«Badanyň» datly önümleri

9 Noýabr 2022
1087

Hususyýetçilerdir telekeçilere işleriniň ilerlemegi üçin döwlet tarapyndan banklardan uzakmöhletleýin ýeňillikli karzlaryň berilmegi, giň mümkinçilikleriň döredilmegi olary täze önümçilikleri açmaga ruhlandyrýar. Telekeçiligiň ösmegi bilen bazar gatnaşyklary has-da çuňlaşyp, önüm öndürijileriň arasyndaky bäsdeşlik ýokarlanýar. Bu bolsa öndürilýän önümleriň mukdarynyň artmagyna, hiliniň gowulanmagyna we nyrhlaryň has-da elýeterli bolmagyna getirýär. Biziň welaýatymyzda hem oba-hojalyk çig malyny gaýtadan işläp, täze ýokary hilli azyklyk önümlerini öndürýän kiçi we orta hususy kärhanalaryň sany gün-günden artýar.

Ynha, şeýle kiçi kärhanalaryň biri-de Türkmenabat şäheriniň «Ýüpekçiler» etrapçasynyň çäginde ýerleşýän «Bada» konditer önümlerini öndürýän kärhanasydyr. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy, işewür zenan Baýramgül Myradowanyň esaslandyran bu hususy kärhanasy şu ýylyň maý aýynda öz işine başlady. Hytaýyň we Ýewropa döwletleriniň kämil enjamlary ornaşdyrylan hususy önümçilikde «Bada» haryt nyşanly tortlaryň 10-dan gowrak, süýji-kökeleriň bolsa 20-ä golaý görnüşi taýýarlanylýar.

Bagtyýar DERKAROW,
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň welaýat komitetiniň bölüm müdiri, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputaty.
Beýleki habarlar