Kuwwatly döwletiň mizemez binýady
Durmuş hakykatyndan we uzak ýyllaryň tälim-tejribesinden göz ýetirişimiz ýaly, kuwwatly döwletiň mizemez binýady ilatyň sagdyn ýaşaýşyna daýanýar. Saglyga sport bilen, bagtyýar ýaşaýşa bolsa saglyk bilen ýetilýär. Gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan bu ajaýyp sazlaşyk Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe hem mynasyp dowam etdirilýär. Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygy bilen ýurdumyzyň baş baýlygy bolan il saglygy, ýaş nesliň bagtyýar, asuda ýaşaýşy hakynda ýadawsyz alada edilip, häzirkizaman dünýäsiniň talaplaryna laýyklykda, köpçülikleýin bedenterbiýäni, olimpiýa hereketini, sport medeniýetini ösdürmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Hut şonuň netijesinde jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgelerini, parahatçylygy we dostlukly gatnaşyklary rowaçlandyrmakda, bedenterbiýäni we sporty ösdürmekde baý tejribe toplanyldy. Köptaraplaýyn we durnukly ösüşlerimiz eziz Watanymyzy halkara sport hyzmatdaşlygynyň öňdebaryjy ýurtlarynyň, şol sanda örän iri sport ýaryşlaryny ýokary derejede geçirmäge ukyply döwletleriň hataryna ynamly goşmaga täze mümkinçilikleri açdy.