«Her gün» üstünlikden üstünlige

7 Dekabr 2022
829

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda günsaýyn pajarlap ösýän eziz Diýarymyzda ähli pudaklar bilen bir hatarda telekeçilik işiniň rowaçlanmagyna gönükdirilen döwlet syýasaty oňyn netije berýär. Gysga döwürde kiçi we orta telekeçiligi ösdürmek babatda giň gerimli özgertmeler durmuşa geçirilip, döwletimiziň azyk garaşsyzlygynyň pugtalanmagynda, öz ýurdumyzda öndürilýän harytlaryň bolçulygynyň döredilmeginde işewür telekeçilerimiz tarapyndan tutumly işler alnyp barylýar.

Ak bazarlarymyzda azyk önümleriniň bolçulygynyň döredilmegine welaýatymyzyň telekeçileri-de mynasyp goşant goşýarlar. Sebitiň işewür telekeçileri ilatyň ösen isleglerini nazara almak bilen, ýylyň-ýylyna azyk önümleriniň täze görnüşleriniň önümçiligini ýola goýýarlar. Saýat etrabynyň Awçy geňeşligindäki «Her gün» haryt nyşanly hususy önümçilikde taýýarlanylýan önümler hem ýokary hil derejesi bilen ilat arasynda uly islegden peýdalanýar.

Şanazar ROZYGELDIÝEW,
welaýat Teleradio studiýasynyň gepleşikleri gurnaýjysy we taýýarlaýjysy.
Beýleki habarlar