Anbar ysyn saçyp...

23 Dekabr 2022
1607

Siz anbar saçýan atyr saýlanyňyzda, onuň emele gelşiniň taryhyny ýatlaýan hem dälsiňiz. Maglumatlara görä, ilkinji atyrlar bolup ösümlikler hyzmat edipdir. Gadymy döwürde gyzlar, zenanlar halaýan güllerini saçlaryna ýa-da lybaslaryna dakypdyrlar. Şeýle sada usul arkaly gyz-gelinler üstünden bark urýan gülleriň ysynyň gelmegini gazanypdyrlar. Wagt geçip, adamyň aň-düşünjesiniň ösmegi bilen, atyrlaryň dürli görnüşleri emele gelipdir. Atyr ösümliklerden alnan şiredir şepbikden, gaýnatmasyndan taýýarlanypdyr. Hatda sugunlar maşgalasyndan bolan kabarganyň mäzinden ýakymly ysly müşk almagy başaran ussatlar hem bolupdyr. Ösümliklerden taýýarlanan atyrlara görä, müşküň ysy, köp wagt kükäp durýandygy sebäpli, has gymmatly hasaplanypdyr.

Häzirki döwürde gowy ysly atyrlaryň ýüzlerçe görnüşi bolup, olaryň arasyndan özüňe has mahsus hem-de göwnüňe ýaraýanyny tapmak her bir gelin-gyz, şeýle-de, erkek adamlar üçin-de şahsy zerurlykdyr. Çünki üst-başyňdan ýakymly ys kükäp dursa, ilki bilen-ä, köpçülikde özüňi rahat duýýarsyň, galyberse-de, atyryň täsiri daş-töwerege ýaýraýar we göwne hoş ýakýan anbaryň ysy kükäp, howada özboluşly ýakym galýar. Aýal maşgala duýguçyl bolansoň, erkek adamlara garanda, ysy has oňat alyp, olary tapawutlandyryp bilýär.

Tatýana DÖWLETOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň mugallymy.
Beýleki habarlar