynasyp bolupdy.

«Altyn asyr» AFK Çempionlar ligasy 2 ýaryşynyň toparçalaýyn tapgyryna ýollanma aldy

Ýurdumyzyň «Altyn asyr» futbol topary Hindistanyň AFK Çempionlar ligasy 2 ýaryşynyň saýlama duşuşygynda Hindistanyň «Ist Bengal» klubuny myhmançylykda ýeňlişe sezewar edip, bäsleşigiň toparçalaýyn tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandy. Hindistanyň Kalkutta şäherinde geçirilen oýun 3:2 hasabynda türkmen toparynyň peýdasyna tamamlandy.

Ýaş türgenler bäsleşdi

Bäherden etrabynyň Sport mekdebinde küşt boýunça birinjilik geçirildi. Sport mekdebiniň küşt bölümüne gatnaýan uly we kiçi ýaşly türgenleriň arasynda geçen birinjiligi sport mekdebi hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň etrap Geňeşi bilelikde gurady. Ýaşajyk küştçüleriň 50-ä golaýynyň gatnaşmagynda çekeleşikli geçen ýaryşda uly ýaşly oglan türgenleriň arasynda 1-nji orny Tirkeşmuhammet Garamämmedow, 2-nji orny Myratberdi Myratberdiýew, 3-nji orny Parahat Ataýew eýeledi. Gyzlaryň arasynda 1-nji orny Leýli Geldiýewa, 2-nji orny Gülnäz Adylowa, 3-nji orny Mylaýym Toýlyýewa eýeledi. Kiçi ýaşly oglan türgenleriň arasynda baýrakly 1-2-3-nji orunlara degişlilikde Arslanmyrat Geldiýew, Aýnazar Garamämmedow, Abdylla Myradow mynasyp boldy. Gyzlaryň arasynda 1-nji orny Näzik Adylowa, ikinji orny Eminegül Garamämmedowa, üçünji orny Aýşa Annasähedowa eýeledi.

Sport. Saglyk. Ruhubelentlik

«7/24.tm»:№34 (221) 19.08.2024 Ru­hu­be­lent­li­giň we sag­dyn­ly­gyň ýur­dy ha­sap­lan­ýan asu­da Wa­ta­ny­myz­da be­den­ter­bi­ýä­ni we spor­ty ös­dür­mek­de, ýaş­la­ry köp­çü­l­ik­le­ýin spor­ta çek­mek­de uly ta­gal­la­lar edil­ýär. Mu­nuň özi hor­mat­ly Prezi­den­ti­miziň alyp bar­ýan sport sy­ýa­sa­ty­nyň uly üs­tün­lik­le­re bes­len­ýän­di­gi­ne şa­ýat­lyk ed­ýär. Hut şo­nuň üçin hem hä­zir­ki gün­ler­de şä­he­ri­mi­ziň çä­gin­de ge­çi­ril­ýän sport bäs­le­şik­le­ri hem giň ge­ri­me eýe bol­ýar.

Öň­de be­lent sep­git­ler bar

«7/24.tm»: №34 (221) 19.08.2024 Hü­nä­re bo­lan söý­gi adam­da ke­ma­la gel­ýän asyl­ly gy­lyk-hä­si­ýet­le­riň bi­ri. Hü­nä­ri her kim özü­çe söý­ýär. Kim gö­wün sö­ýen hü­nä­ri­ni edi­nip, hü­när­men hök­mün­de zäh­met çe­ke­si gel­ýär, kim bol­sa öz hü­nä­ri­ni ýaş ne­sil­le­re öw­ret­me­gi mak­sat edin­ýär.

Türkmen samboçylary Dünýä kubogynda üstünlikli çykyş etdiler

«7/24.tm»: №34 (221) 19.08.2024 2024-nji ýylyň 15 — 16-njy awgustynda Gyrgyzystanyň Çolpon-Ata şäherinde sambo boýunça Dünýä kubogy ugrunda ýaryş geçirildi. «Gazprom» sport toplumynda geçirilen şol ýaryşlara Türkmenistandan 29 türgen gatnaşdy» diýip, Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetinde habar berilýär.

«Al­tyn фsyr» AFK-nyň Çem­pi­on­lar li­ga­sy-2 ýaryşynyň to­par­ça­la­ýyn tap­gy­ry­na çyk­dy

«7/24.tm»: №34 (221) 19.08.2024 Aş­ga­ba­dyň «Al­tyn Asyr» fut­bol to­pa­ry no­bat­da­ky hal­ka­ra üs­tün­li­gi­ni ga­zan­dy. Türk­me­nis­ta­nyň at ga­za­nan tä­lim­çi­si Ýaz­gu­ly Ho­ja­gel­di­ýe­wiň şä­girt­le­ri AFK-nyň Çem­pi­on­lar li­ga­sy-2-niň saý­la­ma tap­gy­ry­nyň çä­gin­de myh­man­çy­lyk­da Hin­dis­ta­nyň «Ist Ben­gal» to­pa­ryn­dan 3:2 ha­sa­byn­da üs­tün çyk­dy.

Sport ul­ga­myn­da­ky ösüş­le­ri­miz

«7/24.tm»: №34 (221) 19.08.2024 Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de ýur­du­myz­da sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­le­ri­ne uý­mak, köp­çü­lik­le­ýin be­den­ter­bi­ýä­ni we spor­ty wa­gyz et­mek bar­ha giň ge­ri­me eýe bol­ýar. Mu­nuň özi dur­muş ka­nu­na­la­ýyk­ly­gy­dyr. Çün­ki Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň ba­şy­ny baş­la­ma­gy, Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň dur­mu­şa ge­çir­ýän taý­syz ta­gal­la­la­ry esa­syn­da, sport hä­zir­ki dö­wür­de döw­le­ti­mi­ziň hal­ka­ra gi­ňiş­li­gin­de üs­tün­lik­li alyp bar­ýan dip­lo­ma­tik işi­niň aý­ryl­maz bir bö­le­gi­ne öw­rül­di.

Halkara ýaryşyň medallary

Türkmen türgenleri 6 – 10-njy awgust aralygynda Gazagystan Respublikasynyň Aktau şäherinde geçirilen boks boýunça halkara ýaryşda üstünlikli çykyş etdiler. Bokenbaý Saktaganowyň ýadygärligine bagyşlanan bäsleşige Türkmenistandan, Täjigistandan, Özbegistandan hem-de Gazagystanyň dürli şäherlerinden türgenler gatnaşdylar. Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndy toparynyň 9 türgeni dürli agram derjelerinde ringe atoparymyzyň baş tälimçisi Tenilbek Džumakulow, ýaşlar ýygyndy toparymyzyň tälimçisi Maksud Şeripow hem-de milli derejeli emin Timur Halilow halypalyk etdi. Türkmen boksçylary halkara ýaryşy 6 medal (1 altyn, 1 kümüş, 4 bürünç) bilen jemlediler.