Täze ýylyň bosagasynda

29 Dekabr 2022
747

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyzyň başda durmagynda halkymyz 2023-nji ýyly uly ruhubelentlik bilen garşy almaga giňden taýýarlyk görýär. Täze ýyl baýramy beýleki baýramlara taýlap bolmaýan, hemmeleriň sabyrsyzlyk bilen garaşýan, umyt-arzuwlaryň jadyly baýramçylygydyr. Göwün ýüwürtmek, süýjüden-süýji arzuw etmek Täze ýyla mahsus aýratynlyklaryň biridir.

Täze ýyl baýramyny garşylamazdan öň edilen işlere göz aýlamak, olar dogrusynda degerli netijeler çykarmak, geljekki başlangyçlary kesgitlemek her bir adamda bolşy ýaly, döwlet derejesinde hem amala aşyrylýar. Diýarymyzyň ähli ministrlikleridir pudaklaýyn edaralarynda, döwlet, jemgyýetçilik we hususy kärhanalardyr guramalarda bu ajaýyp baýramçylyga bagyşlap, aýdym-sazly dabaraly çäreler guralýar.

Ogulnabat NURYÝEWA,
Daşoguzyň Beki Seýtäkow adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň mugallymy.
Beýleki habarlar