Çagalaryň jemgyýetdäki orny

5 Ýanwar 2023
756

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gülleýän we barha kuwwatlanýan eziz Diýarymyzyň buýsançly hem-de guwandyryjy ösüşlerine öz mynasyp goşantlaryny goşýan ýaş nesil baradaky alada Täze ýylyň şygaryna öwrülmek bilen, hormatly Prezidentimiziň ileri tutýan wezipeleriniň biridir. 2023-nji ýyl «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly». Ýurdumyzda ýaş nesliň bagtyýarlygy kämil kanunlaryň we kanunçylyk namalaryň esasynda goralýar.

«Çaganyň hukuklarynyň döwlet kepillikleri hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 1-nji maddasyna laýyklykda, on sekiz ýaşyna (kämillik ýaşyna) ýetmedik adam çaga hökmünde ykrar edilýär. Şu Kanunyň 4-nji maddasyna laýyklykda, Türkmenistanyň çäginde ýaşaýan her bir çaganyň milletine, teniniň reňkine, jynsyna, gelip çykyşyna, durmuş we emläk ýagdaýyna, özüniň we ata-enesiniň ýaşaýan ýerine, diline, bilimine, dini garaýşyna, dogluş ýagdaýyna, saglygyna ýa-da beýleki ýagdaýlaryna garamazdan, hukuklarynyň we azatlyklarynyň deňligi kepillendirilýär.

Kümüş GURBANÝAZOWA,
Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň jemgyýetçilik birleşiklerini we dini guramalary döwlet belligine alyş bölüminiň müdiri, hukuk ylymlarynyň kandidaty.
Beýleki habarlar