Mugallymçylykdan kemal tapan maşgala

1 Noýabr 2022
1347

Halkymyzda «Guýma gursak bolmasa, dürtme gursak neýlesin» diýen jaýdar aýtgy bar. Ynsan haýsy kärde bolsa-da, tapawudy ýok, ozaly bilen öz saýlap alan hünärini ýürekden söýüp, yhlasly işlemegi başarmaly. Aslynda, hünäre bolan ukyp, zehin-başarnyk her bir adamyň gursagyna guýulýandyr diýsek, öte geçmesek gerek.

Hawa, Gurbangeldi Harmanowyň agzybir maşgalasy hem guýmagursak zehinleri özünde jemleýär. Gurbangeldi aganyň döwletli maşgalasyny Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynda «mugallymlaryň maşgalasy» diýip tanaýarlar, sebäbi maşgalanyň ähli agzalary bir käriň eýesi, ýagny mugallym. Mugallym Gurbangeldi Harmanow 1966-njy ýylda Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynda dünýä inýär. Orta mekdebi tamamlap, harby gulluga gidýär. Watan öňündäki mukaddes gulluk borjuny ýerine ýetirip gelenden soň, gözel paýtagtymyzdaky Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň rus dili fakultetine okuwa girýär. Ony 1992-nji ýylda üstünlikli tamamlap, mugallymçylyk kärini ele alyp, öz dogduk mekany bolan Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynda ýerleşýän 40-njy orta mekdepde rus dili mugallymy bolup işe başlaýar. Işine yhlasly girişen ýaş mugallymy mekdebiň işgärler düzümi gyzgyn garşylaýar. Özüniň parasatlylygy, başarjaňlygy, açykgöwünliligi bilen öz kärdeşleriniň arasynda hormata mynasyp bolup başlaýar. Ussatlyk bilen ösüp gelýän ýaş nesillere terbiýe berşi, göýä ynsanyň daragt ekip, oňa ideg edip, miwe bermegine garaşýan kysmy. Onuň esasy maksatlarynyň biri çagalara irmän sowat öwredip, geljekde ýurdumyza gerekli adam bolup ýetişmegini gazanmak bolup durýar.

Leýli ŞYHMÄDOWA,
Ýaş tebigatçy jemgyýetçilik guramasynyň başlygy.
Beýleki habarlar