Jemgyýetiň esasy daýanjy

10 Noýabr 2022
958

Bagtyýar durmuşyň binýady öz gözbaşyny agzybir, bagtly maşgaladan alyp gaýdýar. Çünki maşgala jemgyýetiň esasy daýanjydyr.

Maşgala ata-eneden we çagalardan ybarat bolan hojalykdyr. Ol jemgyýetiň ilkinji özenidir. Jemgyýetiň geljekki işeňňir raýatlary bagtyýar maşgalada terbiýelenýär. Ahlak taýdan sap, ruhy taýdan belent, sagdyn maşgala döwletiň mizemez baýlygydyr. Maşgala ýaş nesle edep-terbiýe berip, durmuşa ugrukdyryp, jemgyýete goşýar, ruhy baýlyk, ahlak gymmatlyklaryny siňdirýär. Şeýlelikde, maşgala çaganyň ruhy ahlak keşbini kemala getirýän ilkinji terbiýe mekdebidir. Jemgyýet öz ilatynyň diňe bir saklanyp galmagyny  däl-de, eýsem, ruhy dowamatynyň dowam bolup, ömrüniň uzak bolmagyny, ýaş nesliň hemmetaraplaýyn taýýarlykly we jogapkärli, ýaşaýan jemgyýetini ösdürmäge ukyply bolmagyny isleýär. Şonuň üçin hem adamzat jemgyýeti elmydama ösüşdedir. Bu ösüşleriň miwesi bolsa bagtyýar durmuşdyr. Maşgala — adamlaryň bir öýde, özbaşdak hojalykda ýaşaýan jemgyýetçilik umumylygynyň bir görnüşi bolmak bilen, ol örän ähmiýetli we iň möhüm jemgyýetçilik, ynsanperwerlik hyzmatlaryny ýerine ýetirýär. Halkymyzda maşgala mukaddeslik, ähmiýeti boýunça ýokary, iň hormatly, iň arzyly, eziz zat hökmünde garalýar. Maşgalada onuň agzybirligine zeper ýetirjek zatlar berk ýazgarylýar. «Maşgalam — baş galam», «Maşgalada agzybirlik bolsa, hazyna gerek däl» ýaly nakyllardyr atalar sözleri hem durmuş kämil tejribesiniň beýanydyr.

Zöhre ALLABERDIÝEWA,
Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň Raýat ýagdaýynyň namalarynyň ýazgysynyň müdirliginiň nama kitaplary toplamak we hasaba almak bölüminiň müdiriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirijisi, 3-nji derejeli ýurist.
Beýleki habarlar