"Mugallymlar gazeti" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-53, 39-96-41, 39-96-40
Email: mugallymlar-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Sport

Agyr atletikaçylar bäsleşdiler “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen ýurdumyzda bedenterbiýäni we sporty ösdürmekde uly işler bitirilýär. Sport bilen meşgullanýan ýaşlaryň sany artyp, olar dürli ýaryşlarda şowly çykyş edýärler. Türgenlerimiziň ýeňişli menzilleriniň rowaçlanýandygyna sport mekdebimiziň mysalynda-da göz ýetirmek bolýar. Sportuň agyr atletika görnüşi boýunça ýaşlaryň arasynda has meşhurlyga eýe bolup, türgenlerimiz uly üstünlikleri gazanýarlar.

Futbol täzelikleri

Ýurdumyzyň milli futbol çempionatynyň 22-nji tapgyrynda paýtagtymyzda «Altyn Asyr» bilen duşuşan Balkanabadyň «Nebitçi» topary uly hasapda ýeňildi. Aşgabatlylaryň gollaryny 21-nji minutda Serdar Annaorazow, 33-nji minutda Selim Nurmyradow, 49-njy minutda Söhbet Durdyýew, 83-nji, 87-nji minutlarda Mihail Titow derwezä girizdiler. Aşgabadyň «Köpetdagyny» kabul eden Türkmenbaşy şäheriniň «Şagadamy», kynlyk bilenem bolsa, ýeňiş gazanmagy başardy. Myhmanlaryň derwezesinden ýeke-täk pökgini 50-nji minutda 11 metrlik jerime urgusyndan Mekan Aşyrow geçirdi.

Netijeli gatnaşyklary ösdürip

Türkmenistanyň Milli Olimpiýa komitetiniň wekilleri Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň ýakynda Hindistanyň Nýu-Deli şäherinde geçirilen Baş Assambleýasyna gatnaşdylar. Her ýyl geçirilýän bu çärä yklymyň ähli künjeginden wekiller gatnaşyp, özara pikir alyşdylar. Baş Assambleýanyň çäklerinde geçirilen duşuşyklarda türkmen tarapy ýurdumyzyň yklymda sporty mundan beýläk hem ösdürmek babatdaky başlangyçlara ygrarlydygyny ýene bir ýola tassyklady.

Nebitçileriň arasynda bäsleşik geçirildi

«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Burnebitgazhyzmat» müdirliginiň tehniki wagyz ediş we durmuş maksatly hyzmatlar merkezinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkanabat şäher Geňeşiniň we «Türkmennebit» döwlet konserniniň şahamçasynyň bilelikde guramagynda sportuň şaşka görnüşi boýunça bäsleşik geçirildi. Çekeleşikli geçen bäsleşigiň jeminde «Nebitgazburawlaýyş» trestiniň Abatlaýyş-mehaniki zawodynyň tehniki-önümçilik bölüminiň inžener-tehnology Kemal Aýjanow I orna, «Nebitgazdüýpliabatlaýyş» trestiniň Awtoulag we ýöriteleşdirilen tehnikalar müdirliginiň mehaniki abatlaýyş bölüminiň slesar-abatlaýjysy Sapargeldi Täçberdiýew II orna we Maddy-enjamlaýyn serişdeler we üpjünleýiş müdirliginiň hukuk, talap we gümrük işleri boýunça bölüminiň deklaranty Leýli Gubanowa III orna mynasyp boldy.

Ispaniýada gazanylan altyn medal

Türkmenistanly pälwan Alp Arslan Begenjow erkin göreş boýunça Ispaniýanyň Pontewedra şäherinde geçirilen dünýä çempionatynda (U-20) altyn medala mynasyp boldy. Bu ýurdumyzyň taryhynda erkin göreş boýunça 20 ýaşa çenli pälwanlaryň arasynda gazanylan ilkinji altyn medaldyr. Alp Arslan Begenjowyň çykyş eden 79 kilograma çenli agram derejesinde 28 türgen bäsleşdi. Ildeşimiz ýaryşyň ähli tapgyrlaryny ynamly geçdi. Ol saýlama tapgyrda eýranly Mahdi Ýusufihajiwardan 10:0 hasabynda üstün çykdy. Soňra ildeşimiz şeýle hasap bilen ukrainaly Oleksandr Mamroşy ýeňmegi başardy. Çärýek finalda belarusly Dmitriý Lukaşçugy ýeňen (10:0) Alp Arslan ýarymfinalda hindistanly türgen Amit Amitadan 11:0 hasabynda üstün çykdy. Ildeşimiz final tutluşygynda hem ynamly ýeňiş gazandy. Ol amerikaly türgen Zakari D Raýderi 5:0 hasabynda ýeňdi. Bu agram derejesinde bürünç medallara Mahdi Ýusufihajiwar we braziliýaly Leandro Arauho mynasyp boldy.

Sobolenko «US Openiň» çempiony

Dünýäniň ikinji raketkasy Arina Sobolenko (Belarus Respublikasy) «US Open» uly tuwulgasynda ýeňiş gazandy. Häzirki wagtda WTA reýtinginde ikinji orunda barýan Arina ýaryşyň finalynda dünýäniň altynjy raketkasy amerikaly Jessika Pegulany ýeňlişe sezewar etdi. 1 sagat 54 minut dowam eden oýun 7:5, 7:5 hasabynda Arina Sobolenkonyň peýdasyna tamamlandy.  Şeýlelikde, Arina Sobolenko bu möwsümde ikinji gezek «uly tuwulga» ýaryşynyň çempiony boldy. Mundan ozal, ol şu ýylyň ýanwar aýynda «Austrailan Open» «uly tuwulgasynda» hem çempion bolmagyň hötdesinden gelipdi. 26 ýaşly tennisçi «US Opendäki» çempionlyk üçin 2 müň reýting utugyny hem-de 3 million 600 müň amerikan dollary möçberinde pul baýragyny gazandy.

«Galatasaraýdan» garaşylmadyk transfer

Tomusky transfer möwsüminde iň garaşylmadyk ýöriş Türkiýäniň «Galatasaraý» kluby tarapyndan amala aşyryldy. Has takygy, türk kluby tutuş tomus Ýewropanyň top klublaryndan şertnama hödürlenilen, Saud Arabystanynda uly möçberdäki zähmet haklary teklip edilen ýyldyz hüjümçi — Wiktor Osimheni düzümine goşmagy başardy. «Galatasaraý» Osimheni «Napoliden» bir möwsümlik kärendesine aldy. «Daily Sport» neşiriniň ýazmagyna görä, «Galatasaraýyň» Osimhen we «Napoli» bilen baglanyşan şertnamasynda oýunçyny satyn almak hukugy barada hiç zat ýazylmandyr. Emma «Galatasaraý» öňdebaryjy klublardan teklip gelip gowşan halatynda gyşky transfer möwsüminde oýunçyny goýbermäge razylaşypdyr.

Taryhdaky ilkinji resmi ýeňşini gazandy

5-nji sentýabrda San-Marinonyň ýygyndysy UEFA-nyň Milletler Ligasynyň 1-nji tapgyrynyň oýnunda Lihtenşteýni 1:0 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. San-Marino ýeňiş getiren ýeke-täk gol 19 ýaşly Niko Sensoli tarapyndan derwezä gönükdirildi. Gyzykly tarapy, bu ýeňiş San-Marinonyň milli ýygyndysy üçin taryhdaky ilkinji resmi üstünlikdir. Halkara meýdançada 34 ýyl bäri çykyş edýän bu ýygyndy mundan ozal diňe bir gezek, 20 ýyl öň ýoldaşlyk duşuşygynda ýeňiş gazanyp görüpdi. Ýeri gelende bellesek, San-Marino häzirki wagtda UEFA-nyň reýtinginde iň aşakdaky orny eýeläp dur. FIFA-nyň reýtinginde bolsa bu ýurt 210-njy basgançakda barýar.

Ronaldu gollarynyň sanyny 900-e ýetirdi

Portugaliýaly 39 ýaşly hüjümçi Kriştianu Ronaldu resmi oýunlardaky gollarynyň sanyny 900-e ýetirdi. Onuň ýubileý goly UEFA-nyň Milletler Ligasynyň 1-nji tapgyryndan orun alan Portugaliýa — Horwatiýa oýnunda derwezä gönükdirildi. Oýun Portugaliýanyň 2:1 hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlandy. Şeýlelikde, Ronaldu resmi oýunlarda öz adyna 900 gol ýazdyran taryhdaky ilkinji oýunçy boldy. Ol 5 goly «Sportingiň», 145-sini «Mançester Ýunaýtediň», 450 goly «Realyň», 101 goly «Ýuwentusyň», 68 goly «Al-Nassryň» hem-de 131 goly Portugaliýanyň milli ýygyndysynyň düzüminde geçirdi.

10,9 müň transfer amala aşyryldy

Futbol dünýäsinde 2024-nji ýylyň tomusky transfer möwsümi amala aşyrylan transferleriň sany boýunça ozalky rekordy täzeledi. Has takygy, şu ýylyň tomsunda tutuş dünýäde 10,9 müňden gowrak transfer amala aşyryldy. Bu bolsa rekord görkezijidir. Tamamlanan tomusda erkekleriň futbolynda amala aşyrylan transferleriň umumy bahasy 6,4 milliard amerikan dollaryna deň bolup, bu taryhdaky ikinji görkezijidir. Ýurtlaryň mysalynda alanymyzda iň köp transfer Angliýada amala aşyryldy. Iňlis klublary şu transfer möwsüminde 526 oýunçyny satdylar hem-de 523 oýunçyny satyn aldylar. Angliýanyň toparlary tarapyndan satylan oýunçylaryň umumy bahasy 1,69 milliard amerikan dollaryna, satyn alnanlaryň bahasy bolsa 1,25 milliard amerikan dollaryna barabar boldy.

«Altyn topa» dalaşgärler yglan edildi: sanawda Messi hem, Ronaldu hem ýok

«France Football» žurnaly ýyly tarapyndan ýylyň iň gowy futbolçysyna gowşurylýan «Altyn top» baýragyna dalaşgärleriň sanawy yglan edildi. Sanaw 30 oýunçydan ybarat bolup, ondan soňky 21 ýylda ilkinji gezek Lionell Messiniň we Kriştianu Ronaldunyň ady orun almady. Hünärmenler bu ýyl «Altyn topa» «Realyň» oýunçylary Winisius Žuniory we Jud Bellingemi, «Barselonanyň» hüjümçisi Lamin Ýamaly esasy dalaşgär hasaplaýarlar. Ýeri gelende bellesek, «Altyn topa» iň köp mynasyp bolmak boýunça rekord Argentinanyň milli ýygyndysynyň we ABŞ-nyň «Inter Maýami» toparynyň hüjümçisi Lionell Messä degişli — 8 gezek. Bu ugurda ikinji orny 5 gezek bu baýragyň eýesi bolan Kriştianu Ronaldu eýeläp dur. Maglumat üçin, «France Football» neşiri tarapyndan döredilen «Altyn top» baýragy 1956-njy ýyldan bäri gowşurylyp gelinýär. Bu ýyl 68-nji gezek onuň eýesi yglan edilip, gowşurylyş dabarasy 28-nji oktýabrda Parižiň «Şatle» teatrynda geçiriler.

Hytaýyň ýygyndysy Paralimpiýa oýunlarynda birinji orny eýeledi

Hytaýyň ýygyndy topary Fransiýanyň Pariž şäherinde geçirilen Paralimpiýa oýunlarynda medallaryň sany boýunça birinji orny eýeledi. 7-nji sentýabrdaky ýaryşlardan soňra hytaýly türgenler Pariž Paralimpiýa oýunlarynda 94 altyn, 73 kümüş we 49 bürünç jemi 216 medala mynasyp boldular. Ikinji orundaky Beýik Britaniýanyň ýygyndysynda bolsa 47 altyn, 41 kümüş, 31 bürünç jemi 119 medal bar. Ýeri gelende bellesek, Hytaýyň ýygyndy topary bassyr altynjy gezek Paralimpiýa oýunlarynda birinji orny eýeledi. Maglumat üçin, Pariždäki Paralimpiýa oýunlary 28-nji awgustda başlanyp, düýn — 8-nji sentýabrda tamamlandy. Oňa 182 ýurtdan 4 müň 400-den gowrak türgen gatnaşdy. Bellik: Paralimpiýa oýunlarynyň soňky gününiň ýaryşlary gazetimiziň çapa berilýän pursatlarynda geçirildi, 8-nji sentýabrda hasaba alnan netijelere görä, medallaryň sany boýunça üýtgeşme bolup biler.

Boksçynyň bürünç medaly

«7/24.tm»:№37 (224) 09.09.2024 Ga­za­gys­tan döw­le­ti­niň Ak­tau şä­he­rin­de ge­çi­ri­len boks bo­ýun­ça hal­ka­ra ýa­ry­şy­na Türk­me­nis­ta­nyň ýaş­lar ýy­gyn­dy­sy gat­naş­dy. Ýy­gyn­dy to­pa­ryň dü­zü­min­de 63,5 ki­log­ra­ma çen­li ag­ram­da Ma­ry şä­he­ri­niň 6-njy sport mek­de­bi­niň tür­ge­ni An­na­gel­di Ju­ma­my­ra­dow çy­kyş edip, ol baý­rak­ly 3-nji or­na my­na­syp bol­dy.

«Gum­dag» we «Gal­ky­nyş» fut­bol to­par­la­ry

«7/24.tm»:№37 (224) 09.09.2024 «Gum­dag» we «Gal­ky­nyş» fut­bol to­par­la­ry Türk­menis­ta­nyň çem­pio­na­ty­nyň bi­rin­ji li­ga­sy­nyň Bal­kan se­bi­tin­de öň­de bar­ýar­lar.

Türk­me­nis­ta­nyň çem­pio­ny kes­git­le­nil­di

«7/24.tm»:№37 (224) 09.09.2024 Ma­ry şä­he­rin­de fut­bol bo­ýun­ça ze­nan­la­ryň ara­syn­da­ky Türk­me­nis­ta­nyň çem­pio­na­ty­nyň ikin­ji aý­la­wy­nyň du­şu­şyk­la­ry ge­çi­ril­di. Bu aý­la­wyň du­şu­şyk­la­ry­na bäş to­par gat­naş­dy.

Türk­men kik­boks­çy­la­ry dün­ýä çem­pio­na­tyn­da 5 me­dal ga­zan­dy­lar

«7/24.tm»:№37 (224) 09.09.2024 23-nji aw­gust — 1-nji sent­ýabr ara­ly­gyn­da Weng­ri­ýa­nyň paý­tag­ty Bu­da­peşt­de kik­bok­sing bo­ýun­ça ýet­gin­jek­le­riň ara­syn­da­ky dün­ýä çem­pio­na­ty ge­çi­ril­di. Bu ýa­ryş­da türk­men tür­gen­le­ri 5 sa­ny me­dal ga­zan­dy­lar di­ýip, Türk­me­nis­tan Ha­bar­lar por­ta­ly ha­bar ber­ýär.

Türk­me­nis­ta­nyň fut­bol çem­pio­na­ty­nyň ta­ry­hyn­da il­kin­ji ze­nan emin

«7/24.tm»:№37 (224) 09.09.2024 ­Kris­ti­na Ber­sen­ýo­wa il­kin­ji ze­nan emin hök­mün­de türk­men fut­bo­ly­nyň ta­ry­hy­na gi­rer. Ol Türk­me­nis­ta­nyň fut­bol çem­pio­na­ty­nyň 4-nji aý­la­wyn­dan baş­lap, äti­ýaç­da­ky emin hök­mün­de du­şu­şyk­la­ra gat­na­şyp baş­lar di­ýip, Türk­me­nis­ta­nyň Fut­bol fe­de­ra­si­ýa­syn­da ha­bar ber­di­ler.

«Arkadag» türk­men fut­bo­ly­nyň ta­ry­hy­na gir­di

«7/24.tm»:№37 (224) 09.09.2024 4-nji sent­ýabr­da Türk­me­nis­ta­nyň fut­bol çem­pio­na­ty­nyň Ýo­ka­ry li­ga­syn­da 22-nji tap­gy­ryň du­şu­şyk­la­ry ge­çi­ril­di. Olar­da «Merw» to­pa­ry «Aş­ga­ba­dy», «Ar­ka­dag» to­pa­ry «Aha­ly», «Al­tyn asyr» «Ne­bit­çi­ni», «Şa­ga­dam» bol­sa «Kö­pet­da­gy» ka­bul et­di.

Meş­hur boks­çy Mu­ham­met Aly

«7/24.tm»:№37 (224) 09.09.2024 Dün­ýä ýü­zü­ne giň ýaý­ran sport gör­nüş­le­ri­niň iň meş­hur­la­ry­nyň bi­ri bo­lan bok­suň ta­ry­hy­na göz aý­la­ny­myz­da dün­ýä meş­hur boks tür­gen­le­ri, ola­ryň dur­mu­şy bi­len bag­lan­yşyk­ly gy­zyk­ly mag­lu­mat­lar bi­len hem ýa­kyn­dan ta­nyş bol­ýa­rys. Öz ýa­şan döw­rün­de köp­san­ly jan­kö­ýer­le­riň söý­gü­si­ni ga­za­nan meş­hur boks us­sat­la­ry­nyň bi­ri hem Mu­ham­met Aly ady bi­len ta­nal­ýan Kas­si­us Mar­sel­lus Kleý­dir.

Türk­men ten­nis­çi­le­ri halkara ýaryşyna gatnaşýar

«7/24.tm»:№37 (224) 09.09.2024 ­Türk­men tür­gen­le­ri­niň iki­si — Ili­ma Gu­seý­no­wa we Sül­gün Işan­gu­ly­ýe­wa 14-nji sent­ýabrda Kam­bo­ja­da tamamlanjak 14 ýa­şa çen­li Azi­ýa­nyň güýç­li ten­nis­çi og­lan­la­rynyň we gyz­la­rynyň 24-si­niň gat­naş­ýan «Grand Slam Ten­nis. Re­gio­nal Cham­pions­hip 14 & Un­der» ýet­gin­jek­ler ýa­ry­şy­na gatnaşýar. Olar şahsy çakylyk aldylar.