"Mugallymlar gazeti" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-53, 39-96-41, 39-96-40
Email: mugallymlar-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Ýaş türgenleriň üstünlikli çykyşlary

Şu günler paýtagtymyzda «Türkmenistan — ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» atly XIII spartakiadanyň çägindäki sport ýaryşlarynyň döwlet tapgyry geçirilýär. Olara welaýatymyzyň mekdep okuwçylary işjeň gatnaşyp, degişli sport görnüşleri boýunça üstünlikli çykyş edýärler. Welaýatymyzyň mekdep okuwçylary woleýbol ýaryşlarynda şowly çykyş etdiler. Aşgabat şäherindäki 37-nji orta mekdepde geçen ýaryşda okuwçy gyzlarymyzdan düzülen woleýbol topary ikinji orny eýeledi. Welaýatymyzyň okuwçy oglanlary hem woleýbolda baýrakly ikinji orna mynasyp boldular. Oglanlaryň arasyndaky bu ýaryş paýtagtymyzdaky 76-njy orta mekdepde geçdi.

Sport

Sport ýaryşy geçirildi Halkara Nowruz güni mynasybetli, welaýatyň pudaklaýyn edaralarynyň işgärleriniň arasynda sportuň woleýbol görnüşi boýunça ýaryş geçirildi. Welaýat bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň, Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň welaýat bölüminiň, Saglygy goraýyş, Baş bilim, Dermanhana müdirlikleriniň bilelikde guramaklarynda Daşoguz şäherindäki 4-nji sport mekdebinde geçirilen ýaryşa ýygyndy toparlar gatnaşdy. Ýaryş örän çekeleşikli geçdi. Eminler toparynyň gelen netijesine görä, 1-nji orna welaýat bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň, 2-nji orna Baş bilim müdirliginiň, 3-nji orna Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň işgärlerinden düzülen toparlar mynasyp boldular. Ýeňijiler Hormat hatlary, TKA-nyň welaýat birleşmesiniň sowgatlary bilen sylaglandylar.

Sport habarlary

Welaýat bedenterbiýe we sport baradaky baş müdirliginiň guramagynda Türkmenabat şäherindäki 7-nji sport mekdepde türkmen milli göreşi boýunça welaýatymyzyň ýygyndy toparlarynyň arasynda «Türkmenistan — ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» atly XIII sport ýaryşlarynyň welaýat tapgyry geçirildi. Ýaryşa Türkmenabat şäherinden, Saýat etrabyndan üç, Kerki we Darganata etraplaryndan bolsa bir topar gatnaşdy. Çekeleşikli geçen ýaryşa türgenleriň 36-sy gatnaşyp, degişli agram derejeleri boýunça güýç synanyşdylar. Toparlaýyn netijeler boýunça Saýat etrabynyň birinji topary ähli bäsdeşlerinden rüstem geldi. Ikinji orny türkmenabatly pälwanlar eýelän ýaryşda öňdäki üçlügi Saýat etrabynyň ikinji topary jemledi.

Woleýbol boýunça ýaryş geçirildi

Milli bahar baýramy mynasybetli etrabymyzdaky 1-nji sport mekdebinde bilim edaralarynda zähmet çekýän aýal-gyzlardan düzülen toparlaryň arasynda woleýbol boýunça ýaryş geçirildi. Etrap bilim bölüminiň guramagynda geçirilen bu ýaryş ruhubelentlige beslendi. Ýaryşyň netijeleri boýunça 13-nji orta mekdebiň topary birinji orna mynasyp boldy. Ikinji we üçünji baýrakly orunlary degişlilikde etrabymyzdaky 6-njy we 28-nji orta mekdepleriň toparlary eýelediler. Ýeňijilere guramamyzyň adyndan dabaraly ýagdaýda baýramçylyk sowgatlaryny gowşurdyk.

Sport. Sport. Sport.

Türgenler ezberligini görkezdiler Golaýda Aşgabat şäherindäki “Olimp” orta sport mekdebinde sportuň dzýudo görnüşi boýunça 2009 — 2010-njy hem-de 2011 — 2012-nji ýyllarda doglan oglanlaryň arasynda Aşgabat şäheriniň açyk birinjiligini almak ugrunda ýaryş geçirildi. Ýaryşa Aşgabat şäherinden we welaýatlardan türgenler gatnaşdylar.

Türkmenistan — Sport ýurdy

«7/24. tm» №12 (199), 18.03.2024 Türkmenistanyň maýyplarynyň merkezi bedenterbiýe-sport klubunyň guramagynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň «Seýrana» myhmanhanasynda görüş taýdan şikesli türgenleriň arasynda küşt we şaşka boýunça Türkmenistanyň çempionaty geçirildi. Küşt boýunça zenan türgenleriň arasynda Daşoguz welaýatyndan Mahym Taganowa, erkekleriň arasynda Aşgabat şäherinden Arslan Meredow, on alty ýaşa çenli ýetginjek türgenleriň arasynda aşgabatly Şyhmämmet Baýramalyýew, halkara şaşka boýunça zenanlaryň arasynda daşoguzly Sewinç Waisowa, erkekleriň arasynda Mary welaýatyndan Çarymyrat Orazdurdyýew, on alty ýaşa çenli ýetginjek türgenleriň arasynda Daşoguz welaýatyndan Allanur Ahmedow Türkmenistanyň çempiony boldular. Ýeňiş gazanan türgenler Hormat hatlary we baýraklar bilen sylaglanyldy.

We­lo­si­pe­d we sag­ly­k

«7/24. tm» №12 (199), 18.03.2024 We­lo­si­ped sür­mek adam­la­ryň he­niz ça­ga­ka öw­ren­ýän we hiç wagt ýa­dyn­dan çy­kar­ma­ýan iň peý­da­ly sport gör­nüş­le­ri­niň bi­ri­dir. We­lo­si­ped sür­mek yn­san sag­ly­gy­na hem­me­ta­rap­la­ýyn peý­da­ly bo­lup, onuň öm­ri uzal­dy­jy aý­ra­tyn­ly­gy bar­dyr. Ge­çi­ri­len bar­lag­lar yzy­gi­der­li we­lo­si­ped sür­ýän adam­la­ryň has sag­dyn bo­lup, bag­ty­ýar dur­muş­da ýa­şa­ýan­dyk­la­ry­ny gör­kez­ýär. We­lo­si­ped sür­mek gö­nü­den-gö­ni sag­ly­ga öz tä­si­ri­ni ýe­tir­ýär.

Hok­keý bo­ýun­ça hal­ka­ra ýa­ry­şy

«7/24. tm» №12 (199), 18.03.2024 Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň ba­şy­ny baş­lan be­ýik baş­lan­gyç­la­ry my­na­syp do­wam et­di­ri­lip, Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de spor­tuň pa­jar­lap ös­ýän, köp­çü­lik­le­ýin be­den­ter­bi­ýe-sa­gal­dyş he­re­ke­ti­niň bar­ha ro­waç­lan­ýan, iri hal­ka­ra ýa­ryş­la­ryň yzy­gi­der­li ge­çi­ril­ýän ýur­dy hök­mün­de Ga­raş­syz, he­mi­şe­lik Bi­ta­rap Türk­me­nis­ta­nyň ab­ra­ýy gün­sa­ýyn art­ýar.

Döwletjan Ýagşymyradowyň indiki garşydaşy belli boldy

MMA-nyň 34 ýaşly türkmen söweşijisi Döwletjan Ýagşymyradow 12-nji aprelde Las-Wegasda geçiriljek PFL ýaryşynda çykyş eder Döw­let­jan Ýag­şy­my­ra­do­wyň in­di­ki gar­şy­da­şy slo­we­ni­ýa­ly Jeý­kob Ne­do (8-1) bo­lar. Bu ba­ra­da sö­weş pro­mou­şe­niň res­mi saý­tyn­da ha­bar be­ril­di.

Futzal barada

«7/24. tm» №12 (199), 18.03.2024 Ýur­du­myz­da fut­zal oý­ny gün-gün­den ös­ýär, öz­ger­ýär. Soň­ky dö­wür­ler­de fut­zal oý­ny dün­ýä ýurt­la­ry bo­ýun­ça uly ösüş­le­re eýe bol­ýar. Fut­zal oý­nu­nyň ta­ry­hy ga­ty uly bol­ma­sa-da, ol mil­li­on­la­ryň söý­gü­si­ni ga­za­nan oýun­dyr. In­ter­net mag­lu­mat­la­ry­na gö­rä, dün­ýä­de 30 mil­li­on­dan gow­rak adam fut­zal oý­ny bi­len meş­gul­lan­ýar. Mu­nuň özi fut­za­ly, sö­züň do­ly ma­ny­syn­da, mil­li­on­la­ryň oý­ny di­ýip at­lan­dyr­ma­ga esas ber­ýär.

Türk­me­n hok­keý­çi­le­ri dün­ýä çem­pio­na­tyn­yň saýlama ýaryşynda

«7/24. tm» №12 (199), 18.03.2024 Biş­kek­de ge­çi­ril­ýän dün­ýä çem­pio­na­ty­nyň «A» to­pa­ry­nyň üçün­ji bö­lü­min­de Türk­me­nis­ta­nyň ýy­gyn­dy to­pa­ry­nyň hok­keý­çi­le­ri il­kin­ji ýeň­şi ga­zan­dy. Bäs­le­şi­giň ikin­ji tap­gy­ryn­da il­deş­le­ri­miz Gü­nor­ta Af­ri­ka­nyň ýy­gyn­dy to­pa­ry­ny 4:3 ha­sa­byn­da ut­ma­gy ba­şar­dy.

Dün­ýä çem­pio­na­ty­na taý­ýar­lyk

«7/24. tm» №12 (199), 18.03.2024 Fut­bol bo­ýun­ça mil­li ýy­gyn­dy to­pa­ry­myz 12 — 19-njy mart ara­ly­gyn­da Bir­le­şen Arap Emir­lik­le­ri­niň Du­baý şä­he­rin­de ge­çi­ril­ýän okuw-tür­gen­le­şik ýyg­na­ny­şy­gy­na gat­naş­ýar. Bu okuw-tür­gen­le­şik ýyg­na­ny­şy­gy­nyň do­wa­myn­da mil­li ýy­gyn­dy to­pa­ry­myz bir ýol­daş­lyk du­şu­şy­gy­ny ge­çi­rip, 2026-njy ýyl­da ge­çi­ril­jek fut­bol bo­ýun­ça dün­ýä çem­pio­na­ty­nyň saý­la­ma oýunlaryna taý­ýar­lyk gö­rýär. Taýýarlygyň çäginde ildeşlerimiz Gazagystanyň ýygyndysy bilen duşuşdy. Şol oýun 2:0 hasabynda bäsdeşlerimiziň peýdasyna tamamlandy.

Aşgabat hokkeý boýunça halkara ýaryşy kabul eder

Paýtagtymyzda ýokary derejede guralyp, dünýä ýaň salan Kuraş boýunça dünýä çempionatynyň tamamlananyna heniz köp wagt geçenok. Ine, bu gün bolsa sport ýurduna öwrülen Türkmenistan nobatdaky iri bäsleşigi – hokkeý boýunça halkara ýaryşy kabul etmäge taýýarlyk görýär. Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiziň gol çeken Kararyna laýyklykda, Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetine 2024-nji ýylyň 15 – 20-nji apreli aralygynda bu ýaryşy geçirmäge ygtyýar berildi. Hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň 18-nji fewralynda gol çeken Karary bilen döredilen guramaçylyk topary ýaryşy ýokary derejede guramak hem geçirmek bilen baglanyşykly uly işleri alyp barýar. Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň edara binasynda hokkeý boýunça halkara ýaryşyny guramaçylykly geçirmek

Hal­ka­ra ýa­ry­şyň me­dal­la­ry

Il­deş­le­ri­miz Bir­le­şen Arap Emir­lik­le­ri­niň Du­baý şä­he­rin­de ta­mam­la­nan pa­ra-pauer­lif­ting bo­ýun­ça Dün­ýä ku­bo­gyn­da me­dal­la­ryň al­ty­sy­ny ga­zan­dy­lar. BAE-dä­ki ýa­ry­şa 32 ýurt­dan müm­kin­çi­li­gi çäk­li tür­gen­le­riň 173-si gat­naş­dy. Tür­gen­le­ri­mi­ziň üs­tün­lik­li çy­kyş­la­ry gu­wan­dy­ry­jy bo­lup, olar 2 al­tyn, 2 kü­müş we 2 bü­rünç me­dal­la­ry ga­zan­dy­lar.

Bedenterbiýe we sport

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň be­ýik baş­lan­gyç­la­ry hem-de dur­mu­şa or­naş­dyr­ýan asyl­ly iş­le­ri buý­sa­nyl­ma­ga my­na­syp­dyr. Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ta­gal­la­la­ry esa­syn­da ýur­du­my­zyň äh­li pu­da­gyn­da bol­şy ýa­ly, sport ul­ga­myn­da hem be­lent sep­git­ler, uly ösüş­ler ga­za­nyl­ýar. Ýur­du­my­zyň äh­li kün­jek­le­rin­de sport des­ga­la­ry gur­lup, ula­nyl­ma­ga be­ril­ýär. Şol ýer­ler­de dür­li ýaş­da­ky ça­ga­lar spor­tuň dür­li gör­nüş­le­ri bi­len meş­gul­lan­ýar­lar. Bu gün hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baş­tu­tan­ly­gyn­da ýur­du­myz­da ama­la aşy­ryl­ýan ägirt uly iş­ler bi­ziň bagt­ly dur­mu­şy­my­zyň ba­dal­ga­sy­dyr. Şeý­le uly müm­kin­çi­lik­le­ri dö­re­dip ber­ýän hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ja­ny­nyň sag, be­lent ba­şy­nyň aman bol­ma­gy­ny ar­zuw ed­ýä­ris.

Sport mekdeplerinde

Ýurdumyzyň ähli ýerlerinde bolşy ýaly, etrabymyzyň orta mekdeplerinde hem ýaş nesli sporta giňden çekmek, sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz-nesihat etmek maksady bilen duşuşyklar geçirilýär. Jemgyýetçilik guramalarynyň etrabyň bedenterbiýe we sport, şeýle-de, bilim bölümleri bilen bilelikde guramagynda geçirilýän duşuşyklara mekdepleriň ýokary synp okuwçylarydyr ýaş türgenler gatnaşýarlar. Wagyz-nesihat duşuşyklarynda berkarar Watanymyzda köpçülikleýin bedenterbiýä we sport-sagaldyş hereketlerine berilýän üns, döwrebap sport mekdepleridir desgalarynda bu ugurda döredilen mümkinçilikler, sport bilen meşgullanmagyň peýdasy barada täsirli gürrüňler edilýär. Şeýle sport mekdeplerinde kämillik ýoluny nazarlaýan türgenleriň arasynda biziň zähmet çekýän orta mekdebimiziň okuwçylarynyň bolmagy bolsa bizi has-da buýsandyrýar. Geçirilýän wagyz-ündew çärelerinde halkymyzyň sagdyn, bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda uly işleri alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, işleriniň hemişe rowaç bolmagy arzuw edilýär.

TFF-niň täzelikleri

Fut­bol bo­ýun­ça Türk­me­nis­ta­nyň mil­li ýy­gyn­dy­sy 2026-njy ýyl­da­ky dün­ýä çem­pio­na­ty­nyň we 2027-nji ýyl­da ge­çi­ril­jek Azi­ýa Ku­bo­gy­nyň saý­la­ma tap­gy­ry­nyň çä­gin­de Eý­ra­nyň mil­li ýy­gyn­dy­sy bi­len bol­jak mö­hüm oýun­la­ryn­dan öň BAE-de okuw-tür­gen­le­şik ýyg­na­ny­şy­gy­ny ge­çir­ýär. Mer­gen Ora­zo­wyň ýol­baş­çy­ly­gyn­da­ky Türk­me­nis­ta­nyň fut­bol bo­ýun­ça mil­li ýy­gyn­dy to­pa­ry­nyň tä­lim­çi­le­ri wa­jyp oý­nuň öňü­sy­ra­syn­da ge­çi­ril­jek okuw-tür­gen­le­şik ýyg­na­ny­şy­gy­na hem-de res­mi oý­na gat­naş­mak üçin fut­bol­çy­la­ryň 24-si­ni dü­zü­me goş­du­lar.

Alkyş alýan hüjümçi

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda döredilip, ýurdumyzdaky ýaryşlarda çykyş eden ilkinji ýylynda hem ajaýyp üstünlikleri gazanmagy başaran Arkadag şäheriniň «Arkadag» futbol toparynyň şeýle belent sepgide ýetmegine uly goşant goşan futbolçylar hakynda söhbet edilmeli bolsa, elbetde, ilkinjileriň hatarynda diňe bir bu toparda däl, eýsem, tutuş çempionatymyzda iň netijeli oýunçy bolmagy başaran Didar Durdyýewiň ady agzalmaly bolardy. Bassyr ikinji ýyl milli çempionatymyzda iň köp pökgi geçiren oýunçy bolmagy başaran hüjümçi bilen söhbetdeşligimiziň başynda ony «Arkadag» toparynyň düzüminde gazanan ajaýyp üstünligi bilen gutladyk. – Didar, täze topar bilen ýeten belent sepgitleriňiz bilen tüýs ýürekden gutlaýarys! Çempionlygy hem-de ýurdumyzyň Kubogyny eýelemegi bilen birlikde, täze ýylyň öň ýanynda «Arkadag» topary bilen baglanyşykly taryhy we ajaýyp wakalar hem bolup geçdi. Şolardan galan täsirler hakynda durup geçäýseňiz!

Sport syýasaty dabaralanýar

Türkmenistan häzirki wagtda köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketi ösýän ýurtlaryň birine öwrüldi. Eziz Diýarymyzda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeleriň netijesinde, paýtagtymyzda hem-de welaýatlarymyzda täze sport desgalarynyň ençemesi gurlup, ulanylmaga berildi. Olarda sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmak, ýaryşlary ýokary derejede geçirmek üçin ähli şertler üpjün edilendir. Ýurdumyzda gurlup, ulanylmaga berilýän sport desgalary halkara ýaryşlaryň geçirilýän ýerine öwrüldi. Ýene-de bir aýdan gowrak wagtdan Aşgabat nobatdaky sport baýramyny — hokkeý boýunça halkara ýaryşy garşylar. Hormatly Prezidentimiziň ýakynda gol çeken Karary bilen, Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetine bu ýaryşy 15 — 20-nji aprel aralygynda geçirmäge ygtyýar berildi. Biz munuň üçin Gahryman Arkadagymyzyň dünýäde dabaralanýan sport syýasatyny mynasyp dowam etdirýän hormatly Prezidentimize alkyş aýdýarys.

Welaýatlardan habarlar

Ahal welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebinde guralýan duşuşyklarda güneşli ülkämizde durmuşa geçirilýän sport syýasatynyň ähmiýeti giňden wagyz edilýär. Ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri bilen guraýan şeýle duşuşyklarymyzda talyp ýaşlary bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaga çagyrýarys. Ýakynda ýaşlar bilen guralan maslahat hem şeýle mazmuna eýe boldy. Bu çäre talyplar üçin täsirli söhbetlere diýseň baý boldy. Maslahatda edilen çykyşlarda milli sportumyzy taryhy üstünliklere ýetiren Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden çykýan hoşallyk sözleri beýan edildi. Orta hünär okuw mekdebimiziň mugallymlary hem-de bu ýerde bolan myhmanlar ýaşlaryň sagdyn durmuş ýörelgesine eýermegini gazanmak ugrundaky işleriniň, wagyz-nesihat çäreleriniň gerimini has-da giňeltjekdiklerine ynandyrdylar.