Maşgalam — baş galam

21 Noýabr 2022
822

Maşgala ojagy türkmen halky üçin mukaddesligiň, milli ahlak, medeni, ruhy gymmatlyklaryň saklanýan we kämilleşdirilýän iň möhüm serişdesi hasaplanylýar. Maşgalada türkmen halkyny dünýä tanadan, watansöýüjilik, namysjaňlyk, lebzi halallyk, ýekesözlülik, rehimdarlyk, ejize howandarlyk ýaly ýokary adamkärçilik ahlak sypatlary ösüp gelýän ýaş nesilleriň kalbyna guýlandyr.

«Maşgala» diýmek, munuň özi birek-birege kömek bermäge borçly hem-de biri-biriniň öňünde ahlak we hukuk taýdan jogapkärçilikleri bolan, şonuň ýaly-da bilelikde umumy hojalygy ýöredýän şahslaryň özara kanun esasynda nika bilen birleşmegidir, ýagny kiçi jemgyýet toparydyr. Maşgala jemgyýetiň tebigy we iň möhüm öýjügidir. Şonuň üçinem maşgala jemgyýet we döwlet tarapyndan goralýar.

Aýmyrat BUGRAÝEW,
Türkmenistanyň Serhet institutynyň mugallymy.
Beýleki habarlar