Ejem bilen hyýaly söhbet

10 Ýanwar 2023
1002

Bar wagtlaň baýdym, bagtlylara taýdym! Ýüregim kuwwatly urup, bedenim mähriňden güýç alýardy. Kalbyma bir biynjalyklyk aralaşsa hemmelerden öň duýýan hemdemim, hemram, rahatlygymdyň. Syr sandygym, hak hossarym, mähek daşymdyň. Müňlerçe adamyň öwezini dolup bilýän ýeke-täk wepadarymdyň. Men muňa Magtymguly atamyzyň: «Görer gözüň gymmaty, kör ýanynda bellidir» diýşi ýaly, guş kimin uçan günüň has hem göz ýetirdim. Şol gün durmuş bar syrynyň perdesini ýüzünden syrdy oturyberdi. Ine, şondan bärem seniň sessizje çeken ýüküň kem-kemden öz gerdenime düşdi. Ynsanyň ejesiz galan güni tiz wagtyň içinde ulalýanyny öňem eşidipdim. Bu hut şeýle-de boldy. Birden öňki şatlyklar, jak-jak urýan gülküler zym-zyýat boldy duruberdi. Ähli zada çuňluk bilen seredip başlamak endige öwrüldi. Boýy ýetip barýan çagalarym gije-girim bir iş bilen çyksalar, sebäpsiz ýere howsala düşmegi tapdym. Nämedendigini bilmesem-de, sähel zada keýpim bozulyp, ynjaýardym. Hiç kim hiç zat diýmese-de, agym tutar durardy. Käwagt dagy özümi kemşerilip duran öýkelek çaga ýaly duýýardym. Ýürek barha ýukaldy. Süýji ukular ornuny dürli ahwallara salýan ýatlamalara berdi. Seni şeýle bir küýseýärdim welin, käýarym dagy gursagyma ot guýulýan ýaly gyzyberýärdi. Howlap-howlap daşaryk çykýan wagtlarym az bolanokdy. Seni göresim gelende, göýä diýersiň, demim, howam ýetmeýän ýaly hopugýardym. Halys küýsäp, delminsem seniň üstüňe zyýarata barardym.

Ses-sedasyz ýatan mele topraga gözlerimden togalanyp gaýdýan gözýaşlar arzymy aýdýana meňzeýärdi. Gursagymdaky müňlerçe sowallara jogap alman yzyma dolanýan bolsam-da, kalbyma aram gelerdi. Aýaklarym öňe ýörese-de, ýürek yza — seniň ýanyňa atygsardy, eje! Haýsydyr bir işiň başyny tutjak bolsam hökman seniň ýanyňa «pata almaga» barardym. Seniň töweregiňi gurşap alan çöp-çalamlaram, güljagazlaram, otlaram meniň üçin has ezizdi. Olar meni garşylanda-da, ugradanda-da täsin duýgudaşlyk bildirýän ýalydy.

Dürnabat AŞYROWA,
«Ahal durmuşy».
Beýleki habarlar