Türkmen-awstriýa işewürlik maslahaty

6 Dekabr 2022
754

29-30-njy noýabrda paý­tag­ty­myz­da iki ýur­duň döw­let we işe­würto­par­la­ry­nyň wekil­le­ri­ni bir ýe­re jem­län Türk­men-awst­ri­ýa işe­wür­lik mas­la­ha­ty ge­çi­ril­di. Bu çä­rä­ni Türk­me­nis­ta­nyň Söw­da-se­na­gat eda­ra­sy bi­len Awst­ri­ýa Res­pub­li­ka­sy­nyň Fe­de­ral ykdysady edarasy bilelikde guradylar.

Şu ge­zek­ki du­şu­şy­ga gat­naş­mak üçin Awst­ri­ýa­nyň ma­şyn­gur­lu­şyk, bi­lim, san­ly ulgam we elektron programma üpjünçiligi ul­gam­la­ry­na ýö­ri­te­le­şen döw­let eda­ra­lary­nyň, kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň ýol­baş­çy­la­ryndan hem-de wekillerinden ybarat bolan we­ki­li­ýet paý­tag­ty­my­za gel­di. Türk­men tarapyndan foruma birnäçe ministrlikleriň hem-de pu­dak eda­ra­la­ry­nyň we­kil­le­ri, Se­na­gat­çy­lar we te­le­ke­çi­ler bir­leş­me­si­niň ag­za­la­ry gat­naş­dy­lar.

(TDH-niň maglumatlary esasynda taýýarlanyldy).
Beýleki habarlar