Asylly terbiýäniň ähmiýeti

28 Mart 2023
974

Ýaş ne­sil­le­riň mil­li ruh­da ter­bi­ýe­len­me­gi aý­ra­tyn ma­ny-maz­mu­na eýe­dir. Şun­da ýaş­lar wa­tan­sö­ýü­ji­lik, ene di­li­mi­ze, nus­ga­wy ede­bi­ýa­ty­my­za be­lent sar­pa ru­hun­da ter­bi­ýe­len­ýär. Bu asyl­ly ýö­rel­ge­ler gö­rel­de bi­len, öwüt-ün­dew bi­len ne­sil­le­riň aňy­na gu­ýul­ýar. Esa­san hem, ga­dym­dan gel­ýän na­kyl­la­ryň üs­ti bi­len ne­sil ter­bi­ýe­le­mek örän tä­sir­li­dir. Ýaş­la­ra na­kyl­la­ry aý­dyp ber­mek bi­len, olar­da pä­him­li söz­le­re, ene di­li­mi­ze be­lent sar­pa­ny hem ter­bi­ýe­le­mek müm­kin. Ata-ba­ba­la­ry­myz «Edep ba­şy — dil» di­ýen pä­hi­miň üs­ti bi­len pä­him­li söz­le­riň äh­mi­ýe­ti­niň has-da tä­sir­li­di­gi­ni bel­läp­dir­ler.

Edep-ter­bi­ýe­de me­de­ni­ýet­li söz­le­ýiş aý­ra­tyn äh­mi­ýe­te eýe­dir. Şo­nuň üçin hem ýaş ne­sil­le­re nus­ga­wy ede­bi­ýa­ty­my­zyň eser­le­ri­ni, na­kyl­la­ry, halk dö­re­di­ji­lik eser­le­ri­ni okat­mak, öw­ret­mek ze­rur äh­mi­ýe­te eýe­dir. Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy ýa­ly ze­hin­li şa­hy­ry ter­bi­ýe­län Döw­let­mäm­met Aza­dy­nyň «Wag­zy-Azat» ese­ri­ni aý­ra­tyn bel­lä­si­miz gel­ýär. Bu aja­ýyp eser­de ýaş ne­sil­ler üçin gym­mat­ly ter­bi­ýe mek­de­bi bar. Bu ki­tap tu­tuş­ly­gy­na il-gü­nüň ar­zuw hy­ýal­la­ry esa­syn­da, halk dö­re­di­ji­li­gin­den, dur­muş wa­ka­la­ryn­dan ýer­lik­li peý­da­la­nyp dö­re­di­len eser­dir. Bu eser­de esa­sy mak­sat hal­kyň ru­hu­ny gal­kyn­dyr­makdan, ýaş nes­liň edep-ter­bi­ýe­li, me­de­ni­ýet­li, giň dü­şün­je­li, ylym­ly-bi­lim­li adam­lar bo­lup ýe­tiş­me­gi­ni ga­zan­mak­dan yba­rat bo­lup dur­ýar. Şeý­le-de eser­de per­zen­diň öňün­dä­ki borç-we­zi­pe­le­ri, öz ça­ga­la­ry­ny il-gü­ne peý­da­ly, jem­gy­ýe­te äh­mi­ýet­li, zäh­met­sö­ýer adam­lar edip ýe­tiş­dir­mek, adam­la­ra ýag­şy­lyk et­mek dog­ru­syn­da söz açyl­ýar. Şo­nuň üçin hem bu gym­mat­ly ede­bi mi­ras ne­sil ter­bi­ýe­sin­de aý­ra­tyn äh­mi­ýe­te eýe bo­lup dur­ýar. Nus­ga­wy ede­bi­ýa­tyň şeý­le eser­le­ri ne­sil­ler üçin ter­bi­ýe mek­de­bi­dir.

Gü­lä­lek GEL­DI­MY­RA­DO­WA,
Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky Türkmen döwlet uniwersitetiniň mu­gal­ly­my.
Beýleki habarlar