Türkmen maşgalasynda ogul perzent dünýä inende: «Döwletiňiz artsyn, ýaşy uzyn bolsun!», gyz perzende bolsa: «Baýapsyňyz, bagtly gyz bolsun!» diýlip, dileg edilýär. Dünýä inen bäbege maşgalabaşy at dakýar.
Halkyň arasynda çagaly öýde dileg edilse, ol görner-görünmez belalardan goraýar diýlen ynanç bar. Çaga dünýä inende, oňa «Pişme toýy» edilýär.