Ejeli günleriň eşreti

27 Oktýabr 2022
1496

Ejeli günler eziz, mähir-muhabbetli we şadyýanlyga ýugrulan günlerdir. Hut şonuň üçinem, ejeli günlere kalbymyzyň sagadaty, köňlümiziň ybadaty tükeniksizdir. Mähir şemaly ýaly bolup ýaňlanýan ene hüwdüsiniň owazy bolsa bizi mydama bagtyýar eýläp, kalbymyza bagt ülüşlerini paýlaýar. Hawa, ene hüwdüsini diňläniňde, heniz-henizlerem süňňüňde birgeňsi jümşüldiler peýda bolýar. Umuman, eneleriň sözem, hüwdüsem, öwüdem durşy bilen hazynadyr. Käteler sallançak üwräp oturan enäniň mylaýym hüwdüsini diňläniňde, göwün guşuň al-asmana göterilýär. Onsoň özüňem çagalyk ýyllaryňa sary gaýybana syýahata gideniňi duýmaýarsyň. Dessine ýüregiňi ýakymly ýatlamalar gaplap alýar. Gulpagyňy tasadyp oýnanja baýyrlaryňy, ejeň bişiren çöregini suwa basyp iýşiňi, gelnejeň saba bilen sygyr sagyp, güžürdäp duran süýdi gazana guýşuny ýatlarsyň. Hawa, hawa, eneleriň keşbem, owazam, mähirli didelerem bizi, ine, şeýle ýakymly oýlara duş edýär.

Men hem sallançakda meýmiräp ugran agtyjagyny pessaýja üwräp, ik egrip oturan enäniň hüwdüsini diňleýşime, ejeli günlerimiň aýrylmaz bölegi bolup galan ýatlamalaryň käbirine serimden orun berdim. Hawa, ejem gurt etmegi halardy. Ol süýtden gatyk, gatykdanam çekize edip, onam gaýnadardy. Biziň sebitlerimizde gurduň gaty bolmagy üçin, şeýle taýýarlanardy, ýagny gaýnan çekizeden gurt tokgalardy. Soňam doganlarymyň ekabyrragyna mejimä hatarlanan gurtlary merduwan söýäp, tamyň üstüne çykyp sermegi buýrardy, üstünem ýuka hasa bilen ýapdyrardy, elbetde, guş-gurt gonmasyn diýip şeýderdi. Bizem, ejemiň nazary bizden sowuldygy, doganlar bolup, merduwana ýapyşyp, mejimedäki gurtlar heniz gurap ýetişmänkä, alyp iýmäge mübteladyk. Bir gün ejem uly doganyma mejimäni tamyň üstünden düşürmegi buýurdy. Görse, mejime boşaňkyrlapdy. Ejemiň muňa gaty gahary gelse-de, sähel gatyrganyp oňdy. Utanjymyzdan ýaňa ýer ýarylmady, bizem girmedik. Ana, indi ser salyp otursam, şol günler has bagtly günlerim eken. Çünki dünýäde öz ejeň taýýarlan tagamyndan datly tagam bolmaýan eken. Ýyllar gerdenimize goş basyp gidip oturyşyna, indi özümizem ene bolup, bir öýüň keşigini çekip otyrys. Ýöne käteler ejemi edil çaga ýaly küýseýärin. Häzir gyzym maňa bilesigeliji dideleri bilen bakanda, men onuň gözlerinde öz ýaşlygymy görýärin. Hawa, hawa, ykbalyň sapaklaram, synaglaram, peşgeşlerem juda gymmatly bolýan eken. Çünki durmuş öz synaglary bilen ömrümizi has manylaşdyrýan eken. Kähalatlarda gyzym gyňyrlygyny edip, bir diýenimi iki gaýtalatsa, ejemiň sözlerine gulak gabartman, garagolluk edişimi ýatlap, goýberen hatam üçin ökünýärin, gyzymyň säwlige ýol bermezligi üçin çalyşýaryn. Elbetde, gyzjagazym birneme kesirräk bolsa-da, göwni bilen göwündeş ejesiniň sözünden çykyp duranok, şoňa-da begenýärin, çünki terbiýäniň şeýleräk bolmalydygyny men ejemden öwrenipdim. Meniň bir zada gözüm ýetdi, olam eneleriň we gyz perzentleriň ykbalynyň, köplenç, meňzeş bolýandygy, gyzlaryň öz ejeleriniňkä meňzeş ykbal saýlaýanlygydyr.

Dursun TEKÄÝEWA,
žurnalist.
Beýleki habarlar