Çagany — ýaşdan, edebi — başdan

18 Noýabr 2022
812

Ýurdumyzda nurana ertirlerimiziň eýeleri bolan ýaş nesliň bilimini artdyrmagy, döredijilikli işlemegi, ukyp-başarnyklaryny görkezmegi, sport we köpçülikleýin bedenterbiýe bilen meşgullanmagy üçin döwlet derejesinde giň mümkinçilikler döredilýär.

Ösüp gelýän ýaş nesliň maşgalada talabalaýyk terbiýelenip kemala gelmeginde döwlet tarapyndan edilýän aladalaryň wajyp ähmiýeti bardyr. Şol nukdaýnazardan alnyp barylýan döwlet syýasaty çaganyň jemgyýetde nähili adam bolup ýetişjekdigini kepillendirýär. Şeýlelikde, «Döwlet — mekdep — maşgala» diýen «zynjyr» emele gelýär. Şeýle logikanyň mysalynda hormatly Prezidentimiz ösüp gelýän ýaş nesliň diňe bir bilimli, ylymly bolup kemala gelmegi barada alada etmek bilen çäklenmän, eýsem, nesil terbiýesiniň ýokary derejede alnyp barylmalydygyna aýratyn üns berýär. Terbiýe hazynasy halk döredijilik eserlerinde, nakyllarda jemlenýär. Oňa milli aýratynlyk diýilýär. Şol milli aýratynlyklary geljekki nesillere sünnäläp ýetirmek üçin ençeme kitaplar ýazyldy, medeni maddy we maddy däl miras döredildi, öwrenildi. Halk döredijilik eserleri dilden-dile geçirildi. Olaryň esasynda gün-günden ösýän, kämilleşýän, ýaşulularyň gadyr-gymmatyny bilýän buýsançly, merdana nesiller kemala geldi. Elbetde, nesil terbiýesi – bu örän jogapkärli, çylşyrymly, yzygider dowam edýän işdir, hadysadyr. Ylmy çeşmelere ýüzlensek, terbiýäniň maşgalada başlanyp, jemgyýetde kemala gelýändigine göz ýetirýäris.

Gülnabat MYRADOWA,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň guramaçylyk we medeni-köpçülik işleri bölüminiň esasy hünärmeni.
Beýleki habarlar