«Ak-Gaýa» — Türkmenistanda gurluşyk önümleriniň öňdebaryjy öndürijisi

25 Dekabr 2022
824

30 ýyla golaý wagt bäri Balkan welaýatynda gurluşyk pudagyna degişli dürli önümleri öndürýän «Ak-Gaýa» 1994-nji ýylda hususy kärhana hökmünde bellige alynýar. 2015-nji ýylda öz önümçiligine başlamak kararyna gelen, gurluşyk önümleriniň söwdasyny ýerine ýetirýän «Ak-Gaýa» hususy kärhanasy hojalyk jemgyýetine öwrülýär.

Kem-kemden önümçilik çygryny giňeldip başlan hojalyk jemgyýeti 2016-njy ýylda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň senagat zolagyndaky dükanlaryny we ammarlaryny artdyryp, gurluşyk materiallarynyň, şeýle-de öý harytlarynyň söwdasyny ýola goýýar. Netijede 2018-nji ýylda «Ak-Gaýa» HJ özüniň «Ak-Alçi» söwda nyşanly harytlary bilen müşderileri özüne çekip başlaýar. Häzirki wagtda kärhana gurluşyk garyndylarynyň, gips kartonynyň, şeýle hem gipsden asma potoloklaryň we profilleriň önümçiligini ýola goýdy. Onuň «Siva» haryt nyşanly kerpiç, beton, arassalanmadyk beton, gazbeton ýaly materiallaryň ýüzüne gönüden-göni ulanylyp bolýan ýörite formulaly, ulanyşa taýýar suwag garyndysy, «Saten» haryt nyşanly ýokary derejede ýapyşma aýratynlygyna eýe bolan, ähli boýaglaryň aşagyndan ulanylýan soňky gat suwag garyndysy, «Kartonpiyer» haryt nyşanly dürli şekilleri ýasamak hem-de olary düzetmek üçin ulanylýan gurluşyk gips garyndysy bazarlarda geçginli harytlaryň hatarynda.

Mätgurban Mätgurbanow,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň halkara žurnalistikasy fakultetiniň 2-nji ýyl talyby.
Beýleki habarlar